Termosfera
ionosfera 90–800 km beýiklik aralygynda ýerleşýär. Bu howa gatlagy örän ýokary temperaturasy we ýokary derejede molekulalaryň ionlaşanlygy bilen tapawutlanýar. Temperatura aşaky gatlagynda – 800C-dan ýokary böleginde +3600C-ä çenli artýar. Ionlaryň 1 sm3 göwrümindäki mukdary 1015-106 hasabyndadyr. Ionlaşyş derejesi boýunça termosfera E (100–120 km), F1 (120–200 km), F2 (200–400 km) gatlaklara bölünýär. Termosferada elektromagnit we radio tolkunlary yzyna serpikdirilýär, siňdirilýär we döwülýärler. Bu gatlak olar üçin ýokary araçäk bolup durýar. Ionosfera, şeýle hem polýar şapagy we meteoritleriň ýanmagy häsiýetlidir.