Türkmenistanyň adalat ministrligi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi adalat edaralarynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän, ygtyýarlyklarynyň çäginde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegine we döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmaga gönükdirilen hem-de Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly adalat edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasydyr.

Ministrlik öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnamany goldanýar.

Ministrlik:

1.Welaýat adalat bölümleri;

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk;

3. Welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, etraplardaky şäherleriň döwlet notarial edaralary;

4. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyna girýär.

«Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, ýörelgelerini, olaryň wezipelerini, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

IŞLEÝŞI düzet

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň merkezi edarasynyň esasy wezipeleri, garaýan meseleleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 6-njy awgustynda çykaran 9944 karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär, müdirlikleriniň we bölümleriniň amala aşyrýan işleri Türkmenistanyň adalat ministriniň degişli buýruklary bilen tassyklanan Düzgünnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň welaýat adalat bölümleri düzet

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň welaýat adalat bölüminiň işiniň guralşynyň tertibi we onuň ygtyýarlyklary welaýat adalat bölümi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

Welaýat adalat bölümi adalat edaralarynyň ulgamyna girýän, adalat edaralarynyň üstüne ýüklenen degişli wezipeleri welaýatlarda ýerine ýetirmegi amala aşyrýan döwlet edarasy bolup durýar.

Welaýat adalat bölümi öz ygtyýarlyklarynyň çäginde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek; ministrligiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň we ýerli edaralarynyň işini utgaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek; welaýat, etrap, etrap hukukly şäher, etraplardaky şäher döwlet notarial edaralarynyň işini guramak, olara ýolbaşçylyk we gözegçilik etmek, olaryň işini kämilleşdirmek; welaýat adwokatlar kollegiýasynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek bermek we olaryň işini utgaşdyrmak; welaýatdaky RÝNÝ edaralaryna geňeşdarlyk-usulyýet kömegini bermek we olaryň işini guramak; Geňeşlere hukuk we usulyýet kömegini bermek we beýleki wezipeler bölümiň esasy wezipeleri bolup durýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk düzet

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk, şeýle hem welaýatlarda we welaýat hukukly şäherlerde döredilýän Gullugyň müdirlikleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny Gullugyň ýerli edaralary (etrap, şäher bölümleri) amala aşyrýarlar.

Gulluk - Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, onuň müdirlikleri we ýerli edaralary Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döredilýär we ýatyrylýar.

Gulluk, onuň müdirlikleri we ýerli edaralary ýuridik şahs bolup durýarlar, olaryň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili we öz ady bolan möhüri bar.

Gulluk öz işinde «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda», «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy döretmek hakynda" 2015-nji ýylyň 01-nji dekabrynda çykaran 14508-nji kararyny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny goldanýar.

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdakylar gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň esasy wezipeleri bolup durýarlar:

1) gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan ykrar edilmegi we goralmagy;

2) gozgalmaýan emlägiň bazarynyň emele gelmegine ýardam edilmegi;

3) gozgalmaýan emlägiň obýektleri, olar babatda hukuklar we borçlanmalar baradaky maglumatlar ulgamynyň döredilmegi;

4) fiziki şahslara, döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, kazyýetlere, karz edaralaryna we beýleki ýuridik şahslara gozgalmaýan emlägiň obýektleri, ol babatda hukuklar we borçlanmalar hakynda maglumatlaryň berilmegi;

5) gozgalmaýan emlägiň obýektleri, olar babatda hukuklar we borçlanmalar hakynda maglumatlaryň elýeterliginiň, obýektiwliginiň we yzygiderliliginiň üpjün edilmegi.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň remi web-saýty: https://gozgalmayanemlakgullugy.gov.tm/

Türkmenistanyň döwlet notarial edaralary düzet

Türkmenistanda notariat - bu jedelsiz hukuklary, şeýle hem ýuridik ähmiýeti bolan faktlary tassyklamak we olara ýuridik takyklygy bermek üçin notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan we ygtyýarly adamlardan ybarat bolan ulgamdyr.

Döwlet notarial edaralary döwlet notariuslarynyň notarial işini amala aşyrmaklary üçin welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde, etraplardaky şäherlerde döredilýär.

Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, we notarial işini amala aşyrmak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi düzet

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba almagy, toplamagy, hemişelik saklamagy, peýdalanmagy we elektron binýadyny döretmegi, şeýle hem RÝNÝ-niň edaralarynyň arhiwleriniň dogry ýöredilmegine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edarasydyr.

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi özüne berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde RÝNÝ-niň edaralaryndan gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen işlemek boýunça guramaçylyk-usulyýet we utgaşdyryjy merkez bolup durýar.

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şeýle hem, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi hakynda Düzgünnamany goldanýar.


No Имя Назначение Отставка Причина отставки
1 Hallyýew, Tagandurdy 10.08.1992 24.05.1999 başga işe geçmekligi
2 Kasymow, Gurbanmuhammet 24.05.1999 30.10.2001 başga işe geçmekligi
3 Hallyýew, Tagandurdy 14.03.2002 01.09.2003 işde goýberen kemçilikler
4 Goçyýew, Taganmyrat 01.09.2003 05.02.2005 işde goýberen kemçilikler
5 Gulgaraýew, Aşyrgeldi 08.03.2005 14.02.2007 başga işe geçmekligi
6 Garryýew, Myrat 24.02.2007 01.12.2012 başga işe geçmekligi
7 Çaryýew, Begenç 01.12.2012 31.08.2013 başga işe geçmekligi
8 Muhamedow, Begmurat 31.08.2013 häzirki wagtda

SALGYMYZ: düzet

  • Türkmenistan Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 150

Salgylanma düzet

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web saýty[1]