Tirkiş Jumageldiýev
Tirkiş Jumageldiýew
Tirkiş Jumageldiýew | |
Käri | ýazyjy |
---|---|
Dili | türkmençe |
Milleti | türkmen |
Žanrlary | Roman, kyssa |
Edebi hereket | Realizm |
Esasy eserleri | Başagaý Janserek Gara ýyldyrym Gorky belasy Milli oýun |
___________________________________________________________________
Ussat ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew türkmen edebiýatynyň iň meşhur we zehinli kyssaçylarynyň biridir. Ol 1938-nji ýylda dünýä inipdir. Ýazyjynyň ilkinji eserleri 1958-nji ýylda, ol entek student wagty çap edilip ugrapdyr, "Şehitli" atly hekaýasy "Ýaş kommunist" gazetinde, "Ajaýyp duýgynyň tolkuny" hekaýasy "Türkmen uniwersiteti" gazetinde, "Goşa şarpyk" hekaýasy bolsa "Sowet edebiýaty"(häzirki "Garagum")žurnalynda çykýar. Emma diňe 1964-nji ýylda kitap bolup çykan "Çaknyşyk" powesti ýazyjynyň adyna üns çekdirýär. 1967-nji ýylda onuň çagalar üçin ýazan "Howsalaly tomus" powesti, 1968-nji ýylda bolsa içinde "Gelneje" hem "Ökünç" powesti we hekaýalary ýerleşdirilen "Gelneje" kitabyy çap edilýär. 1971-nji ýylda ýazyjynyň "Ömür dawasy" powesti hem çap edilip, dessine okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Emma soňra çap edilen "Başagaý"(1969-ýylda ýaylyp, 1972-nji ýylda kitap bolup çykdy) powesti Tirkiş Jumageldiniň adyny türkmen edebiýatynyň iň öňdebäryjy, ussat ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Bu powestiň esasynda ajaýyp film hem düşürildi.
Bu döwürde ýazyjy "Edebiýat we sungat" gazetinde redaktor bolup işleýär. Jumageldiýew bu neşiriň örän ygtybarly we öňdebaryjy gazete öwrülmegi üçin örän uly işler amala aşyrdy.
T.Jumageldiýew "Bagrymyzyň badaşany", "Janserek", "Daşrabat", "Mähekdaş", "Gara ýyldyrym" ýaly meşhur romanlaryň, "Başagaý", "Ömür dawasy", "Gelneje", "Ýanan gelinler" ýaly birnäçe ajaýyp powestleriň hem-de "Tragediýa", "Komediýa", "Kişiniň pikiri" ýaly onlarça ajaýyp hekaýalaryň we esseleriň awtorydyr. Ýazyjynyň soňky - "Merwden Mekgä çenli" kitaby 1994-nji ýylda çap edilipdi. Bu kitabynda T.Jumageldiýew türkmençilik, halkymyzyň milli aýratynlygy hem özboluşlylygy, jemgyýetimiziň aktual problemalary, din, ynanç, ýurdumyzyň taryhy, ilimiziň däp-dessury, adamlaryň durmuşy, duýgylary ýaly pelsepewi temalar dogrusynda söz açýar. Jumageldiýewiň "Başagaý", "Ömür dawasy" we "Ýanan gelinler" powestleri hem-de "Janserek" romany türkmen kyssasynyň iň meşhur eserleriniň hataryndadyr. Ýazyjy häzir hem çuňňur pelsepä ýugrulan eserleri bilen türkmen edebiýatyny baýlaşdyrmagyny dowam edýär. 2011-nji ýylda, "Družba narodow" žurnalynyň 4-nji sanynda onuň "Gorky belasy" romany rus dilinde çap edildi. 2011-nji ýylda bolsa onuň "Gorky belasy" romany bilen "Ömürzaýa" powesti we "Milli oýun" romany aýratyn kitap bolup çykdy. Tirkiş Jumageldiýew Magtymguly baýragynyň hem-de birnäçe halkara baýraklarynyň eýesidir.
____________________________________________________________________
Kitaplary:
- Çaknyşyk, powest - 1964
- Gelneje, powestler hem hekaýalar – 1968 ý.
- Ömür dawasy, powestler– 1971 ý.
- Başagaý, powest - 1972
- Bagrymyzyň badaşany, roman hem powestler – 1977 ý.
- Janserek, roman – 1979 ý.
- Daşrabat, roman hem hekaýalar – 1982 ý.
- Mähekdaş, roman – 1985 ý.
- Gara ýyldyrym, roman – 1989 ý.
- Ýanan gelinler, powest hem hekaýalar – 1991 ý.
- Merwden Mekgä çenli, oýlanmalar, edebi ýazgylar we ýatlamalar kitaby – 1994 ý.
- Gorky belasy, roman we "Ömürzaýa" powesti (2011 ý.)
- Milli oýun, roman (2011 ý.)