Tebigy baýlyklar – adamynyň ýaşaýşynda, zähmet hadysasynda peýdalanýan tebigy baýlyklary we hadysalarydyr. Olara gün şöhlesi, atmosfera howasy, klimat, suw, toprak, ösümlik we haýwanat dünýäsi, gazma baýlyklar degişlidir. Olar azalma derejeleri boýunça gutarýan (tükenýän) we gutarmaýan (tükenmeýän) görnüşlere bölünýärler.

Gutarýan tebigy baýlyklar

düzet

Gutarýan tebigy baýlyklar yzygider peýdalanylmagy netijesinde gorlary azalýan, gutarýan baýlyklary öz içine alýar. Olar hem öz nobatynda gaýtadan dikelýän we dikelmeýän (dikeldip bolmaýan) görnüşlere bölünýärler.

Gaýtadan dikelýän tebigy baýlyklara toprak, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem köllerde hem-de deňizleriň ýalpak aýlaglarynda çöküp toplanýan glauber we nahar duzy ýaly mineral duzlar degişlidir. Eger bu baýlyklaryň döremegi üçin tebigatda zerur şertler saklanýan bolsa, onda olaryň gorlary hemişe dikeldilip durulýar. Olaryň halk hojalygynda peýdalanylyş tizligi bolsa tebigatda döreýiş depgininden ýokary däldir. Her bir baýlygyň gaýtadan dikelme tizligi hem birmeňzeş bolmaýar. Haýwanlar birnäçe ýylyň, tokaýlar 60-80 ýylyň, hasyllylygy ýitirilen topraklar bolsa birnäçe müň ýyllaryň dowamynda dikelýär.

Gaýtadan dikelmeýän görnüşlere häzirki şertlerde döremeýän ýa-da sarp edilişinden ýüzlerçe esse haýal dikelýän, gorlary çäkli bolan hem-de aýawly harçlanmaklyga mätäç bolan daş kömür, nebit, tebigy gaz, metal magdanlary ýaly beýleki köp sanly gazma baýlyklar degişli edilýär.

Gutarmaýan tebigy baýlyklar

düzet

Gutarmaýan baýlyklar yzygiderli peýdalanylmagy netijesinde gorlary gutarmaýan baýlyk görnüşlerini öz içine alyp, olara suw, klimat hem-de kosmiki baýlyklar degişli edilýär. Ýer planetasynyň suwlarynyň umumy gory gutarmaýar. Onuň esasyny Dünýä okeanynyň duzly suwlary düzýär. Ýöne adam we beýleki janly organizmleriň köp görnüşleri üçin zerur bolan süýji suwlar gutarýan tebigy baýlyklara degişlidir. Dünýäde süýji suwdan peýdalanmaklygyň meselesi derýalaryň, kölleriň suwlarynyň azalmagy, suwarymly ekerançylyga, senagat önümçiligine harçlanýan süýji suwlaryň artmagy, suwlaryň önümçilik we hojalyk galyndylary bilen hapalanmagy bilen baglanyşykly ýyl geldigiçe ýitileşýär. Şoňa görä-de, suw baýlyklarynyň tygşytly sarp edilmegi we berk goralmagy zerurdyr.

Klimatiki baýlyklara degişi bolan atmosfera howasy, ýelleriň energiýasy gutarmaýan baýlyklardyr, ýöne senagat we ulag ulgamynyň ösdürilmegi zerarly howa gurşawy tüsseler, tozanlar, işlenip çykarylan gazlar bilen ep-esli derjede hapalandy. Iri şäherlerde we senagat me rkezlerinde howanyň ýokary derejede hapalanmagy adamynyň saglygy üçin has-da howply boldy.

Kosmiki baýlyklara gün şöhlesi, deňiz daşgynlary we gaýtgynlary degişlidir. Olar gutarmaýan baýlyklar bolsalar-da, iri şäherlerde we senagat merkezlerinde howanyň tozanly, tüsseli bolmagy sebäpli gün şöhleleriniň ýer üstüne düşýän möçberi ep-esli azalýar.

Edebiýatlar

düzet

Durdyýew S., Aşyrmyradowa Ş., Nurberdiýew N. Ekologiýa 11. Aşgabat TDNG 2014.


  • IUHD. Hemidow Arslan