Wikipediýa:Wikipediýa goşant goşuň

Wikipediamyzy ösdüreliň.

Wikipedia nähili maglumatlar ýazyp bolar?

düzet

Iň esasy Türkmenistan watanymyz onuň welaýatlary etraplary barada has giňişleýin maglumat ýazsaňyz sizden hoşal bolardym. We başgada taryhy şahsyýetlerimiz, alymlarymyz, şahyrlarymyz, serdarlarymyz, daşary ýurtly şahsyýetler barada we häzirki döwürde ýaşap ýören adamlar barada hem maglumat ýazyp bileris.

Wikipedia nädip maglumat ýazmaly?

düzet

Onuň üçin https://tk.wikipedia.org girmeli we agza bolmaly. Howatyrlanmaň wikipedia agza bolmak kyn däl. Edil şu we beýleki saýtlara agza bolşyňyz ýaly wikipediada agza bolup bilersiňiz. Agza bolanymyzdan soň wikipedianyň "Baş Sahypa"syndaky "Täze sahypa ýazyň" diýen ýere sahypanyň adyny ýazyp "Sahypa döret" baslamy. Soňky çykan sahypadan maglumatlary ýazup ýokarky sag burçdaky gökje düwmä basmaly. Soňra "Döret"düwmesine basyp sahypa döretmeli.

Käbir belgiler

düzet

Wikipedia maglumat ýazanyňda peýdalanyp boljak käbir belgiler barada gysgaça ýazyp geçeýin .

  • Baglanşyk — [[...]]. Haýsy söze baglanşyk berjek bolsaň şol sözüň iki tarapyna şu belgi goýulýar.
Meselem [[Wikipediýa]]:
Wikipediýa.
  • Gara hat — '''...'''. Haýsy sözi gara hat bilen ýazjak bolsaň şol sözüň başynda we soňunda üç sany şu belgi goýulýar.
Meselem '''Wikipediýa''':
Wikipediýa.
  • Aýratyn sözbaşy — ==...==. Haýsy ýerde aýratyn sözbaşy döretjek bolsaň sözbaşyny täze setirden ýazyp onuň öňüne we soňunda iki sany deňdir goýulýar.