Türkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlar
Täze yylyň taryhy
Turkmenistanda taryhy edebiyatlaryn yazylyp baslanmagy.
düzetTürkmenistanda taryhy edebiýatlaryň ýazylyp başlanmagy, taryh ylymynyň ösüşi ýurdumyzda sosialistik özgerişleriň başlanmagy bilen baglanşyklydyr. Sözüň doly manysynda aýdanymyzda diňe oktýabr sosialistik rewolýusiýasyndan soňky döwürde Türkmenistanda ylmyň köp pudaklary şol sanda taryh ylmy hakyky ösüşe eýe boldy.
Oktýabr rewolýusiýasyna çenli türkmen halkynyň baý taryhy geçmişini tutuşlygyna öwrenmeklige üns berilmedi diýsek ýalan bolmaz. Şol döwürde Türkmenistanda türkmen halkynyň dürli taryhy döwürlerdäki ornyny öwrenýän ýörite ylmy edaralar ýokdy. Patyşa hökümetiniň bolsa milli gyra-çet ülkelerde medeniýetiň ol ýa-da beýleki ojaklaryna döretmeklige bolan gyzyklanmasy ýokdy.
XIX asyryň 90-njy ýyllarynda döredilen arheologiýa , Gündogaryň taryhy, ülkäni öwreniş Muzei bilen gyzyklanýan az sanly alymlar, ýerli intellegensiýanyň käbir wekilleri zakaspi kružogynyň töweregine jemlenipdiler.
Ülkäni öwreniş muzeýi diňe etnografiki predmetleri toplamak ýerli fauna we flora degişli gerbarit, dürli kolleksiýalar düzmek bilen meşgullanýardy. Türkmen taýpalary barada etnografiki maglumatlary toplamak bilen esasan geograflar, naturalistler hem-de syýahatçylar kä halatlarda bolsa ylymdan gaty daş bolan inženerler hem-de ýerli ofiserler gyzyklanýardylar.
XIX asyryň başlarynda N.N Murawýowyň “Путешествие в Туркмению и Хиву в 1819-1820 гг” diýen kitaby çapdan çykdy. Bu kitapda Kspiniň günorta-gündogar kenarynda ýaşaýan türkmenler barada gyzykly maglumatlar bar. N.N.Murawýew ors awtorlarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup, döwürdeşlerini türkmenleriň durmuşy bilen tanyşdyrdy. 1832 hem-de 1836-njy ýyllarda T.S. Karelin tarapyndan baştutanlyk edilen Kaspiniň gündogar kenarlaryna guralan ekspedisiýa türkmenler hakynda köp sanly taryhy etnografiki hem-de stattistiki maglumatlar ýygnady we çap etdi. 1836-njy ýylda guralan Blarambergiň ekspedisiýasy hem bu ugurda köp işler bitirdi.
1847-nji ýýlda к Бодения о туркмениских поколениях: ЯМУДАХ И ГОКЛЕНАХ diýen uly bolmadyk işi çapdan çykdy. Bu iş awtora 1856-njy ýylda çapdan çykan “Очерки туркменской ЗЕМЛИ И ЮГО-восточного побережья” diýen uly göwrümli kitabyna material bolup hyzmat etdi. Bu kitabyň IV, V, X bölümleri ýomut türkmenleriniň etnografiki aýratynlyklaryny öwrenmeklige bagyşlanypdyr. Ol bölümlerde Kaspi kenaryndaky türkmenleriň ýerleşişi, kärleri, maşgala durmuşy, däpleri we ruhy medeniýeti barada giňişleýin gürrüň berilýär.
N.Petrusewiçiň 1870-nji ýylda çapdan çykan “Туркмены между старым руслом Амударьи” (УЗБОЕМ И СЕВЕРНЫИИ РАБАМИ ГРЕЦИИ¬) «и Юго-Восточное побережье Каспийского моря и дороги от него в Мерв» diýen şu işinde baý taryhy maglumatlar bar. Bu işleriň birinjisinde gökleňler, tekeler, saryklar, salyrlar we beýlekiler barada etnografiki materiallar bar. A. Bykowyň, A.Kurapatkiniň, A.Kiýaşkownyň, A. Lomakiniň, P.Ogorodnikowyň, N.Ýomudskiniň we beýlekileriň işlerinde hem Türkmenistanyň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar bar. Ýöne bu awtorlaryň hiç birisi hem taryhçy däl-de, diňe taryhy söýüjilerdir.
XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşykly käbir meseleleri öwrenmeklige Gündogary öwrenijiler W.A.Şukowakiý, I.A.Beldew goşant goşdular. Şol döwürde W.A. Şukowskiý Merwde, amerikan arheology R.Pampelli Änewde gazuw barlag işlerini geçirdiler.
Türkmenistanyň rewolýusiýa çenli taryhyny öwrenmek barada gürrüň edilende “обзоры Закаспийской области” diýen obzory ýatlaman geçmek bolmaz. Bu obzorda Türkmenistan barada geografiki maglumatlar bilen bir wagtda türkmen halky barada taryhy, stattistiki we ykdysady maglumatlar çap edilipdir.
Birtaraplylygyna garamazdan türkmen halkynyň taryhy baradaky ilkinji derňewler gymmatly maglumatlar berýär. Ol maglumatlar bolsa hut şu günki günde hem öz ähmiýetini ýitirenok.
Emma tutuşlygyna alanda Sowet döwrüne çenli türkmen halkynyň köp asyrly, çylşyrymly hem-de wakalar baý taryhyny döretmek meselesi çözülmedi. Sowet döwründe Türkmenistanda taryh ylmynyň döreýşi we ösüşi bilimli kardlaryň ýetmezçiligi sebäpli gaty kynçylykly boldy.
Sowet döwründen başlap Türkmenistanyň taryh ylmynyň ösüşini dört döwre bölmek mümkin.
Birinji döwri 1920-1937-nji ýýllar.
Ikinji döwri 1938-1960-njy ýyllar
Üçünji döwri 1961-1991-nji ýyllar
Dördünji Garaşsyzlyk döwri 1991-2000 ýyllar.
Oktýabr rewolýusiýasyna çenli türkmen halkynyň taryhy ösüşiniň özboluşlylygy Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşine hem täsir edti. Beýleki ösen halklarda boluşy ýaly Türkmenistanda boržuaz istoriografiýasy döremändi, türkmen sowet istoriografiýasy dýpli fundamente darkman, türkmen halkynyň taryhy barada birnäçe iş bitirip ors we daşary ýurt Gündogary öwrenijileriniň az sanly işlerine daýanmaly boldy.
Munuň özi sowet döwründe Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşine hem täsir etdi. Ep-esli babatda milli deňsizligiň ýok edilmegi, ykdysadyýetdäki we medeniýetdäki öňegidişlikler diňe bir türkmen halkynyň taryhy ösüşine däl,eýsem ýurdumyzda taryh ylmynyň ösmegine hem giň mümkinçilik açdy. Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekde ilkinji nobatda onuň dokumental bazasyny döretmek zerurdyr. Eýýäm 1920-nji ýylda Türkmenistanda Zakaspi oblastynyň arhiw bölümi döredilip, onda rewolýusiýa çenli dowam eden administratiw guramalaryň, Zakaspi frontynyň harby bölümleriniň we edaralarynyň, oblast we ýerli sowetleriniň we rewkomlaryň materiallary jemlenildi.
1922-nji ýýlda Türkmenistanda RK(b) P-niň türkmen oblast komitetiniň ýanynda Istpartyň oblast býurosy döredildi. Bu byuroda A.Melkumow, G.I Karkow ilkinjileriň biri bolup ylmy işgär höküminde işe başlady. Türkmenobl istpart dokumentleri, fotosuratlary hem-de Türkmenistanda rewolýusion herekete gatnaşyjylaryň ýatlamalaryny ýygnamak bilen meşgullanypdyr. Emma Istpart ýeterlik derejede taýýarlykly kadrlaryň bolmazlygy sebäpli giň möçberde ylmy-derňew işleri alyp baryp bilmedi.
Orta Aziýada milli döwlet bölünişiginiň geçirilmegi hem-de Türkmenistan SSR-niň döredilmegi ýaş türkmen taryh ylmynyň ösmegi üçin oňaýly şertler döretdi.
1924-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan K(b) P-synyň Merkezi komitetiniň Ispartotdeli döredildi. 1927-nji ýýlda Ispartotdeliň garamagynda partiýa arhiwi döredilip, ol respublikanyň ähli partiýa organlarynyň dokumentlerini jemlemeklige girişdi.
TK (b) P-niň Istpartotdeli 1929-njy ýylda ýatyryldy. Bu ýagdaý respublikada taryhy öwrenmek işine ep-esli derejede tersin täsir etdi. 1924-nji ýylyň aýaklarynda Türkmenistanda respublikanyň (magaryf) halk komissarlygynyň ýanynda Döwlet alymlar soweti döredildi.
1925-nji ýýlyň oktýabrynda bolsa türkmen ylmy barlag instituty döredildi. Institutyň işine ilkinji ýaş türkmen alymlary hem gatnaşyp başlady. Instituty Moskwanyň, Daşkentiň alymlarynyň kömegi bilen birnäçe ekspedisiýalar gurap Türkmenistanyň taryhy, ykdysadyýeti, geografiýasy we etnografiýasy barada materiallar toplap başlady. 1926-njy ýýlda Aşgabatda arheologiki kružok döredilip, oňa P.A.Arbekow, O.Wizel, W. Goredeskiý girip, bu alymlar arheologiki ýadygärlikleri hasaba almakda köp işler bitirdiler. Respublikada ykdysadyýetiň hem-de medeniýetiň ösüp başlamagy, taryhy öwrenmekdäki öňe gidişlikler Türkmenistanda has güýçli ylmy edarany döretmekligi talap etdi. Şeýlelikde respublikada ähli ylmy işleri koordinirlemek üçin 1927-nji ýýlda TSSR HKS-niň ýanynda Türkmen Medeniýet Instituty (Türkmenkulit) döredildi. Türkmenkult ylmy işleri hasaba almakdan, planlaşdyrmakdan başgada göniden-göni türkmen halkynyň taryhy geçmişini öwrenmeklik bilen göniden-göni meşgullanyp ugrady.
1932-nji ýylda Türkmenkult Türkmenistanyň magaryf halk komisarlygynyň ýanyndaky Türkmenistan döwlet ylmy-barlag institutyna öwrüldi. 1936-njy ýylda ol institut ikä - taryh, dil we edebiýat institutlaryna bölündi.
20-nji ýyllaryň aýaklarynda 30-njy ýyllaryň başlaryndan Türkmenistanyň kolonial döwrüniň taryhyny öwrenmeklige işe janlanyp ugrady. 30-njy ýyllaryň başynda “Туркменоведения” žurnalynda türkmen halkynyň rewolýusiýa çenli taryhy barada köp sanly materiallar çap edilip başlapdy. 1934-nji ýylda Ýe. L.Şteýnbergiň “Очерки истории туркмении” diýen kitaby çapdan çykdy. Bu kitap esasan XIX-XX asyryň başlaryndaky wakalary öz içine alyp, awtor Türkmenistanyň taryhy barada giňişleýin oçerk döretmeklige synanşyk edýär. bu iş köp sanly gyzykly maglumatlary özünde jemlemek bilen bir wagtda bir topar nätanyşlyklardan hem azat däldi. Onda Türkmenistanyň oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwrüniň taryhyna türkmenleriň sosial-ykdysady ösüşine, olaryň hojalygyna, Türkmenistandaky oktýabr rewolýusiýasynyň taryhy baradaky meselelere nädogry garaýyşlar bardy.
Türkmenistanda hususan-da Zakazpi oblastynda oktýabr rewolýusiýasynyň we graždanlyk urşunyň taryhy barada P.M.Wasilýew “Временные исполнительные комитеты и Советы солдатских и раьочих депутатов в 1917 г в Закаспи” hem-de “Zakaspi” T.S.Kozlow «красная Гвардия и Красная Армия в Туркмении» , «Англичане в Закаспии», «Гражданская война в туркмении», «Возникновение Закаспийского фронта»; W.F. Karpyç. «Революционный путь Туркменистана», «От февраля к октябрю в туркмении», S.T.Filippow “Белогвардейское воздание в Кизил Арвате” diýen işlerini ýazdylar.
Şeýlelik bilen 1924-1937-nji ýýllar Türkmenistanda taryh ylmynyň ayaklanýan döwri boldy. Bu ýýllar taryh ylmynyň dürli ugurlarynda ep-esli üstünlikler gazanyldy. Emma köp awtorlaryň ylmy iş alyp barmaklygyň usullaryna düşünmezligi taryhy çeşmelere tankydy çemeleşmegi başarmazlygy sebäpli çap edilen işlerde düýpli ýalňyşlyklara ýol berildi. Şu ýyllarda çapdan çykan taryhy işleriň hiç birinde hem il ýa-da beýleki meseleler düýpli çözülmedi.
Türkmenistanyň taryhynyň irki döwrüni öwrenmekde 1937-nji ýylda S.P.Tolstowyň ýolbaşçylygynda SSSR YA-niň Horezm arheologiki etnografiki ekpedisiýasynyň döredilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Bu ekspedisiýanyň bir bölümi S.A.Ýerşowyň baştutanlygynda Amyderýanyň kenarynda Çärjewden Pitnege çenli aralykda gadymy Çermenýabyň boýlarynda arheologiki barlaglary geçirdi. 1937-nji ýyldan başlap Garagumyň günorta çäklerinde B.B Piotrowski hem-de Moruşenkonyň ýolbaşçylygynda gazuw barlag işleri geçirilip başlandy.
1938-1939-njy ýyllarda belli sowet gündogary öwrenijileriň gatnaşmagynda 2 tomdan ybarat “Materialy po istorii turkmen i turkmenii” diýen uly göwrümli kitaby çapdan çykardylar. Bu işde arap, eýran, hywa we buhara awtorlarynyň taryhy eserlerinden Türkmenistana we türkmenlere degişli ähli maglumatlar rus dilinde öz beýanyny tapdy.
Bu iş geljekde Türkmenistan SSR-niň taryhyny ýazmakda wajyp material bolup hyzmat etdi.
1941-nji ýylda SSSR YA türkmen filialy döredildi. Onuň düzümine taryh, dil we edebiýat instituty hem girdi.
Beýik Watançylyk urşynyň başlanmagy bilen respublikanyň taryh ylmynyň ösüşinde ep-esli bökdençlikler ýüze çykdy.
Uruş ýyllarynda türkmen taryhçlarynyň beýleki respublikalarynyň alymlary bilen gatnaşygy ýygjamlaşdy. Moskwanyň, Odessanyň alymlarynyň uly otrýadynyň Türkmenistana ewakuarlenmegi bilen, baglanyşykly bu alymlar ýerli ylmy kadrlary taýyarlamaklyga kömek etdiler.
1946-njy ýylda Günorta Türkmenistan arheologiki kompleksleýin ekspedisiýasy (LOTAKE) döredildi. Görnükli arheolog M.Ýe. Massonyň ýolbaşçylygynda bu ekspedisiýa türkmen halkynyň gadymy taryhyny öwrenmekde köp işler bitirdi.
1949-njy ýylda Partiýa taryhy instituty, 1951-nji ýýlda Türkmenistanyň YA-nyň döredilmegi bilen türkmen hakynyň taryhyny öwrenmek işi has-da janlanyp ugrady.
Türkmenistanyň orta asyr we täze taryhy boýunça fundamental iş Moskwanyň, Leningradyň, Daşkentiň, Aşgabadyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýazylyp, ol 1954-nji ýylda “Очерки из истории Туркмениского народа и Туркменистана” diýen at bilen çapdan çykdy. Bu uly göwrümli işiň maglumatlary hem geljekde Türkmenistanyň taryhynyň ýazylmagynda ähmiýetli boldy. 1956-njy ýylda A.Garryýewiň hem-de A.A. Roslýakowyň awtorlygynda “Kratkiý oçerk istorii Turkmenistana” diýen kitap ýazylyp onda Türkmenistanyň oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwüri öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň taryhyny ýazmak üçin Moskwanyň, Leningradyň, Daşkentiň köp sanly ýokary okuw jaýlarynyň, ylmy edaralarynyň alymlary çekildi. 1952-nji ýylda iň gadymy döwürden tä 1951-nji ýyla Türkmenistan SSR-niň taryhynyň prospekti işlenip düzüldi.
TSSR-iň 25 ýyllygyna senagatyň, medeniýetiň we aýallary azatlyga çykarmak meselelerine degişli birnäçe ylmy işler A.Artykowyň “Промышление туркменскои ССР за 25 лет”, O.A. Abdylowyň “Культура Туркмениской ССР за 25 лет, K.A. Aliýewanyň “Женщины советского Туркменистана” diýen işleri çapdan çykdy.
Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekligiň ikinji etabynyň jemi oktýabryň 40 ýyllygynyň hormatyna jemlendi. 1957-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň iki tomluk taryhy çapdan çykdy. Bu uly göwrümli ylmy iş türkmen halkynyň taryhyny iň gadymy döwürlerden başlap tä 1957-nji ýyla çenli öz içine aldy. Türkmenistan SSSR-niň taryhynyň I-nji tomy 2 kitapdan 2 urup onuň birinji kitaby iň gadymy döwürlerden tä XIX asyryň başyna çenli, 2-nji kitap bolsa XIX asyryň başyndan oktýabr sosialistik rewolýusiýa çenli döwri öz içine alýar. II-tom bolsa oktýabr sosialistik rewolýusiýadan 1957-nji ýyla çenli döwrüň taryhy wakalaryny beýan edýär.
Türkmenistanyň taryh ylymy 60-90-njy ýyllarda
düzet60-njy ýyllardan başlap türkmen taryhçylary taryh ylmyny ösdürmekde uly üstünlikler gazandylar. Türkmenistanyň çäklerinde arheologlaryň yzygiderli gazuw barlag işleri netijesinde bir topar gadymy medeni gatlaklaryň üsti açyldy. Bu açyşlar jemlenilip B.M. Massonyň “Srednaýa Aziýa n Drewniý Wostok” hem-de O.Berdiýewiň “Çagylly depe nowyý pamýatnik neolitiçeskoý Djeýtunskoý kultury” diýen işlerde öz beýanyny tapdy. Taryhçylar we arheologlar Türkmenistanyň oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwrüniň taryhyny öwrenmekde uly üstünlikler gazandylar. Arheologlar W.N.Pilipko “Poseleniýa Sewero-Zapadnoý Baktrii. 1985, H.Ýusupow” Drewnosti Uzboýa, 1986, A.Gubaýew. Arheologiýa Turkmenistana. 1989. . Atagarryýew. “Taryhda galan yzlar”. 1989, S.T. Agajanow. Oçerki istorii oguzow i turkmen Sredneý Azii. 1969, “Сельджукиды и Туркмения в IX-XII ww. 1973”, O.Mantyýew. “Туркменистан и туркмены в первой половине XVIII w” 1980. O. Ekaýew “туркменистан и туркмена в конце XV-первой половине XVI в. 1981,” «Хозяйство туркмен в XVIII-XIX ввю 1972», S. Matgeldiýew «Социально – экономический строй туркмен средней Амударьи в XIX в 1980», J. Döwletow. «Туркмениский аул в конце XIX- начале XX века». 1977, A. Şamuradow. “Аграрные отношения в Закаспийской области в конце XIX- начале XX в. 1990”, Ç. Ýazlyýew “История и хозяйственное развитие населения среднего Мургаба (XIX- начала XX в) 1985”, “Туркмениская сельская община 1992”.
Taryhçy alymlar türkmen halkynyň etnogenezi bilen baglanyşykly hem birnäçe ylmy işleri hem alyp bardylar. Bu ugurda O. Babanow “Антропологический состав туркмениского народа в связи с проблемой етногенеза”. 1977, A. Şikiýew “Очерки происхождения и формирования туркмениского народа в эпоху средневекья”. 1991 diýen ylym üçin has gymmatly işleri çap etdiler.
60-njy ýyllardan başlap Ors-türkmen gatnaşyklary baradaky meseleler hem alymlaryň üns merkezinde boldy. 1960-njy ýýlda “Присоединение туркмении к России” diýen arhiw dokumentleriniň jemi, 1985-nji ýýlda H. Agaýewiň “Взаимоотношения иринаснитских туркмени с Россией в XIX в”, 1972-nji ýylda J. Döwletow bilen A. Ilýasowyň “Присоединения туркмении к России”, 1981- nji ýýlda M. Annanepesowyň “Укрепления русско-туркмениских взаимоотношений в XVIII-XIX вв” diýen uly göwrümli ylmy işleri, 1991-nji ýýlda bolsa M.Annanepesowyň “присоединения Туркменистана к России. Правда истории” diýen makalasy çapdan çykdy.
Türkmenistanda rewolýusion hereket baradaky mesele hem türkmen taryhçylary tarapyndan öwrenildi. 1966-njy ýylda M. Annanepesowyň “Уяастия солдатских масс в революции 1905-1907 гг в Туркменское” 1974-nji ýylda, R.M. Esenowyň “Большевисткое подполье Закаспия”, 1977-nji ýylda, M. Annanepesowyň bilen J. Döwletowyň “Türkmenistanda 1905-1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasy” diýen işleri çapdan çykdy.
Taryhçylar oktýabr rewolýusiýasynyň we graždanlyk urşynyň taryhyny öwrenmek barada hem öndümli işlediler. Köp sanly taryhy dokumentleriň ýygyndyly, ylmy kitaplar çap edildi. “Туркменистан в период иностранной военных и гражданской войны” (1918-1920 гг)1957, «Подготовка и победа Великой октябрской социолистической революции в Туркменистане». 1982 ý, G. Nepesow “Великий октябр и народные революции 1920г в Северном и Восточном Турмкнеистане”. 1958. Ş.Täşliýew « устоновление и укрошение советской власти в Туркменистане». 1957 ý, «Военная интервенция и гражданская война в Туркменистане» 1959 ý, M. Ýazypowa «Борба за установление и укрошение Советской власти в Заподном Туркменистане (1917-1920гг)», Ýe. N.Kuirikowa «Союз русского рабочего класса и Туркмениского дайханства в период Великой октябрской социалистической революции и гражданской войны. (1917-1920гг)». 1960, Ş. Täşliýew. «Гражданская война и английская военная интервенция в Туркменистане 1 том, 1974, II том 1975, B. Palwanowa «Победа Великой октябрской социолистической революции и раскрепощение женщин - туркменок». 1957, D. Mämedsahatow. Политработа на Закаспийском фронте в 1978-1920 годах». 1974.
Oktýabr rewolýusiýasy we graždanlyk urşy bilen baglanşykly işleriň ählisinde birmeňzeş ýetmezçiligiň bardygyny, ýagny oktýabr rewolýusiýasyna hem-de graždanlyk urşuna türkmen halkynyň gatnaşygy meselesiniň doly we dogry kesgitlenilmegini bellemek gerek.
Türkmenistanyň taryhynyň dikeldilen döwri Ýu. M. Tarasow, M.Manew, N.W. Atamammedow we beýleki taryhçylar tarapyndan öwrenildi. 1962-nji ýylda N.B. Atamammedowyň «Очерки по истории профсоюзов Туркменистане в восстановительный период (1981-1925 гг)», diýen manografiýasy, M.Mojewiň dikeldiş döwründe işçi daýhan soýuzynyň berkleşmegine bagyşlanan birnäçe makalalary çapdan çykdy.
Dikeldiş döwrüne degişli iki sany dokumental ýygyndy çap edildi. Ol ýygyndylaryň birisi Türkmenistan SSR-niň hem-de Türkmenistan Kommunistik parfiýasynyň döredilmegi, beýlekisi bolsa Türkmenistan zähmetkeşleriniň W.I.Lenine ýazan hatlaryny öz içine alýar.
60-njy ýyllardan başlap Türkmenistanyň işçiler synpynyň we senagatynyň taryhyna bagyşlanyp köp sanly ylmy işler çapdan çykaryldy. 1965-nji ýýlda K. W. Atemasowyň «Рождение нового класса» diýen işi çapdan çykyp, onda Türkmenistanda işçi synpynyň döreýşi we öşüşi baradaky meseleler derňelýär.
1970-nji ýýlda Türkmenistanyň senagatynyň ösüşine bagyşlanyp «история индусрилизация Туркменской ССР. Т. (1926-1932 гг)» dokumentleriň ýygyndysy çapdan çykdy. 1978-nji ýýlda şu ýygyndynyň II tomy çapdan çykyp onda Türkmenistanyň senagatynyň we işçiler synpynyň ösüşi (1933-1941-nji ýyllar) barada dokumental maglumatlar berilýär.
1969-njy ýylda işçiler synpynyň taryhy boýunça uly göwrümli manografiýa «История рабочего класса Советского Туркменистана (1917-1966 гг)» çap edildi. Bu uly göwrümli monografiýada awtorlar kollektiwiniň türkmen taryhnamasynda ilkinji gezek Türkmenistandaky senagatynyň ösüşi we işçiler synpynyň zähmet edermenliklerini sistema salyp beýan etmeklige edilen ilkinji synanşygy hasaplanýar. Şol ýyl Ş. Annaglyjowyň taryhy etnografiki planda ýazylan «Быт и культура рабочих Туркменистана» diýen uly göwrümli manografiýasy çapdan çykyp, onda Türkmenistanyň iri senagat durmuş we medeni derejedäki özgerişlikler, işçileriň ruhy we mady medeniýeti barada çyzykly maglumatlar berilýär. 1976-njy ýylda M.Ýazykowanyň «Рост рабочего класса Туркменистана в 1959-1965 гг» diýen manografiýasy çapdan çykdy. Bu manografiýanyň dowamy D. Jumakowyň 1999-njy ýylda çapdan çykan «Курс и новым рубежом » diýen iş hasaplanyp, onda 1966-1985-nji ýyllarda Türkmenistanyň senagatynyň ösüşi, işleriniň zähmet aktiwligi analizlenýär. 1987-nji ýylda A. Annaklyçewiň “Развитие промышленность Туркменистана” diýen manografiýasy çapdan çykyp, onda tehniki progres, işçileriň san taýdan ösüşi, önümçiligiň ösüşi ýaly meseleler geçirilýär. 1990-njy ýylda D. Jumakowyň “Особенность индустриального развития Туркменистана 60-80 годах” diýen işi, 1991-nji ýylda «Вопросы истории рабочего класса Туркменистана» diýen awtorlar kollektiwiniň makalalar toplumy çapdan çykdy. Senagatyň we işçiler synpynyň taryhyna degişli işlerde döwrüň talabyna laýyklykda senagatyň ösüşindäki düýpli kemçilikler hem açyp görkezmek üns merkezinden düşürilmändigi bellemek gerek.
Türkmenistanyň oba hojalygynyň we daýhanlarynyň taryhyny öwrenmeklik hem alymlaryň üns merkezinde boldy.
Bu ugurda edilen işlerden ilkinji nobatda oba hojalygyny kolhozlaşdyrmaklygyň taryhyna degişli dokumentler ýygyndylaryny özünde jemlän «Непоссредсвенная подгатовка массовой коллективизации сельского хозяйства Туркмениской ССР (1927-1929 гг)» т-1, 1972; «Победа колхозского Строя в Туркменистане», т-2, 1968 diýen dokumental ýygyndylary bellemek gerek. Bu ýgyndylarda Türkmenistanda oba hojalygyny kolhozlaşdyrmaklyga taýýarlyk, onuň praktiki durmuşa geçirlişi barada maglumatlar berilýär. Türkmenistanyň oba hojalygynyň taryhy barada ilkinji uly göwrümli manografiýa 1968-nji ýylda çapdan çykan A.S.Saparowyň «Торжество Ленинского илини социалистического преоброзования сельского хозяйства в Туркменской ССР» diýen işdir. Bu kitapda 1953-1965-nji ýyllardaky oba hojalygyndaky özgerişlikler, oba hojalygynyň, kolhozlaryň ösüşi, MTS-leriň işi, kolhozlaryň maddy-tehniki üpjünçiligi, kolhozçylaryň zähmet, syýasy aktiwlikleri barada gyzykly maglumatlar bar.
1974-nji ýylda M. Mojewiň “Göreşde toplaşan soýuzdaşlyk” diýen işi çapdan çykdy. Bu işde halk hojalygyny dikeldiş döwründe işçi – daýhan soýuzynyň pugtalandyrylyşy barada giňişleýin gürrüň berilýär.
1978-nji ýýlda S.D. Kakabaýewiň “Коллективизация сельского хозяйства Туркмениской ССР (1927-1937 гг)” diýen monografiýasy çapdan çykdy. Onda awtor Türkmenistanyň oba hojalygyndaky sosialistik özgerişlikleriň aýratynlyklary tutuşlaýyn kollektiwizasiýalaşdyrmaklygyň başlanyşy, kolhozlaryň maddy tehniki bazasynyň döredilişi hem-de baý-gulaklaryň ýok edilişi barada maglumatlar berilýär.
1982-nji ýylda A. Poşakowyň «Земельно-водная реформа в Туркменистана и закрепление её результатов» diýen manografiýasy çapdan çykdy. Onda Türkmenistanda ýer-suw reformasynyň geçirilişi, onuň netijeleri, reformany geçirmekligiň öň ýaynda türkmen obalaryndaky agrar gatnaşyklar görkezilýär.
1984-nji ýylda M.A. Çaryýew, G.S. Mişenko tarapyndan ýazylan “Развитие сельского хозяйства Туркмениской ССР за 60 лет” diýen işi çapdan çykdy. Bu kitapda 1924-1984-nji ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalygynyň ösüşi, sosialistik gurluşygy ýyllarynda oba hojalygynyň ähli pudaklarynyň kemala gelişi analizlenýär. Şol ýyl R.P.Klewakinanyň “ нова экономичное политика в Туркменистана” diýen uly göwrümli manografiýasy hem çapdan çykdy. Bu işde Türkmenistanda täze ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilişi derňelýär. Dürli jemgyýetçilik ykdysady ukladlaryň aýratynlyklary we gatnaşyklary analizlenýär. Ykdysadyýetdäki köp ukladlylygy ýeňip geçmegiň ýollary görkezilýär. Türkmenistanda täze ykdysady syýasat döwürlere bölünýär.
1985-nji ýylda Ýa.Orazglyjowyň “Коммунистическое воспитание тружеников села Туркменистана” diýen manografiýasy çapdan çykyp, onda Sowet häkimiýetiniň ýyllarynda türkmen obalarynda sosial-ykdysady durmuşyndaky özgerişlikler, onuň etabyndaky aýratynlyklary analizlenýär. 1987-nji ýylda G.F. Gadelşiniň “Путь туркмениских кочевников к социализму” diýen kitaby çapdan çykdy. Bu işde Türkmenistanyň maldarçylyk raýonlaryny sowetleşdirmek, bu işde kommunistik parfiýanyň alyp baran syýasy we guramaçylyk işi analizlenýär.
Türkmenistanyň oba hojalygynyň taryhyny bagyşlanan işleriň jemini 1979-njy ýylda 1-nji kitap, 1980-nji ýylda 2-nji kitap çapdan çykan. “История Сельского хозяйства и дайханства советского Туркменистана” diýen iş jemledi. Bu işde sosialistik gurluşygy ýyllarynda oba hojalygynyň ösüşi daýhanlaryň durmuşyndaky özgerişlikler derňelýär. Kolhoz, sowhoz önumçiliginiň maddy tehniki bazasynyň ösüşi, Türkmen daýhanlarynyň işçiler bilen soýuzynyň pugtalanyşy, daýhanlaryň syýasy, önümçilik aktiwligi, maddy hal-ýagdaýy, medeni derejesi açylyp görkezilýär.
Türkmenistanyň taryhynyň taryhnamasynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň taryhyny öwrenmeklige hem düýpli üns berildi. 1964-nji ýylda B.Ilýasowyň “Советский Туркменистан в период Великой отечественный войны” R. A. Bazarowanyň «Подвиг молодежи Туркменистане в годы Великой отечественной войны (1941-1945 гг) », «От Ашхабада до Эльбы», «Советский Туркменистан-фронту 1978,» diýen manografiýalary. F.I.Zawfikiniň “Железнодорожники Ашхабадской магистрал в годы Великой Отечественной войны (1941-1945гг)” 1963, 1973-nji ýýlda «Ими гордится Туркменистан» diýen Türkmenistanly sowet soýuzynyň Gahrymanlary baradaky dokumentler we materiallar ýygyndysy çap edildi. 1986-njy ýylda S. Halilowyň «Робочий класс Туркменистана в годы Великой Отечественной войны (1941-1945 гг)» diýen manografiýasy çapdan çykdy. Beýik Watançylyk urşy kyn taryhy bilen baglanşykly işlerde Türkmenistan zähmetkeşleriniň ähli halk kömegi, Türkmenistanly esgerleriň derjedäki edermenlikleri, türkmen halkynyň syýasy jemgyýetçilik aktiwligi ýaly meseleler degerli delillere daýanylyp derňelýär.
Türkmen taryhnamasynyň uly üstünlikleriniň biri 60-njy ýyllardan başlap partiýanyň taryhy bilen baglanşykly ylmy işleriň möçberi artyk başlady.
Türkmenistanda bolşewistik guramalaryň döreyşi, bu guramalaryň Beýik oktýabr sosialistik rewolýusiýasy Zakaspidaky we graždanlyk urşy, Horezmde we Buharada halk rewolýusiýalary barada A.A. Roslýakow «Революционное движение и Социал – демократик организации в Туркменистане. 1957, Болшовики Туркменистана в барбе за власть советов. 1961,» Фуаз бюре ЦК ВКП (б) 1975, K. Kulyýew. «Борба коммунистичечкой партии за ******** Советской власти и осуществление национальной политики в средней Азии, 1956. Опыт строительства социализма в ресубликах Средней Азии его значение для развивальщихся стран 1974,», K. B. Muhemmetberdiýew. Коммунистическая партия в борьбе за победу народной советской революции в Хорезме. 1959, История Хорезмской революции 1986, W.G.Melkumow . очерк истории парторганизации Туркмениской области Туркмениской АССР, 1959, Ýu.S.Kuznesow. Коммунистическая партия (большевиков) Туркменистана в1926-1929 гг. 1960, Ýa. Hudaýberdiýew Образование коммунистической партии Туркменистана 1964, S. Kakabaýew oba hojalygyny kollektiwi zasiýalaşdyrmak ugrunda Türkmenistan kommunistik partiýasynyň göreşi. 1959, A. Kedjenow Из истории саздания марксистикой литературы на Туркмениском языке. 1969, 1965-nji ýylda Türkmenistan partiýa guramalarynyň taryhy baradaky işleri jemlän “Türkmenistan kommunistik partiýasynyň taryhyndan oçerkler” diýen kitap çapdan çykdy. Mundan başgada G. Sopyýewiň “Деятельность компартии Туркменистана по развитию трудавой активности рабочего класса в 1959-1970 гг” diýen monografiýasy çap edilip onda senagat önümçiligini ösdürmekde partiýa guramalarynyň işçileriň zähmet, döredijilik aktiwligini ösdürmekde partiýa guramalarynyň roly, işçi kadrlary terbiýelemekde we taýýarlamakda, sosialistik ýarymy guramakda partiýa guramalarynyň işi analizlenýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda medeni gurluşynyň taryhyny öwrenmekde hem alymlar köp işler alyp bardylar. 1965-nji ýylda Т. Durdyýewiň «Подьем культурного уровня Туркменского дайханства в послевоенний период (1945-1965 гг)», 1972-nji ýylda «Формирование и развитие Туркменской советской интелигенций», 1986-njy ýylda «На пути становления социалистической культуры в Туркменстане», 1989-njy ýylda «Интеллегенция советского Туркменистана» diýen manografiýalary çapdan çykdy.
1988-nji ýylda L.K. Garajaýewanyň «Культурно- прогветительная работа в советском Туркменистане» diýen işi, 1989-njy ýýlda A. Ýaýlanowyň «На пути ко всеобщему среднему» diýen işi çapdan çykdy. Medeniýetiň taryhyna degişli işleriň jemi. 1975-nji ýylda çapdan çykan «История культуры советского Туркменистане (1917-1920)» diýen manografiýada jemlendi. Watanymyzyň Sowet döwrüniň taryha boýunça ähli çapdan çykan ylmy işlere daýanylyp 1970-nji ýýlda “Sowet Türkmenistanyň taryhy” I bölüm (1917-1937 ýý), II bölüm (1938-1967 ýý) diýen uly göwrümli kitap çapdan çykdy. Ata-Watanymyzyň taryhy barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň taryhçy alymlary 1994-nji ýýlda “Türkmenistanyň taryhy” diýen okuw gollanmasyny çapdan çykardylar. Bu okuw gollanmasy Türkmenistanyň taryhynyň iň gadymy döwründen XIX asyryň ortalaryna çenli döwri öz içine alýar. Biz Ata Watanymyzyň taryhy baradaky edilen işleriň gysgaça analizine nokat goýmazdan öňürti bir zady bellemekçi. Biziň adyny agzan we analizläp taryhy işlerimiz watanymyzyň taryhy baradaky çapdan çykan işleriň bary däl. Ol işleriň ählisini okuw maksatnamasynyň talaplaryny göz öňünde tutup analizlemekden daşda durdyk.
Häzirki wagtda Watanymyzyň taryhy wakalara baý geçmişini öwrenmekde taryhçy alymlaryň öňünde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow wajyp meseleler goýdy. Alymlar ilkinji nobatda Türkmenleriň şu toprakda kemala gelendigini halkyýetiň, halkynyň, milletiniň kemala gelişi baradaky meseleleri çözmeli. Galybersede Merhemetli Prezidentimiziň belleýşi ýaly taryhçy alymlar Eýran, türk çeşmelerini täzeden hem çuň öwrenip, Türkiýanyň, Angliýanyň, Fransiýanyň arhiwlerindäki, kitaphanalaryndaky çeşmelere daýanyp, Watanymyzyň taryhynyň iň irki döwürden başlap, oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwrüni has giňişleýin öwrenmeklige öz ünsüni jemlemeli. Türkmen taryhçylarynyň öňünde duran düýpli meseleleriň biri-de Türkmenistanyň industriýasynyň we işçiniň taryhy has düýpli öwrenmek meselesidir. Şular bilen birlikde tutuş müňýyllyklaryň dowamyndaky türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetini hem giňişleýin öwrenmek zerur. Şu we köp sanly beýleki meseleleri ýeterlik derejede öwrenip, Türkmenistanyň taryhynyň köptomlygynyň ýazmaklyga girişmeklige hem wagt ýetdi.
Edebiýatlar
düzet- Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşg. 2001
- A. Dgijiýew. Очерки происхождения и проромирования туркменского народа в эпоху средневсковая. Ашх. 1991.
- А. Росляков. Происхождение туркменского народа. Ашх 1962.
- Abulgazy Bahadyr han. Türkmenleriň nesil daragty. Metbugat – 1991
- Türkmenistanyň taryhy I –nji kitap Aşgabat – 1994.
- M. Annanepesow. S. Atagarryýew Türkmenistanyň taryhyndan materiallar I – tom. Aşgabat 1995
- A. Karryýew, B.T. Moşkowa, A.N. Noçonow, A.Ýu Ýakubowskiý. Очерки из истории Туркменского народа и Туркменистана в VIII- XIX вв. Ашх 1954
- Türkmen halkynyň gelip çykyşynyň, dünýä ýaýraýşynyň we onuň döwrüniň taryhynyň problemelary. Aşgabat – 1993