Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri
Bu sahypa Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri baradadyr.

Wikipediýada Tassyklanma diýmek Wikipediýadaky maglumat Wikipediýadan peýdalanýan okyjylar tarapyndan ygtybarly çeşmeler arkaly barlap bilmegi we salgylanylan esasda hakykatdanam Wikipediýada sitata edilen ýagdaýyna gabat gelýändigine göz ýetirip bilmegidir. Wikipediýa çap edilen materiala seredilip barylan netijeleri çap etmeli däldir. Sitatalar ygtybarly çeşmede neşir edilen bolmaly. Bir zadyň dogrudygyny anyk bilýän hem bolsaňyz muny Wikipediýada neşir etmek üçin bu ozaldan ygtybarly çeşmede neşir edilmeli we tassyklanyp bilinmeli. 2 ýa-da has köp ygtybarly çeşme bir meselede gapma-garşy gelse bitarap nukdaýnazara eýerilmeli we her iki tarapyň hem hak edýän ýeri Wikipediýada okyja hödürlenilmeli.ş

Wikipediýadaky ähli zat, sanawlar, surat ýazgylary, makalalardaky iň ownuk maglumatlara çenli ähli zat tassyklanyp bilmeli. Salgylanma zerur bolan emma salgylanma üpjün edilmedik islendik bir maglumat ýa-da makala şol bada öçürilip biliner.

Çeşmelerden nähili sitata edilmelidigi barada "Çeşmeleri sitata etmek" makalasyna serediň. Elin gözleg gadagan, tassyklama we Bitarap nukdaýnazar Wikipediýanyň düýp taglymatydyr. Bu 3 taglymat dogrusynda makalalar ýazylmalydyr we wikipediada neşir edilen makalalar we faýllar copyright policy-a hem eýermelidir.

Sitata üpjün etme güzaby

Mazmunlaryň ählisi tassyklanmaga elýeter bolmaly. Tassyklanarlygy berjaý etme güzaby mazmuny gatan ýa-da gaýtadan diklemek isleýän editoryň üstündedir.

Ähli sitatalar we mazmunlar babatda ygtybarly we neşir edilen çeşmelere salgylanylmaly. Salgylanylan çeşme aýdyň ýagdaýda sitata edilen mazmuny goldaýan bolmaly. Çeşmeler düşnükli we takyk ýagdaýda sitata edilmeli.

Gönüden ygtybarly çeşme tarapyndan goldanylmaýan mazmun göni öçürilip biliner we ygtybarly çeşmä salgylanylmadykça gaýtadan diklenilmeli däldir. Salgylanmasyz materialyň näçe wagtda öçürilmelidigi materialyň we makalanyň şo wagtky ýagdaýyna bagly bolup biler. Käbir ýagdaýlarda, eger-de sitata üpjün etmäge ýeterlik wagt berilmedik halatynda editor-lar materialyň öçürilmegine garşy çykyp bilerler. Şu sebäpden bir sitatasyz bir materiala garşylyk bildirilende ilki bilen "sitata gerekli" tag-i goşulmaly we degişli sahypanyň çekişme bölüminde garşylyk beýan edilmeli. Sitatasyz material öçürilende degişli çekişme sahypasynda bu materialyň tassyklanarlyk şertlerine gabat gelmeýändigini beýan edilmeli. Materialyň tassyklanyp biljekdigini öňe sürýän tarap sitata üpjün etmäge höweslendirilýär Wikipediýa tarapyndan.

Diri şahsyýetler we barlygyny dowam etdirýän toparlar barada sitatasyz ýa-da gowşak sitataly materialyň Wikipediýada barlygyny dowam etdirmegine ýol bermäň.

Ygtybarly çeşmeler

Nähili çeşmeler ygtybarly kabul edilýär

Çeşmeler Wikipediýada sitata edilýän halatynda çeşme sözüne bagly 3 madda bardyr:

  • Eseriň tutuşlygyna özi (kitap, žurnal we ş.m.)
  • Eseriň awtory (kitap awtory, žurnalist we ş.m)
  • Eseri neşir eden ýa-da çapdan çykaran, ýaýradan. Jemgyýete elýeter eden.

Bu 3 maddanyň 3-si hem eseriň ygtybarlylygyna täsir edip bilýär.

Makalalary ygtybarly, 3-nji tarap neşir edilen eserlere esaslandyryň. Çeşme material umumy jemgyýete nähilidir bir ýol bilen elýeter ýagdaýda neşir edilen bolmaly. Neşir edilmedik materiallar ygtybarly çeşme hasaplanylmaýar. Wikipediýada neşir edilen mazmuny gönümel goldaýan we öňe sürülen argumentlere jaýdar çeşmeleri ulanyň. Islendik bir çeşmäniň jaýdarlygy kontekste baglydyr. Iň gowy çeşmeler faktlary, kanuny meseleleri, delilleri we argumentleri barlamaga ýa-da derňemäge gabat geljek ýagdaýda professionallyga eýedir. Bu meselelere näçe ýokary üns berilen bolsa çeşme şo dereje hem ygtybarlydyr. Esasanam diri şahsyýetler we medisina bilen bagly meselelerde hasam seresaply boluň.

Taryh, medisina, ylym we ş.m. kategoriýalarda eger elýeter bolsa akademik we akademik jemagat tarapyndan güwä geçilen eserler adatça iň ygtybarly çeşmeler hasaplanýar.

Editorlar akademiki däl çeşmelere hem salgylanyp bilerler eger-de salgylanylan material giňden ýaýran düzgün neşirlerde bolsa. Bulardan daşary ygtybarly çeşme hasaplanýan materiallar:

  • Uniwersitet derejesindäki okuw kitaby
  • Sarpa goýulýan metbugat öýleri tarapyndan çap edilen kitaplar
  • Žurnallar
  • Öňe çykan gazetler

Şol bir kriterialara bagly bolmak bilen editorlar elektron eserlerden hem peýdalanyp bilerler. Goşmaça maglumat üçin serediň: Ygtybarly çeşmeleri anyklamak

Gazetler we žurnal bloglar

Köp gazetler, žurnallar we ş.m. habarçy guramalar öz websaýtlarynda "blog" adyny berýän bölümlerini ýöredýärler. Bu bölümler hem ygtybarly çeşme hasaplanyp biliner eger-de ýazyjylar professional bolsa emma bulardan peýdalanýarkaňyz seresaply boluň bu bölümleriň bu habar guramalarynyň faktlary-barlamak prosedurasyna gabat gelmän biljekdigi üçin. Eger-de habarçy gurama öz blogynda bir pikir öňe sürse onda bu pikiri awtoryna aýyklaň (Žurnalist "Jane Smith öňe sürdi" mysaly). Bloglara okyjylar tarapyndan galdyrylan teswirleri asla çeşme hökmünde ulanmaň, bu teswirlere salgylanmaň. Ygtybarly hasaplanylmaýan şahsy ýa-da bir topara degişli bloglar üçin aşakdaky elin neşir edilen çeşmelere serediň.

Ygtybarly çeşmeler geňeşi we Ygtybarly çeşmeleri anyklamak

Haýsydyr bir mazmun babatda sitata edilen çeşmäniň ygtybarlydygyna şüphäňiz bar bolsa ygtybarly çeşme geňeşine ýüz tutuň. Bu geňeş çeşmeleri derňemek üçin gurnalandyr we şu ýerdäki kriterialar esasynda derňew geçirýärler. Ygtybarly çeşme geňeşi Ygtybarly çeşmeleri anyklamak düzgünlerine eýermelidir, ikisi arasynda gapma-garşylyk ýüze çyksa bu ýerdäki düzgünler kesgitleýjidir.

Adatça ygtybarsyz hasaplanylýan çeşmeler

Belli däl çeşmeler

Faktlary barlamak babatynda abraýy pes çeşmeler belli däl çeşmelerdir. Bu çeşmeler editorial barlagy gowşak bolan ýa-da gazanç üçin ýa-da bähbit üçin her hili zat çap edýän çeşmelerdir.

Beýle çeşmeler köplenjine beýleki çeşmeler tarapyndan ekstremist ýa-da bähbidi hasaplanylýan esassyz myş-myşly we şahsy pikirleri öz içine alýan websaýtlary esas alýarlar. Beýle çeşmeler diňe özleri baradaky makalade çeşme hökmünde ulanylyp biliner, başga şahyslar ýa-da başga zatlar üçin sitata edilmeli däldir.

Elin neşir edilen çeşmeler

Her kim özi şahsy web sahypa açyp biler ýa-da kitap çap edip biler we haýsydyr bir ugurda hünärmentdigini öňe sürüp biler. Şu sebäpden elin ýöredilýän media çeşmeleri, kitaplar, habarlar, patentler, şahsy sahypalar, açyk wiki-ler ýa-da bir topar baradaky bloglar, internet forumlary, şahsy sosial media hasaplardaky neşirler adatça ygtybarly çeşme hökmünde hasap edilmeýär. Bir hünärmentiň hünärmentlik ugrundaky elin neşiri ygtybarly çeşme hökmünde görlüp biliner eger-de ol hünärment bu işinden öňki işleri ygtybarly 3-nji şahys metbugat öýleri tarapyndan çap edilen bolsa. Beýle çeşmelere seresaply çemeleşiň, eger-de ulanmakçy beýle materialyňyz ulanylmaga laýyk bolsady megerem kimdir biri bu materialy ygtybarly garaşsyz çeşmede bireýýäm ulanardy. Diri şahsyýetler baradaky makalalarda asla elin çeşmeleri ulanmaň, eser awtory bu ugurda hünärment ýa-da professional ýazyjy ýa-da gözlegçi hem bolsa.

Belli däl we elin çeşmeler özleri barada çeşme hökmünde ulanylmagy

Belli däl we elin çeşmeler özleri baradaky maglumata çeşme hökmünde hyzmat edip biler.

Wikipedia we Wikipediany gaýtalaýan saýtlar

Wikipediýada wikipedia makalalary (Türkmençe ýa-da başga bir dil)çeşme hökmünde ulanylmaly däldir. Wikipediýany sitata edýän ýa-da Wikipediýany esas alýan material hem Wikipediýada çeşme hökmünde ulanylmaly däldir. Wikipediýadaky material ygtybarly çeşmä salgylanmadykça ygtybarly hasaplanmaýar, Wikipediýadan sitata ediljek material ygtybarly çeşme tarapyndan goldanylýan bolsa göni o çeşme ulanylmaly.

Wikipediýa materialy Wikipediýa materialyna esas hökmünde diňe gürrüňiň temasy Wikipediýanyň özi bolsa ulanylyp biliner. Beýle ýagdaýlarda Wikipediýa we dogan taslamalar esasy çeşmedir.

Elýeterlilik

Çeşmelere ulaşmak

Käbir çeşmelere ulaşmak gaty kyndyr. Meselem onlaýn kitaphanalar töleg talap edýän bolup biler, bir uniwersitet kitaphanasy bir materialy diňe öz talyplary bilen paýlaşýan bolup biler. Seýrek duş gelýän taryhy materiallar diňe bir muzeýde jemgyýetçilige ýapyk ýagdaýda goragda saklanylýan bolup biler. Diňe bir şu sebäp zerarly çeşmäni ýa-da bu çeşmä salgylanan materialy ret etmäň. Siz bu çeşmä ulaşyp bilmeýän bolsaňyz hem başgalar üçin bu çeşme elýeter bolup biler (WikiProject Resource Exchange sahypasyna serediň).

Gaýry-Türkmençe çeşmeler

Türkmençe Wikipediýada Türkmençe dälde başga dilde bolan çeşmeleri sitata etmek mümkindir emma bu Wikipediýa Türkmençedigi sebäpli eger şol bir hilde we ygtybarlylykda Türkmençe çeşme bar bolsa Türkmençe çeşme ulanylmalydyr başga dildäki çeşmä derek. Türkmençe çeşme bilen saýry dildäki çeşme ikisi arasyda gapma-garşylyk ýüze çyksa haýsysynyň has ygtybarlydygyna seretmeli.

Salgylanmak

Saýry dil çeşmelere salgylanmak rugsat berilendir emma ozaldan aýdylşy ýaly, şol bir hilde we ygtybarlylykda bolan ýagdaýynda Türkmençe çeşme saýry dil çeşmeden ileri tutulmalydyr bu ensiklopediýa Türkmençe ensiklopediýadygy sebäpli.

Sitirlemek

Saýry dildäki ygtybarly bir çeşmäni sitirleseňiz sitirlenen parçanyň terjimesi hökmany ýagdaýda üpjün edilmelidir. Ygtybarly we ýörgünli awtoritetler tarapyndan edilen terjime Wikipediýaçy tarapyndan edilen terjimeden ileri tutulmalydyr, Wikipediýaçy tarapyndan edilen terjime maşynka terjimesinden ileri tutulmalydyr.

Beýleki düzgünler

Tassyklama özi Wikipediýa makalasy üçin ýeterlik däl

Wikipediýada orun beriljek her bir mazmun tassyklanyp bilinmelidir emma tassyklanyp bilinmek Wikipediýada orun almaga ýeterlik sebäp däldir. Ulanyjylaryň konsensusy belli bir mazmun makalany giňeltmeýändigi, makala goşant goşmaýandygy ýa-da başga bir makalada orun almalydygyny kesgitläp biler.

Esassyz mazmuny yşaratlamak

Wikipediýada makala okaýarkaňyz esassyz bir mazmunyň ýa-da maglumatyň üstünden barylsa okyjylar we ulanyjylar degişli ýere {{Çeşme zerur}} şablonyny ýerleşdirip biler, beýtmek okyjylardan islenilýär we okyjylar beýtmäge höweslendirilýär. Degişli parça üçin degişli makalanyň çekişme sahypasynda hem salgylanma islemek mümkin.

Şeýle-de serediň

Wikipediýa:Ýörelgeler we kadalar