Altyn Ordanyň hany

(...? 一 1446)

Özünden öň: Hajy Muhammet

Özünden soň: Barak han 1426 —1427

Özünden öň: Barak han

Özünden soň: Barak han 1428

Özünden öň Barak han

Özünden soň: Kiçi Muhammet 1428 一 1432

Özünden öň Kiçi Muhammet

Özünden soň: Kiçi Muhammet

Gazan hany

1438 —1445

Özünden soň Mahmud (Mamutýak)

Ýaýyjy: Yslam

Doguldy: 1405

Öldi: 1445 Gazan

Asly: Çingizid

Kakasy: Içkile Hasan

Ogly: Mahmud (Mamutýak), Mustafa, Kasim, Ýakub.

Gazan hany, Gazan hanlygynyñ gurujysy. Dogulan wagty we ýeri näbelli. Kazanda ölýär. Çingiz hanyñ ogly Juçynyñ Toga Timur şahasyndan gelen Içgile Hasanyñ ogly. 1395-nji ýylda Altyn Orda hany Togtamyş han tagtyndan el çekensoñ ýüze çykan içki gapma-garşylyklar wagty özüni tanatdy. 1419-njy ýylda Lehistan-Litwaniýa karoly Withouthyñ kömegi bilen Kryma we Gypjak bozgurlygynda häkimýetini gurdy. Timurly hökümdary Şahruh bilen hyzmatdaşlyk edip Gypjakdaky häkimýetini güýçlendirmäge çalyşdy. 1423-nji ýylda bolan uruşda Altyn Orda hany Barakdan ýeñilip Gypjagyñ ep-esli ýerlerini elden giderdi. Ýöne Lehistan karolyndan alan kömegi bilen 1427-nji ýylda Saraý şäherini Barakdan gaýdyp aldy. 1431-nji ýylda häkimýetini doly ele almak üçin Moskwa Knýazy Wasiliý Týomnydan kömek sorady. Altyn Orda bilen arasynyñ bozulmagyny göwnemedik Wasiliý kömek etmekden ýüz öwrende onuñ üstüne ýöriş etdi. 1437-nji ýylyñ 5-nji dekabrynda Below ýakynlarynda bolan söweşde, ondan üstün çykdy we täze hanlyk gurdy. 1439-njy ýylyñ Iýunynda Moskwany gabady, ýöne şäheri eýeläp bilmedi. 1444-nji ýylda Nižniý Kowgorody basyp alyp Murom şäherine çozdy. 1445-nji ýylyñ Iýulynda Suzdal ýakynlarynda bolup geçen söweşde ýeñiş gazanyp Wasiliý Týomnyny tussag edýär. W. Týomny we onuñ jigleri salgyt bermegi netijesinde boşadylýar. Aýratynam Oka derýasynyñ boýundaky topraklarda oglunyñ ady bilen belli bolan Kasym hanlygy guruldy. Dargan Altyn Orda hanlygyny eýelejek bolup ýören wagtlary dünýeden ötdi. Ýerine ogly Mahmyt han geçdi.

Çeşme

düzet

Türki we Dünýä meşhurlarynyñ Ensiklopediýasy (türkçe)