Bir maşgala girýän ösümlikleriň arasynda meňzeşlik köp bolsada, olaryň özara ta pawutlanýan alamatlary hem bardyr. Şolary nazarda tutup, her bir maşgalany uruga bölýärler. Mysal üçin, kädi, gawun we hyýar kädiler maşgalasyna girýän bol salarda olaryň güllerindäki, ylaýtada miwelerindäki özara tapawudy oňat görmek bolýar. Şoňa göräde bular kädiler maşgalasyna degişli bolan kädi, gawun we hyýar uruglaryna bölünýär. Kädi urugyna degişli ösümlikle ri miweleriniň şekilleri we gurluşy boýunça tapawut landyrmak bolýar. Daş kädi, haýwan kädi we palaw kädi şol urugyň görnüşleridir. Şeýlelikde, ösümlikleriň görnüşleri uruga, uruglar maşgala, maşgalalar bolsa klasa birikdirilýär.