Türkmenistan Magtymguly eýýamynyň ahyrynda

Mowzuk: Türkmenistan Magtymguly eýýamynyň ahyrynda (XX asyryň soňy)

M E Ý I L N A M A:

1. Türkmenistan durgunlyk ýyllarynda.

2. Türkmenistan “Üýtgedip gurmak” döwründe.

3. SSSR-iň dargamagy. GDA döwletleriniň emele gelmegi.

Biz sowet döwrüniň 74 ýylynda hemişe tankyt astynda bolupdyk. Bizi geçmişiň zyýanly galyndylary üçin “Jemgyýetçilik” aňynyň yza galýanlygy üçin ykdysady taýdan gowşak ösenligimiz üçin kötekleýärdiler, gepiň gysgasy, bular akylyňa sygjak we sygmajak zatlardy. Emma hiç kim şu yzagalaklygyň sebäpleri barada oýlanmaýardy. (Mukaddes Ruhnama 269 sah.) 60-70-nji ýyllarda üstünlikler barada aşa öwünmeler, döşe kakmalar, gurluşy, şahsyýeti arşa çykarmak başlandy. Şu sebäpli-de artdyryp ýazmalar, gözboýagçylyklar başlandy. Bu hem jemgyýetiň keselidi. Jemgyýetiň süňňüni-durkuny mälim edýän agyr görnüşdi. Ýogsa-da, bütin 74 ýylyň dowamynda ýekeje sagdyn döwür bolmanlygy bellidir. Syýasy aňyýet agdyklyk edýärdi, adamlar hakykatda özbaşdak pikirlenmegi ýatdan çykarypdylar. Olar el çarpyşmaga, partiýanyň adyna mahabatly sözleri aýtmaga öwrenişipdiler. “Bu gün bize şol nogsanlyklardan saplanmak aňsat düşenok. Bu biziň Altyn asyrymyzdaky iň gaýragoýulmasyz, wajyp wezipämizdir” (Mukaddes Ruhnama 271 sah.).

Türkmen jemgyýetinde durgunlyk ýa-da jemgyýetdäki ösüşiň köp pudaklarynyň durup, tas, doňup galmagy belli bir derejede Türkmenistanyň Orsyýetiň tabynlygyna düşeninden soňky geçen ýyllaryň hemmesine mahsusdyr. Ilki Orsyýet patyşasynyň, soňra Sowet hökümýetiniň ýewroparaz, has takygy orsparaz syýasaty netijesinde türkmen halkynyň taryhy, däp-dessury onuň özüne mahsus bolan milli duýgusy depelendi. Türkmen jemgyýetiniň daşyny çyrmaşyk bürän gül kimin saralyp-soldy.

Elbetde, munuň düýp sebäbi bellidi. Ozalam ençe gezek nygtap geçişimiz ýaly, Türkmenistan SSR-iň syýasy garaşsyzlygy, umuman alanyňda ýasamady. Asla leninçilik milli syýasat diýilýän zadyň özi diňe dilde-di, gepiň gysgasy, dilde bir zat diýilse, iş ýüzünde başga bir zat edilýärdi. Ýogsam bolmanda SSSR konstitusiýasyna garanyňda Türkmenistan SSR-i syýasy taýdan garaşsyz döwlet hasaplanýardy.

TSSR-iň özygtyýarlygy we hukuklary eýýäm onuň birinji konstitusiýasynda (1927-nji ýyl) kanun tarapyndan ykrar edilipdi. Respublikanyň esasy kanunynda ähli häkimiýetiň halka degişlidigi, döwletiň, jemgyýetiň bähbitlerini goramaga, graždanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge borçludygy-da aýratyn nygtalýardy. Soňra Türkmenistan SSR-niň durmuşynyň bu esasy ýörelgeleri respublikanyň soňky (1937-1978 ýyllarda) kabul edilen Konstitusiýalarynda-da üýtgewsiz suratda jar edilipdi. Ýöne iş ýüzünde welin kanun tarapyndan kepillendirilen bu beýik ýörelgeler köplenç kagyz ýüzünde galdy.

  Türkmenistan SSR-i döredilenden tä garaşsyzlygyny gazanýança onda hiç wagt halkyň häkimýeti bolmandy.

Kommunistik partiýa ilaty öz tarapyna çekmek üçin köp sanly jemgyýetçilik guramalaryna daýanýardy. Bu guramalar ilat arasynda at-abraýynyň artmagy barada alada edýärdi. Emma eýýäm şol 30-njy ýyllardan başlap partiýa jemgyýete ýolbaşçylygy has çuňlaşdyrmaga, has anyklaşdyrmaga ýykgyn edip başlady, ony öz eline almaga çalyşdy, elbetde bu partiýanyň işine-de, sagdynlygyna-da ýaramaz täsir etdi.

Kommunistik partiýa döwlet başyna geçip hanam, soltanam özi boldy. 1966-njy ýylda geçirilen SSKP-niň  gurultaýyndan soň, partiýa ähli işlere özi ýetjek bolup, ýetibem bilmän, şol  bir wagtyň özünde ol guramalaryň hem elini işden sowatdy.

Partiýa işiniň çakdanaşa merkezleşdirilmegi, tankydyň ýoga çykarylmagy partiýa ýolbaşçylarynyň gözegçilikden çykmagyna, şahsy bähbitleri üçin wezipesinden peýdalanmagyna getirdi. Partiýa ýolbaşçylaryň arasynda hojalyk işgärleri agdyklyk etdi. Onsoňam ýolbaşçy wezipelere bellenilende işe ukyplylyk, adamkärçilik sypatlaryna däl-de, kowum-garyndaşlaryna seretmek ýoň boldy. Netijede kadrlaryň medeni, intellektual derejesi pese gaçdy.

Halk wekilleriniň sowetleri (halk deputatlarynyň söwetleri) saýlawlara, kärdeşler arkalaşygy (profsoýuzlar) ýaryşa, komsomol (ýaşlar guramasy) saz taýdan ösmäge güýmendiler.

Beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem işi ýasamalykdan halas däldi. Şäherlerde we obalarda ýaşulylar sowetleriniň, aýallar sowetleriniň, gyzlar guramalarynyň (klublarynyň), täze däp-dessurlary boýunça toparlaryň, ata-eneler toparlaryň, ýoldaşlyk sudlaryň müňlerçesi döredilipdi. San görkezijilerine seretseň, olar jemgyýetiň syýasy durmuşynda uly güýç, emma işleriniň hiline, mazmunyna seretseň, ýöne bir salgym. Sebäbi bu işde-de ýasamalyk artyp, sana kowalaşmaga ýol berildi hem olaryň her bir hereketinde partiýa guramalaryna garaşly edilmegi olaryň “elini-aýagyny” baglady. Ýasamalyk, kagyz döredijiligi “esasy orna geçdi”. Jemgyýetiň syýasy düzgüni doňdy. Bu doňaklygy çözmek üçin jemgyýeti düýpli özgertmek, täzeden gurmak zerurlygy mälim boldy. Ol, ine, görüň, partiýanyň aladasy bilen bularyň özlerindenem il agasy adamlar ösüp ýetişdi diýildigi. Hakykatdanda, birinji sekretarlaryň hukugy çäklidi. Häkimlik durşy bilen diýen ýaly ýokardan iberilen “ikinjileriň” elindedi.

60-njy ýyllarda (Magtymguly aýyndan soň) TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna Balyş Öwezow bellendi. Emma olam Wasiliý Rykowyň (2-nji sekretar) pidasy boldy.

1969-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna Muhammetnazar Gapurow “saýlandy”. Ol Rykowyň, onsoň Pereudiniň aýdanyndan çykmady. Türkmen öz topragynda özüni keseki ýaly duýup başlady. Baş Kanunda jar edilen garaşsyzlykdan nam-nyşan galmady, ol durşy bilen ýasamalyga, gury söze öwrüldi.

Türkmenistan ozalky SSSR-iň çig mal öndürýän bazasydy. Çünki, syýasatda bolşy ýaly, ykdysady taýdan Türkmenistanyň baknalygy barha çuňlaşdy, durgunlyk ýyllarynda ýetjek derejesine ýetdi. Beýle diýildigi respublikada ykdysadyýetiň düýpli ösmändigini, ýagny onuň durup galandygyny aňlatmaýar. Asla, durgunlyk diňe ýerli halkyň bähbitlerine, milli medeniýetine gezek gelende doly öz manysyna eýedi. Senagat, oba-hojalygy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde soýuz hökümetiniň görkezmeleri artykmajy bilen berjaý edilýärdi. “Watana” gazyň, kükürdiň, pagtanyň we beýleki önümleriň ýyl-ýyldan köp mukdary berilýärdi. Ýurtdaky “Zähmet bölünişiginde öz internasional borjuny” birkemsiz ýerine ýetireni üçin Türkmenistan yzly-yzyna SSSR-iň ordenlerine mynasyp bolýardy.

Respublikada ilkinji uly gaz ýatagy – Ojak 1966-njy ýylda özleşdirildi. Şol ýyl türkmen gazçylarynyň çykaran “Mawy ýangyjy” 1 milliard kub metrdenem geçýär. Soňky ýyllarda Naýyp, Kerpiçli, Sakar, Samandepe, Maýsk, Şehitli (şatlyk), Tejen, Döwletabat we beýleki gaz känleri özleşdirildi. Özem, olar örän çalt özleşdirildi. Beýle çaltlyk bolsa heniz dünýä tejribesinde hem bolmandy. Gazyň çykarylyşy aý saýyn däl-de, günsaýyn artyp, onuň hemmesi diýen ýaly “Orta Aziýa-Merkez” gazprowody arkaly ýurduň merkezi raýonlaryna, olaryň üsti bilen dünýäniň dürli ýurtlaryna iberilýärdi. Çeleken, Nebitdag, Gumdag etraplarynda nebit bilen ugurdaş çykýan gazy bermek üçin “Günbatar Türkmenistan - Merkez” gazprowody guruldy.

1970-nji ýylda respublikada gazyň çykarylyşy eýýäm 13 mlrd kub metre ýetdi. Nebit çykarylyşy artdy. Güýjük, Burun nabitli gatlaklar özleşdirildi. Nebitli gatlaklar çuňlaşyp, nebit çykarmak kynlaşdy.

Himiýa, nebit-himiýa senagatynda önüm öndürilişi üzül-kesil ýokarlandy. Gowurdagyň kükürt zawodynyň kuwwaty artdyryldy. Kükürdiň, ýodly kaliniň hili ýokary bolup, olar daşary döwletlere iberilýärdi.

Görnüşi ýaly, Türkmenistanda, gaz, nebit, nebit-himiýa, himiýa senagat pudaklary ösdürildi. Ýöne olar soýuz ministrlikleriniň ygtyýaryndady. Ol ministrlikler respublikanyň ýer asty baýlyklaryndan düşýän girdejiniň 1%-ti onuň býudžetine geçirmelidi. Emma şolam yzygiderli geçirilmedi.

Respublikanyň senagatynyň beýleki pudaklarynda edilen işlerem az däl. Ýeňil, aýna, pagta arassalaýjy, ýüpek, ýüň, gön, azyk, balyk senagatynda täze kärhanalar, tehnologik ýollar işe girizildi. Ýöne senagatyň bu pudaklarynda öndürilýän önümleriňem köp bölegi ýurduň beýleki raýonlaryna ibermek üçin niýetlenýärdi.

Türkmenistanyň oba-hojalyk önümçiligi hem esasan Merkeziň “Ak Altyna”, “Ýumşak altyna” (garaköli bagana) we beýleki altynlara bolan islegini kanagatlandyrmaga gönükdirildi.

1973-nji ýylda türkmen pagtaçylary “arzuwly pellehana” ýetdiler. Watan harmanyna 1 mln tonna ak altyn goşuldy. Elbetde 1 gektara derek 2 ga ekmesine göz ýumuldy. Ýerler sandan çykdy. Oba hojalygyny ýöriteleşdirmegiň başynda gök bakjaçylyk hem ýöriteleşdirildi. Aşgabat welaýatynyň köp etraplarynda kolhoz, sowhozlar diňe gök bakja ekinlerini ekdiler. Önümler ýurduň merkezine iberildi. Pagtaçylyk, gök bakjaçylyk bilen bir hatarda garaköli goýundarçylyga uly üns berildi. Emma garakölçülikde emeli tohumlandyryş usulynyň köp ulanylmagy mallaryň tebigy köpelmegini zaýalady, tohumyny peseltdi. Bagana-da ýoýuldy. Wagtynda dünýä bazarynda sarpasy tutulan türkmen garaköli baganasy skladlarda baslygyp galdy. Umuman, respublikanyň ykdysadyýeti soýuz ministrliklerine baknady. Olar edenini edip, goýanyny goýýardylar. Türkmen topragynyň mineral-çig mal baýlyklary, halkyň milli baýlygy talanýardy.

Türkmenistanyň ilaty SSSR-iň ilatynyň 1%-den sähel köprägini tutýardy. Emma ol hem ýurtda öndürilýän bişofitiň, ensomitiň, glauber duzunyň 100%-ni, kükürdiň, tehniki iodyň, bromyň 50%-ni, tehniki uglerodyň 40% we başga-da köp önümleri öndürýärdi. Türkmen topragynyň astyny, üstüni tozdurup, halkyň şunça baýlygyny alyp, ýene-de oňa “iýen nanyna degmez”, “Ýal ýagysy” diýýärdi. Bu iň bärkisi ahlaksyzlykdy. Üstesine esasy ünsüň diňe pagta çekilmegi ilatyň durmuş ýagdaýyny kynlaşdyrdy. Pagtaçylyk ekin meýdanlarynda kolhozçylaryň bir bölegini artykmaç adamlaryň hataryna goşdy. Şeýlelikde, işsizler peýda boldy we köpelip başlady.

1982-nji ýylda “Azyk maksatnamasy” kabul edildi, ýöne ondanam netije çykmady.

Tebigat bilen bagly meseleler (ekologiýa) ýitileşdi. Hasam beter Aral töweregine degişli Daşoguz etraplarynda ýagdaý ýaramazlaşdy. Içilýän suw şorlaşyp, iç keselleriň epidemiýasyny (ýaýrady) döretdi. Bag-bakjalar gurap başlady. 1980-nji ýylda Garabogaz bilen Hazar deňziniň arasyny baglaşdyrýan bogaz petiklenildi (ýapyldy). Garabogaz deňziň suwuny sorýar diýip bahana tapyldy. Bogaz petiklenen soň aýlag (zaliw.) guramak bilen boldy.

60-70-nji ýyllarda türkmen halkynyň guwanjy bolan Atabaý Geldiýew, Annageldi Hanmämmedow, Sapa Gurbow ýaly adamlar näletli eden-etdiligiň pidasy boldular. Bulary nähak ýepbekläp, partiýa temmisini berip, işden boşatmak bilen kanagatlanman, uzak ýyllaryň dowamynda yzarlap geldiler.

Diýmek, şol ýyllarda totalitar düzgün türkmen halkyny sanaç kimin çekeledi (“Sünnet operasiýasy barada”)

Demokratiýanyň we erkinligiň bogulmagy, nähak yzarlamalar, adamlary mydama howp astyna saklamak halkyň ruhy-ahlak dünýäsine ägirt zyýan ýetirdi. Bu barada Prezidentimiz şeýle diýdi: “Bala-çagalarymyz ne bir milli däp-dessurlaryny bildiler, ne-de taryhyny, ne bir edebiýatyny, ne-de bir türkmeniň medeniýetini. Biz öz milli eşiklerimize, däp-dessurlarymyza, dinimize hem dilimize pitjiň (nasmeşka) atmak bilen meşgullanyp başladyk”.

1985-nji ýylyň martynda M.S.Gorbaçýow SSKP-niň MK-nyň Baş sekretarlygyna saýlandy. Şonuň yzysüre aprel aýynda SSKP MK-nyň plenumy bolup, onda sowet jemgyýetini üýtgedip gurmak diýen syýasat yglan edildi. 1985-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-inde Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary M.Gapurow wezipesinden boşadyldy. GKP MK-nyň birinji sekretarlygyna Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow saýlandy.

Ine, hut şol günlerden başlap, halk hojalygyny asla bütin Türkmenistany pese çökmekden çykarmagyň ýollary agtarylyp başlandy. Ýagdaý näçe çuň öwrenildigiçe-de krizisiň, ýagny gorpuň has giň hem diýseň howply ekendigi belli bolup başlady.

Resmi dokumentlerde Türkmenistan industrial-agrar respublika diýilýänem bolsa, onuň industriallygy örän ýabagorlydy. Ol ýerasty mineral çig mallary we oba hojalyk önümlerini işläp bejerýän senagatly ülkedi, şol keşbini-de “birkemsiz” saklaýardy. Bu bir tötänleýin dörän ýagdaý däldi. Ol soýuz hökümetiniň ykdysady syýasatynyň gös-göni netijesidi. Sebäbi respublikanyň esasy senagat pudaklarynyň hemmesi senagat kärhanalarynyň 90%-den köprägi onuň özüne däl-de, soýuz ministrliklerine tabyn edilendi. Şonuň üçinem onuň öndürýän önümlerinden gelýän girdejiler merkezde galýardy. Elbetde bu göz görtele talaňçylykdy.

Oba hojalyk önümçiligi hem merkeziň islegine tabyn edilendi, şonlugyna-da saklandy. Pagta gök we bakja ekin meýdanlaryny giňeldip, önüm alnyşy artdy. Ýöne hasylyň hemmesi diýen ýaly Orsýetiň şäherlerine ýüklenildi. 1990-njy ýylda respublikada taýýarlanan pagta 1457 müň tonna ýetdi ýa-da gowy hasylly. 1985-nji ýylyň derejesindenem 169 müň tonna köp boldy.

Şonça hasyl pagta arassalaýjy zawodlarda birkemsiz işlenip, pamyk görnüşinde Iwanowa, Rentowa, Twer, Rostow we beýleki şäherleriň dokma kärhanalaryna iberildi.

Senagatyň we oba hojalygyň birtaraplaýyn ösdürilmegi bilen respublikanyň merkezi ýapja häsiýeti has-da çuňlaşdy. Durmuş ýagdaýy problemalary öňküden ýitileşdi. SSKP-niň XIX Bütinsoýuz konferensiýasynda Türkmenistan kompartiýasynyň MK-nyň birinji sekretary S.Nyýazowyň sözlän sözünde: “…Türkmenistan we onuň partiýa guramasy üçin üýtgedip gurmak kän babatda SSKP-niň XXVII gurultaýynda adalatly tankyt edilen ýakyn geçmişdäki gelşiksiz hadysalary ýeňip geçmek bilen baglanyşyklydyr. Ogurlyklar, artdyryp ýazmalar, gözboýagçylyk, pula satylmak, ýolbaşçy kadrlaryň bir böleginiň azmagy partiýa guramalarynyň abraýyny, adamlaryň adalata ynamyny düýpli opurdy. Kärhanalaryň bütin peýdasynyň diýen ýoly soýuzyň üsti bilen paýlanylyşygy ýerli soweleriň şol kärhanalaryň üstünlikli işlemeginiň gyzyklanmasyny peseldýär…” (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. 01.07.1988 ý.)

Respublikada işsizlik artdy. 1989-njy ýylda Türkmenistanda işe ýaraýan adamlaryň arasynda işsizleriň sany 40% golaýlady ýa-da 1979-njy ýyl bilen deňeşdirende 2 esseden-de köpräk artdy. Başgaça aýdylanda, ýüz müňlerçe adam belli bir kär etmän duş gelen iş bilen güzeranyny aýlaýardy. Elbetde, ilata mellek ýerleri kadalary berlip durlanlygynda başga iş tapmadyk adam öz mellegine ekibem eklenip biljekdi. Ýöne kolhozlarda soňky çärýek asyrda şahsy hojalyklara mellek bermek “ýatdan çykypdyr”. Köp hojalyklarda bir mellekde 2-3 maşgala mydar edýärdi. Daryşganlykda ýaşalýandygy maşgalalarda oňşuksyzlygyň döremegine sebäp bolýardy. Beýik Serdarymyz şol meselelere ünsüni çekdi. Obalarda 500 müňe golaý hojalyklara mellek ýerleri berildi (1987-nji ýylda Baýramalynyň “Täze ýol” kolhozyna barýar we onuň başlygy Garly Annalyýewe berk käýinç berýär).

Şäher ilatyna bag ekmek, daça gurmak üçin ýer berlip başlandy. Ekerançymy ýa-da maldar nähili zähmet çekse şoňa görä hak aljakdygyny duýup başlady. Haýalragam bolsa oba hojalyk önümçiliginde kärende ornaşyp başlady.

1991-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanda azyk önümlerine kartoçka düzgüni girizildi. Bu düzgüniň girizilmegi bilen her kim deň hakyny alyp başlady. Halkyň medeni-ruhy durmuşynda täzeden döreýiş başlandy. 1989-njy ýylda TKP MK-nyň býurosy “Gorkut ata” şadessany baradaky özüniň ozalky (1951 ýylda) kararyny ýatyrdy. Milli baýramçylyklar (“Gurban”, “Nowruz”), käbir däp-dessurlar (sünnet, sadaka, öwlüýä zyýarat etmek) baradaky gadagan etmeler ýatyryldy. Bagşylara türkmen klassyklarynyň eserlerinden aýdymlary ýoýman aýtmaklyga rugsat berildi.

1989-njy ýylda Türkmenistanyň “Magtymguly jemgyýeti” döredildi. Salyr baba Gulaly oglunyň “Oguznamasy” neşir edildi. “Görogly” şadessanynyň neşiri okyjylara ýetirildi. Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy azat” dessanyny, Abdysetdar Kazynyň “Jeňnamasyny” neşir etmek işi başlandy.

1990-njy ýylyň dowamynda 1937-1938-nji ýyllarda jezalandyryşyň pidasy bolan Nobat bagşy bilen Hydyr bagşynyň günleri bellendi. Ýolötende “Babagammar” gonamçylygynda Babagammaryň mazarynyň üstünde gurlan gubruň (mawzoleýiň) açylyşy boldy.

1991-nji ýylyň Alp Arslan aýynda SSSR-de adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Ol bary-ýogy 3 günläp dowam etdi. Soňra Kommunistik partiýa gadagan edildi. SSSR-de häkimiýet demokratiýanyň eline geçdi. Üýtgedip gurluş döwri tamamlandy. 69 ýyl dowam eden SSSR dargady. Bu döwletiň gowşap ýykylmagynyň sebäplerini Beýik Serdarymyz şeýle görkezýär: hususy eýeçiligiň ýok edilmegi bilen köpçülikleýin eýeçiligiň döredilmegi we topar ýolbaşçylyk esasynda dolandyrylmagy. Köpçülikleýin eýeçilik zaýaçylyga, işe bolan höwesiň gaçmagyna getirýärdi. Emläklere eýe, işlere ýolbaşçy ýokdy. SSSR-iň ýykylmagynyň sebäpleri hökmünde adalatlylygyň bolmandygyny hem görkezmek bolar. Respublikalaryň baýlyklary syzylyp-süprülip alynýardy we olaryň köp bölegi harby çykdajylara hem-de daşary ýurtlara iberilýärdi. SSSR ABŞ bilen ýarag öndürmekde bäsleşyärdi. Aýratyn hem raketa – ýadro ýaraglaryny öndürmeklige köp çykdajy gidýärdi. 1991-nji ýylda bolan pitne SSSR-iň düýbüne soňky paltany uran ýaly boldy. Hawa, pitne ýatyrylyp, kanunçylyk dikeldileninden soň bütin soýuz guramasy hökmünde SSKP-niň işi bes edildi, öňki respublikalaryň esasynda SSSR-iň dargamak we garaşsyz döwletleriň emele gelmek hereketi başlandy. Ol hereket Türkmenistanda hem güýçli depginde geçdi. Türkmenistan halkara serenjamyny saklamak arkaly we SSSR-iň 1977-nji ýyldaky her bir soýuz respublikasynyň bölünip aýrylmagyna hukuk berýän Baş kanunyna laýyklykda öz garaşsyzlygyny gazandy.

Soýuz merkezinde we ýerlerdäki häkimiýet edaralarynda, SSSR-iň respublikalarynda bolup geçen çylşyrymly hereketler, ýagdaýlar. 1991-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 8-inde Miniskde Belorussiýanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň Beýannamasyna we Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyny (GDA) döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekmeklerine getirdi. Şol resminamalarda SSSR-iň halkara hukugynyň subýekti hökmünde ýaşamagyny bes edendigi tekrarlanyp, öňki SSSR-iň ähli respublikalary üçin açyk bolan GDA-nyň döredilýändigi jar edildi. Ilkibaşda köpler bu ylalaşyga sägindiler – diýip Beýik Serdarymyz ýatlaýar. 1991-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 13-inde Orta Gündogar respublikalarynyň we Gazagystanyň ýolbaşçylary Aşgabada ýygnandylar. Meseläni ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň, Minskide bolan wakany oňun häsiýetdedigini bellediler we özleriniň GDA goşulmaçydyklaryny gatnaşyjylaryň deň hukuklylygynyň esasynda Arkalaşygy döretmek barada tagallalaryny birikdirmekçidiklerini yglan etdiler. Şol ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-inde S.A.Nyýazow ozalky SSSR-iň özygtyýarly respublikalarynyň 11-siniň Alma-atadaky duşuşygyna gatnaşdy (Minsk “üçlügi”, Aşgabat “bäşligi”, Ermenistan, Häzirbegjan, Moldawiýa). Ol şol ýerde Türkmenistanyň adyndan SSSR-iň ýaşamagyny belli bes edendigi we şunuň bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmek hakyndaky Jarnama gol çekdi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan, ozalky SSSR-iň çäklerinde dörän beýleki garaşsyz döwletler ýaly, SSSR-iň dargamagyndan gelip çykýan halkyň öz-özüni kesgitlemegiň logiki netijesi hökmünde peýda boldy.