Türkmenistanyň taryhynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamy

M E Ý I L N A M A :

Türkmenistanyň taryhy
Sahypalar

Oguz han
Gorkut Ata
Görogly
Magtymguly
Turkmenbaşy

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnama kitaplarynda Türkmenbaşy eýýamynyň beýany.

2. Türkmenbaşy eýýamynyň taryhy boýunça edebiýatlar.

1991-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 26-synda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistan SSR-inde halk Geňeşi geçirildi. Geňeşde bir mesele : “SSSR-iň düzüminde galmalymy ýa-da özbaşdak döwlet bolmalymy ?” diýen mesele çözülýärdi. Elbetde, onuň netijesi öňünden bellidi. Oňa garamazdan Geňeş özüni ödedi, öz garaşsyz döwletini gurmak barada bütin halkyň erk-islegini bir ýere çugdamlady.

Halk geňeşiniň ertesi Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň nobatdan daşary sessiýasy çagyryldy. Sessiýada kabul edilen Konstitusion kanunda Türkmenistan garaşsyz, demokratik döwlet diýip jar edildi. Türkmenistanyň taryhynda täze zamana – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Zamanasy başlandy.

Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda Türkmen halkynyň taryhyny, onuň ruhy dünýäsini bäş eýýama bölýär. Onuň birinjisi Oguz han Türkmeniň eýýamy bolup, ol biziň eramyzdan öňki 5 müňünji ýyllardan başlanyp, biziň eramyzyň 650-nji ýyllaryna çenli dowam edipdir.

Ikinjisi Gorkut ata eýýamy bolup, ol 650-nji ýyllardan başlap X asyra çenli bolan döwri öz içine alýar. Üçünji döwür Görogly eýýamy X asyrdan başlanyp, XVI asyrda tamamlanýar. Magtymguly Pyragy eýýamy dördünji döwür – XVII asyrdan başlap XX asyryň 91-nji ýylynyň 27-nji oktýabrynda gutarýar. Ine şol gündenem bäşinji iň täze eýýam – Türkmenbaşy eýýamy başlandy.

Täze dünýä inen döwletde hemme zat täzelenmelidi. Bu wezipäni Beýik Serdarymyz döwletiň syýasy gurluşygyndaky özgertmelerden başlady. Ýurduň syýasy gurluşyny, ykdysady esasyny, halkyň borçlaryny, hukuklaryny kesgitleýän esasy kanuny bolan täze Konstitusiýa taýýarlady. Ol täze Konstitusiýa 1992-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 18-inde ähli halk tarapyndan kabul edildi. Türkmenistan – Garaşsyz, demokratik, dünýewi döwlet diýip yglan edildi.

1990-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Türkmenistanda ilkinji Prezident saýlawy bolup, onda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy halk tarapyndan bir agyzdan Prezident saýlanyldy. Emma Türkmenistanyň täze Konstitusiýasy kabul edilenden soňra, hut birinji Prezidentiň öz teklibi bilen, Täze Konstitusiýa esasynda ýene-de 1992-nji ýylyň Oguz aýynyň 21-inde ikinji gezek Prezident saýlawy boldy. Bu saýlawda hem Prezidentlige halkymyz bir agyzdan özüne garaşsyzlyk alyp beren Beýik Serdaryny Saparmyrat Türkmenbaşyny saýlady.

Bu saýlaw Garaşsyz Türkmenistanda täze demokratik düzgüniň dabaralanmagy boldy.

Täze Garaşsyz döwlet özüniň daşary syýasatyny – açyk gapylar syýasatyny yglan etdi. Daşary ýurtlar yzly-yzyna Türkmenistany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edip başladylar. 1992-nji ýylda (Magtymguly aýynyň 18-i) Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Soňra bolsa BMG-y Türkmenistan Baky Bitarap döwlet diýip jar etdi.

Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde özüniň döwlet Gerbini, Baýdagyny, döwlet Gimnini döretdi we kabul etdi. Türkmen dilini ýeke –täk döwlet dili diýip yglan etdi. 1993-nji ýylyň Sanjar aýynyň 1-inde öz milli walýutasyna – türkmen manadyna geçdi. Öz elipbiýini döretdi we durmuşa girizdi. (1993 ý., Gurbansoltan aýynyň 12-si).

Garaşsyzlyk almak bilen Türkmenistan ykdysady baknalykdan dyndy. SSR-iň hazynasyna her ýylda 10-18 milliard dollaryna girdeji berip, özi aç oturan Türkmen halky, indi özüniň ähli baýlyklaryny özi eýe boldy, öz nanyny özi iýmäge mümkinçilik aldy.

Moskwadan birugsat ýekeje obýekt gurup bilmeýän Türkmenistan, indi özüniň gazyndan, nebitinden, pagtasyndan, halysyndan we beýleki daşary yurt bazarlaryna çykarýan önümlerden gelýän girdejileriň hasabyna täze zawodlar, fabrikler, demir ýollar, gara ýollar gurup başlady.

Ykdysadyýetde öňe gidişlige giň ýol açan özgerdişiň biri-de önümçilik serişdelerine bolan eýeçiligiň täze görnüşiniň – hususy eýeçiligiň döredilmegidir.

Sowet döwründe eýeçiligiň iki görnüşi bardy, ýagny döwlet eýeçiligi we kolhoz kooperatiw eýeçiligi. Kollektiwleýyin eýeçilik ýurduň baýlygynyň eýesiz galmagyny, ýeke eýäniň – Moskwanyň hojaýynçylyk etmegine getiripdi.

Ykdysadyýete girizilen täzelik halkyň zähmet hyjuwyny diýseň ýokarlandyrdy. Halkyň ezeneginden çekilen ýaly boldy. Azyk özbaşdaklygy gazanyldy. Bazarlarymyz nagly-nygmatdan doldy.

Türkmenistanyň oba hojalygy dikeldildi. 1990-njy ýylda bary ýogy 70 müň tonna galla öndürýän Türkmenistan – görülip eşidilmedik zat 2000-nji ýylda 2,5 tonna galla öndürdi. Öndürilýän pagta bary-ýogy on ýylda 1 milliondan iki milliona ýetirildi.

Bu netijeler türkmen halkynyň aýlyk hakyny her ýylda iki esse galdyrmagyna ýol açdy, pensiýalaryň, döwlet hemaýat pullarynyň, talyp haklarynyň hem her ýylda iki esse galdyrylmagyna mümkinçilik döretdi.

1993-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-i dünýäniň ähli ýurtlaryny haýran etdi. Türkmenistanda ilaty gaz, elektrik energiýa, suw mugtyna berilip başlandy. Yz ýanynda bolsa ilat nahar duzyny-da mugt alyp başlady.

Ykdysadyýetiň gazanýan üstünlikleri halkyň maddy hal-ýagdaýyny, durmuş derejesini gün saýyn ýokarlandyrdy. Adamlaryň geýminde, diýmek saglygynda-da uly özgerişler boldy. Daşary ýurdyň iň gowy ulaglaryny – maşynlaryny hojalygyna alýanlaryň sany ep-esli artdy. Adamlar köşk ýaly jaýlar gurup başladylar. Telekeçilik diýseň artdy, şahsy formalaryň sany köpeldi. Bu bolsa bol-elinlik döretdi. Halkyň eli uzadan ýerine ýetip başlady. Saçaklar doldy. Indi hiç kim bize türkmen sen özüňi oňarmaýarsyň, SSSR-e ýük bolýarsyň, merkeziň datasiýasynda otyrsyň diýip bolmez. Tersine indi öňki SSSR-iň agzasy bolan respublikalar bize mätäç boldylar.

Türkmen halky ykdysadyýetde asyrlar dowamynda geçiljek ýoly on ýylda geçdi. Parasatly Beýik Serdary bolan halk özüniň gysgajyk döwürde ýeten derejesi bilen dünýäni aňk etdi. Halkara arenasynda öň tanalmaýan, bilinmeýän halkyň dabarasy, at-abraýy asman galdy.

Türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen özgerişleriň ýene bir tarapy – bu türkmeniň medeniýetindäki dikeldiş we galkynyşdyr. Sowet döwründe SSSR halklarynyň hemmesi deň hukukly diýilse-de Türkmenistan hiç wagt SSSR-iň deň hukukly agzasy bolmandy. 74 ýylyň dowamynda biz ykdysadyýetde-de, medeniýetde-de, durmuş derejämizde-de iň yza galak respublika hasaplanýardyk. Özem, bu ýagdaý biziň tebigy baýlygymyzyň azlygy, biziň näalaç edenligimiz, ukypzyslygymyz, zähmetkeşsizligimiz zerarly ýüze çykan ýagdaý däldi. Türkmen öz baýlygynda-da, edenliginde-de, zähmetsöyerliginde-de hiç bir halkdan ýokary bolmasa, pes durmaýardy.

Emma biziň baýlygymyzy goşawuşlan ýuwdýan merkez, bizi barmagymyzy ýalap almaga mejbur edýärdi. Egnimizden basyp, daýanmaga ýol bermeýärdi. Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda XVI asyrdan bäri türkmene hiç-hili iş ýakmaýan, gara öýli, medeniýetsiz, göçüp-gonup ýören, özüni zähmeti bilen däl-de gorakçylyk, talaňçylyk, alaman bilen ekläp ýören halk hökmünde görkezýärdiler diýip ýazýar.

Emma öz aslyny Nuh alaýhyssalamdan alyp gaýdýan türkmen, aňyrsy 5 müň ýyl mundan ozal milletbaşymyz Oguz han Türkmenden gaýdýan türkmen halky, 70-den gowurak döwleti döreden türkmen öz milli medeniýetini, öz sungatyny, däp-dessuryny, urp-adatyny, içki tertip düzgünini, gylyk-häsiýetini, ýagny öz ruhy dünýäsini, döredipdi, ösdüripdi, taplapdy. Şol ruhy dünýä beýleki halklaryňkydan diýseň tapawutlanyp, özüne mahsusdy, ýokarydy we dünýä taryhynda öz orny bolup, dünýä medeniýetine-de täsirini ýetiripdi.

XX asyrda şol medeniýetiň şol beýik ruhy dünýäniň düýbüne palta urulyp başlandy. XIX asyryň ahyryndan XX asyryň başyndan başlap ors basybalyjylary, ezijileri bize hut biziň ata-baba ýurdumyzda “tuzemsler”, “inozemsler”, “talaňçylar”, “çarwalar”, “wagşy tekeler” diýip başladylar. Sowet döwründe biziň däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz, dinimiz köne, patriarhal-feodal galyndylary diýip yglan edildi. Olary köki damary bilen ýok etjek bolupdy. Ýurtda asyrlar boýy dowam edilip gelinýän milli baýramlar – Nowruz baýramy, Gurbanlyk baýramy gadagan edildi. Oraza tutmak, namaz okamak ýazgaryldy. Çagasyna sünnet edýänler jezalandyrylyp başlandy. Azan aýdyp çaga at dakýanlaryň üstünden gülündi. Tahýa, telpek geýýänlere, gyňaç dakynýanlara medeniýetsiz, yza galak adam hökmünde garaldy. Nahar iýip töwür galdyrmak “spasibo” bilen çalşyldy. Ýurtda metjit, medrese galmady. Molladyr – tebibe “şarlatan”, “kezzap” diýdiler. Türkmen dili gysylmagy netijesinde tas ýitipdi.

Bu babatda-da türkmen halkynyň dadyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýetişdi. Onuň tagallasy bilen biziň däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz dikeldildi. Diňe bir öňki milli baýramlarymyzy dikeltmek däl, ýene onlarça milli baýramlar döredi. Dinimiz dikeldildi. Oraza tutmak, namaz okamak, sünnet, azan, sadaka, hudaýyoly etmek, öz islegimize, adata öwrüldi.

Häzir ýurdumyzda 10 ýylyň içinde gurulan metjitlere, onda-da enaýý edilip gurulan metjitleriň onlarçasyna guwanýarys.

Medeniýetde, sungatda hut halkyň özi tarapyndan, halkyň öz döreijiligi ukybynyň artmagynyň netijesinde dörän täzelikler eýsem guwandyrman bilermi.

Beýik Serdarymyzyň özi oňa guwanýar, ony ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açýar, Watanyny söýýän, päk ýürek bilen zähmet çekýän halkyny, halal hyzmat edýän adamlary ordenler, medallar, altyn zynjyr bilen sylaglaýar, olara hormatly atlar dakýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň 12 ýylda geçen ýolunda gazanan üstünlikleri, ýeten derejesi, döreden täzelikleri barmak basyp sanardan örän kän. Ol barada näçe ýazsaňda aňyrsyna ýetip bolmaz.

Şu günki güne, şu derejä bizi ýetiren Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşa halkymyz gije-gündiz alkyş aýdýar. Biz şu okuw ýylynda Türkmenbaşy zamanasy boýunça _________ sagat okuw geçmeli.

Her bir işe başlanyňda ilki bilen şo işiň maksadyny kesgitlemek zerur. Şonuň üçin biz siziň bilen Türkmenbaşy zamanasyny öwrenmegiň maksadyna, zerurlygyna göz ýetirmeli. Siz ýaşlar, biziň halkymyzyň gelejegi – mugallymçylyk institutyny gutaranlaryň arasynda ministr, welaýat, etrap häkimleri bolup oturanlar bar. Siziň araňyzda-da geljekki ministr, häkim boljaklar bardyr. Şonuň üçinem siz Türkmenbaşynyň ýurdy dolandyrmak baradaky taglymatyny, ony durmuşa geçirmek ugrundaky toplan tejribesini öwrenmegi bilmeli.

Mugallym bolup işlejekleriňiz şol taglymaty, şol tejribäni öz okuwçylaryňyzyň aňyna ýetirmeli. Sebäbi olar sizden soňky nesil bolup Watanyň geljekdäki ykbalyny çözjek adamlar.

Biziň öňümizde Türkmenbaşy zamanasyny öwrenmekden gelip çykýan maksat we wezipe durýar. Geliň şony kesgitläliň. Birinjiden. Ýaňy aýdyşymyz ýaly Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyzlyk alanymyzdan soň ýurtdaky özgerişleri Türkmenistanyň syýasy gurluşyny täzelemekden başlady. Ol näme üçin zerurdy. Sowet döwründe bizde, ähli SSSR-e girýän respublikalarda boluşy ýaly, syýasy gurluşy Moskwa kesgitläpdi. Ýurduň syýasy gurluşyny kesgitleýän Konstitusiýamyz SSSR Konstitusiýasyndan ýöne bir göçürmedi. Şol Konstitusiýada SSSR diýen sözüň ýerine TSSR diýilip ýazylýardy.

Indi Garaşsyz Türkmenistanyň hut özüne mahsus, özi üçin zerur, syýasy sistema döretmelidi. Şol syýasy sistema Garaşsyzlyk döwründe ýaşajak we ösjek Türkmenistanyň bähbitlerine gabat gelmelidi.

Diýmek biz Beýik Serdarymyz tarapyndan düzülen, öňe sürülen we işe girizilen täze syýasy gurluşymyzy çuňňur öwrenmeli. Onuň biziň durmuşymyzda nähili ähmiýetiniň bardygyna düşünmeli. Ony öwrenmek üçinem Türkmenistanyň, Türkmenbaşy Zamanasynda kabul edilen Täze Konstitusiýasyny bäş barmagymyz ýaly bilmeli.

Ine mysal üçin biziň Konstitusiýamyzda Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklary we borçlary kesgitlenilen. Haýsyňyz şolary aýdyp berjek ?

Biziň syýasy durmuşymyzda, ösüşimizde uly rol oýnan we oýnaýan, geljekde-de esasy wezipe bolup durýan bir mesele bar. Ol meseläni, wezipäni Beýik Serdarymyz öňe sürdi. Ol biziň bütewiligimiz, agzybirligimiz, jebisligimiz. Biz şu biziň gazanan üstünliklerimiziň esasynda Beýik Prezidentimiziň alyp baran şu syýasaty durýandygyna düşünmelidiris. Oňa düşünmek üçin bolsa Türkmenbaşy Zamanasyny öwrenmek bilen birlikde türkmen ruhynyň öňki dört eýýamyny, esasanda Magtymguly Pyragy eýýamyny bilmelidiris. Şonda biz tire-taýpa dawasynyň, agzalalygyň türkmen halkyna ýetiren zyýanyna düşüneris. Beýik Serdarymyzyň agzybirlik baradaky taglymatynyň ägirt uly ähmiýetine düşüneris. Ikinjiden. Türkmenbaşy zamanasy häzir bary ýogy 12 ýýla golaý dowam etdi. Emma şol ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýeti görülip eşidilmedik depginde ösdi. Biz häzirki ykdysadyýetimizi Sowet döwründäki, ýagny ykdysady baknalyk döwründäki bilen deňeşdirmeli, nähili derejede ösendigimize göz ýetirmeli.

Biz şu meselede ýolbaşçylyk eden Beýik Serdarymyzyň ykdysadyýetimizi senagaty, oba hojalygyny şeýle ýokary derejede ösdürmegiň ýollaryny nähili kesgitläpdir, näçe kelle döwür, pikirlenip dogry ýol tapypdyr, ine şol zatlara düşunmeli, öwrenmeli.

Siz düşüniň biziň senagatymyzyň, oba hojalygymyzyň ösmegi biziň halkymyzy ýaşaýyş üçin iň zerur zatlardan başga respublikalara baknalykdan boşatdy. Mysal üçin öň , ýagny Sowet döwründe özümiz ýeterlik derejede galla öndürmänligimiz üçin (1991-nji ýylda bary ýogy 70 müň tonna) biz gallany orslar bilen gazaklardan alýardyk. Indi biz 2000-nji ýylda 2,5 mln tonna galla öndürdik. Şonuň üçin galla tarapdan başga ýurda mätäçlikden dyndyk.

Ine şeýle mysallar köp. Şonuň üçin biz Türkmenbaşy zamanasynda niçik, nähili ýol bilen 100 ýyllyk ýoly 10 ýylda geçendigimize düşünmeli. Beýik Serdaryň ykdysadyýeti ösdürmegiň ýollary baradaky genial taglymatyna çuňnur düşünmeli. Üçünjiden Siz halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş, durmuş derejesiniň gün saýyn ýokarlanýandygyny özüňiz gözli şaýat. Siz Garaşsyzlyk döwründäki 12 ýylyň içinde zähmetkeşleriň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýadyr – posobiýalaryň, siziň özüňiz alýan talyp haklarynyzyň her ýylda iki esse köpelýändiginiň şaýady.

SSSR döwründe her bäş ýyldan halk hojalygyny ösdürmegiň 5 ýyllyk meýilnamalary kabul edilýärdi. Şol meýilnamalarda aýlyk zähmet hakynyň 5 ýylyň içinde 5-10 manat köpeltmek göz öňünde tutulýardy. Soňra nobatdaky SSKP-iň gurultaýynda şol meýilnama kabul edilenden soň, ýaňky 5-10 manat baradaky karara arşa çykarýardylar. Onuň halkyň maddy hal – ýagdaýny ýokarlandyrmak baradaky kommunistik partiýanyň, Sowet hökümetiniň edýän aladasy diýip ol barada ýuzläp – ýüzläp makalalar, onlarça kitaplar ýazýardylar.

Edil Baýdak aýynda Orsýetde mugallymlaryň, medisina işgärleriniň öz aýlyk haklarynyň artdyrylmagyny talap edip, köçe çykyp, demonstrasiýalar, mitingler gurandygyny siz telewideniýede görensiňiz, metbugatda okansyňyz. Orsýediň Prezidenti ol talaba nähili jogap berdi. Ol gös-göni aýlyklaryň diňe Ruhnama aýynyň 1-inden, onda-da bary ýogy 30 % göteriljekdigini aýtdy. Bizde bolsa aýlyk her ýylda iki esse artdyrylýar.

Ine şu zatlary biz Beýik Serdaryň ýolbaşçylygynda nädip gazandyk. Bu zatlaryň çeşmesi nämede. Şolara düşünmek üçin biz Beýik Serdarymyzyň taglymatlaryny, ýurdy dolandyrmakdaky tejribesini çuňňur öwrenmeli. Türkmenbaşy Zamanasynyň öňki döwür bilen, umuman ähli beýleki döwletler bilen deňeşdireniňde ara tapawudyna düşünmeli.

Dördünjiden. Türkmenbaşy Zamanasynda biziň halkymyzyň medeniýeti-de uly depginler bilen ösdi. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, Sowet döwründe medeniýetimiziň, ruhy dünýämiziň depgilenen döwri geçdi. Ähli däp-dessurlarymyz, dinimiz, ruhy baýlyklarymyz dikeldildi.

Ine şol zatlaryň halkyň durmyşyna eden täsirini, ähmiýetini biz öwrenmeli, olara guwanmaly. Şol zatlara düşünmek üçin, şolary öz aňymyza siňdirmek üçin, gelejekde mugallym hökmünde ýaşlara ýetirmek üçin-de biz Türkmenbaşy Zamanasyny öwrenmeli.

Şony öwrenmeklik biziň Garaşsyz Türkmenistanyň gelejekde has-da ösmegi, galkynmagy ugrundaky göreşiň aktiw agzalary bolmagymyzy üpjün eder.

Ine Türkmenbaşy Zamanasyny öwrenmegiň wezipesi we ähmiýeti umuman şulardan ybarat.

Bu Zamany öwrenmek üçin biz birinji nobatda Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasyna ýüzlenmelidiris. Beýik Serdarymyzyň halk maslahatlarynda, mejlislerde, welaýatdyr, etraplarda halk bilen duşuşanda eden çykyşlaryny öwrenmelidiris.

Talyplar bilen duşuşyklaryndaky wesýetlerini berk bellemelidir. Beýik Serdarymyzyň 10 ýyllyk Milli Maksatnamasyndan ugur almalydyrys. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, medeni ösüşi.