Wasiliý Smyslow
(Doglan senesi: 24.03.1921ý- Aradan çykan senesi: 27.03.2010ý (89 ýaş)) Dünýäniň 7-nji küşt çempiony. 1957-1958-nji ýyllar aralygynda dünýäniň küşt boýunça çempiony boldy. Wasiliý Smyslow 1921-nji ýylyň 24-nji martynda şol wagtky SSSR-iň Moskwa şäherinde ýahudis maşgalada eneden bolýar. 6 ýaşyndaka kakasy oňa küşt öwredýär. 1938-nji ýylda bolsa, SSSR-iň ýetginjekleriniň arasynda geçirilen ýaryşda çempion bolýar. SSSR çempionatyna bolsa, her ýyl gatnaşyp, 1944-nji ýylda ikinji orny eýeledi. 1945-nji ýylda radionyň üsti bilen geçirilen toparlaýyn ýaryşda SSSR-iň ikinji stolunda oturyp, dünýäniň çempiony bolmaga dalaşgär Samuel Reşewskini 2-0 hasap bilen utdy. 1949-njy ýylda bolsa, SSSR-iň çempiony Deýwid Bronşteýni ýeňdi. Smyslow näçe jan etse-de hemişe Mihail Botwinnikden soň ikinji bolýardy. Alýohin aýrylandan soňra ussat küştçileriň hatarynda görlezilmäge başlandy we 1948-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda ýene-de Botwinnikden soň ikinji boldy.
1954-nji ýylda Botwinnik bilen ýene-de oýnady, emma, bu oýun deňlik bilen tamamlanansoň çempion yglan edilmedi. Ahyry, 1957-nji ýylda Botwinnigi 12,5-9,5 (6 utuş, 3 utulyş, 13-deňlik) bilen ýeňip dünýäniň çempiony boldy.
FIDE-niň şol wagtky kanunlaryna görä çempion ýeňilse 1 ýyldan soň rewanş oýnamaga hukugy bardy. Şeýlelik bilen 1958-nji ýyl Smyslow bilen Botwinnik ýene oýnadylar. Bu oýny 12,5-10,5 utuk bilen (7 utuş 5 utulyş 11 deňlik) Botwinnik ýeňdi. Bu oýundan soň 7 gezek dalaşgär bolsa-da (1950, 1953, 1956, 1959,1965, 1983/84 we 1985-nji ýyllar) hiçbirinde üstün çykyp bilmedi. 1985-nji ýylda ýaş Kasparowa garşy 4,5-8,5 (0 utuş, 4 utulyş, 9 deňlik) utuk bilen ýeňildi. 1991-nji ýylda bolsa, "dünýäniň tejribeli küştçileri çempionatynda" birinji orna mynasyp boldy. Hem dünýä çempionlygyny hem-de tejribeli küştçiler dünýä çempionlygyny alan ýeke-täk küştçidir Smyslow. Ýaşy gidişse-de beýleki grossmeýsterlere garşy ussatlygyny görkezýärdi.
Smyslow öňden bilinýän oýunlarda. endşpillerde (oýunsoňlarynda), kombinasiýalary döretmekde we kiçijik üstünlikleri utuşa öwürip bilmekde ussatdyr.
Smyslow küştden daşary opera seslendirmegi halar eken. Käwagtlar dostlaryna bu zehinini görkezer eken.