Duýduryjy belgiler, sürüjilere ýoluň howply bölegine ýakynlaşýandygyny we howpuň häsiýeti barada habar berýärler. Ýoluň bu böleginde hereket edilende, howpsuz geçmek üçin çäreleri görmeli.
1. Duýduryjy belgiler
Sany belgisi
Surat
Ady
Düşündiriş
1.1
Ala agaçly demir ýol geçelgesi
1.2
Ala agaçsyz demir ýol geçelgesi
1.3.1
Bir şahaly demir ýol
Bir şahaly, ala agaç bilen enjamlaşdyrylmadyk demir ýol geçelgesini aňladýar.
1.3.2
Köp şahaly demir ýol
Iki we has köp şahaly, ala agaç bilen enjamlaşdyrylmadyk demir ýol geçelgesini aňladýar.
1.4.1
Demir ýol geçelgesine ýakynlaşylma
Ilatly ýerleriň daşynda demir ýol geçelgesine ýakynlaşylýandygy barada gaşmaça duýdurýar.
1.4.2
1.4.3
1.4.4
1.4.5
1.4.6
1.5
Tramwaý ýoly bilen kesişme
1.6
Deň derejeli ýollaryň kesişmesi
1.7
Aýlawly hereket bilen kesişme
1.8
Ýolyşykly düzgünleşdirme
Ýol yşyk bilen düzgünleşdirilýän çatryk, pyýada geçelgesi ýa-da ýoluň bölegi.
1.9
Açma köpri
Açma köpri ýa-da ýasy teýli gämi gatnawy.
1.10
Kenarýaka çykylýan ýer
Kenarýaka ýa-da kenara çykylýan ýer.
1.11.1
Howply öwrüm
Ýoluň kiçi aýlawly ýa-da gara görnümiň çäkli ýerindäki öwrümi.
1.11.1 — saga
1.11.2 — çepe
1.11.2
1.12.1
Howply öwrümler
Ýoluň howply öwrümleri bar bölegi.
1.12.1 — birinji öwrüm saga
1.12.2 — birinji öwrüm çepe
1.12.2
1.13
Kert iniş
1.14
Kert kötellik
1.15
Taýgançak ýol
1.16.1
Nätekiz ýol
1.16.2
Emeli nätekiz
1.17
Çagyl zyňylmagy
1.18.1
Ýoluň daralmagy
1.18.1 — iki tarapdan
1.18.2 — sagdan
1.18.3 — çepden
1.18.2
1.18.3
1.19
Ikitaraplaýyn hereket
Ýoluň (gatnaw bölegiň) garşydan hereketli böleginiň başlanýan ýeri.
1.20
Pyýada geçelgesi
5.16.1, 5.16.2 belgiler we (ýa-da) 1.14.1 — 1.14.3 çyzgytlar bilen aňladylýan pyýada geçelgesi.
1.21
Çagalar
Ýoluň çagalar edarasynyň (mekdebiň, sagaldyş toplumyň we şulara meňzeşleriň) golaýynda ýerleşen gatnaw böleginde çagalaryň peýda bolmagy mümkin bölegi.
1.22
Tigir ýodajygy bilen kesişme
1.23
Ýol işleri
1.24.1
Mal geçirilýän ýer
1.24.2
Düýeler
Ýoluň düýeleriň peýda bolmagy mümkin bolan bölegi.
1.25
Ýabany haýwanlar
1.26.1
Daş gaçmagy
Ýoluň gorp atmalar, opurylmalar, daşlaryň gaçmagy mümkin bolan bölegi.
1.26.2
Çäge syrgynlary
Ýoluň çäge syrgynlary bolmagy mümkin bolan bölegi.
1.27
Gapdal ýel
1.28
Pesden uçýan uçarlar
1.29
Ýerasty geçelge
1.30
Beýleki howplar
1.31.1
Öwrüm ugry
Ýoluň gara görnüm ýeterliksiz şertli kiçi aýlawly öwrüminde hereketiň ugry. Ýoluň abatlanýan bölegini aýlanyp geçmegiň ugry.
1.31.2
1.31.3
T — görnüşli çatrykda ýa-da ýollaryň aýrydynda hereketiň ugry. Ýoluň abatlanýan bölegini aýlanyp geçmegiň ugry.
Artykmaçlyk beriji belgiler çatryklaryň, ýol kesişmeleriniň ýa-da ýoluň dar bölekleriniň geçmegiň tertibini kesgitleýärler.
2. Artykmaçlyk beriji belgiler
Sany belgisi
Surat
Ady
Düşündiriş
2.1
Esasy ýol
Düzgünleşdirilmeýän çatryklarda geçmäge artykmaçlyk hukugy berlen ýol.
2.2
Esasy ýoluň soňy
2.3.1
Ikinji derejeli ýol bilen kesişme
2.3.2
Ikinji derejeli ýoluň goşulyşmagy
2.3.2, 2.3.4, 2.3.6 — sagdan.
2.3.3, 2.3.5, 2.3.7 — çepden.
2.3.3
2.3.4
2.3.5
2.3.6
2.3.7
2.4
Ýol beriň
Sürüji kesilip geçilýän ýoldan, 7.13 jedwelçesi barka bolsa, esasy ýoldan hereket edýän ulaglara ýol bermelidir.
2.5
Säginmän geçmek gadagan
STOP — çyzygyň öň ýanynda, eger ol ýok bolsa, kesilip geçilýän gatnaw böleginiň gyrasynda säginmän geçmek gadagan edilýär. Sürüji kesilip geçilýän ýoldan, 7.13 jedwelçesi barka bolsa, esasy ýoldan hereket edýän ulaglara ýol bermelidir. 2.5 belgisi demirýol geçelgesiniň ýa-da gadaganlyk nokadynyň öň ýanynda oturdylyp bilner. Şeýle ýagdaýlarda sürüji STOP — çyzgydyň öň ýanynda, eger-de ol bolmasa, onda belginiň öň ýanynda durmalydyr.
2.6
Garşydan hereketiň artykmaçlygy
Garşydan hereketiň kynlaşmasy ýoluň dar bölegine girmek gadagan edilýär. Sürüji dar bölekdäki ýa-da garşydaky girelgedäki garşydaş ulaglara ýol bermelidir.
2.7
Garşydan herekete garanyňda artykmaçlyk
Ýoluň sürüjiniň garşydan gelýän ulaglara garanyňda artykmaçlykdan peýdalanýan dar bölegi.
Gadagan ediji belgiler käbir çäklendirmeleri girizýär ýa-da ýatyrýar.
3. Gadagan ediji belgiler
Sany belgisi
Surat
Ady
Düşündiriş
3.1
Girmek gadagan
Şu ugra ähli ulaglara girmek gadagan.
3.2
Hereket gadagan
Ähli ulaglaryň hereketi gadagan.
3.3
Mehaniki ulaglaryň hereketi gadagan
3.4
Ýük awtomobilleriň hereketi gadagan
Belgide agram görkezilmedik bolsa, rugsat edilen äňrybaş agramy 3,5 tonnadan ýa-da rugsat edilen äňrybaş agramy belgide görkezilenden köp bolan ýük awtomobilleriň we ulaglaryň düzümleriniň, şeýle hem traktorlaryň we özi ýöreýän maşynlaryň hereketi gadagan edilýär. 3.4 belgisi erňekleriniň gapdalyna keseligine ak çyzyk çyzylan ýa-da adam gatnatmaga niýetlenen ýük awtomobilleriň hereketi gadagan etmeýär.
3.5
Motosiklleriň hereketi gadagan
3.6
Traktorlaryň hereketi gadagan
Traktorlaryň we özi ýöreýän maşynlaryň hereketi gadagan.
3.7
Tirkegli hereket gadagan
Islendik görnüşli tirkegi bolan ýük awtomobilleriniň we traktorlaryň hereketi, şeýle hem mehaniki ulagy tirkege almak gadagan.
3.8
Arabalaryň hereketi gadagan
Arabalaryň, münülýän we ýükçi mallaryň hereketi, şeýle hem mal sürüp geçirmek gadagan.
3.9
Tigirli hereket gadagan
Tigirleriň we mopedleriň hereketi gadagan.
3.10
Pyýadalaryň hereketi gadagan
3.11
Aňrybaş agram
Jemi hakyky agramy belgide görkezilenden köp bolan ulaglaryň, şol sanda ulag düzümleriniň hereketi gadagan.
3.12
Oka düşýän aňrybaş agram
Haýsy-da bolsa bir okuna düşýän hakyky agram belgide görkezilenden köp bolan ulaglaryň hereketi gadagan.
3.13
Aňrybaş beýiklik
Gabara beýikligi (ýükli ýa-da ýüksiz) belgide görkezilenden uly bolan ulaglaryň hereketi gadagan.
3.14
Aňrybaş in
Gabara ini (ýükli ýa-da ýüksiz) belgide görkezilenden uly bolan ulaglaryň hereketi gadagan.
3.15
Uzynlygyň çägi
Gabara uzynlygy (ýükli ýa-da ýüksiz) belgide görkezilenden uly bolan ulaglaryň (ulag düzümleriniň) hereketi gadagan.
3.16
Iň az aradaşlyk çägi
Ulaglaryň belgide görkezilenden az aradaşlygy bilen hereketi gadagan.
3.17.1
Gümrükhana
Gümrükhanada (gözegçilik nokadynda) säginmän geçmek gadagan.
3.17.2
Howp
Ýol-ulag hadysasy, bibatlyk ýa-da başga bir howp sebäpli ähli ulaglaryň mundan aňryk hereketi gadagan.
3.17.3
Gözegçilik
Gözegçilik nokadynda durman geçmek gadan edilýär.
3.18.1
Saga öwrülmek gadagan
Yza öwrülmegi gadagan etmeýär.
3.18.2
Çepe öwrülmek gadagan
3.19
Yza öwrülmek gadagan
Çepe öwrülmegi gadagan etmeýär.
3.20
Ozmak gadagan
Haýal ýöreýän ulaglardan, ýük arabalaryndan, mopetlerden we gapdal tirkegsiz iki tekerli motosikllerden başga ähli ulag serişdelerini ozmak gadagan edilýär.
3.21
Ozmak gadagan edilen bölegiň soňy
3.22
Ýük awtomobillerine ozmak gadagan
Uly ýük awtomobillerine 30 km/sagatdan pes tizlik bilen bir özi hereket edýän ulaglardan başga ähli ulaglary ozmak gadagan. Traktorlara arabalardan we tigirlerden başga ähli ulaglary ozmak gadagan.
3.23
Ýük awtomobillerine ozmak gadagan edilen bölegiň soňy
3.24
Iň ýokary tizligiň çägi
Belgide görkezilenden ýokary tizlikde (km/sagat) hereket etmek gadagan.
3.25
Iň ýokary tizligiň çägi bellenilen bölegiň soňy
3.26
Ses duýdurmasyny bermek gadagan
Ýol-ulag hadysasyny öňüni almakdan başga ýagdaýlarda ses duýdurmasyny bermek gadagan.
3.27
Säginmek gadagan
Ulaglaryň säginmegi we durmagy gadagan.
3.28
Durmak gadagan
Ulaglaryň durmagy gadagan.
3.29
Aýyň täk günlerinde durmak gadagan
3.30
Aýyň jübüt günlerinde durmak gadagan
3.29 we 3.30 belgileriň ikisi bir wagtda peýdalanylanda ulaglar ýoluň bir tarapyndan beýleki tarapyna durýan orunlaryň sagat 19-dan 21-e çenli üýtgetmelidir.
3.31
Ähli çäklendirmeleriň soňy
3.16, 3.20, 3.22, 3.24, 3.26 — 3.30 belgileriň birbada birnäçesiniň täsir edýän bölekleriniň soňuny aňladýa
3.32
Howp ýükli ulaglaryň hereketi gadagan
"Howply ýük" diýen tapawutlandyryjy belgi (maglumat jetwelçe) bilen enjamlaşdyrylan ulaglaryň hereketi gadagan edilýär.
3.33
Partlaýjy we ýeňil ot alýan ýükli ulaglaryň hereketi gadagan
Partlaýjy maddalary we önümleri, şeýle hem ýeňil ot alýan belgileri bilen belgilenmäge degişli beýleki howply ýükleri daşaýan ulaglaryň hereketi görkezilen maddalary we önümleri daşamagyň ýörite düzgünlerinde bellenen tertipde kesgitlenýän çäklendirilen mukdarda daşalýan ýagdaýyndan başga ýagdaýlarda gadagan edilýär.
Buýrujy belgiler hökmany hereket ugurlaryny görkezýär ýa-da ýol hereketiniň gatnaşyjylarynyň käbir kategoriýalaryna gatnaw böleginden geçmäge rugsat berýärler. şeýle-de käbir çäklendirmeleri girizýär ýa-da ýatyrýar.
4. Buýrujy belgiler
Sany belgisi
Surat
Ady
Düşündiriş
4.1.1
Göni hereket
Diňe belgilerdäki peýkamjyklaryň görkezýän ugurlaryna hereket etmäge rugsat berilýär. Çepe öwrülmäge ygtyýar berýän belgiler, yza öwrülmäge hem rugsat edýär (käbir anyk kesişmelerde hereketiň talap edilýän ugurlaryna laýyk gelýän degişli görnüşdäki peýkamjyklary bolan 4.1.1 — 4.1.6 belgiler ulanylyp bilner). 4.1.1 — 4.1.6 belgiler ýolugurly ulaglara täsir etmeýär. 4.1.1 — 4.1.6 belgiler, öňünde şeýle belgiler oturdylan gatnaw bölekleriniň kesişmesine täsir edýär. Ýoluň başlanýan ýerinde oturdylan 4.1.1 belgi golaýdaky çatryga çenli täsir edýär. Belgi howlulara we ýola ýanaşyk ýerlere saga öwrülmegi gadagan etmeýär.
4.1.2
Saga hereket
4.1.3
Çepe hereket
4.1.4
Göni ýa-da saga hereket
4.1.5
Göni ýa-da çepe hereket
4.1.6
Saga ýa-da çepe hereket
4.2.1
Päsgelçiligiň sagyndan aýlanyp geçmek
Diňe peýkamjygyň görkezýän tarapyndan aýlanyp geçmäge rugsat edilýär.
4.2.2
Päsgelçiligiň çepinden aýlanyp geçmek
4.2.3
Päsgelçiligiň sagyndan ýa-da çepinden aýlanyp geçmek
Islendik tarapyndan aýlanyp geçmäge rugsat edilýär.
4.3
Aýlawly hereket
Peýkamjyklar bilen görkezilen ugra hereket etmäge ygtyýar berilýär.
4.4
Ýeňil awtomobilleriň hereketi
Ýeňil awtomobilleriň, awtobuslaryň, motosiklleriň, ýolugurly ulaglaryň we aňrybaş rugsat edilen agramy 3,5 tonnadan geçmeýän ýük awtomobilleriniň hereketine rugsat edilýär. Belgi alamatlandyrylan ýerde ýerleşýän kärhanalara hyzmat edýän, şeýle hem şol ýerde ýaşaýan ýa-da işleýän raýatlara hyzmat edýän ýa-da olara degişli beýleki ulaglaryň hereketine hem ygtyýar berýär. Şeýle halatlarda ulaglar alamatlandyrylan ýere girmegi we şol ýerden çykmagy iň golaýdaky çatrykdan amala aşyrmalydyr.
4.5
Tigir ýodajygy
Diňe tigirli we mopedli herekete ygtyýar berilýär. Ýanýoda ýa-da pyýada ýodajygy bolmasa, tigir ýodajygyndan pyýadalar hem hereket edip biler.
4.6
Pyýada ýodajygy
Diňe pyýadalaryň hereketine ygtyýar berilýä
4.7
Iň pes tizligiň çägi
Diňe görkezilen ýa-da ondan has ýokary tizlikde (km/sagat) hereket etmäge ygtyýar berilýär.
4.8
Tizligiň iň pes çägi bellenen bölegiň soňy
4.9.1
Howply ýükli ulaglaryň ugry
"Howply ýük" diýen tapawutlandyryjy belgi (maglumat jetwelçe) bilen enjamlaşdyrylan ulagyň hereketine diňe belgide görkezilen ugurda rugsat berilýär: 4.9.1 — göni, 4.9.2 — saga, 4.9.3 — çepe.
Habar ediji-görkeziji belgiler belli bir hereket tertibine girizýär ýa-da ýatyrýar, şeýle-de ýol hereketiniň gatnaşyjylaryna ýörite düzgünler ulanylýan ilatly punktlaryň, dürli obýektleriň, sebitleriň ýerleýýän ýeri barada habar berýarler.
5. Habar ediji-görkeziji belgiler
Sany belgisi
Surat
Ady
Düşündiriş
5.1
Uly awtoýol
Kadalaryň uly awtoýollarda hereket etmeginiň tertibini kesgitleýän talaplarynyň täsir edýän ýoly.
5.2
Uly awtoýoluň soňy
5.3
Awtomobiller üçin ýol
Diňe awtomobilleriň, awtobuslaryň, motosiklleriň hereketi üçin niýetlenen ýol.
5.4
Awtomobiller üçin ýoluň soňy
5.5
Bir taraplaýyn hereketli ýol
Tutuş ini boýunça ulaglaryň hereketi bir ugurda amala aşyrylýan ýol ýa-da gatnaw bölegi.
5.6
Bir taraplaýyn hereketli ýoluň soňy
5.7.1
Birtaraplaýyn hereketli ýola çykylýan ýer
Birtaraplaýyn hereketli ýola ýa-da gatnaw bölegine çykylýan ýer.
5.7.2
5.8.1
Zolaklar boýunça hereketiň ugurlary
Zolaklaryň sany we her bir zolakda hereketiň ygtyýar edilen ugurlary.
5.8.2
Zolak boýunça hereketiň ugurlary
Zolak boýunça hereketiň ygtyýar edilen ugurlary. Gyraky çep zolakdan çepe öwrülmäge ygtyýar berýän 5.8.1 we 5.8.2 belgiler şol zolakdan yza öwrülmäge hem rugsat berýär. Eger çatrygyň dik üstünde ýerleşdirilen beýleki 5.8.1 we 5.8.2 belgilerde başga görkezmeler berilmeýän bolsa, çatrygyň öňünde oturdylan 5.8.1 we 5.8.2 belgiler tutuş çatryga täsir edýär.
5.8.3
Zolagyň başlanýan ýeri
Kötellikde goşmaça zolagyň ýa-da durzuş zolagynyň başlanýan ýeri. Eger goşmaça zolagyň öň ýanynda oturdylan belgide "Iň pes tizligiň çägi" diýen 4.7 belgi şekillendirilen bolsa, esasy zolakdan hereketini görkezilen ýa-da has ýokary tizlik bilen dowam etdirip bilmeýän ulagyň sürüjisi goşmaça zolakdan gitmelidir.
5.8.4
Üç zolakly ýoluň şol bir ugra hereket üçin niýetlenen ortaky zolagynyň başlanýan ýeri.
5.8.5
Zolagyň soňy
Kötellikde goşmaça zolagyň ýa-da bat alyş zolagynyň soňy.
5.8.6
Üç zolakly ýoluň şol bir ugra hereket üçin niýetlenen ortaky zolagyň gutarýan ýeri.
5.8.7
Zolaklar boýunça hereketiň ugry
Eger 5.8.7 belgide haýsy-da bolsa bir görnüşli ulagyň hereketiniň gadagan ediji belgisi şekillendirilen bolsa, onda bu ulaglaryň degişli zolaklardan hereketi gadagandyr. Peýkamjyklaryň degişli sany bolan 5.8.7 we 5.8.8 belgiler dört we has köp zolakly ýollarda ulanylyp bilner. Şekili çalşyrylan 5.8.7 we 5.8.8 belgileriň kömegi bilen rewersiw hereketi guramak mümkindir.
5.8.8
5.8.9
Hereket zolaklarynyň sany
Hereket zolaklarynyň sanyny we zolaklarda hereket etmegiň tizligini görkezýär. Sürüji peýkamlarda şekillendirilen belginiň talabyny ýerine ýetirmäge borçlydyr.
5.9
Ýolugurly ulaglar üçin zolak
Diňe ulaglaryň umumy akymyna ugurdaş hereket edýän ýolugurly ulaglaryň hereketi üçin niýetlenen zolak. Belgi haýsy zolagyň üstünde ýerleşýän bolsa, şoňa hem täsir edýär. Belgi ýoluň sag tarapynda oturdylan bolsa sag gyradaky zolaga täsir edýär.
5.10.1
Ýolugurly ulaglar üçin zolakly ýol
Ýolugurly ulaglaryň hereketi ýörite bölünip berlen zolak boýunça ulaglaryň umumy akymynyň garşysyna amala aşyrylýan ýol.
5.10.2
Ýolugurly ulaglar üçin zolakly ýola çykylýan ýer
5.10.3
5.10.4
Ýolugurly ulaglar üçin zolakly ýoluň soňy
5.11.1
Yza öwrülmek üçin ýer
Çepe öwrülmek gadagan.
5.11.2
Yza öwrülmek üçin bölek
Yza öwrülmek üçin bölegiň boýy. Çepe öwrülmek gadagan.
5.12
Awtobusyň we (ýa-da) trolleýbusyň duralgasy
5.13
Tramwaýyň duralgasy
5.14
Ýeňil taksileriň durýan ýeri
5.15
Durulýan ýer
5.16.1
Pyýada geçelgesi
Geçelgede 1.14.1 — 1.14.3 çyzgytlar bolmasa, 5.16.2 belgi ýoluň sagynda geçelgäniň ýakyn çäginde, 5.16.1 belgi bolsa — ýoluň çepinde geçelgäniň aňyrky çäginde oturdylýär.
5.16.2
5.17.1
Ýerasty pyýada geçelgesi
5.17.2
5.17.3
Ýerüsti pyýada geçelgesi'
5.17.4
5.18
Ündelýän tizlik
Ýoluň belli bir böleginde hereket etmäge ündelýän tizlik. Belgi iň golaýdaky çatryga çenli täsir edýär, 5.18 belgi duýduryjy belgi bilen bilelikde ulanylanda bolsa, onuň täsiri howply ýeriň dowamlylygy bilen kesgitlenýär.
5.19.1
Petik
Aňyrsy geçelgesiz ýol.
5.19.2
5.19.3
5.20.1
Ugurlaryň deslapky görkezijisi
Belgide alamatlandyrylan ilatly ýerlere we beýleki bir belli ýerlere barylýan ugur. Belgilerde 5.29.1 belginiň şekili, uly awtoýoluň, howa menziliniň alamatlary, sporta degişli we beýleki suratlandyrmalar çekilip bilner. 5.20.1 belgide hereketiň aýratynlygy barada habar berýän beýleki belgileriň şekilleri çekilip bilner. 5.20.1 belginiň aşaky böleginde belginiň oturdylan ýerinden çatryga çenli ýa-da durzuş zolagynyň başlanýan ýerine çenli aralyk görkezilýär. 5.20.1 belgi gadagan ediji 3.11 — 3.15 belgileriň haýsy hem bolsa biri oturdylan ýoluň bölegini aýlanyp geçmegi görkezmek üçin hem ulanylýar.
5.20.2
5.20.3
Hereket çyzgysy
Çatrykda käbir hereket tärleri gadagan edilen mahaly hereketiň ugry ýa-da çylşyrymly çatrykda hereketiň ygtyýar edilen ugurlary.
5.21.1
Ugur görkeziji
Ýolugurdaýerleşýän bellibir ýeretarap hereketiň ugry. Belgilere onuň ýüzündeaňladylan bellibir ýere çenli aralyk (km) görkezilip, uly awtoýoluň, howa menziliniň alamatlary, sporta degişli we beýleki suratlandyrmalar çekilip bilner.
5.21.2
Ugurlary görkeziji
5.22
Ilatly ýeriň başlangyjy
Kadalaryň ilatly ýerlerde hereketiň tertibini belleýän talaplary hereket edýän ilatly ýeriň ady we başlanýan ýeri.
5.23
Ilatly ýeriň soňy
Kadalaryň ilatly ýerlerde hereketiň tertibini belleýän talaplarynyň öz güýjüni ýitirýän ýeri.
5.24
Ilatly ýeriň başlangyjy
Kadalaryň ilatly ýerlerde hereketiň tertibini belleýän talaplary täsir etmeýän ilatly ýeriň ady we başlanýan ýeri.
5.25
Ilatly ýeriň soňy
5.24 belgi alamatlandyrylan ilatly ýeriň tamamlanýan ýeri.
5.26
Bellibir adyň ýeri
Ilatly ýerden başga bellibir ýeriň (derýa, köl, geçelge, gözel ýerler we şulara meňzeşler) ady.
5.27
Aralyklary görkeziji
Ýolugurda ýerleşen ilatly ýerlere çenli aralyk (km).
5.28
Kilometr belgisi
Ýoluň başlanýan ýerine ýa-da soňuna çenli aralyk (km).
5.29.1
Ýolugruň san belgisi
5.29.1 — ýola (ýolugra) berlen san belgi; 5.29.2 — ýoluň (ýolugruň) san belgisi we ugry. 5.29.1 belgi ýoluň başlanýan ýerinde goýlup her 15-20 km-den gaýtalanýar. 5.29.2 belgi çatrygyň öň ýanynda oturdylýar.
5.29.2
5.30.1
Ýük awtomobilleri üçin hereket ugry
Çatrykda ýük awtomobilleriniň, traktorlaryň we özi ýöreýän maşynlaryň hereketi haýsy-da bolsa bir ugurda gadagan edilen bolsa, onda olar üçin hereketiň ündelýän ugry.
5.30.2
5.30.3
5.31
Ýük awtomobilleri üçin hereket ugry
Ýoluň hereket üçin wagtlaýyn ýapylan bölegini aýlanyp geçmegiň tertibi.
5.32.1
Aýlanyp geçmegiň ugry
Ýoluň hereket üçin wagtlaýyn ýapylan bölegini aýlanyp geçmegiň ugry.
5.32.2
5.32.3
5.33
STOP — çyzyk
Ýolyşygyň (düzgünleşdirijiniň) gadagan ediji duýdurmasynda ulaglaryň säginmeli ýeri.
5.34.1
Beýleki gatnaw bölegine geçmegi deslapdan görkeziji
Bölüji zolakly ýolda gatnaw bölegininiň hereket üçin ýapyk ýerini aýlanyp geçmegiň ugry ýa-da sag tarapdaky gatnaw bölegine gaýdyp barmak üçin hereketiň ugry.
5.34.2
5.35
Ýaşaýyş zolagy
Ýaşaýyş zolagynda hereket etmegiň tertibini kesgitleýän düzgünleriň talabynyň hereket edýän çägi.
5.36
Ýaşaýyş zolagynyň soňy
5.37
Emeli nätekizlik
Emeli nätekizligi görkezýär. Belgi emeli nätekizligiň öň ýanynda oturdylýar.
5.38
Rewersiw hereket
Ýoluň bir ýa-da birnäçe zolaklarynda hereketiň ugrunyň garşylyklaýyn üýtgemegi mümkin bolan böleginiň başlanýan ýeri.
Goşmaça maglumat belgileri (jedwelçeler) özleri bilen bile oturdylan belgileriň täsirini anyklandyrýar ýa-da çäklendirýär.
7. Goşmaça maglumat belgileri (jedwelçeler)
Sany belgisi
Surat
Ady
Düşündiriş
7.1.1
Bellibir ýere çenli aralyk
Belgiden howply ýeriň başlanýan ýerine, degişli çäklendirmäniň girizilýän ýerine ýa-da hereketiň ugry boýunça öňde ýerleşýän bellibir ýere çenli aralyk görkezilýär.
7.1.2
Eger-de çatrygyň öň ýanynda 2.5 belgi oturdylan halatda 2.4 belgiden çatryga çenli aralygy görkezýär.
7.1.3
Ýoldan sowa ýerleşýän bellbir ýere çenli aralygy görkezýär.
7.1.4
7.2.1
Täsir ediş çägi
Ýoluň duýduryjy belgiler bilen alamatlandyrylan howply böleginiň uzynlygyny ýa-da gadagan ediji we habardar ediji-görkeziji belgileriň täsir edýän çägini görkezýär.
7.2.2
7.2.2 jedwelçe 3.27 — 3.30 gadagan ediji belgileriň täsir edýän çägini görkezýär; 7.2.3 jedwelçe 3.27 — 3.30 belgileriň täsir edýän çäginiň soňyny görkezýär; 7.2.4 jedwelçe sürüjilere olaryň 3.27 — 3.30 belgileriň täsir edýän çägindedigi barada habar berýär; 7.2.5 — 7.2.6 jedwelçe meýdançanyň, jaýyň uzaboýuna bir tarapynda we şulara meňzeş ýerlerde säginmek ýa-da durmak gadagan edilende 3.27 — 3.30 belgileriň täsir edýän ugruny we çägini görkezýär.
7.2.3
7.2.4
7.2.5
7.2.6
7.3.1
Täsir ediş ugurlary
Çatrygyň öň ýanynda oturdylan belgileriň täsir edýän ugruny ýa-da alamatlandyrylan, gönüden-göni ýoluň gyrasynda ýerleşýän bellibir ýerlere tarap hereketiň ugruny görkezýär.
7.3.2
7.3.3
7.4.1
Ulagyň görnüşi
Ulagyň haýsy görnüşine belginiň täsir edýändigini görkezýär. 7.4.1 belginiň uly ýük awtomobillerine. şol sanda olar tirkegli bolanda 7.4.3 — ýeňil awtomobillerine hem-de rugsat edilen aňrybaş agramy 3,5 tonna çenli bolan ýük awtomobillerine täsir edýändigini görkezýär.
7.4.2
7.4.3
7.4.4
7.4.5
7.4.6
7.4.7
7.4.8
Howply ýük
Diýen tanadyş belgileri bilen enjamlaşdyrylan ulaglar.
7.5.1
Şenbe, ýekşenbe we baýramçylyk günleri
Hepdäniň haýsy günlerinde belginiň täsir edýändigini görkezýär.
7.5.2
Iş günleri
7.5.3
Hepdäniň günleri
7.5.4
Täsir edýän wagty
Gijä-gündiziň haýsy wagtynda belginiň täsir edýändigini görkezýär.
7.5.5
Hepdäniň haýsy günlerinde we gijä-gündiziň haýsy wagtynda belginiň täsir edýändigini görkezýär.
7.5.6
7.5.7
7.6.1
Ulagyň durulýan ýere goýmagyň usuly
7.6.1 — ähli ulaglaryň ýoluň gatnaw bölegine durmaga ýanýoda uzaboýuna ugurdaş edilip goýulmalydygyny görkezýär;
7.6.2 — 7.6.9 ýanýodanyň ýanyndaky durulýan ýerde ýeňil awtomobilleri we motosiklleri goýmagyň usulyny görkezýär.
7.6.2
7.6.3
7.6.4
7.6.5
7.6.6
7.6.7
7.6.8
7.6.9
7.7
Hereketlendiji işledilmän durulýan ýer
5.15 belgi bilen alamatlandyrylan durulýan ýerde ulaglaryň diňe hereketlendirijisi işledilmän durulmagyna rugsat berilýändigini görkezýär.
7.8
Tölegli hyzmatlar
Diňe nagt hasaplaşyk arkaly hyzmatlaryň edilýändigini görkezýär.
7.9
Durmagyň dowamlylygy
5.15 belgi bilen alamatlandyrylan durulýan ýerde ulaglaryň bolmaly wagtynyň aňry çäk dowamlylygyny görkezýär.
7.10
Awtomobillri gözden geçimek üçin ýer
5.15 ýa-da 6.11 belgiler bilen alamatlandyrylan meýdançada galdyrym köprüniň ýa-da gözden geçiriş gatnawyň bardygyny görkezýär.
7.11
Rugsat edilen aňrybaş agram
Belginiň diňe rugsat edilen aňrybaş agramy jedwelçede görkezilenden köp bolan ulaglara täsir edýändigini görkezýär.
7.12
Howply ýolýaka
Ýolýakada abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi sebäpli, oňa çykmagyň howpludygyny duýdurýar. 01 1.23 belgi bilen bilelikde ulanylýar.
7.13
Esasy ýoluň ugry
Çatrykda esasy ýoluň ugruny görkezýär.
7.14
Hereket zolagy
Belginiň ýa-da ýolyşygyň täsir edýän hereket zolagyny görkezýär.
7.15
Kör pyýadalar
Pyýada geçelgeden körleriň geçýändigini görkezýär. 011.20, 5.16.1, 5.16.2 belgiler we ýolyşyklar bilen bilelikde ulanyýar.
7.16
Öl örtük
Gatnaw böleginiň örtüginiň öl wagtynda belginiň täsir edýändigini görkezýär.
7.17
Maýyplar
5.15 belginiň diňe "Maýyp" diýen tanadyş belgili motoarabajyklara we awtomobillere täsir edýändigini görkezýär.
7.18
Maýyplardan başga
Belgileriň "Maýyp" diýen tanadyş belgili motoarabajyklara we awtomobillere täsir etmeýändigini görkezýär.