Tomas Hobbes - Iňlis filosof. 1588-nji ýyl5-nji Aprelinde Angliýanyň Malmesbury sebitinde doguldy.[1] Ol megerem iň köp "jemgyýetçilik şertnamasy" baradaky "Lewiathan" atly eseri üçin tanalýan bolsa gerek.[Çeşme zerur]

Tomas Hobbes-iň portredi

Dünýägaraýşy

düzet

Döwlet, jemgyýet we dolandyryş baradaky garaýyşlary

düzet

Lewiathan atly eserinde Hobbes ynsanlaryň tebigatynda totalitar döwlete zerurlyk görýär. Oňa görä ynsany beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan zat adamlaryň akly oýlanma ukyby we dini ynanjydyr. Hobbese görä ynsanlar ýalňyz ýaşap biljek mahluklardan däldir, olar öz görnüşi bilen bile ýaşamalydyr we tebigat ynsanlary akyl we beden taýdan deň ýaradandyr.[2]

Hobbese görä ynsanlar bagta ýetmek babatda deň umyda we islege eýedir we şu sebäpden şol bir zada ymtylan 2 adam biri-birine duşmanlyk beslär. Hobbes bu duşmanlygy 3 sebäbe baglaýar: bäsdeşlik, ynamsyzlyk we özüňi beýlekilerden ýokary görmek. Ynsanlary tebigaty beýle tertibe salýar, adamlar bu tertipden halas bolmalydyr eger başarmasa onda tutuşlygyna ýok bolup giderler. Ynsanlaryň akly olary parahatçylyga iter, ölüm gorkusy başda bolmak bilen asuda ýaşaýyş islegi, arzuwlara ýetme islegi ynsanlary biri-biri bilen düşünişmäge mätäç edýär we netijede bu babatda jemgyýetçilik şertnamasy orta çykýar.

Jemgyýetçilik şertnamasyndan soňra häkimiýetiň emele gelmegi üçin jemgyýetdäki ähli ynsanlar öz ygtyýarlaryny ýeke-täk kişä tabşyrmalydygyny aýdýar Hobbes.[3]

Hobbes, Lewiathan eseriniň üsti bilen döwletiň ynsan eli bilen döredilen emeli mahlukdygyny, döwletiň ynsanlary goramak we ynsanlara esewan bolmak üçindigini aýdýar.[4] Hobbes Lewiathan eserinde Lewiathan hökümet işgärlerini bu ägirt uly jandaryň hereket etmegini emele getirýän emeli goşundylardygyny; hökmürowanlyk adalgasynyň içindäki jezalandyrma we sylaglandyrma bolsa bu barlygyň gahar sistemasydygyny aýdýar. Hobbes bu eserinde Lewiathan üsti bilen döwlet baradaky düşünjelerini beýan edýär.[5]

Hobbese görä döwlet parahatçylygy we asudalygy ýola goýmak, bilim we deňligi ýola goýmak üçin döredilendir. Hobbese görä döwlet zähmet çekmek mümkinçiligi bolmadyklary başgalaryň sadakasyna zar bolmakdan halas etmelidir, olara ýardam bermek hem döwletiň asudalygy üpjün etmek wezipesine degişlidir.[6]

Hobbese görä kilise (buthana, serkow) döwlete degişli bir guramadyr we häkimiýet diňe syýasy döwlete degişlidir.[7]

Hökmürowanlyk we erkinlik baradaky garaýyşlary

düzet

Hobbese görä hökmürowan güýç hiç bir ýagdaýda hiç bir zada tabyn däldir. Hökmürowan güýç jemgyýetçilik şertnamasynda haýsydyr bir tarap däldigi üçin ol muňa tabyn däldir - şertnama garşy hereket etdi diýip soraga çekilip bilinmez, hökmürowan güýç şertnama tabyn däldir. Hökmürowan güýjüň nähak hereket edendigi barada hiç bir zat öňe sürlüp bilinmez, närazy hem bolmak mümkin däl. Netijede hökmürowan güýjüň jezalandyrylmagy barada gürrüň hem bolup bilmez. Hobbese görä hökmürowan güýç kanunlara tabyn däldir. Ynsanlaryň mülkiýet haky hökmürowan güýç tarapyndan berilen güýçdür. Erkinlik hökmürowan güýjüň çäklendirmedik zatlaryny edip bilme erkinligidir. Hökmürowan güýç bölünmez, çäklendirilmez, parçalanmaz, ýok edilip bilinmez.[8]

Hobbese görä asudalyk meselesi hökmürowan güýjüň adalatly bolmagyny gerekdirýär we ynsan mülküne we sosial synpyna seredilmezden kanun öňünde deň saýylmalydyr we deň çemeleşilmelidir.[6]

Hobbes hökmürowan güýjüň tebigy kanunlara tabyn bolmalydygyny emma öz goýan kanunlaryna tabyn däldigini öňe sürýär.[9]

Döwleti gowşadýan we çökerýän sebäpler baradaky garaýyşlary

düzet

Hobbes-e görä nämäniň gowudygyna ýa-da nämäniň erbetdigine her kimiň karar berip biljekdigini öňü sürýän taglymatlar döwlet üçin agyr zarbadyr. Munuň sebäbi hökmünde Hobbes gowulygy we erbetligi; kanunlaryň gowudygyny ýa-da erbetdigini kesgitleme haky kanun çykaryja degişlidigini görkezýär. Kanunlaryň erbetdigi ýa-da gowudygy barada çekeleşip bilmek we şoňa görä kanunlara eýerilmelidigi netijesine barmak döwleti gowşadýar. Mundanam daşary, adamlaryň wyždanyna görä hereket etmelidigini öňe sürýän taglymatlary hem döwleti gowşadýan faktorlaryň biri hökmünde görkezýär Hobbes.[9]

Hökmürowan güýjüň paýlaşylmagy maslahatynyň hem döwleti ýykýan sebäplerden biridir.[7] Kilisäniň häkimiýete şärik görülmegini ýa-da syýasy döwletden başga islendik bir zady häkimiýete şärik bolmagyny döwlet we kilise arasynda ýa-da beýleki şärikdeş bilen döwlet arasyndaky söweşe töwekgellik etmekdir, içerki söweşe töwekgellik etmekdir diýýär Hobbes.[9] Bulardan daşary garyşyk dolandyryşyň synalmagyny, döwletiň zerur resurslara eýe bolmazlygyny, jemgyýetçilik girdeijileriniň bir şahsyň monopoliýasyna geçmegini, jemgyýetde bir şäheriň, belli bir jemagatyň bolmalysyndan artyk güýçlenmegini, söweşde ýeňilgä duçar bolmagy döwletiň soňuny getirýän faktorlar hökmünde görýär Hobbes.[7]

Döwlet görnüşleri baradaky garaýyşlary

düzet

Hobbes hökmürowanlyk güýjüniň bir şahysda jemlenmegini monarhiýa döwleti diýip synplandyrýar. Hökmürowanlyk güýjüniň bir mejlisde bolmagyny demokratik ýa-da aristokratik döwlet diýip synplandyrýar. Aristokratiýa we demokratiýa arasyndaky tapawudy Hobbes şeýle kesgitleýär: Mejlise agza bolmak hukugy her kimde bar bolmagy demokratiýadyr, eger mejlise agza bolmak hukugy diňe käbir aýratyn hak-hukukly adamlarda bolsa onda bu aristokratiýadyr. Hobbese görä bu 3-sinden başga döwlet görnüşi ýokdur. Hobbese görä monarhiýadan närazylygy bolanlar oňa zalymlyk diýer, aristokratiýadan närazy bolanlar oňa oligarhiýa diýer we demokratiýadan närazy bolanlar oňa anarhiýa diýer. Hobbesiň özi monarhiýa tarapdarydyr we garyşyk dolandyryşlara garşydyr.[7]

Salgylanmalar

düzet
  1. Dünýä biografiýalar ensiklopediýasy tarapyndan Tomas Hobbes-iň biografiýasy.
  2. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul. 151-152-nji sahypalar
  3. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul/ 153-157-nji sahypalar.
  4. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul. 150-nji sahypa
  5. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul. 151-nji sahypa
  6. 6.0 6.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul. 159-160-njy sahypalar
  7. 7.0 7.1 7.2 7.3 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul. 162-nji sahypa
  8. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul. 157-159-njy sahypalar
  9. 9.0 9.1 9.2 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15.baskı. Beta Basım A.ş. İstanbul. 161-nji sahypa