Türkmenistanyň Eýran, Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy, gatnaşyklary

Mowzuk: Türkmenistanyň Eýran, Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy, gatnaşyklary.

Eýran Yslam Respublikasy Günorta-Günbatar Aziýada ýerleşen uly taryhy we gadymy medeniýeti bolan ýurtdur. Eýran Türkmenistanyň duldegşir goňşusydyr. Umumy serhediň uzynlygy 1500 km. Türkmenistanyň baştutany Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapagy iki ýurduň halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän däpleriniň dikeldilip başlanmagynyň alamaty boldy. Sowet totalitar düzgüniniň agalk eden döwründe iki goňşy iki halkyň arasynda “demir perde” çekildi. Hatda serhetýaka sebitde ýaşaýan ýakyn dogan-garyndaşlar diňe soýuz merkezinden rugsat alandan soň duşuşyp bilýärdi. Türkmenistanyň iki taraplaýyn gatnaşyklary garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde gurup başlanlygyndan ybarat boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda hakykatda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýol goýmak iki tarapy-da gyzyklandyrýan meseleleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri maksady bilen geçirildi. Türkmenistan döwleti garaşsyzlygyny gazanandan soň (1992 ý. Baýdak aýynyň 16-18)- Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Haşemi Rafsanjanynyň resmi çagyryşy boýunça Beýik Türkmenbaşy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) girýän döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýygnanşygyna hem-de Hazar deňziniň ýakasyndaky ýurtlaryň ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin resmi sapar bilen Eýran Yslam respublikasynda boldy. Gadymdan gelýän medeni hem taryhy gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, hoşniýetli goňşuçylyk iki ýurduň halkynyň islegine laýyk gelän özara hyzmatdaşlygyň giňelmegi esasynda taraplar aşakdaky ýagdaýlar boýunça ylalaşyk gazandylar:

1) Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň harytlaryny öz territoriýasyndan Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine ýeňillikler bilen geçirmäge hem-de mümkinçilikler döretmegi ylalaşdylar.

2) 2-nji tarapdan bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Pars aýlagyndaky we beýleki ähli ýurtlara haryt geçirmegi baradaky teklibi bilen ylalaşyp şertnama baglaşdyrlar.

3) Türkmenistanyň 40 mlrd kub metre çenli gazyny dünýä bazaryna eksport etmekde Eýran Yslam respublikasynyň kömek etmegi hakdaky Türkmenistanyň teklibi bilen Eýran ylalaşyldy. Şonuň ýalyda iki tarap hem Howdan Paçgyran geçelgesini we beýleki geçelgeleri ýolagçy hem ýük daşamak üçin halkara geçelgesine öwürmek barada ylalaşyk gazandylar.

4) Türkmenistan Hazar deňziniň ýakasyndaky ýurtlaryň hyzmatdaşlyk guramasyny döretmek hakyndaky Eýran Yslam respublikasynyň respublikasynyň teklibini hem-de agzalan guramanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň başlygynda geçen birinji ýygnanşygynyň kararlaryny goldady.

5) Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan bank, söwda, işlerinde özara hyzmatdaşlyk etmegi, bilim ulgamynda iki taraplaýyn talyplary, sungat, spirt toparlaryny, alyş-çalyş etmek hakynda ylalaşdylar. Eýran- Türkmenistan taraplary sebitde we halkara meselelerinde degişli pikir alyşmalaryny yzygiderli ýagdaýda geçirip durmak hakynda gürrüň geçirdiler.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Tähranda EKO-ň (Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň) “Baş sekretary onder özer bilen duşuşdy. Duşuşygyň netijesinde söwda, ola hojalygy, energetika, gaz nebit toplumy, bank işi, saglygy goraýyş we gurşap alan töweregi goramak barada täze ugurlar kesgitlenildi. Şeýlede Tejen derýasynda suw howdanyny we bendi gurmak, söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek hakyndaky jarnmalarda dikeldildi” (sah-375).

Bellik : 1999 ýyl Magtymguly aýynyň 17-si. Beýik Serdarymyz Ak tokaýda boldy. (Pyragy adyndaky muzeý). Sah 433 (213 seret).

Ynam Homeýki (186 sah). Türkmenleriň mekany- Mazenderan (Kummetkowus şäherini esaslandyryjy Kowusyň ýadygärligine bardy. Gündogar şygyrýetiniň ägirt uly iki läheňiň Hajyzyň Saadyň mekany Şiraza sapagy täsirli bolupdy. Eyran binagärliginiň gaýtalanmajak nusgasy bolan “şah çaryg” metjidi (186 sah.)

Türkiýa Respublikasy Aziýada we Ýewropada ýerleşen döwletdir. Ol sebitde möhüm geosiýasy ýagdaýa eýedir. Türkiýe senagatlaşan agrar ýurtdyr. Ol hususy telekeçilige we bazar gurallaryna esaslanmak bilen ykdysady erkinlik syýasatyny ýöredýär. Türkler türkmenler oguz-seljuklarynyň gös-göni nesilleridir. Türkiýe ilkinji bolup Türkmen garaşsyzlygyny ykrar etdi onuň bilen diplomatik işleri ýola goýdy.

Ankara şäherinde türkmen türk dostlugyny berkitmek maksady bilen ylalaşyk baglaşdylar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkiýäniň premýer ministri Mesul ýylmaz energetika tebigy serişdeler ministr jumhur Ersýumer bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary gepleşikleri geçirdiler.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň ykdysady, syýasy medeni gatnaşyklary has-da ösýär. Iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has işjeň bolmagyna täzeden ýardam bermekden tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, Demirgazyk – Günorta ulag ýoluny döretmek göz öňünde tutulýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň her bir syýasy gatnaşyklarynda taryhy-medeni ykdysady, syýasy, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir (1992-Bişkek 22.23.04).

Türkmenistan öz garaşsyzlygyny gazanmak bilen ýerleşişi babatda hem aýratyn ähmiýeti bolup durýar. Türkmenistanyň geosyýasy ýerleşişiniň Ýewropanyň we Aziýanyň ykdysady hem-de syýasy hyzmatdaşlygy üçin ähmiýeti uludyr. Döwletimiz Ýewropada we Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy bolmak bilen Ýewropanyň syýasy durmuşyna gatnaşyp Ýewropanyň syýasy ykdysady maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip başlady. Öz nobatynda sebitde birek-birege kömek berip goşulyşmak, onlarça ýyllaryň dowamynda emeli ýagdaýda döredilen aňyýetdäki päsgelçilikleri aýyrmak, üzňeleşdirilen döwletleriň bir-birine tebigy ýagdaýda gol ýapmagynydikeltmek meýilleri barha äşgär ýüze çykýar. Sebitiň ösüşini gazanmagyň däbe öwrülen taryhy söwda ykdysady-medeni gumanitar gatnaşyklary dikeltmegiň umumy wezipeleriniň birleşýändigi üçin hem bu ýagdaý möhümdir. Türkmenistan sebit möçberde-de has giň möçberde hem bütin dünýäde syýasy we ykdysady bähbitleriň iňňän möhüm çatrygynda ýerleşýär. Ol geografiýa taýdan iki kontinentiň Aziýanyň we Ýewropanyň birleşýän ýerindedir.

Beýik Serdarymyzyň adalatly alyp barýan daşary syýasaty, ähli döwletler bilen birek-birege peýdaly hyzmatdaşlyk etmek esasy bolup durýan bitaraplygy hem Ýewrop bilen Aziýanyň arasynda köpridir. Onuň mundan beýäkki durnukly durmuş ösüşi, öňe gidişligi halklaryň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek nukdaý nazaryndan seredeniňde sebitdäki hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzir biziň Aziýa sebitimizde ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mysalynda durnukly özara hyzmatdaşlyk ulgamy hereket edýär. Döwletde we jemgyýetde etnikara we sebitara ylalaşygyň geçirimliligiş hyzmatdaşlygyň ygrar edilmegi biziň içerki syýasatymyzyň öňe tutulýan urgudyr. (sah-57) Taryhy hem geografiki sebäplere görä owgan meselesi biziň ýurdumyzda ýiti duýulýar.

Dehistan – diýlip Türkmenistanyń Günorta – Günbatar tarapyna aýdylypdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyń Atalyk aladasy bilen Miras merkezi “Türkmen galalary hakyndaky rowaýatlar” diýen kitaby neşir edildi. Bu kitapda Türkmenistanyń çägindäki gadymy galalar hakynda maglumat berilýär. Şonda şeýle rowaýat bar:

Maşat – Misserian düzlüginde owadan, gözel baý hemişe myhmanly bir şäher bolupdyr. Maşat gümmezi bilen Misserian minaralarynyń arasy ýedi menzil bolupdyr. Rowaýatçylaryń aýtmagyna görä bu galada Maşat hem Misserian atly iki dogan ýaşapdyr. Bir gezek ilat Maşady duşmanyń uly leşger bilen gelýändigini aýdypdyr. Maşat şol günden minaranyń üstüne çykyp aýaklaryny aşak saklap oturypdyr. Duşman bolsa has ýakynlaşypdyr. Maşat alla sygynyp ondan medet diläpdir. Netijede allanyń gudraty bilen tupan turupdyr. Duşmanyń leşgerbaşysy öz güýjüni görkezmek bilen her serbazyna bir halta gumy duran ýerine dökdüripdir. Şeýlelikde uly depe emele gelipdir. Ol eden işinden hoş bolup öz ýurduna gaýdypdyr. Minaranyń üstünde oturan Maşadyń ýanyna dogany Misserian gelip, onuń ýerinden galmagyny haýyş edipdir. Emma Maşat beýle etse duşmanyń gala girjekdigini aýdypdyr, ýöne şonda-da doganynyń sözüni ýykman ýerinden turupdyr. Gün çykypdyr, gala özüniń gözelligi bilen şöhle saçypdyr. Muny gören duşman yzyna dolanypdyr we gala girip ilaty gyrypdyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen galalary hakynda we olaryń taryhyny halkyń ruhy hakydasyna ornaşdyrmagy maksat edinýär. Ençeme gowgaly döwürleri, wakalary başdan geçiren Ürgenç, Nusaý, Merw, Amul ýaly medeni-taryhy ýadygärlikler hasaplanýan galalar we şäherler geçmişde il-güni daşky duşmanlardan her hili gara güýçlerden goramakda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Ol galalar we şäherler mongol basybalyjylarynyń ýörişlerinden soń ýumrulypdyr. Galalar hakyndaky türkmen rowaýatlarynda we kyssalarynda taryhy hem-de çeper hakykadyń beýany saklanýar.

Gorkut ata eýýamynyń taryhyny öwrenmekde dürli ýyllarda, dürli milletleriń wekilleri, alymlary-da uly iş galdyrypdyr. Muńa W.W.Bartoldyń, L.S.Tolstowyń we L.N.Gumilýowyń, türkmen alymlaryndan S.Atanyýazowyń, Ý.Atagarryýewiń, H.Ýusubowyń, T.Hojanyýazowyń, A.Esenowyń işleri mysal bolup biler.

Köneürgenç ýazuw çeşmelerde Köneürgençde şeýle binalar bolupdyr. Al Biruny Afriganyń maglumatlaryna görä soltanyń köşgi “Alfiriń içinde gurlupdyr. Alfir – Kät şäheriń çetinde ýerleşen bir-biriniń içinden gurulan üç berkitmeli, palçykdan we çig kerpiçden bina edilen galadyr. Olar beýiklik boýunça bir-biriniń yzyndan ýerleşipdir”. VIII asyryń ahyrlarynda IX asyryń başlarynda Köneürgençde ylmyń täzeden ýokary göterilişi başlanýar. Muńa al Horezminiń (783-850 ý) ylmy işleri şaýatlyk edýär. Köneürgençde Merkezi gümmezli köşkler peýda bolupdyr.

Makdisiniń berýän maglumatlaryna görä Mazdakhananyń töwereklerinde 12000 berkidilen gala bolupdyr. Merkezi Aziýanyń binalaryny öwrenen B.A.Lawrow şol döwrüń binagärçiliginiń taryhynyń ösüşinde jaý gurluşygynyń – ýaşaýyş jaý etraby – rustagy diýen düşünje astynda täze ugry tapawutlandyrýar. Bürgütgala jülgesi etrabyń şeýle görnüşde oturymlaşyşynyń aýdyń mysalyny görkezýär. VII-VIII asyrda Köneürgençdäki köşkler ähli otaglar ikinji gatda ýerleşipdir. Köşkleriń gurulan wagtyna we ýerine baglylykda olaryń berkidiliş häsiýeti üýtgäpdir, ýöne şunda-da olar ýeke-täk meýilnamalaşdyryş täri boýunça gurupdyrlar. Irki orta asyr ýaşaýyş jaýynyń has ýönekeý meýilnamalaşdyrylyşy – basyrylyşynyń gurluş täri sebäpli ýüze çykan jaýyń gińişligini darajyk däliz görnüşli otaglara bölmekdir.

Deşikgala mülküniń beýleki köşklerden has iri köşgüniń has kämil meýilnamasy we görnükli binagärçilik usuly bardyr. Onuń meýilnamasy anyk geometrik gurluşdyr. Girelgesinde dessur otagy bolupdyr. Ol gönüburçly uly sütünler bilen jäheklenen tagçaly ýörite kabul edilýän otagy eltipdir.