UWAROWYŇ ÇÖLÇI ÇEKIRTGESI

пустынница Уварова (Uvarovium desertorum) Göni ganatlylar otrýady Çekirtgeler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Urugyň ýeke-täk görnüşi. Türkmenistanyň endemigi. Gysgaça beýany. Orta ululykdaky çekirtge. Kellesi uly bolup, öňe tarap has çykyp duran. Yzky butlary inçeden uzyn. Esasy reňki çal ýa-da sarymtyl-çal, garyn böleginiň aşagy sary. Bedeniniň uzynlygy erkekleriniňki 16,9–19,1 mm, urkaçylarynyňky 26,6–27,9 mm. Ýaýraýşy. Üçajy demir ýol bekediniň töwerekleri, Murgabyň jülgesi, Bathyz. Ýaşaýan ýerleri. Çöl peçeginiň we gandymyň düýpleri, ýylagyň we goňurbaşyň selçeň örtügi bolan berkeşen çägeler. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Iki-ýeke gabat gelýär. Esasy çaklendiriji sebäpler. Görnüşiň ýaşaýan meýdanlarynda malyň köp bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ösümlik düýpleriniň arasynda ýaşamaga uýgunlaşan (hakyky tamnobiont) çekirtge. Maý aýynyň başynda liçinkalary döreýär, iýun aýynyň başynda — ganatlanýar. Çekirtgäniň jyns taýdan ýetişenleri iýun aýyndan awgust aýynyň başyna çenli duş gelýär. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Repetek döwlet biosfera goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan ýerlerini goramaly, şol ýerlerde mal bakylmagyny çäklendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Repetek döwlet biosfera goraghanasynda görnüşiň populýasiýasynyň ýagdaýyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa