Winçester
Gaty disk (iňl. Hard disk, rus. Жесткий диск). Bu uly göwrümli maglumatlaryň ýatda saklanylýan energogaraşsyz esasy gurluşlarynyň biridir. Ol magnit çaýlan birnäçe tegelek demir plastinalarynyň toplumy bolup, olar başga kömekçi bölekler bilen daşy gaty gabyň içinde ýerleşdirilýär. Gaty disk 1973-nji ýylda IBM firmasy yarapyndan täze tilsimatlar arkaly işlenip taýýarlanylan. Ol şol wagt özünde 16 kilobaýta çenli maglumaty saklap bilýärdi. Bu disk 30 silindrli bolup, olaryň her biriniň 30 sektora (böleklere) bölýänligi göz öňünde tutulyp, oňa ilki 30/30 diýen at dakyldy. Ýöne şol döwürde “Winçester” atly meşhur tüpeňiň kalibri hem 30/30 bolanlygy sebäpli, gaty disklere il arasynda “Winçester” ady ýokuşyp galdy. Häzirki günde gaty diskleriň winçester ady has tanymal. Winçester kompýuteriň ulgamlaýyn gabynyň içinde ýerleşdirilýär.