Türkmenistanda Bank Ulgamy

Türkmenistanda Bank Ulgamy. 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň çäginde eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli 11 sany banklar öz işjeňligini alyp barýarlar, olaryň 6-sy döwlet täjirçilik banklary(DTB), 3-si paýdarlar täjirçilik banklary(PTB), 2-si daşary ýurt maýasy 100% bolan daşary ýurt banklarynyň(Germaniÿanyñ Doýçebankyň(Deutsche Bank) we Kommersbankyň(Commerzbank) bölümi.[1]

  • Banklar barada

Bank edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlar esasanam şahamçalaryň we wekillikleriň giň gerimi arkaly amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň dowamynda olaryň sany artmagyny dowam edip, şu günki günde Türkmenistanyň çäginde täjirçilik banklarynyň 128 sany şahamçasy we 408 sany gulluklary hereket edýär. Şahamçalaryň has giň gerimi "Daýhanbank" we "Türkmenistan" DTB-na degişlidir. Bank edaralaryň işgärleriniň sany 5.908 adamdan ybarat bolup, olar 1.353.554 müşderlerä hyzmat edýärler.[1]

  • Banklaryň umumy hususy maýasy

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi banky bank ulgamynyň maýasynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli syýasatyny dowam etdi. Netijede, banklaryň umumy hususy maýasy 11,6% köpelip, 520,6 mln.manada deň boldy.[1]

  • Türkmenistanyň banklary
Bank ady Bank görünişi web saÿty
«Türkmenistan» DTB http://www.tnbk.tm/
«Senagat» PTB http://www.senagatbank.gov.tm Archived 2020-09-28 at the Wayback Machine
Türkmen-Türk PTB http://www.turkmenturkbank.com/ Archived 2014-12-31 at the Wayback Machine
«Prezidentbank» DTB http://www.presidentbank.gov.tm/ Archived 2016-10-22 at the Wayback Machine
Türkmenistanyň döwlet ösuş banky http://www.tdob.gov.tm/ Archived 2016-01-09 at the Wayback Machine
«Daýhanbank» DTB http://www.dayhanbank.gov.tm/
«Garagum» HPB http://www.garagumbank.gov.tm/ Archived 2013-02-14 at the Wayback Machine
Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky http://www.tfeb.gov.tm/ Archived 2011-08-24 at the Wayback Machine
«Türkmenbaşy» DTB http://www.tbbank.gov.tm/ Archived 2021-09-09 at the Wayback Machine
«Halkbank» DTB http://www.halkbank.gov.tm/ Archived 2016-01-09 at the Wayback Machine
«Rysgal» PTB http://www.rysgalbank.tm/ru/ Archived 2015-05-03 at the Wayback Machine

[2]

  -PTB-paýdarlar täjirçilik banky
  -DTB-döwlet täjirçilik banky

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank ulgamynyň gelejekgi ösüşini, şeýle hem netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaklygy üpjün edýan baş ýorelgesiniň ugurlary şu aşakdakylar bolup durýar:

  1. bankyň müşderileri üçin has amatly we oňaýly şertleriň döredilmegi, çeýe ýygym syýasatyny alyp barmak we iň täze maliýe tehnologiýalary ulanmak,
  2. karzlaşdyrmagyň, şol sanda korporatiw müşderileri karzlaşdyrmagyň mehanizmini;
  3. bankyň aktiwleriniň we pasiwleriniň çeýe dolandyryş ulgamyny, işgärleriň hünärmenlik derejesiniň ýokarlanmagyny, hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sanawynyň täzelenmegini we giňelmegini özgertmek;
  4. ipoteka karzlaşdyrmanyň, şol sanda oba ýerlerinde, şeýle hem etrap merkezlerinde, şäherlerde we şäherçelerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini artdyrmak arkaly, göwrümini artdyrmak,
  5. bank töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmeklige gönükdirilen içki gözegçiligiň ornuny özgertmek we giňelmek, şol sanda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak.[1]
  • Türkmenistanyň banklarynyň girdejileri

2009-njy ýylda Türkmenistanyň banklarynyň işjeňligi oňaýly görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän banklaryň 2009-njy ýylyň dowamynda edilen hyzmatlardan alan girdejileriniň möçberi 399,7 mln.manada deň boldy. Netijede, hasabat ýylynda bank ulgamy tarapyndan 145 mln.manat möçberinde peýda gazanyldy. Şonlukda, bank ulgamynyň girdejileriniň esasy çeşmesi karzlaşdyrma we ýygymlar bilen baglanyşykly amallar bolup galýar.[1]

Kaynag

düzet
  1. 1.0 1.1 1.2 1.3 1.4 "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2015-09-08. Retrieved 2015-08-20. 
  2. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2015-09-08. Retrieved 2015-08-20.