MOWZUK: GADYMY WAWILON

I umumy okuw

Meýilnama:

1.Wawilonyň ýokary göterilmegi.Gadymy Wawilon patyşalygynyň döremegi.

2.Hammurapiniň kanunlar ýygyndysy.

1.Derýaaralygynda amoreýleriň çozuşlaryndan soň,syýasy dagynyklyk başlanýar.Günorta Larsa,demirgazykda Issin,derýaaralygynyň demirgazygynda:Ýefratda Mari,Tigrde Aşşur,Di- ýala derýasynyň töwereginde Eşnuna döwletleri bolup olarda amoreýler dolandyrypdyr.

Bu döwletleriň b.e.öň XX-XIX asyrda özara uruşlarynyň netijesinde Wawilon şäheri (Ba- byl-“Hudaýyň derwezesi”) ýokary göterilýär.Onda I Wawilon ýa-da Amoreý nesilşalygy do- landyryp,gadymy Wawilon döwri (1894-1595ý.) diýlip atlandyrylýar.Wawilonyň ýerleşişi Tigr bilen Ýefratyň ýakynlaşýan ýerinde bolandan soň,oňa çozmak üçinem,goranmak üçi- nem bu ýer amatly bolupdyr. Şäher tebigy taýdan ýurduň merkezi bolmaga laýyk gelipdir. Esasy suwaryş desgalary bu ýerde jemlenipdir,Alynky Aziýa möhüm gury ýer we derýa ýol- lary Wawilonyň üstünden geçipdir.

Wawilonyň gülläp ösmegi I Wawilon nesilşalygynyň altynjy patyşasy-Hammurapiniň (b.e.öň 1792-1750) dolandyran döwrüne gabat gelýär.Hammurapi ajaýyp döwlet işgäri,ýiti akylly,mekir diplomat,iri harby işgär,parasatly kanunçy,başarjaň guramaçy bolupdyr.Ol harby bileleşmeleri syýasy taýdan ulanyp,soňra aňsatlyk bilen olary dargadyp goýberýän ekeni. Ol ilki Larsa bilen özara kömek barada şertnama baglanyşýar we Uruky soň Issini basyp alýar.Soň Mari bilen bileleşip,Eşnuny derbi-dagyn edýär.Mariniň hökümdary Zimrilim ýeň- şin miweleri barada Hammurapi şeýle diýýär:

“Özüň dolandyr,ýa-da özüňe ýaraýany goý”

Bular indiki zarbany Larsa urýarlar.Onuň hökümdary Rim-Sin Elama gaçýar.Patyşalygy bolsa Hammurapä ýetýär.Şondan soň Wawilonyň esasy garşydaşy Mari bolupdyr.Mariniň hökümdary Zimrilim hem gowşak hökümdar bolmandyr.Onuň Wawilonda diplomatlary we jansyzlary bolupdyr.Ol ähli wakalardan habarly ekeni.Haçanda Hammurapiniň meýilleriniň üýtgänini aňanda,ol öz goşunlaryny çagyryp alýar.

B.e.öň 1759-nji ýylda şol bahana bilen Hammurapi Mariniň üstüne çozýar we ony basyp alýar.Hammurapiniň dolandyran 35 ýylynyň ählisi diýen ýaly bütin Derýaaralygyna ýaýylyp ýatan Wawilon döwletini döretmäge gidipdir.Ýöne onuň ogly Şamsuiluna (1749-1712) döwründe eýýäm içerki garşylyklar we daşarky syýasatdaky kynçylyklar ýüze çykyp başlaýar.Ol öz abraýyny saklamaga çalşypdyr.Şeýle-de bolsa,günortada elamlylar yzly-yzyna şumer şä- herlerini basyp alypdyrlar,Sipparda gozgalaň döräpdir,Issin bölünip aýrylypdyr.

Daşarky syýasat hem Wawilon üçin ýaramsyz bolup ugrapdyr.Onuň ýerlerine urşujy kassit taýpalary çozupdyrlar.Demirgazyk-günbatar Derýaaralygynda täze döwlet-Mitanni döreýär we Wawilony Kiçi Aziýa hem-de Ortaýer deňziniň gündogaryna barýan ýollardan kesýär.B.e.öň 1595-nji ýylda bolsa hettler çozup,Wawilony basyp alýarlar we ony tozdurýarlar. Şeýlelikde I Wawilon nesilşalygy we 300 ýyl dowam eden gadymy Wawilon döwri tamam- lanýar.

2.Hammurapiniň kanunlary girişden 282 maddadan ybarat bolan esasy bölümden we netijeden ybarat bolup,ol ilki toýun kerpiçjiklere,Hammurapiniň dolandyran soňky ýyllarynda bolsa gara bazalt sütüne ýazylýar.Sütüniň ýokary böleginde Hammurapi Gün hudaýy Şamasyň öňünde ondan häkimiýeti kabul edýän şekilde görkezilipdir.Hammurapiniň kanunlary ýazylan sütüni 1901-nji ýylda Elamyň paýtagty Suzyda gazuw-agtaryş işleri geçirilende fransuz arheologlary tapdylar.

Şol döwürdäki gadymy Wawilonyň ykdysady,jemgiýetçilik we syýasy gurluşy Hammurapiniň kanunlary we onuň häkimler,çinownikler bilen ýazyşan hatlary,hususy doku- mentler arkaly öwrenilýär.

Hammurapiniň döwründe Wawilonda suwarymly ekerançylyk,bagçylyk,maldarçylyk, dürli senetler,içerki we daşarky söwda ösüpdir.Ekin meýdanlary täze özleşdirilen ýerleriň hasabyna giňelýär.Suwaryş desgalaryna aýratyn üns berlipdir.Onda işlemäge işe ýaraýan ähli ilat-erkin adamlardan gullara çenli çekilipdir.Suwaryş desgalarynda işlemek borjundan bo- ýun gaçyrýanlary ölüm jezasyna çenli jezalandyrypdyrlar.Kanunyň 4 sany maddasynda öz ýerindäki suwaryş desgalaryna daýhanlaryň ünsiz,geleňsiz garan ýagdaýlary göz öňünde tutulypdyr.Eger ol goňşusynyň ýerini suwa basdyrsa,zyýanyň öwezini doldurmaly,ýogsa-da ony goňşusyna ýetiren zyýany üçin satmaly ekeni.Hammurapi uly kanal hem gurdurypdyr.

Wawilonda öý,gämi gurýan ussalar,agaç ussalary,daş ýonujy,tikinçi,dokmaçy,demir ussasy,gönçi lukmanlar,mal lukmanlary, sertaraşlar, çaýhanaçylar ýaly hünärler bolupdyr.Olaryň işine töleg tölenipdir we bitiren işi üçin berk jogapkärçilik çekmeli bolupdyrlar.

Bütin Derýaaralygynyň üstünden geçýän içerki we daşarky söwda ýollarynyň bir elde jemlenmegi söwdanyň ösmegine ýardam edipdir.Wawilondan däne,hurma,sezam ýagy,ýüň, senetçilik önümleri çykarylypdyr.Wawilona metal,gurluşyk daşy we agajy,gul,bezeg üçin ulanylýan zatlar getirilipdir.

Söwda döwlet işi bolup,onuň bilen ýörite işgärler-tamkarlar meşgullanypdyrlar.Olar ow- nuk söwdagärleriň üsti bilen iri döwlet we hususy söwdany amala aşyrypdyrlar.Tamkarlara gullugy üçin ýer,bag we öý beripdirler.Esasy söwda merkezleri Wawilon,Nippur,Sippar,Lar- sa,Ur şäherleri bolupdyr.

Wawilonda doly hukukly raýatlara “awilum” (“adam”) diýlipdir.Erkin adamlardan başga-da ilatyň “muşkenum” (“aşak egilýänler”) diýilýän topary bolup,olar patyşa hojalygynda işläpdirler.Hammurapiniň kanunlary boýunça muşkenumyň tenine şikes ýetirileni üçin pul tölegi görnüşinde öwezi doldurylypdyr.Erkin adamlar üçin bolsa “göz üçin göz,diş üçin diş” düzgüni ýöräpdir.

Gadymy Wawilonda jemgiýetiň iň aşakky gatlagy gullar bolup,olara “wardum” diýlipdir.Gulçulygyň uruşlar,bergidarlyk,maşgalada biriniň girewine berilmegi ýa-da gulçulyga satylmagy,öz-özüňi gulçulyga satmak,jenaýatçylyk üçin gulçulyga satmak,gullaryň tebigy köpelmegi ýaly çeşmeleri bolupdyr.Ortaça ýaşaýan maşgalada 2-5 gul bolan.Gadymy Wawi- londa döwletiň başynda patyşa durup,ol kanun çykaryjy,ýerine ýetiriji,kazyýet we dini häkimiýete eýe bolupdyr.

Patyşa häkimiýeti goşuna daýanypdyr.Goşun ýeňil ýaraglanan (bairum) we agyr ýaraglanan (redum) urşujylardan ybarat bolupdyr.Urşujylaryň hukuklary we borçlary Hammurapiniň kanunlarynyň 16 sany maddasynda kesgitlenipdir.Kanunlar urşujylary harby ýolbaşçylaryň eden-etdiliginden gorapdyr,olary ýesirlikden satyn almagy,maşgalasyny üpjün etmegi göz öňünde tutupdyr.

Merkezleşen Wawilon döwletiniň döremegi we Wawilonyň ýokary göterilmegi bilen Wawilon şäheriniň ýerli hudaýy Marduk ilkinji orna geçipdir.Ony Älemi we adamlary ýaradan,huhaýlaryň patyşasy diýip yglan edipdirler.

MOWZUK:ORTA WAWILON

Meýilnama:

1.Hettleriň we kassitleriň çozuşlary.B.e.öň II müňýyllygyň ortasynda kassit nesilşalygynyň ornaşmagy.

2.Şumer-Wawilon medeniýeti.

1.Kassitler Zagros daglarynda ýaşaýan taýpalar bolup,Hammurapi ölensoň,Wawilonyň araçäklerinde peýda bolýarlar.B.e.öň 1742-nji ýylda olaryň serdary Gandaş Wawilona girip,özüne “dünýäniň dört ýurdunyň patyşasy,Şemmeriň we Akkadyň patyşasy,Wawilonyň patyşasy” diýen derejäni alýar.Hakyky Wawilon tagtynda olar hettleriň çozup ýetiren zyýanlaryndan soň ornaşypdyrlar.

B.e.öň 1595-1155-nji ýyllarda kassit nesilşalygy dolandyryp,ol döwre orta Wawilon döwri diýilýär.

Kassit döwründe harby işde we ulagda atlary we öküzleri peýdalanyp başlapdyrlar.Oba hojalygynda ýeri sürýän we ekýän azallar ulanylypdyr,ýollaryň ulgamy döredilýär,daşarky söwda janlanýar.

Jemgiýetçilik düzüminde urug birleşmeleri we uly maşgalalar köp bolupdyr.Kassit uruglary belli bir ýerlere gözegçilik edip,salgyt ýygnalyşyna,jemgiýetçilik borçlarynyň ýerine ýetirilişine seredipdirler.Oba jemagatlary berkleşipdir.Kassit begzadalary baýlaşypdyrlar we iri hususy ýer eýeçiligi emele gelipdir.

Kassitler ösen Wawilon medeniýetini kabul edipdirler.Meselem:b.e.öň XVI asyrda patyşa Agum II hettleriň ýörişi wagtynda basylyp alnan Wawilon üçin keramatly bolan Mardukyň we onuň aýaly Sarpanitiň heýkellerini gaýtaryp getiripdir.B.e.öň XV asyrda Urukda ybadathana gurulýar,b.e.öňki XIV asyrda bolsa Urda zikkuratlar we ybadathanalarda dikeldiş işleri geçirilýär.Kassitler döwründe merkezi häkimiýet gowşap,kassit uruglarynyň baştutanlary bel li bir derejede özbaşdaklykdan peýdalanypdyrlar.Käbir iri şäherler (Wawilon,Nippur,Sippar) garaşsyz ýagdaýa eýe bolup salgytlardan,borçlardan boşapdyrlar,öz harby goşunyny saklapdyrlar.Kassit patyşalarynyň daşary syýasaty giň gerim almandyr.Olar diňe Wawilonyň ýerlerine we Zagros daglaryndaky kassit ýerleri bolan “Kaşşu ýurduna” hökümini ýöredipdirler. Şol wagtlar Müsür,Metanni,Hett patyşalyklary agalyk etmek ugrunda özara gazaply göreşler alyp barypdyrlar.Wawilon II derejeli döwlet bolupdyr.Müsür faraonlarynyň ýazgylarynda Wawilonyň Müsür döwletiniň kuwwatyny ykrar edýändigi we ony hormatlap,patyşalaryna sowgatlar getirýändigi habar berilýär.

B.e.öň XV asyryň II ýarymynda Müsür bilen Wawilonyň arasynda kadaly parahatçylykly aragatnaşyklar ýola goýulýar,ilçiler alşylýar,söwda kerwenleri gatnaýar.

Aragatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin kassit patyşalary öz gyzlaryny müsür faraonlaryna beripdirler.Ýöne müsürli şa gyzlaryna söz aýdanlarynda,olary ýurduň çäginden daşara dur- muşa çykarmaýandyklaryny aýdypdyrlar.

Müsüriň wagtlaýynça gowşan wagtynda wawilon hökümetiniň ondan talapkärligi ýokar- lanypdyr.B.e.öň XIV asyryň ortalarynda Wawilon patyşasy Burna-Buriaşa II Ehnotona ýazan hatynda şeýle diýipdir:”Eger sen öz kakaň ýaly sahy bolup bilmejek bolsaň,iň bolmanda ýaryny iber”.Wawilon Assiriýany hem özüne garaşly döwlet hasaplap,onuň ilçihanasynyň Müsürde kabul edilişinden närazylyk bildiripdir.Soňra Wawilon Müsür bilen arasyny üzüp,oňa duşmançylykly Mitanni we Hett patyşalyklaryna tarap öwrülýär.Metanni döwletiniň ortaýer deňziniň gündogaryndaky ýerlere dalaş etmegini goldaýar,hett patyşasyna Burna-Buriaşa” öz gyzyny durmuşa çykarýar.

Şeýle-de bolsa,kassitleriň gowşak Wawilon döwleti kuwwatly döwletleriň täsirinden peý- dalanyp bilmändir.Hett patyşasy Hattusili III-ä Wawilondan ýazylan hatda gynanç bilen şeýle diýilýär:”Sen bize dogan hökmünde ýazman,öz gullaryň ýaly buýruk berýärsiň”Assiriýa hem güýçlenip,b.e.öň XIII asyrda kassit Wawilonyna birnäçe zarba urýar.Hett döwleti hem bäsdeşi Müsür bilen başagaý bolup,Wawilona goldaw bermändir.

Assiriýa,Elam we ýerli hökümdarlar bilen göreş netijesinde b.e.öň XII asyryň ortasynda kassit nesilşalygy öz ýaşaýşyny bes edipdir.Kassitleriň özleri bolsa bu wagta çenli wawilon lylar bilen doly garyşyp gidipdirler.

2.Derýaaralygynyň gadymy medeniýeti edebiýatda,ylymda,binagärlikde,sungatda gazany lan üstünlikler bilen bir-birini baýlaşdyran birnäçe halklaryň döredijilikli işleri netijesinde emele gelipdir.

Wawilon ýokary göterilensoň bu medeniýete “wawilon medeniýeti”diýen umumy at berlipdir.Ýöne şumerlileriň bu medeniýetdäki täsiri uly bolupdyr.Şumerlileriň özleri semitleşipdirler.Ýöne olaryň medeni mirasy semit halklaryna güýçli täsir edipdir.B.e.öň II müňýyllyk- da şumer diliniň ýerine akkad dili geçýär.Ýöne şumer dili kätipler tarapyndan öwrenilmegini dowam edipdir.

Mesopotamiýa medeniýeti b.e.öň IV müňýyllykda şäherler döräp başlanda emele gelip başlaýar.Şol wagtlar özboluşly ýazuw ýüze çykyp,soňra ol şina şekilli ýazga-klinopise öwrülýär.Klinopis derýaaralygynyň medeniýetiniň özeni bolupdyr.Ilkinji ýazuwyň döremegi Günorta Derýaaralygynda şumerler gelmezden öňki ýaşan ilat bilen baglanyşyklydyr.Şumerlileriň ýazuwy ilki piktografik-suratlar görnüşinde bolupdyr.Olaryň iň gadymylary b.e.öň 3200-nji ýyllar töweregine degişlidir.Şumer hatynda 600 belgi bolupdyr.Her belgi birnäçe many aňladypdyr.Şumer hatyny elamlylar,hurritler,hettler soňrak urartlar hem kabul edipdir. B.e.öň II müňýyllygyň ortalarynda bütin Alynky-Aziýa şumer-akkad ýazuwyndan peýdalanypdyr.Klinopisiň ýaýramagy bilen akkad dili halkara diline öwrülýär.

B.e. I müňýyllykda wawilonlylar ýazgy ýazmak üçin toýundan ýasalan kerpiçjiklerden başga-da deri we daşary ýurtdan getirilen papirusy hem ulanyp başlapdyrlar.

B.e.öň VII asyrda arameý dili Ýakyn Gündogarda halkara diplomatiýasynyň we söwdaçynyň diline öwrülýär.Arameý kätipleri derä we papirusa ýazypdyrlar,olar kem-kemden mesopotamiýa iş kagyzlary edaralarynda esasy orna geçipdirler.Klinopis mürzeleriniň mekdepleri ýok bolup başlapdyr.Wawilon we Assiriýa medeniýetiniň iň ýokary üstünlikleriň birem kitaphanalaryň döredilmegidir.Olarda edebi,ylmy tekstleri ýygnapdyrlar.

Gadymy Gündogarda Assiriýa patyşasy Aşşurbanapalyň Ninewiýadaky köşgünde döre- den kitaphanasy iň uly meşhurlyga eýe bolupdyr.Bu kitaphana üçin kitaplar Mesopotamiýanyň ähli ýerlerinden ýygnalypdyr ýa-da göçürilip ýazylyp getirilipdir.Onda kitaplary belli bir tertipde ýerleşdirip goýupdyrlar.Käbir tekstler 40-100 kerpiçjigiň ýüzüne ýazylypdyr.Köp ki- taplary birnäçe sany edip,köpeldip goýupdyr.Her kerpiçjigiň öz san belgisi bolupdyr.Aşşurbanapalyň kitaphanasy kitaplary ulgamlaşdyrylyp ýerleşdirilen dünýäde ilkinji kitaphana bolupdyr.

Gadymy Mesopotamiýada arhiwler hem köp bolupdyr.Olarda arhiw resminamalaryny belli bir tertipde ýörite ýerlerde goýupdyrlar. Arhiwleriň döwlet, ybadathana we hususy gör- nüşleri bolupdyr.

Kätiplere möhüm orun degişli bolupdyr.Olar hat-da patyşalara-da täsir edipdirler.Kätipleriň köpüsi ýokary wezipeleri eýeläpdirler.Kätipler köplenç mekdepde ýa-da maşgalada bilim alypdyrlar.Mekdep bilimiň we medeniýetiň merkezi bolup,ol ýerde,esasan,dünýewi bilimler berlipdir.

Gadymy Derýaaralygynyň edebiýatyna degişli köp sanly poemalar,goşgular,rowaýatlar,gimnler,mifler,hekaýatlar,nakyllaryň ýygyndylary saklanyp galypdyr.

Edebi eserleriň bir görnüşi-de şumer şäherleriniň goňşy taýpalaryň çozuşlary netijesinde heläk bolmagy bilen baglanyşykly eserlerdir.(Meselem:Uruň ýaşaýjylarynyň heläk bolmagy barada agy”).

Şumer edebiýatynyň iň meşhur ýadygärligi-de Gilgameş hakyndaky hekaýatlardyr. Gilgameş köp kynçylyklary başdan geçirip,baky ýaşadýan oty alýar, ýöne ony elden giderýär. Ahyry ol takdyra ýazylany üýtgedip bolmajagyna göz ýetirýär.

B.e.öňki II müňýyllykda Wawilonda “Men parasatlygyň hökümdaryny şöhratlandyrýaryn” atly pelsepewi häsiýetli eser ýazylypdyr.Onda bir günäsiz adamyň mydama ejir çekýändigi,onuň sebäbi hudaýlaryň islegine akyl ýetirip bolmaýandygy,diňe tabyn bolmalydygy barada aýdylýar.

B.e.öň X asyra degişli “Gul,maňa boýun eg” atly eserde durmuşa göwnüçökgün garaýyş gul bilen hojaýynyň arasyndaky gepeçik arkaly görkezilýär. Gadymy Derýaaralygynyň dini ulgamy b.e.öň IV-III müňýyllyklarda emele gelipdir.Her şumer şäheri öz huda- ýyna çokunypdyr.Bütin şumer möçberinde çokunylýan hudaýlar hem bolupdyr.Olar Anu-asman hudaýy,Enlil-ýer hudaýy,Enki ýa-da Ea-suw hudaýy,Utu-gün hudaýy,Nannar-aý hudaýy Inanna-söýgi we hasyllyk hudaýy,Dumuzi-baky diri tebigatyň hudaýy,Nergal-uruş,kesel we ajal hudaýy we beýlekiler.Bulardan başga-da adamlar haýryň we şeriň melgunlaryna ynanypdyrlar,olar ýarym adam,ýarymhaýwan görnüşinde göz öňüne getiripdirler.Şumerliler we akkadlylar o dünýädäki ýaşaýşa ynanypdyrlar.Olaryň düşünjelerine görä o dünýä kölegeleriň patyşalygymyş.Eger ölüleriň çagalary sadaka bermeseler,açlykdan we suwsuzlykdan toýun we tozan bilen iýmitlenmäge mejbur bolýarmyşlar.

Gadymy Derýaaralygynyň ilaty ylmy bilimler babatda hem belli bir derejede üstünlikler gazanypdyrlar.Aýratynam,Wawilon hasabyýet ylmynda ýokary derejä ýetipdir.Bu ylym ilki ýerleri ölçemek,kanallary gazmak ýaly işlerde döreýär.Wawilonlylar gadym zamanlardan bäri köp gatly,köplenç 7 gatly minara-zikkuratlary gurupdyrlar.Alymlar onuň ýokarky gatlaryndan asman jisimleriniň hereketlerine gözegçilik edipdirler we olaryň hereketiniň belli bir wagtda gaýtalanýandygyna göz ýetiripdirler.Şeýdip,Wawilonyň hasabyýet astranomiýasy emele gelipdir.Onuň has ösen döwri b.e.öň V asyra gabat gelýär.

B.e.öň V asyrda Wawilonda,Borsippada,Sipparda we Urukda astronomiýa mekdepleri bolup,Naburian we Kiden ýaly beýik astronomlar ýaşapdyrlar.Naburian aýyň fazalaryny anyklamagyň ulgamyny işläp düzüpdir.Kiden bolsa gün boýunça ýylyň dowamlylygyny kesgitläpdir.(365 gün,5 sag.,41 min.,4.16 sekund).Ol bary ýogy 7 minut,17 sekund ýalňyşyp- dyr.B.e.öň III asyryň II çärýeginden başlap wawilon astronomiýasyna degişli işleri grek diline terjime edip başlapdyrlar.

Wawilonlylar medesinada käbir üstünlikler gazanypdyrlar.Olar baryp b.e.öň III müňýyllykda Hindistana,Efiopiýa,Ispaniýa ýollary bilipdirler.

Derýaaralygynda geçmişe hem gyzyklanma bolupdyr.Köşklerde,ybadathanalarda taryhy ýazgylar saklanypdyr,muzeýler bolupdyr.

Gadymy Derýaaralygynda binagärlik we sungat ösüpdir.Köşkler,ybadathanalar we hususy öýler salnypdyr.Olary çig kerpiçden salypdyrlar.Köşkler we ybadathanalar relýef şekilleri,statuýalar bilen bezelipdir.

Mesopotamiýanyň iň uly şäheri esasan Sinahheribiň döwründe gurlan Ninewiýa bolup,onuň meýdany 728,7 ga. ekeni.Onuň ilaty 170000 adam bolan.Wawilonda 200000 adam ýaşan.Ol Nawuhodonosor II-niň döwründe gaýtadan gurulýar we 404,8 ga meýdany tutupdyr.

Mesopotamiýada b.e.öň XVIII asyrda aýna öndürmeklik başlanypdyr.

Derýaaralygyndaky gadymy medeniýet bütin Ýakyn Gündogarda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.