Mähriban dost! Bu ýeri dünýäniň dürli dillerinde ýazylan, bile işläp maglumat paýlaşylýan Wikipedia taslamasynyň türkmençe bölümi. Hemmeler bu sahypalara täze maglumat goşup we olary üýtgedip bilýär. Munuň üçin agza bolmak hökman däl, ýöne IP adresiňiz howpsuzlyk üçin ýazylyp alynýar.
Wikipedia birnäçe dilde 2001-nji ýylda ýazylmaga başlandy. Örän gysga wagtyň içinde ol tanymal webtaslamasy boldy. Iňlis dilinde 600 müň, beýleki dillerde bolsa 800 müňden gowrak makala neşir edildi. Türkmençe Wikipediýany ösdürmek türkmen dilini gepleýän dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar üçin örän gereklidir.
Häzirki wagtda türkmençe bölümde jemi 6 905 makala we makajaljyk bar. Mähriban dost! Gel bile Türkmençe Wikipediany ösdüreli! Ony iň gowy maglumat çeşmesine öwürmek uçin aşakdaky ýörelgelere eýereli!
1. Türkmen diliniň dürs ýazuwyna üns bereli. Munuň üçin Türkmenistanda ýöreýän Türkmen elipbiýini we grammatikasyny ulanaly.
2. Syýasy, jyns, millet we beýleki pikir we beden tapawutlylyklaryny kemsitmeýän ähli ulanyjylara deň derejede peýdaly bolaýjak maglumatlar goýjak bolaly.
3. Patentler we beýleki döredijilik hak-hukuklaryna hormat goýaly.
4. Arassa we düşnükli formatda ýazaly.
5. Wikipedia hemmämiziňki, şonuň üçin biri-birimize kömek edip bilelikde üstünlikli işlemek üçin gaýrat edeli.
Wikipedia, erkindir we elmydama şeýle bolmagyna garaşylýar GNU Azat Dokumentasiýa şertnamasyna görä işleýär.
Armaly!
Türkmençe Wikipediaçy
|