Tebigy gurşawyň hapalanmagy
Hapalanma – bu daşky gurşawda ekologik ulgamyň ýa-da onuň aýry-aýry düzüm bölekleriniň funksionirlenmegini bozýan hem-de adamyň oňaýly ýaşaýşy ýa-da hojalyk işlerini alyp barmagy nukdaý nazaryndan daşky gurşawyň hiliniň peselmegine getirýän zyýanly maddalaryň toplanmagydyr.
Adamyň hojalyk işjeňliginiň netijesi tebigy baýlyklaryň azalmagynda, biosferanyň önümçilik galyndylary bilen hapalanmagynda, tebigy ekoulgamlaryň dargamagynda, Ýeriň üstüniň we klimatyň üýtgemeginde aýdyň ýüze çykýar. Hojalyk işleriniň täsirleri tebigy aýlawlaryň ähli görnüşleriniň diýen ýaly bozulmagyna we dargamagyna getirip bilýär.
Adamyň hojalyk işjeňligi ýa-da tebigy hadysalar (wulkanlaryň atylmagy, tokaýlaryň otlanmagy, tozanly tupanlaryň gaýtalanmagy we başgalar) netijesinde tebigatda zyýanly täsirleri bolan täze düzüm bölekleriň (komponentleriň) ýüze çykmagy daşky gurşawyň hapalanmagy diýilýän düşünje bilen häsiýetlendirilýär.
Daşky gurşawyň hapalanmagynyň birnäçe görnüşleri (tebigy, antropogen, biologiki, fiziki, himiki, radioaktiw, oba hojalyk, senagat, ses, elektromagnit we başgalar) bar. Emma olaryň esasy 3 görnüşini tapawutlandyrýarlar. Daşky gurşawyň hapalanmagy dürli görnüşdäki hapalaýjylaryň täsirinde bolup geçýär. Hapalaýjylara daşky gurşawyň ulgamlaryny ekologik deňagramlylyk ýagdaýyndan çykarýan maddalaryň, hadysalaryň kesgitli möçberden artan toplumy degişli edilýär.
Fiziki hapalanma – bu daşky gurşawyň fiziki görkezijileriniň (parametrleriniň) üýtgemeginiň netijesinde ýüze çykýan hapalanmalardyr. Olara ýylylyk, ýagtylyk, ses, elektromagnit, radioaktiw hapalanmalary degişlidirler.
Himiki hapalanma – gurşawyň tebigy himiki häsiýetleriniň belli bir döwürde haýsydyr bir maddanyň mukdarynyň köp ýyllaryň dowamyndaky derejesinden ýokarlanmagy netijesinde döreýän hapalanmadyr. Şeýle hem himiki hapalanma ozal bolmadyk himiki maddalaryň gurşawa aralaşmagy netijesinde hem döreýär.
Biologik hapalanma – gurşawa adam üçin islenilmeýän janly organizmleriň getirilmegi we köpelmegi bilen baglanyşyklylykda ýüze çykýar. Hapalaýjy maddalaryň ekologik täsirleri dürli derjede ýüze çykyp bilýär. Olar aýry-aýry organizmlere ýa-da populýasiýalara, biosenozlara, ekoulgamlara, hatda tutuşlygyna biosfera hem täsir edip bilýärler.
Tebigy hem-de antropgen faktorlaryň täsirinde ýüze çykýan hapalanmalar tapawutlandyrylýar.
Tebigy hapalanma tebigy sebäpler netijesinde döräp, olara wulkanlaryň atylmagyny, ýer yranmagyny, betbagtçylykly suw joşmalaryny, silleriň gelmegini, tebigy meýdanlaryň otlanmagyny degişli edýärler.
Antropogen faktorlaryň täsirinde döreýän hapalanma bolsa adamyň hojalyk işjeňliginiň netijesinde ýüze çykýar.
Adamyň hojalyk işjeňligi netijesinde döreýän hapalaýjy maddalar we olaryň daşky gurşawa täsirleri dürli görnüşli bolýarlar. Olara esasan, uglerodyň, kükürdiň, azodyň birleşmeleri, agyr metallar, dürli görnüşli organiki maddalar, emeli döredilen materiallar, radioaktiw elementler we köp sanly beýleki hapalaýjylar degişlidir.
Edebiýatlar
düzetDurdyýew S., Aşyrmyradowa Ş., Nurberdiýew N. Ekologiýa 11. Aşgabat TDNG 2014.
- IUHD. Hojaberdiýew Rahmanberdi