Umumy ynsan taryhyna şamanizmdən sonra ilkinji gezek Mak Lennan tarapyndan girizilen Tutemizm, Durkheimyň pikrine görä iň ilkinji hem iň ỳönekeỳ düzgün bolan ilkinji urug (obşina) guruluşuna degişlidir.

Bu uruglary düzen ynsanlar biri-biri bilen belli bir garyndaşlyk ỳüpi bilen bagly hasap edilỳär. Ỳöne bu baglylyk gan birligi bilen däl-de eỳsem has özboluşly bir bag bilen, ỳagny diňe belli bir ortak ady göterỳändikleri bilen üpjün bolỳar. Bu at şol bir wagtyň özünde, özlerine aỳratyn baglydygyna ynanylỳan başga bir barlygyň hem adydyr. Bu gatnaşyklar bir garyndaşlyk gatnaşygy bolup, bütin urugy görkezmäge we beỳan etmäge ỳaran barlyga bolsa; Tutem; diỳilỳär.

Urugyň tutemi şol bir wagtyň özünde onuň her bir agzasynyň-da tutemidir. Her ururgyň diňe özüne mahsus bolan belli bir tutemi bardyr. Bir urugyň içindäki iki toparyň aỳry-aỳry tutemi bolup bilmeỳär. Tutem üçin ulanylỳan barlyklar köplenç ỳagdaỳda haỳwanlar we ösümlikler, ylaỳta-da haỳwanlardan ybaratdyr.

Tutem diňe bir at bolman eỳsem bir belgi we simwoldyr. Diňe bir belgi ỳa simwol hem bolman eỳsem belli bir mukaddes barlyk tipidir. Tutem, urug agzalary bilen tutem edip alynan barlygyň arasyndaky bar bolan tüỳs (jöwher) birligi manysyny aňladỳar. Görlüşi ỳaly tutemizm esasan ururg toplumuny suratlandyrỳan bir simwolyň mukaddesleşmegidir. [türkmeniň tire-taỳpalaryndaky öküz, tana, teke, tilki, turaç ỳaly atlar-da şu döwriň ỳadygärilkleri bolmaly.