3G (WCDMA)- mobil telefonynyň üçünji nesli. Beýle telefonlarda diňe bir sesli jaňlary däl, eýsem wideoşekilli jaňlary amala aşyrmak hem mümkindir.

ADSL - telefon kabeliniň üsti bilen ýokary tizlikli interneti birikdirýän tehnologiýa.

Broadband - ýokary tizlikli internet aragatnaşygy

DLD - ýerli uzak aralara jaň.

EDGE - internet üpjüçiliginiň 2,5G hili

ILD - halkara uzak aralara jaňlar.

ISP - internet hyzmatyny üpjün ediji.

LAN - ýerli aragatnaşyk tory. Kompýuter toparyny birikdirýän uly bolmadyk çäkdäki aragatnaşyk tory.

VoIP - internet ulgamynyň üsti bilen telefon hyzmaty.

Wi-Fi - radio tolkunlary arkaly internete birikmek.

WiMAX - radio tolkunlary arkaly internete birikmek. Emma Wi-Fi ulgamyndan çalt hem-de tolkunlary giň çäkde kabul edýär.