Tofik Bahramow Bahram ogly 1925-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Azerbeýjanyň Agjabedi diýilýän ýerinde dogulýar. Futbol karýerasyna 40-nji ýyllarda futbolçy bolup başlaýar, 1950-nji ýylda aýagyna alan agyr şikesi sebäpli futbolçylyk karýerasyny ýapmak mejburýetinde galýar. 1951-nji ýylda bolsa 20 ýyldan gowrak dowam etjek eminlik karýerasyna başlaýar. SSSRiň futbol çempionatynda we kubogynda eminlik edip başlaýar.

Karýerasy düzet

Ilkinji halkara eminlik 1964-nji ýylda edýär. 1966 we 1970 dünýä çempionatlaryna gatnaşyp iki çempionatda jemi 8 oýna eminlik edýär (2-baş emin, 6-gapdal emin). Iň gyzykly ýeri Bahramow 1966 dünýä çempionatyna emin bolup gatnaşmagy üçin bary-ýogy 2 sanjak halkara oýuna eminlik etmegi ýetirlik bolupdyr (buwagt mümkindäl).

1966 Dünýä çempionaty, 1966 Dünýä çempionaty finaly, stadion Wembley (London, Angliýa), 98000 tomaşaçy, Angliýa milli ýygyndysy-Germaniýa Federatiw Respublikasy.|Germaniýa Federatiw Respublikasy milli ýygyndysy]]

Dünýä çempionatynyň taryhy altyn finallarynyň biri, duşuşygyň esasy wagty 2-2 gutarýar, goşmaça wagtda iňlis futbolçy Jef Herst depen topy derwezäň ýokarky sütünine degip aşaky çyzykdan meýdança gaýdansoň nemes futbolçylarynyň nägileliklerine garamazdan Bahramow goly hasap edýär. Ilkibaşda gol jedelli ýaly görünse-de soňlygy bilen Bahramowyň oýunda dogry karar berendigine bütün dünýä şaýat bolýar. Şeýdibem Bahramow adyny futbol taryhyna altyn harplar bilen ýazdyrýar. Ol goldan soňra duşuşyk dowam etdirilýär, birnäçe minutdan soň Herst duşuşykdaky 3-nji goluny salýar we Angliýa-Germaniýa 4-2 hasap bilen gutarýar.

Şol finala çenli FIFA diňe finalyň baş eminini altyn swistok bilen sylaglaýar eken, emma 1966 finalyndan soň altyn swistok Tofik Bahramowa hem gowşurylýar. Britaniýaň şalygy bolsa Bahramowy ýörüte ýasalan mini dünýä kubogy bilen sylaglaýar.

Tofik Bahramow 1970 dünýä kubogynda meşhur Braziliýa-Urugwaýa (1/2 final) duşuşygynda hem eminlik edýär.

Ömrüniň soňky ýyllaryny AFFA-da dürli wezipelerde işleýär.

1972-nji ýylda Kontinetara kubogynyň finalyna hem eminlik edýär (Ajax-Independiente).

Ölümi düzet

Altyn swistok alan ýeketäk gapdal emin hökmünde dünýä futbol taryhyna giren Tofik Bahramow 1993-nji ýylyň 26-njy martynda Bakuda aradan çykýar.

Şöhraty düzet

Bahramow - Nikolaý Latişewden soňra dünýä çempionatynda eminlik eden 2-nji sowet emini, ýewro kubok finallarynda eminlik eden ilkinji sowet emini bolup taryha girýär.

Altyn swistok alan ýeketäk gapdal emin hökmünde dünýä futbol taryhyna girdi.

Bahramowyň hormatyna filmler, multifilmler döredilýär. 2006 dünýä çempionaty üçin düşürilen filmiň baş gahrymany hem Bahramow bolýar.

2004-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Azerbeýjan-Angliýa (2006 dünýä çempionatynyň saýlamasy) oýunyna Bahramowyň hatyrasy üçin Jeffri Herst (1966daky şol meşhur goluň awtory), FIFA prezidenti Blatter we ýene birnäçe futbol ýyldyzlary Bakuwa ýygnandylar. Şol gün Bakuda Bahramowyň heýkeliniň (heýkeli dikilen dünýädäki ilkinji emin) açylyş dabarasy geçirildi.

Azerbeýjanyň N1 sport arenasy hem Tofik Bahramowyň adyny göterýär (heýkeli hem şu arenanyň öňünde).

2011-nji ýylyň 6-njy iýunynda şol taryhy finaldan 45 ýyl soňra ser Jeffri Herst (şol jedelli goluň awtory) we Hans Tilkowski (şol finalda nemesleriň derwezebany) ýene duşuşdylar, emma bu gezek Wembleyde däl-de Bakuda. Azerbeýjan futbolynyň 100 ýyllygy mynasybetli Bakuda Tofik agaň heýkeline gül desselerini goýdylar.