Ugur Aziada tarap

Eziz diýarymyzyň paýtagty bolan ak şäherimiz Aşgabatda geljek ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şatlyk-şowhuna beslenjek günleri hem barha ýakynlaşýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň giň gerim almagy, ylaýta-da Olimpiýa şäherjiginde dürli synag ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilip durulmagy, Olimpiýa şäherçesiniň 3 tapgyrdan ybarat gurluşygynyň soňky tapgyrynyň çalt depginde dowam etmegi, sportuň käbir görnüşleriniň diýarymyzda ilkinji gezek geçirilip, ol boýunça türkmen türgenlerimiziň öz ussatlyklaryny görkezmegi hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky aladalarynyň miwesi bolup durýar. 

2017-nji ýylda diýarymyzyň paýtagtynda geçiriljek, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna meýletinçileri ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen geçirilýän sapaklar hem häzirki wagtda has-da giň gerim alýar. Meýletinçilere dünýäniň şol sanda Watanymyzyň, taryhy, geografaýasy, barada sapaklaryň geçilmegi, sportuň görnüşleri we beýleki ugurlar dogrusynda giňden düşünje berilmegi olaryň gözýetiminiň giň bolmagy, daşary ýurtly wekilleriň berýän sowallaryna olara düşnükli dilde kanagatlandyryjy jogaplary tapmagy üçin zerurdyr. Geçilýän sapaklaryň esasy bölegini bolsa daşary ýurt dilleri tutýar. Hut Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan sport adalgalarynyň birnäçe sözlüginiň neşir edilmegi bolsa Aziada-2017-ä gatnaşyjylar we sport bilen gyzyklanýan adamlara niýetlenip, onda sporta, lukmançylyga degişli hem-de gündelik durmuşymyzda ulanylýan sözler, söz düzümleri, sözlemler ýerleşdirilen. Bu hem dil öwrenýän meýletinçiler üçin gymmatly gollanmadyr. Diýarymyzda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmek dogrusynda uly tagallalaryň edilmegi bilen hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, hut maý aýynyň 5-ne bolsa “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň we “Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň jemleýji çäreleri bilen birlikde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli bolsa dabaranyň geçirilmegi aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Sagat 17:00-da “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghananyň ýanyndan Milli Liderimiziňbaşlangyjy bilen Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagynyň hormatyna guralýan köpçülikleýin atly ýörişe badalga berilmegi, 17 atlynyň dabaraly ýagdaýda ýola düşmegi halkymyzda guwanç, buýsanç duýgusyny oýardy. Häzirki wagtda oýunlaryň başlamagyna ... gün galdy. Sport bilen meşgullanmaga, köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt üçin, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň halkara menejment hünäriniň 2-nji ýyl talyby Merjen Murykowa