Tor programma üpjünçiliginiň derejesinde hüjüm etmek.
Tor programma üpjünçiligi hakerler üçin hüjüm etmegiň iň aňsat usuly, sebäbi maglumatlaryň iberilýän aragatnaşyk kanaly adaty ýagdaýda goralmaýar we şol kanala elýeterligi bolan islendik adam maglumatlary kabul edip, özüniňkini hem iberip bilýär. Şonuň üçin tor programma üpjünçiliginiň derejesinde hakerleriň şeýle hüjüm etmeleri bolup bilerler:
▪ ýerli toruň segmentini diňlemek;
▪ marşrutizatorlarda maglumatlary saklap almak;
▪ ýalan marşrutizatory döretmek;
▪ tora hyzmat etmekden boýun gaçyrmak.
Tor programma üpjünçiliginiň derejesinde hakerleriň hüjüm etmegi tor birleşmeleriniň açyklygy bilen bagly. Şonuň üçin aragatnaşyk kanallaryny maksimal derejede goramak zerurdyr we şonda girmäge rugsady bolmadyk ulanyjylar üçin maglumatlaryň alyş-çalşygy kynlaşdyrýar. Aşakda şeýle gorag usullarynyň birnäçesi getirilýär:
▪ Kompýuter torunyň uzynlygyny maksimal kiçeltmek.
▪ Tory daşky gurşawdan daşlaşdyrmak.
▪ Tor maglumatlaryny şifrlemek.
▪ Tor maglumatlaryny elektron sanlar bilen goldamak.
▪ Brandmauerleri ulanmak.