V-XV asyrda Günbatar ýewropada orta asyr medeniýeti

Mowzuk: V-XV asyrda Günbatar ýewropada orta asyr medeniýeti we (ideologiýasy) aňyýeti.

Meýilnamasy:

1. Irki asyr medeniýeti

2. XI-XIII asyr medeniýeti.

3. XIV-XV asyrda Günbatar ýewropanyň medeniýeti.

Maksady: Talyplara Ýewropa medeniýeti düşünjeleri bermek.

Wezipesi: Ýewropa medeniýeti Gündogaryň medeniýeti bilen ösüşi bilen deňeşdirmek arkaly okuwçylaryň mowzugy özbaşdak döredijiligi çemeleşmek arkaly öň bar bolan düşüňjilerini artyrmak hem-de bilimlerini kämilleşdirmek.

Gadymy jemgyýetden iri ýer eýeçilikleri jemgyýete geçmeklik bilen g.b. Ýewropa jemgyýetiniň ruhy durmuşy özgerdi. Öňki iň gadymy dünýewi iki medeniýeti gerek orta asyr medeniýeti geldi, onda deni garaýyşlar, köpräk galpyk etdi. Erki orta asyrlarda agalyk ediji synpyň medeniýetinin gorap çykyş eden buthana boldy. Ol iri ýer eýeleriniň ezeşini taryp etdi. Onuň döremegine täsir eden zat köneden galan hristiançylykdy, beýleki tarapdan warwar halkynyň medeniýeti täsir edip Rim imperiýasynyň agdarylypdy. Orta asyr g.b. medeniýetiniň daşky sypatyny üýtgedip jemgyýetiň ähli ruhy gatlaklaryny hristiançylyga boýunegdermegi maksat etdi. Bu aýratynlyk beýleki asyrlarda öz täsirini ýetirdi. Gumanist taryhçylar-edebiyetçylar VIII asyr (Wolter we beýlekiler). Orta asyr taryhynda hristiançylygyň gara gije tarapyna üns bermediler. Olara gapma garşylykda reaksion arzuw edijiler onda ýokary ahlagyň ýüze çykandygyny gördiler.

Orta asyryň ortalarynda medeni ösüş çäginde täze halklar goşuldy. Häzirki zaman Ýewropa ýurtlarynda melli medeniýet döredi. Milli däpdäki baý edebiýet döredi. Suratlandyryş sungaty we arhitektura görnükli obrazy döredi. Ýuwaş hem bolsa adamzat döredijiligi we çeperçilik syngaty ösmegini dowam etdirdi. Bu bolsa tebigy billimleriň, pikirleriň, edebiýatyň we syngatyn galmagyna mümkinçilik döretdi. Rim döwletiniň ýykylmagy bilen we orta asyryň başlanmagy bilen medeniýet pese gaçdy. Warwarlar köp şäherleri, ýollary gadymy düwrüň sungat ýadygärliklerini, kitaphanalary ýok etdiler. Emma bu wagtlaýyn pese garşylyk bolup ölçenmän g.b. Ýewropada durmuş ykdysady ösüşde öňe gidişlikler boldy. Agrar hojalyklaryň natural hojalyga geçmegi ykdysady syýasy, medeni aragatnaşyklar döretdi. Ýöne adamlaryň dünýä garaýyşlary çäklidi, öz düşünjelerini giňeltmeklik zerurlygy ýokdy. Olar tebigy güýçleriň öňünde güýçsizdi. Bu bolsa dürli ynançlara jadygöýleriň gepine tiz ynanmagyna getirýärdi. Şol sebäpli orta asyr düňýä garaýşy teologiki häsiýetdedi. Köp gadymy şahyrlaryň eserleri ýatdan çykdy. Bu bolsa hristian dininiň güýçlenmegine getirdi. Öňki antik medeniýete klassik medeniýete Derek V-VI asyrlarda warwar ýada köp ýerli dialektleri bolan latyn medeniýeti aralaşdy. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynda dine garaýyşlara agalyk etdi. Başlangyç bilimiň üstünden buthana kontrollyk etdi.Buthana bütin jemgyýetiň adyndan çykyş etsede hakykatda ýorary gatlagyň isleg arzuwynybeýan edýärdi. Ol bütin orta asyr medeniýetinde özüniň adyny galdyrdy (XIII asyra çenli).

Adam aňyna emosional täsir edýän ruhy gimnleri, lihergik pessalary odýnýädäki oňat durmuş baradaky gürrünleri döredi.

Hristian dinine uýýanlar üçin edebiýatlary ýaýradyjylaryň biri g.o Italiýada, Wiwari metjidi bolup oňa Kasiodaryň (480-573) ýolbaşçylygynda hristian ýazgylarynyň kitaplary ýaýradylypdyr.

Göläniň ýada geçiniň birisini eýläp pergament edip, şonuň ýüzüne ýazypdyrlar. Ullakan ýekeje Bibliýa üçin 300-e golaý geçi gerek bolupdyr. Ony ýazmak üçin 2-3 aýy sarp edipdirler. Şol sebäpli kitaplar köp çykarylmandyr. Ýewropada skriptor we monastyr mekdeplerinde bilim berilip buthana berkidilipdir. Hristiançylyk medeniýetine gsrşy ideýa göreşinde ýüze çykypdyr, ýöne hristian dinini berkitmek maksady bilen gadymy medeniýetiňiň käbir ideýalary alnypdyr. XV asyra çenli VI asyrdan başlap Besiý we Kasiodaryň “7 sungat” 2 Basgançaga bölüp okadypdyrlar. Aşaky basgançakda terwium grammatika, ritorika we dialektika. Ýokarky kwadriwim giometriýa, arifmetika, astronomiýa we saz öwretmek. Mekdeplerde soňra uniwersitetlerde ritorika Sisironiň idialogiýasy hola dialektika. Arestotel boýunça öwrenilipdir. Matematika wegeometriýany öwrenmegiň esasyny Pifagor we Efkalittin eserleri düzüpdir. Pfolomeý astronomiýase esasynda ruhanylar okadylydyr,olara dini çokunmalary,latynça okamagy, buthana gulluk etmegiň düzgünleri ,arifmetika barada ýönekeý maglumatlar brilipdir. Buthana ylmy mundane köp öndürmäge çalyşmandyr. Geometriýany ybadathana gurlyşyk işlerinde ulanupdyrlar. Sazy dini aýdym,gimnleri düzmek üçin astronomiýany hristianlaryň pasha baýramynyň boljak wagtyny kesgitlemek üçin öwredilipler.

Yeriň merkezi Ýerusalimde ýerleşýär diýip öwredipdirler. Kartany çekip ýokarda g.d ýerleşýär, diýip öwredilipdir. Gyşky jennet ondan 4-derýa akypdyr- Tidr, Ýefrat, Gang, Nil.

VI asyrlarda orta asyryň ilkinji ensiklopediýasy ýaýlypdyr- Esidor Siwilskini, Etimologiýasy (560-696). Onda grammatika, taryh, gegrafiýa, kosmologiýa , Antropologi we filologiýa baradaky bilimler jemlenipdir. Öz işinde Grek-Rim awtorlarynyň işlerinden peýdalanypdyr. Bu kitap orta asyr ylmy baradaky esasy çeşmedir. Halk döredijiligine, harby ýörişler baradaky aýdymlar, VIII-XIX asyrlarda korolingler döwletinde Karl Beýgiň döwründe iri ýer buthana medeniýeti ösýär. Istorografiýada şeýle ady aldy.” Karolyň täzeden döreýşi “diýen ady aldy. Rorolingler ýaly uly edara etmek üçin taýýarlykly kadarlar, sudýalar eýerdi. Şeýle adamlary Karl Beýik Ruhanmaryň arasyndan tapyp bilýärdi. Ol Ahende “Köşk akademiýasyny” döredýär. Ol Wizantiýa imperatorlaryny ökinip, kanallar, köşkiler, buthanalar gurdurýar. Emma olaryň köpüsi azap çekmän ýykylýan. Ussalary oňat başarjan bolmandyrlar. Frank döwletletinde köp adamlar bilimli bolupdyrlar. Köp awtorlaryň işleri taryha girdi, olardan Rawil Diohanyň, Alkuiniň Eýngurdyň imperatoryň tejrimehalyň “Karl Welikiýniň” durmuşyny ýazaýär.

Art asyr medeniýetine goşulan goşandy. Ýöne Karolinkler döwründe “Dini buthana dünýä garaýşyň esasy boldy”. Karl Beýok ölünden soň mekdepler ýapyldy. IX asyryň görnükli akyldarlaryň biri Joan Skott Eringen bolup ol grek dilini oňat bilipdir, olary latin diline geçirilipdyr. “Tebigatyň bölünçe dogrusynda” diýen işinde piker adatlygyny gysmaly däl diýipdir, ýöne onuň işleri soňra ýerlikli diýip aklanypdyr. IX asyryň ahyrlarynda X-XI asyryň ýarymynda Ýewropada medeniýet täzeden pese gaçdy. Ýöne territoriýda german imperatorlaryň Saksion dinastiýasynda Ottonlar medeniýeti täsir etdi. Gurluşyk işleri rukopisleri göçürmek, käbir saborlarda mekdepler açylypdyr.

XI-XIII asyrlarda orta asyr medeniýeti.

Fahorleriň döremegi, hünärmentçilik , merkezleriňniň, söwdanyň osmegi orta asyr medeniýetiniň taryhda täsirini ýitirdi. Sowatly adamlar zerurdy, okap ýazyp , sanap, dokumentleri rejeleşdirip bilýän adamlar zerurdy. Dünýewi bilime höwes döredi. XI-XIII asyrda medeniýeti, şähermekdepleri uly goşant goşdy. Olar monastyrlar bilen bäsleşipdirler. Okuwa okuwçy tölemeli bolupdyr. Buthana olara erbet göz bilen seredipdirler. XI asyrda Italiýada ýuridiki mekdepler, Rim hukuklaryň esaslaryny öwredýär. Söwda pul gatnaşyklaryny öwredipdirler.

Italiýada, Solernada, Fransiýada, Monpleýada adamyň gurluşy,antik wraçy Gippokratyň we Goleniň, Arap biliminiň üstünlikleri öwrenilipdir. Angliýada Oksfortda döz bolimini, Fransiýada teologiýa , Orliýanda antik poeziýasy,taryh we edebiýat öwrenilipdir. Ispan mekdepleri matematika, medisina,fizika, astronomiýa bilen şöhratlanypdyrlar. Pariž filosoflaryň merkezi bolupdy ? Şäher medeniýetiniň ösmegi bilen g.b. Ýewropada akyldarlar, hristiançylygy dogry düşündirmäge çalşypdyrlar. Brengar Turskiniň we Razeliniň kompýensiň idialaryň esasyndan nomonalizm ýüze çykdy. Filosofik jedelleriň netijesinde orta asyr filosofiýasy durýar ,üç dower bölündi-Irki XI-XIII asyr XIV-XV asyr esasy meselesi ynama garaýyşdy. Sholastikany esaslandyryjy Ansel Kenterberinskide adaty pikirlenme baradaky düşünjeleri öňe süren Pýer Abilýardy. Onuň didaktiki pikirlerini buthana goldamadylar, ýeretik hasap etdiler. Hakykatdan ökde adamdy.

Harçly ýörişler Ispaniýadaky rekonhistik hereketleri g.b., g.d we Wizantiýanyň medeniýeti bilen tanyşdyrdy. XI asyrda Toledo, XII asyrda Sisiliýa medeniýetiniň merkezleri boldy. Bu ýerleri XI asyrda araplar eýedilýar. Latin dilinde II asyrda Ewklidyň, Gippokradyň, Ptolomeýiň, Arhimedyň, Gallileýin işleri tejrime etdiler, Ýewropalylar araplaryň tebigy bilime, dine, medisina baradaky beýik täsir alymy Ibn Sinanyň işlerini öwrendiler, Aristotelyň işlerine öwrendiler, XIII asyrlarda g.b. ýokary mekdep uniwersitetler esaslandyrýar. XIII asyrda Boloneýden, Pariž, Mongoliýa, Oksforda açylýar, Parižde mugallymlar ýolbaşçylyk edip, dukan saklanýar. Uniwersitetiň ýolbaşçylygyna rector dolandyrypdyr. Ýewropada XV asyrda 60- golaý uniwersitet bardy. Iri ýer jemgyýerinde önümçilik gatnaşyklarynda we tehnikanyň ösmeginde öz täsirine ýetirdi. Şoňa baha Sholastika buthana häsiýetine geçýär. Üniwersitetlerde totliki reaksiýa güýçlenýär. Ideologiýa göreşi ýitileşýär. Emma muňa gara,azdan Totzer Talon ylmy adat ösdürmegiň tarapdarlary bolupdyr. Onuň filosofiki garaýyşlaryna buthana garşy bolupdyr. Dört ýyl azatlykdan mahrum bolýär. XII-XIII asyrda latyn edebiýaty hem ösdi. XII asyrda Ýewropada milli dillerdäni edebi eserler döredi. Eposlar, aýdyşyklar açyldy. XI-XII asyrda rysar ideologiýasy edebiýaty döredýär. XII asyrda Fransiýada prowinsiýalaryň halk diliinde ýazylan dünýewi rysaryň liriki Trubadurlaryň poýeziýasy ýüze çykýär. XII-XIII asyryň medeniýetine şäher edebiýaty täsir etdi. III asyrda onuň esasynda milli şäher ýazuw edebiýaty goýulýär. Xii asyryň ortalarynda realistiki goşgular döredýär. XIII asyrda Fransiýada “Romano Godo” poema ýazylýar we köp dillere tejrime edilýär. Buthana, ruhany dünýä garaşsyşlar orta asyr sungatynyň ösüşinde täsirini ýetiripdir. Praktiki ähmiýeti sungat eserleri döredi. Haly, bronzo, emalda guralan zatlar XII asyryň II ýarymynda günortadan-demirgazygyna Fransiýada arhitektura ösüpdir, XIII asyrda skilptura sealistik tendensiýalar ösýär. Dürli zanrlar relýe şekilleri üns beripdirler. Daýhanyň hasyl ýygnanýan wagty magistoryň or okuwçylaryna leksiýa okan wagty sekillendirilipdir.


Günbatar Ýewropada medeniýet XIV-XV asyrda

XIV-XV asyrda buthana öz täsirini ýetirdi. Magarygda soholistiki hem öňki ähmiýetini ýetirýär. Uniwersitetler papa täsirinden dindi. Dürli diilerde edebi eserler ýazyldy. Latyn diliniň sferasy barha ençeldi. Miili medenýetiniň döremegine mümkinçilikler bardy. Italiýada XIV asyrda wozroždeniýe başlady. Ol köne dünýä garaýyşda ösýärdi. Adamlarda bilime bolan zerurlyk artdy. Ýewropada arlarça uniwersitetler açyldy (Orlean, Praga, Puatiýa), ylym ösdi. Alkimiýada realistic ugurlar güýçlende. Himiki peçler, atlandy, Ahedentbüň we magistrleriň arasynda köp şäherliler bardy. Kitaba köwesi artdy.

Uniwersitetlerde kitaphanalar açyldy. 2000 tom bardy. Filosofiýanyň öşmegi bilen nominalizm öşdi. Onuň iri wekilleriniň biri Wellýan Okam (1300-1350) Oksford Uniwersitetynda okapdyr.

Hudaýyň durmuşy baradaky ylym bu filosofiýa däldir giýip görkezýär. Iňlis dworýanin Tomos Melori (147401471) “9999” diýen romanyny ýazýar. Bu XV asyryň görnüli iňlis prozasydyr. Rysar jemgyýetiniň dargaýşy görkezýär. XIV asyrda “Iňlis poeziýasynyň atasy” Djeffri Yozef ýaşap oňa italýan wozroždeniýanyň hem käbir ideýalary täsir edýär.

XV asyrda fransuz ýazyjysy Fransua Waýan (1431-1469) öz goşunlarynda jemgyýetdäki biri-birine gapma-garşylygy satiriki goşgularynyň üsti bilen manah şäher baýlarynyň üstünden gülýar, bu hem Fransiýada wozroždeniýe döwrüniň şahyrlarynyň biridigini subut edýar.

XIV-XV asyrda şaher teatr ýumoristiki sahnajyklar, krnawal oýunlarynda döräpdir. “Gospotik Peýer, Patelin” sudýa çinowniklaryň eden etdinikleri görkezilýär. Liturgik drama dünýewi elementler, real durmuş bilen bagly elementler girýär.

XIII-XIV asyrda daýhan edebiýaty ýüze çykýär. Halk aýdymlary görnüşinde bolýär. Iňlis halkynyň söýgüli gahrymany Robin Gud barada bolladalar döreýär. Ol öz družinasy bilen tokaýda ýaşaýa strelok bolup iri ýer eýeleri we korol çinowniklaryň eden etdilikleri garşy göreşýär azatlyk söýgi, öz halkynyň abyraýyny goraýjy bolupdyr.

XIV-XV asyrda arhitukturada obadan suratlar nagyş bermeklige uly üns berilýär. Korolaryň köşklerinde köp hudožniker bezeg işlerine geçirilýär. Jemläp aýtsam iri ýer eýeçiliginde jemgyýetinden medeniýetiň ösmegi garşylykly häsiýate eýe boldy.

Buthana iri ýer garaýyşy katoliki buthanasy we halk soňra şaher medeniýeti bilen XI-XIII asyrlaryň şaher halk dünýwe rysar medeniýeti XI-XIII asyrda jemgyýeçiliginiň ruhy durmuşyna buthana monopoliýasyny aýyrdy.

XIV-XV asyrlar şäherlerinn ruhy durmuşynda wozroždeniýe durmuşynda wozroždeniýe aýry medeniýetine elementleri ýüze çykdy.