Tesla
Tesla (Tesla Motors diýen at bilen esaslandyrylan) kompaniýasy 2003-nji ýylyň 1-nji iýulynda Martin Eberhard bilen Mark Tarpenning tarapyndan bellige alyndy. 2004-nji ýylyň fewral aýynda üç sany esaslandyryjy 7,5 mln. ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlary çekdiler, şunlukda, Ilon Mask 6,5 mln. ABŞ dollaryny geçirdi. Mask Direktorlar geňeşiniň başlygy boldy we Eberhardy baş direktor wezipesine belledi.[1]
Taryh
düzetTesla ilkinji awtomobiliniň prototipleri Santa-Monikada (Kaliforniýa) 2006-njy ýylyň 19-njy iýulynda jemagat öňünde hödürlenildi.[2]
2006-njy ýylda Mask üçin 100 mln. ABŞ dollaryny çekmeklik başa bardy. Netijede, Tesla 2008-nji ýylda özüniň Roadster ilkinji modeliniň öndürmeklige başlady.[3]
2010-njy ýylyň ýanwar aýynda Tesla ABŞ-nyň Energetika ministrliginden 465 million ABŞ dollaryny karzyna aldy, onuň bilen bolsa kompaniýa 2013-nji ýylda üzülişdi.[4]
2010-njy ýylyň maý aýynda Frimontdaky (Kaliforniýa) Tesla Model S öndüýän fabriginiň gurluşygyna başlady.[5]
2010-njy ýylyň 29-njy iýunynda Tesla, 1956-njy ýylda Ford Motordan soň, IPO amala aşyrýan ilkinji amerikan awtomobil kompaniýasy bolup, NASDAQ-da paýnamalaryň (IPO) jemagat öňünde ilkinji ýerleşdirmeklige başlady we 226 million ABŞ dollaryny çekdi.[6]
2012-nji ýylyň iýun aýynda Tesla özüniň ikinji awtomobiliniň – Model S önümçiligine başlady. 2017-nji ýylyň iýul aýynda Tesla sedan Model 3 satyp başlady.[7]
2019-njy ýylyň 14-nji martynda täze elektromobil Tesla Model Y hödürlenildi.[8]
2020-nji ýylyň noýabr aýynda Tesla, Uber we ýene-de 26 sany amerikan kompaniýasy Zero Emission Transport Association (ZETA) guramasyny esaslandyrdylar, ol ABŞ-da elektromobilleriň sanynyň ýokarlandyrylmagyny lobbirlärler.[9]
2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kompaniýanyň kapitalizasiýasy 1 trln. ABŞ dollaryndan ýokary geçdi.[10]
Salgylanmalar
düzet- ↑ "History of Tesla: Timeline and Facts". thestreet.com. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2022-01-03.
- ↑ "Zero to 60 in 4 Seconds, Totally From Revving Batteries". nytimes.com. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2022-01-03.
- ↑ "Electric Car Evolution". cleantechnica.com. Archived from the original on 2016-09-18. Retrieved 2021-12-30.
- ↑ "Tesla gets loan approval from US Department of Energy". tesla.com. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2022-01-03.
- ↑ "Idle Fremont Plant Gears Up for Tesla". wsj.com. Archived from the original on 2015-03-16. Retrieved 2022-01-03.
- ↑ "Growth Of Tesla Guide". comparebrokers.co. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2022-01-03.
- ↑ "Everything you need to know about Tesla Model 3, which is starting production". theverge.com. Archived from the original on 2017-07-09. Retrieved 2022-01-03.
- ↑ "Tesla unveils Model Y electric SUV with 300 miles range and 7-seats". electrek.co. Archived from the original on 2019-03-30. Retrieved 2022-01-03.
- ↑ "Clean Transportation Leaders Launch Zero Emission Transportation Association". prnewswire.com. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2022-01-03.
- ↑ "Tesla breaks $1tn valuation barrier after Hertz orders 100,000 vehicles". theguardian.com. Archived from the original on 2022-01-03. Retrieved 2022-01-03.
Bu şirket makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu elektrik makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu awtomobil makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |