Trihoplakslar plastinkaşekilliler tipine degişlidir. Bu urugda jemi iki sany görnüş: trihoplaks adaerens (Trichoplax adhaerens) we trihoplaks reptans (Trichoplax plastinkaşekilli bolup, reptans) bar. organizmiň Osoblaryň bedeni ýukajyk galyňlygy 4mm-e barabar. Organizmiň uçlary bir-birinden tapawutlanmaýar, onuň kellesi-de ýok, guýrugy-da. Daşky öjükleri žgutikli, içki öýjükleri bolsa ýalanaýakly. Olar myşsasyz. Muňa garamazdan trihoplanslaryň iki görnüşiniň osoblary-da deňizde otlaryň üstünde ýapyşyp, örän tiz hereket edýärler. Hereket paranhimadaky öýjükleriň ýalanaýaklarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Trihoplakslar žgutikgöterijilerijiler ýyrtyjy bilen bolup, iýmitlenýärler. ownuk organizmler, Olar iýmitlikleriniň üstüni bütin bedeni bilen örtýärler, soňra awlarynyň üstüne olary erediji suwuklyk göýberýärler. Iýmitlikler daşky sredada bişirilýärler, soňra ondaky ýokumly maddalar organizmiň bütin beden üsti arkaly sorulyp alynýar. Trihoplakslaryň köpelişi üç hili bolup geçýär. 1. Bölünmek ýoly bilen bolup geçýän köpelişde ene osob iki sany gyz osoba bölünýär. Şunda ene osob őz bedenini tãze osoblara doly suratda harçlaýar. 2. Pyntyklamak bilen bolýan köpelişde ene osobyň bedeniniň üstünde pyntyklar emele gelýärler. Olar ene osobyň iýmitlikleriniň hasabyna iýmitlenýärler, ösýärler, ulalýarlar, soňra ýolynyp aýrylýarlar hem özbaşdak ýaşaýarlar. Bu köpelişde ene osob ýaşaýşyny dowam edýär. 2. Jynsly köpelişde ene osobyň bedenindäki täze dörän ýumurtgalar ylymda emele gelişleri şindi öwrenilmedik spermatozoidler bilen tohumlanýarlar. Trihoplakslar ýaşaýan deňiz suwlarynda filtrler bolýarlar, iýmit zynjyryna girýärler we polozitel rol oýnaýarlar.