Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasuýalar instituty

Türkmenistanyň Inžeňer-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty — Türkmenistanyň iň ýaş ýokary okuw jaýy. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan açylyp ulanylşa berildi. Düzümi 5 sany baş fakultetlerden ybarat. Rektory Allaberdi Aşirow.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituy
GörnüşDöwlet instituty
Öňki adyTürkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty
FinansTurkmenistanyň bilim fondy
RektoryAllaberdi Aşirow
Gurlan ýyly2017
Üýtgedildi2019
Talyp sany2968
Fakultetler5
Kafedralar19
Ýerleşýän ýeriAşgabat şäheri
salgy744000, Aşgabat şäheri, Büzmeýin etraby, Senagat köçesi, 51-nji jaýy

TaryhyEdit

Täze instituty döretmek hakyndaky karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan 2015-nji gol çekilip we şol ýyl täze institutyň gurluşygyna başlanylda. 2017-nji ýylda "Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty" diýilip esaslandyrylyp, ýokary okuw jaý Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň tabynlygyna berildi. 2018-nji ýylda bu ministrliginiň ýok edilmegi bilen institut Türkmenistanyň Bilim ministrligine tabşyryldy.

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň sanly ykdysadyýetiň ösmegi we inženerçilik, ulag we jemagat infrastrukturasynyň hünärmenleriniň taýýarlanyşynyň ýokarlanmagy maksady bilen "Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty""Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna" üýtgedildi.

Häzirki wagtda institutda 20-den gowrak ugur boýunça 1390-a golaý talyp ýokary bilim alýarlar.

DüzümiEdit

Institut 5 sany esasy fakultetlerden durýar:

• Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakulteti;

• Mehanika-tehnologik fakulteti;

• Ulaglar fakulteti;

• Demirýol ulaglary fakulteti;

• Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakuleteti.

Okuw binasyEdit

2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 25 gektar meýdanda ýokary okuw jaýyň binasy gurulyp ulanylşa berildi. Institut şol bir wagtda 2000 sany talyby okatmaga mümkinçiligi bar. Institutyň meýdanynda 3 sany okuw korpusy, dolandyryş binasy, 350 adamlyk kitaphana, mejlisler zaly, çaýhana, sport kompleksy, 4 sany 350 adamlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 32 sany bir we iki otagly ýaşaýyş jaýlary we okuw ýyladyş tejribehanasy ýerleşen. Ýokary okuw jaýynda 44 sany dünýä standartlaryna gabat gelýän we häzirki tehnologiýalary bilen ornaşdyrylan laboratoriýalary bar. Insitut Türkmenistanyň "Aga gurluşyk" hususy gurluşyk firmasy tarapyndan guruldy.