Türkmenistanyň ''Garagum'' halkara paýdarlar banky
Türkmenistanyň Garagum halkara paýdarlar banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň mart aýynyň 9-daky 1219 belgili Karary esasynda Türkmenistanda ýaýbaňlanýan biznesi maliýe taýdan goldamak üçin döredildi (Guramaçylyk ýygnagynda Türkmenistanyň, Ukrainanyň, Orsyýediň, Gazagystanyň, ABŞ-nyň, Saud Arabystanyň banklary Guramaçylyk şertnamasyna gol çekdiler) . Türkmenistanyň Garagum halkara paýdarlar banky öz işjeňliginiň ilkinji döwrinden bäri müşderileriň hasaplaryny açmak we ýöretmek, goýumlary (depozitleri) çekmek we karz bermek müşderileriň tabşyrygy boýunça hasaplaşyklary geçirmek, kassa hyzmatlaryny etmek hem-de faktoring, lizing amallary boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berilen ygtyýarnama laýyklykda, daşary ýurt pulundaky amallary, sol sanda alyş-çalyş amallaryny we bank işi bilen bagly maslahat beriş hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Bankyň esasy üns berýän işleriniň biri nagt däl görnüşli hasaplaşyklar boýunça müşderileriň işleglerini kanagatlandyrmakdyr. Nagt däl hasaplaşyklar boýunça bank şu hyzmatlary ýerine ýetirýär: • bank karzlaryny nagt däl görnüşinde müşderiniň islegi boýunça başga banklara geçirmek; • daşary ýurt walýutasyndaky pul serişdelerini konwertirlemek; • goýumlaryň dürli görnüşlerini nagt däl görnüşinde amala aşyrmak; • nagt däl görnüşinde daşary ýurt walýutasyny satmak we satyn almak; • müşderileriň islegi boýunça olaryň hasaplaşyk hasaplarynda nagt däl görnüşinde duran pul serişdelerini geçirip bermek. Häzirki wagtda bankyň müşderileriniň sany gün-günden artýar. Serişdeler binýadyny berkitmek maksady bilen, ilatyň erkin duran pul serişdelerini goýumlara çekmek boýunça depozit syýasaty amala aşyrylýar. Goýumlaryň has oňaýly görnüşlerini saýlamaga mümkinçilik döredip, täze goýumçylary çekmek maksady bilen, goýumlaryň täze görnüşleri döredildi. Ilata goýumlaryň şu görnüşleri hödürlenýär: • talap edilýänçe goýum; • hormatly pensionerler; • bagtyýar çagalyk; • il saglygy-ýurt baýlygy; • şowly goýum. Bankyň Balkanabat, Mary, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde 5 sany gullugy bar. Olaryň ählisinde milli manatda we daşary ýurt pulundaky amallaryň dürli görnüşleri amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary esasynda ýurdumyzyň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary Altyn asyr bank kart töleg ulgamynyň üsti bilen giňden ýaýratmak üçin Aşgabat şäherinde degişli müşderileriniň – edaralaryň, kärhanalaryň, telekeçileriň, işgärleriň zähmet haklarynyň bank hasaplarynyň üsti bilen bank kartlary peýdalanyp tölemeklik ýola goýuldy we töleg kartlaryna hyzmat etmek boýunça töleg terminallary gurnalýär. Töleg kartlaryny girizmek bilen bank ilata nagt däl hyzmatlaryň görnüşleriniň birnäçesini hödürlemegi göz öňüne tutýar. Bank töleg terminallar arkaly zähmet haklaryny, pensiýa, kömek pullaryny bermekligi, telefon aragatnaşygy we ş.m. tölegleri amala aşyrmaklygy meýilleşdirýär.