Uzboý
Uzboý- gadymy adamlaryň mekanlaryndan biridir. Uzboý jülgesinde mekan tutan gadymy adamlaryň ýaşaýyş durmuşy öwrenilende daşdan ýasalan, ýylmanan paltajyklara duş gelindi. Bu paltajyklar edil Kelteminarda duş gelen paltajyklara meňzeşdir.
Uzboýda ýaşaýyş üçin has amatly şertler bolupdyr. Uzboýda adamlar b. e. öňki IV müňýyllykda köpçülikleýin ornaşypdyrlar. Uzboýuň boýunda gadymy mekanlar köp bolupdyr. Olar Uzboýuň aşak akymynda we ondan demirgazykda, Amyderýanyň aşak akymlarynda yzy üzülmeýän hatar-hatar bolup ýerleşipdirler. Howanyň çyglylygynyň artmagy bilen b. e. öňki IV müňýyllygyň I ýarymynda Uzboýda ýaşaýyş gülläp ösüpdir. B. e. öňki IV müňýyllygyň ahyrlarynda Amyderýanyň şahalarynyň akym ugrunyň üýtgetmegi bilen Uzboýa suw akmasy kesilipdir. Şeýlelikde, gurak howa şertlerine çydaman ilatyň esasy bölegi göçüp gidipdir.