Türkmen sowet ensiklopediýasy
Türkmen Sowet ensiklopediýasy (Түркмен совет энциклопедиясы), 1974 we 1989 ýyllary arasynda Aşgabatda çap edilen 10 kitaplyk krill harplary bilen çap edilen ilkinji türkmençe ensiklopediýasydyr. Goşmaça kitaby bolsa 1983-nji ýylda türkmen we 1984-nji ýyllarynda rus dillerinde çap edilendir.
Bu sözlükler (fr. Encyclopedie, gr. Enkyklopaideia – bilimler topary) köptaraply bolup, bilimleriň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ensiklopedik sözlükde ol ýa beýleki söz bilen atlandyrylan predmetler, şahslar, hadysalar barada giňişleýin maglumat berilýär.
Haýsydyr bir predmet, hadysa, şahs barada ýazylan makalalar gürrüň berýän meselesi dogrusynda gysga, emma çuň düşünje berýär. Ensiklopediýany düzmäge ylmyň dürli ugurlary boýunça iň taýýarlykly alymlar çekilýär we umumy talaba laýyklykda belli ölçegde, norma laýyklykda çuň mazmunly makalalar ýazylýar. Şol ylmy makalalaryň jeminden hem ensiklopedik sözlük emele gelýär.
Bu kitap makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu dunýasy dili makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |