Türkmenistanyň ''Daýhanbank'' döwlet täjirçilik banky
Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň mart aýynyň 10-na ýörite kabul edilen Karary esasynda döredildi.
Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagy boýunça karz bermeklige we maýa goýum goýmaga ygtyýar berildi. Mundan başgada bank goýumlar we depozit görnüşinde ilatdan pul süýşürintgilerini kabul edýär. Ol süýşürintgiler bank serişdeleriniň wajyp çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Bankyň esasy maksatlarynyň biri – ilatyň wagtlaýynça ulanmaýan erkin pul serişdelerini goýumlara çekmeklikdir. Onuň üçin bank netijeli mahabatlandyrma işlerini geçirýär, goýumçylara bökdençsiz hyzmat edýär, ilatyň goýan pul serişdeleriniň ygtybarly saklanmagyny üpjün edýär.
Häzirki wagtda bank oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan daýhan hojalyklarynyň (önümçiliginde peýdalanmak üçin, täze ýerleri özleşdirmek we ünsden düşürilen ýerleri dikeltmek, oba hojalyk tehnikalaryny almak, mal ýataklary, fermalary, kiçi önümçiligi gurmak we mallary, öý guşlaryny, ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdeleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri hem-de agaç nahallaryny satyn almak) we telekeçileriň birnäçeleri ýeňillikli karz serişdelerini almaklyga isleg bildirip ýüz tutýarlar, bank olaryň islegini kanagatlandyrylýar.
Olaryň maýa goýum taslamalary boýunça döwlet topary tarapyndan oňyn netije alynyp, karz serişdelerini bermeklik işleri amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan 17 sany telekeçilere we 2 sany hususy kärhana jemi 346 672 manat möçberinde ýeňillikli karz serişdeleri berildi. Soňky ýyllaryň dowamynda Daýhanbankyň ulgamy boýunça birnäçe täze bank şahamçalary Aşgabat şäheriň Nyýazow etrapynda, Döwletli etrabynda, Ruhybelent etrabynda açyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 10-njy iýulyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde oba ýerlerinde täze özgertmeleri durmuşa geçirmegi has-da güýçlendirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, obalarda bank ulgamyny kämilleşdirmek, oba ilatyna edilýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak daýhan birleşiginde ýerleşýän Duşak bank gullugynda, Daşoguz welaýatynyň S.Rozmetow daýhan birleşiginde ýerleşýän bank gullugynda we Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky Aşgabat daýhan birleşiginde ýerleşýän Aşgabat bank gulluklarynda giň gerimli bank hyzmatlary ýola goýuldy.
Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry milli maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ösdürmegiň baş ýörelgesinden ugur alyp, ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň, daýhanlaryň we hususy ýer eýeleriniň döwlet tabşyrygyna degişli önümleri öndürmek boýunça olaryň önümçilik harajatlaryny maliýeleşdirmekligi we maliýe hasaplaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekligi, öz ulgamynda hereket edýän 54 sany etrap şahamçalarynyň we 393 sany bank gulluklarynyň üsti bilen amala aşyrýar.
Häzirki wagtda bank öz müşderlerilerine milli manatda we daşary ýurt walýutasynda bank hyzmatlarynyň 100-den gowragyny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda bank hyzmatlaryny hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek hem-de ilatyň ýokarlanýan talaplaryna laýyk gelýän bank hyzmatlaryny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Germaniýanyň öňdebaryjy banklarynyň biri bolan Commerzbank AG bankynda Nostro hasaplary açyldy. Belläp geçmeli ilat arasynda milli pulda kämilleşdirilen we çaltlandyrylan Gyrat pul geçirimleri müderlere hyzmat görnüşi hödürlendi. Bankyň esasy maksatlarynyň biri – ilaryň wagtlaýynça ulanmaýan erkin pul serişdelerini goýumlara çekmeklikdir. Onuň üçin bank netijeli mahabatlandyrma işlerini geçirýär, goýumçylara bökdençsiz hyzmat edýär, ilatyň goýan pul serişdeleriniň ygtybarly saklanmagyna üpjün edýär. 2009-njy ýyllyň aprel aýyndan baş bankyň işgärleriniň zähmet haklaryny Altyn asyr bank kart arkaly almaklyk ýola goýuldy.