Urug jemagatynyň döremegi we ösmegi

Urug jemagatynyň döremegi we ösmegi.

1. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi.

2. Giçki paleolit döwründe häzirki zaman adamlarynyň keşbine meňzeş adamlaryň emele gelmegi. Ýewropapisint, mongolpisint we negrpisint jynslaryn döremegi.

3. Enelik urug gatnaşyklary.

4. Nika we onuň görnüşleri.

5. Mezolit döwründe howanyň özgermegi. Mezolit eýýamynyň oýlap tapyşlary. Adamyň Günortadan Demirgazyga ýaýramagy.

6. Neolit öwrülişigi. Taýpa bileleşmeleriniň döremegi.

1.Giçki paleolit döwri mundan 40 – 14 müñ ýýl öñki döwri öz içine alýar. Ony wýurm buzlugynyñ döwrüne degişli edýärler. Wýurm buzlugy riss döwründäkiden kiçi bolsa-da howa sowuk bolupdyr. Howa ýagdaýy Demirgazyk Ýewropada , Aziýada we Amerikada gurak we örän sowuk bolupdyr.

Giçki paleolit döwründe ýasalan zähmet gurallary görnüşleri boýunça dürli – dürli bolup, öndürijiligi ýokary ekeni. Giçki paleolitiñ duralgalarynda kesmek, ýonmak, dürtmek üçin gurallar, naýzalaryñ uçlary, gysga naýzalar, naýza zyñyjylar, garpunlar, iñneler, serdarlaryñ süñkden ýasalan hasalary, gazawlar tapylýar. Şolaryñ içinde iñ möhümleri kesgiç we gazaw bolupdyr. Gesgiji zähmet gurallaryny ýasamak üçin ulanypdyrlar. Onuñ bilen süñkden , haýwanlaryñ şahlaryndan gurallar ýasalanda peýdalanypdyrlar.

Gazawlar bilen ýumşak zatlary işläp bejeripdirler(deri, agaç). Giçki paleolit döwrüniñ gazawlary mustýe döwründäkiden tapawutlylykda uzyn, ýasy, işlenýän gyrasy aýlaw örnüşinde bolupdyr. Şu döwrüñ awçylarynyñ esasy ýaragy naýza bolupdyr. Käbir gurallary amatly bolar ýaly tutawaçly edip ýasapdyrlar. Çakmak daşyna sap (tutawaç) berkidipdirler. Şeýlelikde gurallaryñ ýasalyş usuly çylşyrymlaşyp başlapdyr. Naýzazyñyjy adamyñ güýjüniñ üstüni ýetirýän ilkinji mehaniki serişde bolupdyr.

Daşy işläp bejermek usuly hem kämilleşýär. Daş gurallary simmetrik we işlenilýän gyrasyny ýiti edip ýasap başlapdyrlar. Giçki paleolit döwründe süñkden we haýwanlaryñ şahyndan zähmet gurallaryny ýasamak giñ gerim alypdyr. Giçki paleolit döwründe hem awçylyk we ýygnaýjylyk uly ähmiýete eýe bolupdyr. Aw awlamak öñkä garanda has üstünlikli bolan. Muny duralgalaryñ ýaşaýjylarynyñ iýen haýwanlarynyñ süñkleri subut edýär. Mysal üçin , Przedmostda (Çehoslawakiýa) 1000 mamontyñ , Amwrosiýewkada (Ukraina) 1000 töweregi bizonyñ , Solýutrede (Fransiýa) 10 müñ töweregi onuñ iýlen süñkleri tapylypdyr. Olar köpçülikleýin , guramaçylykly , gabamak arkaly haýwanlary awlapdyrlar. Duralgalar köplenç kert ýerleriñ golaýýnda bolupdyr. Gabamaklygyñ usullary kämilleşipdir. Haýanlary kert ýerlere , batgalyklara, gazylan çukurlara ot bilen gorkuzyp kowalap eltipdirler. Buzluk ýerlerden uzaklarda, ýagny ortaýerdeñiz – afrika, Orta Aziýa taraplarda adamlar leopardlary, dag tekelerini, keýikleri, ýyrtyjy haýwanlary awlapdyrlar. Balyk tutmaklyk hem başlanypdyr.

Giçki paleolit döwrüniñ adamlary gowaklarda we howa şertlerine laýyklykda bassyrmalarda , çatmalarda , ýerkümelerde ýaşapdyrlar. Olaryñ ortasynda ot ýakar ýaly ýer bolupdyr.

2. Giçki paleolit döwründe adamlar Ýewropada, Aziýada we Afrikada ýewropapisint, mongolpisint, negrpisint jynslara bölünipdirler. Ýöne olaryñ arasyndaky tapawut häzirkileri ýaly güýçli bolmandyr. Jynslaryñ arasyndaky tapawut adamyñ daşky keşbine ýerli şertleriñ täsiri bilen müñýyllyklaryñ dowamynda emele gelipdir. Oña howanyñ temperaturasy we çyglylygy , şemal, günüñ ýagtysy täsir edipdir. Mongolpisint adamlaryñ keşbi ýer üstüniñ çöllük – sähralyk bolmagy , dowamly we güýçli ýeller , çäge syrgynlary, açyk gün şöhlesi, Aziýanyñ arktiki ýerlerinde bolsa , gözüñe güýçli täsir edýän gün şöhlesiniñ serpikmesi netijesinde emele gelipdir. Mongolpisint adamyñ gabaklary çişipdir. Gözüñ iñçe açylmagy ýüzündäki galyñ ýag gatlagy ony çägeden we tozandan , gün ýagtysyndan we sowukdan gorapdyr.

Negrpisint jyns ýokary temperaturaly we çyglylykly tropiki howa şertlerinde emele gelipdir. Olaryñ derisiniñ reñki gara (aýratyn pigment melaniniñ köplügi sebäpli), saçlary burum – burum, burunlary inli, dodaklary galyñdyr.

“Jyns” düşünjesi adam üçin ilkinji gezek fransuz F.Bernýe tarapyndan 1675 –nji ýylda ulanyldy. 1735-nji ýylda şwed tebigaty synlaýjysy K.Linneý daşarky alamatlary boýunça adam jynslaryny toparlara böldi. Jynslar – adamlaryñ taryhy taýdan emele gelen görnüşleri bolup, olaryñ fiziki alamatlary nesle geçýär.

3.Giçki paleolit döwründe bolan urug jemagatyny taryhy taýdan dikeltmek üçin arheologik tapyndylar bilen bir hatarda etnografiki meñzeşlikleri hem ulanýarlar. Olara Tasmaniýanyñ we Awstraliýanyñ ýerli ilaty , Filippinleriñ aetleri , Malakanyñ semangalary we senoýlaryñ bir bölegi, Şri – Lamkanyñ tokaý andamanlary we weddalary, Kalahari çölüniñ buşmenleri , eskimoslaryñ bir bölegi, Otlyýer adasynyñ ilaty we käbir beýleki Günorta Amerikanyñ taýpalary degişlidirler.

Adam sürüsiniñ uruga öwrülmegi önümçiligiñ ýokarlanmagy we daşky nika gatnaşyklarynyñ emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Daşky nika gatnaşyklary garyndaşlaryñ ganynyñ gatyşmagynyñ edýän zyýanyny aradan aýrypdyr we urugyñ möhüm aýratynlygy bolupdyr.

Uruglarda 100-150 adam bolupdyr. Her duralgada 2-3 sany ýaşaýyş jaýý bolup, hersinde 50 töweregi adam ýaşapdyr. Bile işlemek , bile ýaşamak we aw awlamak, belli bir derejedäki oturymlylyk garyndaşlyk gatnaşyklaryny has güýçli duýmaga ýardam edipdir. Uly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak adamlaryñ uly toparynyñ güýçleriniñ jemlenmegini talap edipdir.

Giçki paleolit döwründe aýallaryñ şekillendirilen heýkeljikleri köp ýaýrapdyr. Bu bolsa maşgala - urug gatnaşyklarynda enelik başlangyçlaryñ agalyk edendigini añladýar. Şol döwürdäki toparlaýýn nika gatnaşyklarynda atalyk jemgyýetçilik manysynda belli bolmandyr. Ähli çagalar enäniñ daşynda jemlenipdir. Ýaşaýyş jaýlary önümleriñ saklanýan ýeri ahasaplanypdyr. Getirilen aw önümlerini aýal paýlapdyr. Aýal , öýe , ojaga, çagalara iýmit önüleriniñ saklanyşyna, nahar taýýarlamaga, egin – eşik tikmäge gözegçilik edipdir. Aýallar urugyñ esasy we umumy ýaşalýan jaýýñ bikeleri bolupdyrlar. Şeýle şertlerde ilkinji uruglarda ene häkimligi höküm sürüpdir.

Enelik urugy mezolit we neolit döwründe özüniñ has ösen basgançagyna ýetipdir.

Etnografiki çeşmeleriñ şaýatlyk etmegine görä giçki mezolit döwründe urug – taýpa guramasy ösüp, neolit döwründe ol has-da gülläp ösýär. Mezolit döwründe taýpa birnäçe urugdan durupdyr. Zähmet tebigy taýdan bölünipdir: aýallar ýygnaýjylyk, erkekler aw awlamak bilen meşgullanypdyrlar. Olaryñ jemgyýetçilik ýagdaýy deñ hukukly bolupdyr.

Jemagat ýaş aýratynlygy boýunça garrylara , ululara we çagalara bölünipdir. Hersiniñ öz hukuklary we borçlary bolupdyr. (zähmet borçlary, iýmit almaga hukuk, urugyñ ýygnagyna gatnaşmaga , nikalaşmaga we ş.m. hukuklar). Çagalar urşa gatnaşmandyrlar, ýýgnakda sesi bolmandyr, garrylar bolsa däp-dessurlara gözegçilik edipdir. Olaryñ jemagatda uly täsiriniñ bolandygy , bilimleriniñ we tejribeleriniñ köpdüginden habar berýär. Ulularyñ toparyna geçmeklik inisiasiýa , ýagny “bagş etmek” däbi arkaly amala aşyrylypdyr. Bu däp dürli halklarda birmeñzeş bolmandyr we birnäçe basgançakdan ybarat bolupdyr. Jübüt maşgala hojalygy özbaşdak ýötermändir. Ol uly ene maşgala degişli bolupdyr we öý hojalygyna iñ garry aýal baştutanlyk edipdir. Başga urugdan gelen giýewler aýalynyñ urugynda içerki tertipler babatda uly orun tutmandyrlar. Olaryñ derejesi enelik urugynyñ gülläp ösen wagtynda öñki deñhukukly döwründen birneme pese düşüpdir. Aýallaryñ jemgyýetdäki ýokary derejesi olaryñ jemgyýetçilik önümçiliginde we öý hojalygynda esasy orun tutýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Maşgalanyñ jübütligi köplenç goşmaça nikalar bilen utgaşypdyr. Köp aýallylyk hem duş gelipdir. Nikanyñ “sororat” aýal dogan görnüşi hem bolup, onda birnäçe gyz dogan bir adamyñ aýaly bolupdyr. Bu ýagdaý soñky döwürlerde ýogalan aýalyñ doganyna öýlenmek däbine öwrülipdir. Şeýle hem “lewirat” – erkek doganyñ aýaly bilen ýaşaşmaklyk duş gelip, ol soñra ýogalan doganyñ aýalyna öýlenmek däbine geçipdir. Şonuñ bilen birlikde erkekleriñ – aýallaryny, aýallarynyñ – ärlerini birnäçe gezek çalyşýan ýerleri bolupdyr.

Erkekleriñ we aýallaryñ aýry emlägi bilen bir hatarda özara alyş-çalyş bolan. Käbir umumy zatlar hem bolupdyr.

5.Mundan 12-14 müñ ýyl ozal ýa-da b.e. öñ 12-10 müñ ýyllyklar töwereginde giçki paleolit döwri tamamlanyp, mezolit (orta daş asyry) eýyamy başlanypdyr. Buzluk eýyamy tamamlanypdyr. Mezolit döwründe howa ýagdaýy, ösümlik we haýwanat dünýäsi kem-kemden häzirki häsiýetlerine eýe bolup başlaýar. Mezolit b.e. öñ VII müñýyllyga çenli dowam edipdir. Buzlugyñ eremegi bilen mamont, ösgün tüýli nosoroglar ýaly haýwanlar howa şertleriniñ üýtgemegi , aw awlanmagy netijesinde ýok bolupdyr. Beýleki haýwanlar meselem, demirgazyk suguny, buzlugyñ yzy bilen demirgazyga gidipdirler.

Howanyñ maýlamagy bilen tokaýlar emele gelip başlapdyr. Tokaýlarda sugun, los , ýekegapan, aýy we beýleki haýwanlar ýaşapdyrlar. Olar ownugrak we ýyndam ekenler.Olary awlamak üçin öñki usullar we ýaraglar könelipdir. Indi okýaý oýlanyp tapylypdyr we haýwanlary uzakdan awlamaga mümkinçilik döreýär . Bu döwürde mikrolitler-çakmak daşyndan ýasalan ownuk gurallar giñ ýaýraýar. Olaryñ uzynlygy 1-2 sm bolup, bulary agaçdan we süñkden edilen saplara oturdypdyrlar. Olary kesmek, ýonmak, ok-ýaýyñ okunyñ uçlary üçin ulanypdyrlar.

Mezolit döwrüniñ nusgalyk oýlap-tapyşlarynyñ birem bumerang bolupdyr. Ony başarjañlyk bilen zyñyp, dürli aýlawly hereketler bilen 150 m uzaklyga ýetirip bolupdyr.Bumerang ýer ýüzüniñ köp taýpalaryna mälimdir,ýöne ol awstraliýaly ýerli ilatyñ esasy ýaragy bolupdyr.

Mezolit döwründe haýwanat özgermegi bilen, haýwanlary gabap awlamaklygyñ ähmiýeti gaçypdyr. Indi haýwanlary ok – ýaý bilen ýekelikde awlapdyrlar. Gereginden artyk awlanan ýaraly ýa-da çaga haýwanlary eldekileşdirmek pikiri ýüze çykypdyr. Ilkinji eldeki bolan haýwan itdir. Ony ilki et üçin , soñra aw, goragçy hökmünde peýdalanypdyrlar. Mezolit döwrüniñ ýaşaýyş jaýlary paleolit döwründäkiden kiçi bolupdyr. Bu döwrüñ ýadygärlikleri köp medeni gatlakly bolupdyr. Awçylar bir ýaşan ýerine birnäçe gezek gaýdyp gelipdirler. Täze ýaragyñ peýda bolmagy we aw usulynyñ üýtgemegi bilen bir ýerde uzak ýaşamak mümkin bolmandyr. Awçylaryñ uly bolmadyk topary awyñ gözleginde aýlanyp ýöräpdirler. Iýmit gözlegindäki adamlar buzdan boşan ýerlere göçüpdirler. Gysga wagtyñ içinde adamlar Pribaltikany, Şatlandiýany, Skandinawiýany, Demirgazyk Buzly ummanyñ kenarlarynyñ bir bölegini , Amerikany, Awstraliýany özleşdiripdirler.

6.Neolit döwrüniñ başlanmagy bilen kem-kemden öndüriji hojalyga geçilip başlanypdyr. Ýer ýüzüniñ dürli ýerlerine ýaýran adamlaryñ ösüşi dürli depginler bilen ösüpdir. Demirgazykdaky taýpalar öñki derejesinde uzak wagtlap galypdyrlar. Ýöne günorta ýerlerde ösüş çalt depginler bilen öñe gidipdir.

Bu döwürde adamlar saply , ýylmanan we deşilen gurallary, dokma stanogyny ulanypdyrlar. Toýundan gap-gaç ýaşapdyrlar, agaç işläp bejeripdirler, gämi gurupdyrlar, tor dokapdyrlar. B.e. ön IV müñýyllykda peýda bolan küýzegärçilik stanogy zähmet öndürijiligini we önümiñ hilini ýokarlandyrypdyr. B.e. öñ IV müñýyllykda gündogarda araba oýlanyp tapylypdyr.

Neolit döwründe öndüriji hojalyga geçirmegi taryhda “neolit öwrülişigi ” hökmünde bellenilýär. Bu döwürde ekerançylyga we maldarçylyga I jemgyýetçilik zähmet bölünişigi bolup geçýär. Soñra bolsa zähmetiñ II jemgyýetçilik bölünişigi oba hojalygyndan hünärmentçiligiñ bölünip aýrylmagy bolup geçýär.

Ekerançylygyñ döreýşi we ösüşi hemme ýerde gyradeñ däldir. Ekerançylygyñ ilkinji ojaklary Palestinada, Müsürde, Eýranda, Yrakda ýüze çykaryldy. Orta Aziýada şol sanda Türkmenistanda hem , baryp b.e. öñ IV müñýyllykda suwarymly ekerançylyk bolupdyr. Ekerançy taýpalar uly obalar bolup, palçykdan salnan jaýlarda ýaşapdyrlar. Käýerlerde obadaşlaryñ sany birnäçe müñ adama çenli bolupdyr. Türkmenistanda Jeýtun medeniýeti , Ukrainada Bug – Dnestr medeniýeti irki ekerançylyk ýadygärlikleri bolup, olar b.e. öñki V-IV müñýyllyklara degişlidirler.

Neolit döwründe uruglar fratriýalara we taýpalara gr “doganlyk” birleşipdirler. Ilkinji taýpa bileleşmeleri emele gelip başlaýar. Fratriýalar enelik urugyndan bölünip aýrylan garyndaş uruglaryñ birleşmesi bolupdyr. Amatly şertlerde we daşky nika tertiplerinde uruglar çalt ulalypdyrlar. Bir uruga degişli ýerlerde eklenmek kyn bolupdyr. Şonuñ üçinem ilkinji enelik urugdan ýakyn garyndaşlaryñ topary bölünip aýrylyp, täze uruglary döredipdirler. Ýöne olar öñki ene urugy bilen gatnaşyk saklapdyrlar, umumy adyny , däplerini, dilini ýitirmändirler. Enelik we ondan emele gelen ilkinji fraktiýalary emele getirip, dört we ondan hem köp uruglardan durupdyrlar. Ilki fratriýalar ekzogam, soñkulary endogan bolupdyrlar. Irki taýpa iki urugdan , soñra dört , sekiz ondan hem köp bolupdyr. Giçki taýpalarda uruglaryñ sany juda köp bolupdyr.

Mowzuk: Atalyk urug jemagaty

Meýilnama:

1. Atalyk urugynyñ döremeginiñ sebäpleri.

2. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ dargamagy. Harby demokratiýa.

3. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ medeniýeti

1.Jemgyýetiñ ykdysady taýdan ösmegi ene häkimliginiñ ata häkimligi bilen çalşyrylmagyna ýardam edipdir. Sürümli ekerançylyk, maldarçylyk, awçylygyñ we balykçylygyñ ýöriteleşmegi, ekerançylykdan bölünip emele gelen hünärmentçilik – bularyñ hemmesi erkekleriñ kärleri bolupdyrlar. Erkekleriñ maşgalada täsiri gitdigiçe artypdyr. Ekerançy we urşujy bolan erkekler maşgalada baştutan bolupdyrlar. Aýallaryñ elinde öý hojalygynyñ käbir işleri galypdyr. Onuñ jemgyýetçilik täsiri hem pese düşüpdir. Nikalaşansoñ indi aýallar adamsynyñ urugyna gitmeli bolupdyrlar. Urugyñ esasy merkezi erkeklerden ybarat bolup, olaryñ gyzlary we doganlary nikalaşansoñ, öz urugyny terk etmeli bolupdyrlar. Urugy olar üçin töleg talap edipdirler.

Indi önüm urugyñ içinde paýlanman, ony maşgalada saklamaga çalşypdyrlar. Emläk atasyndan çagalaryna geçip başlapdyr. Garyndaşlyk hem ata tarapyndan hasaplanyp ugraýar. Aýallar tabyn ýagdaýa düşüp, olar üçin ýeke nikalylyk girizilýär. Erkekler üçin bolsa köpaýallylyga ýol berlipdir.

Çarwa taýpalara häsiýetli bolan guburlarda erkekleriñ we aýallaryñ bilelikde jaýlanmagy äri ölende aýalyny hem öldürip bile jaýlandyklaryny añladýar.

Erkekleriñ täsirini artdyrmak üçin göreşde daýanç merkezleri döräpdir. Erkekleriñ öýlerinde bagş etmek däbinden geçen, ýöne öýlenmedik ýaş oglanlar ýaşapdyrlar. Ol ýer urug jemagatyndaky erkekleriñ ýygnanýan , boş wagtlaryny geçirýän ýerleri bolupdyr. Ene häkimliginden ata häkimligine geçilýän döwürde erkekleriñ öýleri erkekleriñ bileleşmelerine ösüp geçipdir. . Olaryñ maksady aýallaryñ häkimligini ýok etmäge gönükdirilipdir. Erkekleriñ bileleşmeleri öz agzalaryny we olaryñ hususy emlägini gorapdyrlar. Ata häkimliginiñ emele gelmegi atalyk maşgalanyñ döremegi bilen bilelikde bolup geçýär. Erkekleriñ gizlin bileleşmeleri Melaneziýanyñ taýpalarynda saklanyp galypdyr.

Maşgala jemagaty jemgyýetiñ ykdysady birligi bolup durupdyr. Atalyk maşgalasyna erkegiñ nesilleri we gullary degişli bolupdyr. Maşgala iñ uly erkek adam baştutanlyk edipdir. Onuñ ähli agzalary umumy jaýda ýaşapdyrlar, bir gazandan naharlanypdyrlar, bile işläpdirler we emläge eýeçilik edipdirler.

Haçan-da maşgala ulalyp, onda hojalygy ýöretmek kynlaşyp başlanda, maşgala jemagaty böleklere bölünipdir. Gelip çykyşy boýunça bir bolan maşgalalardan uruglar emele gelipdir. Umumy uruga degişli bolan meseleleri çozmek üçin atalyk maşgalalaryñ baştutanlary ýygnanyşypdyrlar. Urug jemagatynda dini kultyñ baştutany we urug däplerini saklaýjy adam bolupdyr. 2.Ilkidurmuş jemgyýetiniñ tehnikasy demir eýyamynda uly ösüşe eýe bolýar. Demriñ mis bilen bürünje garanda ägirt uly artykmaçlyklary bolupdyr. Demir magdany tebigatda köp duş gelipdir. Demriñ ilkinji gezek işlenip bejerilen we eredilen yzlary Alynky Aziýada duş gelip, ol b.e. öñki XIV asyra degişidir.

Zähmet gurallaryny ýasamak üçin demriñ ulanylmagy ekerançylyk ýerlerini has giñeltmäge mümkinçilik beripdir. Köp halklarda ekerançylyk hojalygyñ esasy pudagyna öwrülýär. Şeýle hem maldarçylyk bilen meşgullanýan taýpalar emele gelip, bularyñ arasynda alyş – çalyş döreýär. Demir hünärmentçiligiñ ösmegine-de ýardam edipdir. Süñk, agaç, deri, reñkli metallary işläp bejermekde demir gurallaryñ ulanylmagy bilen , uly özgerişlikler bolýar. Demirçi ussalar peýda bolýar. Hünärmentçilikde küýzegärler, dokmaçylar we zähmet gurallaryny ýasaýan beýleki hünärmentler peýda bolýar. Hünärmentçilik oba hojalygynyñ aýratyn bir pudagy hökmünde ýuze çykýar.

Alyş-çalşyñ ösmegi umumy ölçeg birliginiñ döremegine getiripdir. Köp ýerlerde öý mallary şeýle roly ýerine ýetiripdir. Meselem, latyn diline pula “pekunia” diýilýär. Ol bolsa “mal” diýen mazmuny añladýar. Hindisatnyñ pul birligi rupiýa hem “mal” diýen manyny añladýar. Käbir halklarda alyş-çalyş birlikleri seýrek duş gelýän balykgulaklar, pil süñki, guş ýelekleri, kakaonyñ kösükleri, metal önümleri we tokgalary ýaly zatlar pul edergine ulanylypdyr.

Zähmet gurallarynyñ kämilleşmegi we önümçiligiñ ýokarlanmagy bilen öñki köpçülik bolup edilen işler indi bir maşgala hem başardypdyr. Hususy eýeçilik ýuze çykyp, atalyk urug jemagatlary ayry-aýry maşgalalara dargapdyr we özbaşdak hojalyk ýöredipdir. Jübütleýin nika berkişipdir. Ony indi diñe erkek adamyñ bozmaga ygtyýary bolupdyr. Aýallar üçin ýekenikalylyk girizilýär. Ýöne erkekleriñ biwepalyk etmäge hukugy saklanyp galypdyr. Kiçi maşgalalaryñ öz jemagatyndan çykyp, başga ýere hat-da başga jemagatlaryñ agzalarynyñ ýanyna göçüp baran pursatlary bolupdyr. Netijede ganybir garyndaşlaryñ bitewiligi bozulypdyr. Garyndaşlyk baglanyşygy goñşüçylyk gatnaşyklary bilen çalşypdyr. Bir ýerde bile ýaşaýan maşgalalar käbir işleri bileleşip edipdirler. Meselem, Gündogarda bileleşip suwaryş desgalaryny gurupdyrlar.

Sürülýän ýerler maşgalalaryñ arsynda paýlanýan ekeni. Ýeri paýlamaklyk bes edilensoñ , paý ýerler hususy eýeçilige geçipdir.

Urug gurluşynyñ dargaýan döwründäkisyýasy ýagdayý harby demokratiýa diýip atlandyrýarlar. Bu döwürde hem öñki halk ýygnagy, ýaşulularyñ maslahaty , serdarlar, serkerdeler ýaly dolandyryş guramalary bolupdyr. Ýöne halk ýygnagyna diñe takmynan , 16-60 ýaş aralygyndaky urşujylar gatnaşypdyrlar. Ýaşulularyñ ýygnagy we serdar kazynyñ wezipesini ýerine ýetiripdirler. Sud etmeklik halkyñ gatnaşmagynda bolup geçipdir.

Bu döwürde uruşlar ýygy-ýygy bolupdyr. Uruşlar köplenç goñşulary talamak maksady bilen bolupdyr. Şonuñ üçinem harby serdarlaryñ ähmiýeti artýar. Uruşlar urug guralyşynyñ çalt dargamagyna we synplaryñ , döwletleriñ döremegine getiripdir. Harby demokratiýanyñ nusgawy görnüşi gomerçilik jemgyýetde , Rimiñ patyşalyk döwründe, skitlerde , keltlerde , germanlarda , normannlarda bolupdyr. 3.Ilkidurmuş sungatynyñ esasy görnüşleriniñ birem aýdymlar we tanslar bolupdyr. Tansyñ döremegini giçki paleolitiñ madlen düne degişli hasap edýärler. Aw we harby tanslaryñ dini düşünjeler bilen baglanyşygy bolupdyr. Ilkidurmuş adamlarynda saz gurallarynyñ urlup, üflenip, kirişli çalynýan görnüşleri bolupdyr.

Tebigaty synlamak we zähmet işiniñ netijesinde adamzadyñ bilimleri emele gelipdir.

Ilkidurmuş adamlarynyñ ýerine ýetirýän işleri netijesinde astronomiýa, matematika , geografiýa, kartografiýa, mehanika ylymlary döräp başlapdyr.

Medisina barada bilimler döräp ugraýar. Uruşlar hirurgiýanyñ ähmiýetini artdyrýar.. Metal işläp bejermekligiñ ösmegi ony gurallar bilen baýlaşdyrypdyr.

Taryhy we jemgyýetçilik bilimleri döräp ugrapdyr. Olar din we mifler bilen baglanyşykly bolupdyr. Urug gurluşynyñ ahyrlarynda piktografiýa ýuze çykýar. Ol hat ýazuwyñ başlangyjy bolupdyr. Piktografiýa şertli suratlar bolup, ol deriniñ , agaç gabygynyñ , agajyñ , süñküñ, daşyñ ýüzüne şekillendirilipdir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Mukaddes Ruhnamasynda “Ylym adamzat tarapyndan döredilen hazynadyr” diýşi ýaly, ylym adamzadyñ has irki döwürlerinde ýüze çykyp başlapdyr.