Turpan balyk
Turpan balyk —Teňňebalykşekilliler otrýady. Teňňebalyklar maşgalasy.
Ýagdaýy
düzetDerejesi III (VU) Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn aşaky görnüş.
Genefondy gorap saklamakda ähmiýeti
düzetGörnüşiň ýitirilmegi ýurduň ihtiofaunasynyň görnüş dürlüliginiň kemelmegine kemelmegine getirer.
Umumy
düzetAdaty Turpan balyga garanyňda has gararak reňkde. Gapdalyndan seredeniňde, arkasy ýaýşekilli, žabra gapagynyň yz ýanynda, kükrek ýüzgüçleriniň düýbünde gara tegmiller mese-mälim görünýär. Teňňeleri uly. Olaryň her biriniň yzky gyralary gara nokat zolak bilen gaýalan. Uzynlygy - 25一26 sm.
Ýaýraýşy
düzetEtrek, Sumbar, Çendir derýalary. Türkmenistandan daşarda - Zakawkaziýada we Eýranda bar[1一6].
Ýaşaýan ýerleri
düzetDerýa balygy. Arassa kisloroda baý, çalt akýan, düýbi çagylly-daşly derýalary halaýar.
Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy
düzetXX asyryň 30-40-njy ýyllarynda sany köpdi. Sumbar derýajygynda 1991-nji we 1997-nji ýyllarda ýek-tüki tutuldy. 2003-nji we 2007-nji ýyllarda derýalarda gabat gelmedi[2,6,7].
Esasy çäklendirilen sebäpleri
düzetDerýalaryň akymynyň kadalaşdyrylmagy we hapalanmagy
Biologiýasynyň aýratynlygy: Urkaçy balyklar üçünji we erkek balyklar一ikinji ýylda jyns taýdan ösüp ýetişýär. Haýwanlar (gurçuklar, mör-möjekleriň liçinkalary, ownuk balyklar, gurbagalar) käte ösümlikler bilen iýmitlenýär. Önümçilik ähmiýeti ýok, höwesjeň balykçylar tutýar[1,2,6,7] ==Köpeldilşi==
Barlag geçirilmedi.
Gorag üçin görlen çäreler
düzetIşlenip düzülmedi.
Gorag üçin zerur çäreler
düzetDerýa suwlaryny hojalyk, medeni durmuş we dynç alyş maksatlary üçin rejeli peýdalanmaly, olaryň akymynyň möçberini durnuklaşdyrmaly.
Barlaglar boýunça teklipler
düzetÝaýraýşyny we biologiýasyny öwrenmeli. Sumbar, Çendir we Etrek derýalarynyň gidrologik kadasyna gözegçilik etmeli. Etrek derýasynyň we onuň aşaky akymynyň ekoulgamyny dikeltmeli.
Düzüji: F. M. Şakirowa.
Maglumat
düzet1. Berg 1934. 2. Berg 1949. 3. Laptew 1934. 4. Starostin 1992. 5. Nikolskiý 1971. 6. Aliýew, Suwhanowa, Şakirowa 1988. 7. Salnikow 2008.