Vatnajökulsþjóðgarður

Vatnajökulsþjóðgarður milli parky (ter. — «suw berýän buzluk») — Islandiýanyň çägindäki iň uly milli park bolup durýar.[1] Onuň meýdany 1 200 000 ga-dan ybarat, ýagny adanyň çäginiň 12% diýen ýaly. Park meňzeş atly Vatnajökull buzlugynyň şanyna atlandyrylandyr. Park Islandiýanyň günorta-gündogarynda ýerleşmek bilen, ol demirgazyk-gündogara uzalyp gidýär. Bu çäkde Islandiýadaky iň uly we Ýewropada ululygy boýunça ikinji orny eýeleýän buzluk hem ýerleşýär. Buzuň ortaça galyňlygy 400 m golaý, iň galyň ýeri bolsa 1000 m ýetýär.[2]

Vatnajökull milli parky ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.[3]

Ýanyp duran wulkanlar

düzet

Islandiýanyň buzluklarynyň köpüsinde bolşy ýaly, Vatnajökull-yň astynda ýanyp duran wulkanlar ýerleşýär. Hvannadalshnúkur wulkany (2109 m), Islandiýanyň iň beýik nokady, Vatnajökull günorta eteginde ýerleşýär. Depesine tarap ugur köp sanly ýaryklaryň üstünden geçýär.[4]

Bu wulkandan başga-da, Vatnajökull-yň astynda Islandiýanyň iň bir ýanyp duran wulkanlarynyň biri bolan Bárðarbunga wulkany hem ýerleşýär. Wulkanyň beýikligi 2009 m-den ybarat (bu Islandiýada Hvannadalshnúkur piginden soň, beýikligi boýunça ikinji orny eýeleýän depedir). Ol buzasty görnüşli stratowulkan bolmak bilen, çuňlugy 700 m-den ybarat bolan kalderde ýerleşýär. Bárðarbunga-dan gidýän wulkan ýaryklary Askja we Torfajökull wulkanlary bilen baglanyşyklydyr. Wulkan häzirki zaman döwründe hemişe atylyp çykýardy. Soňky atylyp çykma 1910-njy ýylda bolup geçdi we iýun aýyndan oktýabr aýyna çenli dowam edipdi. Soňra wagtal-wagtal bu etrapda az ähmiýetli ýerasty sarsgynlar bildirýärdi. Wulkanyň işjeňligi gaýtadan çen bilen 2007-nji ýyldan bäri artyp başlady.[5][6]

Salgylanmalar

düzet
  1. "Vatnajökull National Park". vatnajokulsthjodgardur.is. Archived from the original on 2019-12-12. Retrieved 2022-01-10. 
  2. "The Vatnajökull glacier gives Vatnajökull National Park its name". iamreykjavik.com. Retrieved 2022-01-10. 
  3. "Vatnajökull National Park on World Heritage List". icelandmonitor.mbl.is. Archived from the original on 2019-07-06. Retrieved 2022-01-10. 
  4. "The highest mountain in Iceland re-measured". vatnajokull.com. Archived from the original on 2022-01-10. Retrieved 2022-01-10. 
  5. "Volcanic system: Bárðarbunga system" (PDF). vedur.is. Archived (PDF) from the original on 2022-01-10. Retrieved 2022-01-10. 
  6. "Reduction of the access controlled area north of Vatnajökull" (PDF). vedur.is. Archived (PDF) from the original on 2022-01-10. Retrieved 2022-01-10.