Windows 10, Microsoft Korporasiÿsiÿasy tarapyndan işlenip düzülen kompÿuter işlediji sistemadyr(ulgamdyr). Ol Windows NT maşgalasyna degişli bir wersiÿadyr.2014-nji ÿylyñ Sentÿabr aÿyndan 2015-nji ÿylyñ iÿul aÿyna çenli beta test demosy(Build 2014) bilen test edilmek üçin halka hödürlendi. 1-nji Awgust 2015-de bolsa resmi bolup halka satyşa çykdy. Microsoftyñ 2014-nji ÿylda alan karary bilen, kompÿuterlerinde orginal Windows 7 we Windows 8.1 wersiÿasy bolan müşderiler, hiç hili pul tölemden onlaÿn Window 10 wersiÿasyny alyp bilÿärler.

Windows 10 Logo

Näme üçin Windows 10 düzet

2011-nji ÿyldaky Microsoft Worldwide Partner konferensiÿasynda Microsoft Mobaÿyl Tehnologiÿalary başlygy Andrew Lees "Biz gelejekde PC'ler üçin aÿry, sensorly telefonlar üçin aÿry, planşetler üçin aÿry bir sistema döretmegi planlamaÿarys, onyñ ÿerine hemmesinde bir wagtda işläp biljek ÿeke-täk sistema döretmegi planlaÿarys" diÿip belläp geçipdi. Leesiñ belläp geçişi ÿaly Windows 10, özünden öñki Windows sistemalaryndan tapawutlylykda PC kompÿuterler, sensorly telefonlar,planşetler, Xbox One, HoloLens we Surface Hub ÿaly birnäçe tehnologiÿalarda ulanylyp bilinÿär. Bulardan daşaryda Windows 7 we Windows 8.1 ÿaly sistemalar Windows XP ÿaly üstünlük gazanyp bilmedi we Microsoftda sistema bazarynda uly paÿ ÿitirmäne başlapdy. Windows 10 bilen Microsoft, täzeden sistema bazarynda uly satyşlar etmegi planlaÿar.

Windows 10-da näme üÿtgeşiklikler bar? düzet

Sensorly ekrany bolan netbuklar üçin, el bilen ekrana ÿazgy ÿazma we şekiller çyzmak(we bulary MS One Noteda saklamak) Windows sistemasy üçin täze gelen üÿtgeşiklikdir. Window XP'däki ÿaly çep tarapyñ aşakgy burçyna "başlama meÿusy"(Start menu) goÿulandyr. Aÿry-aÿry işleri bir wagtda garyşdyrman işlemek üçin täze bir sahypada "Desktop" açyp bolÿandyr. İnternet Explorer Gözleg browseriniñ ÿerine täze Microsoft Edge browseri gelendir. Oÿun oÿnaÿan ulanyjylar üçin bolsa täzelenen DirectX 12 we WDDM 2.0 grafikalary bardyr. Bulardan daşary barmak yz we yüz şekli arkaly parol goÿma sistemasy hem bardyr. İñ esasy we täze üÿtgeşikligi bolsa "Cortana" adyndaky ses bilen işleÿan kömekçisidir. Bir zady telefonyñyzdan gözletmek islän wagtyñyz "Cortana" ny açyp şoña sesiñiz bilen aÿdyp gözletmek bolÿar(şu wagt az sanda dillerde gözledip bolÿar). Windows Media Center(Windows Media Player we ş.m) mediÿa oÿnatyjysynyñ ÿerine täze Windows DVD Player gelendir.

Wersiýanyň taryhy düzet

2015 düzet

  • 21-nji ýanwar - Microsoft häzirki wagtda iň bolmanda Windows 7 SP1 ýa-da Windows 8.1 täzelenmesi bilen işleýän enjamlaryň köpüsiniň, ilkinji ýylyň içinde edilse, Windows 10-a mugt täzelenjekdigini habar berdi.
  • 2-nji fewral - Microsoft Raspberry Pi 2 üçin Windows 10-yň mugt wersiýasyny yglan etdi.
  • 2-nji aprel - Windows 10 üçin “Touch” deslapky syn üçin täze Office 2016.
  • 18-nji mart - Birinjisi girizileli bäri Windows 10-a (Build 10041) 5-nji resmi täzelenme.
  • 30-njy mart - Windows 10-a (Build 10049) 6-njy resmi täzelenme girizildi.
  • 15-nji iýul - Önümçilige goýberildi (Gurmak 10240)
  • 29-njy iýul - Umumy elýeterlilik (1507 wersiýa)
  • 2015-nji ýylyň 12-nji noýabry - noýabr aýynyň täzelenmesi

2016 düzet

  • 2-nji awgust - niversaryubileý täzelenmesi (Redstone 1, 1607 wersiýasy, 14393 gurmak)

2017 düzet

  • 5-nji aprel - Döredijileriň täzelenişi (Redstone 2, 1703 wersiýasy, 15063 gurmak)
  • 17-nji oktýabr - Güýz döredijileriniň täzelenişi (Redstone 3, 1709 wersiýasy, 16299 gurmak)

2018 düzet

  • 30-njy aprel - 2018-nji ýylyň aprel aýy täzelenmesi (Redstone 4, 1803 wersiýasy)
  • 13-nji noýabr - oktýabr 2018 täzelenmesi (Redstone 5, 1809 wersiýasy)

2019 düzet

  • 21-nji maý - 2019-njy ýylyň täzelenişi (19H1, 1903 wersiýasy)
  • 12-nji noýabr - 2019-njy ýylyň noýabr aýy täzelenmesi (19H2, 1909 wersiýasy)

2020 düzet

  • 27-nji maý - 2020-nji ýylyň täzelenişi (20H1, 2004-nji ýyl wersiýasy)
  • 19-njy oktýabr - 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndaky täzelenme (20H2, 19042 gurmak)

2021 düzet

  • 18-nji maý - 2021-nji ýylyň maýy täzelenmesi (21H1, Gurmak 19043)
  • 16-njy noýabr - 2021-nji ýylyň noýabr aýy täzelenmesi (21H2, 19044 gurmak)

2022 düzet

  • 18-nji oktýabr - 2022-nji ýylyň oktýabr aýy (22H2, 19045 gurmak)

Näme üçin Windows 9 çykmady? düzet

Microsoft, CEO Steve Ballmer wagtynda(2000-2014) durmuşa geçirilen birnäçe proÿektlerde üstünlük gazanyp bilmedi we biržadaky bahsy düşüşe geçdi. Windows Vista, Windows 7 we Windows 8.1 ÿaly sistemalar ulanyjylar arasynda nägilelige ÿol açdy. Microsoft esasanda garşydaşy Apple korporsiÿasy garşysynda paÿ ÿitirdi we ulanyjylar nazarynda "gowy marka" bolmakdan çykmana başlapdy. Täze CEO Satÿa Nadella Microsoftyn we Windows seriÿalarynyñ abraÿyny täzeden dikeltmek sözi bilen başa gelÿär. Nadella täzeden dikeltmek we markalaşmak üçin "9" ÿerine has gowy we göze hoş "10" sanyny ulanmagy saÿlaÿar.