Türkmenistanyň ''Halkbank'' döwlet täjirçilik banky

Türkmenistanyň Halkbank döwlet täjirçilik banky 2001-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi (öňki Türkmenistanyň Süýşirintgiler banky).

Garaşsyzlyk ýyllarynyň özgerişikleriniň esasy netijesi bankyň ýöriteleşdirilen bankyndan hemme taraplaýyn banka öwrilendir. Döwriň talabyna laýyk gelýän hyzmatlary ýola goýmak , ilatdan çekilýän serişdeleriň usullaryny we görnişlerini kämilleşdirmek arkaly, Türkmenistanyň Halkbank döwlet täjirçilik banky şu günki gün 30-dan gowurak bank hyzmatlaryny ilata hödürleýär. Şolaryň arasynda goýumlaryň we depozitleriň dürli görnişlerine serişde goýmak, pensiýa ätiýaçlandyrmasyny baglaşan raýatlaryň atly pensiýa hasaplaryny ýöretmek, karz pullaryny bermek, şeýle hem jemegat tölegleri we beýleki tölegleri tölemekde hyzmat etmek esasy ugurlar hasaplanýar. Türkmenistanyň Halkbank döwlet täjirçilik banky halkyň hal ýagdaýyny gowulandyrylmagynda we ýurduň ykdysady ösüşiniň pugtalanmagynda uly orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekligiň meýilnamasyna laýyklykda Halkbank oba hojalygy, dokma senagady, döwlete dakyl däl hususy eýeçilikdäki kiçi we orta göwrümli telekeçileri we söwda pudaklaryny karzlaşdyrmaga uly üns berýär.

Häzirki wagtda bank öz müşderilerine milli manatda we daşary ýurt walýutasynda bank hyzmatlaryny 100-den gowragyny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda bank hyzmatlaryny hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek,dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek we ilatyň ýokarlanýan talaplaryna laýyk gelýän bank önümlerini (hyzmatlaryny) ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Germaniýanyň öňdebaryjy banklarynyň biri bolan Commerzbank AG bankynda Nostro hasaplary açmak bilen bank halkara bazaryna çykmaklyga uly gadam basdy we ilat arasynda milli pulda kämilleşdirilen we çaltlandyrylan Gyrat pul geçirimleri müşderlere hyzmat etmäge başlady.

Bankyň karz syýasatynyň esasy maksady içerki önüm öndürijileri goldamaklyga we ýurtda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermeklige gönükdirilendir.