XI–XV asyrlarda Günbatar Ỳewropada halkara gatnaşyklaryň ösüşi
MOWZUK: XI–XV asyrlarda Günbatar Ỳewropada halkara gatnaşyklaryň ösüşi.
M E Ỳ I L N A M A
1. Halkara gatnaşyklaryň häsiýeti Günbatar we Gündogar Ỳewropa ýurtlarynda halkara gatnaşyklarynda güýçleriň üýtgemegi.
2. Slawýan halklaryň nemes zulumyna garşy göreşiniň halkara ähmiýeti.
Maksady: XI–XV asyrlarda Günbatar Ỳewropada halkara gatnaşyklaryň ösüşi barada düşünje bermek.
Wezipesi: Talyplarda watana bolan söýgüsini artdyrmak.
XI – XV asyrlarda Ỳewropada halkara gatnaşyklary bir sistema girdi. Käbir diplomatik nomalar we tradisiýalar işlenip düzüldi. Ýöne heniz halkara gatnaşyklarynda hemişelik ilçi we diplomatik wekiller ýokdy. Halkara hukuklary düzgünleşdirilmändi. Halkara gatnaşyklarynyň ösüşine käbir faktorlar hem täsir etdi. Ýewropada ykdysady ösüş döwletleri, halklary ýakynlaşdyrdy, iri ýer eýeçiligi jemlendi, şäherler döredi, içki we daşky söwda ösdi. Iri ýer eýeleri diňe bir daýhanlary ezmek bilen çäklenmän, daşary ýurtlara çozmagy, baýlyk toplamagy maksat edindiler. Munuň ýer eýeçiliginiň dagynyklygyň öňüni almalydy, nebereler baradaky gapma-garşylyklary ýok etmelidi. Oňa köp döwletler we ýokary gatlak wekilleri çekildi. Döwletleriň serhetleri çalşyp durdy. Milli döwletler döredi. Daşky faktorlaram belli bir derejede uly rol oýnady, XIII asyrda Gündogar we Günorta Ỳewropa mongol-tatar çozuşlary, XIV-XV asyrlardaky Alynky Aziýa we Balkan ýarym adasyna türk-osmanlarynyň ornaşmagy XI-XIII asyrlarda ykdysady we syýasy, medeni gatnaşyklar giňeldi we berkleşdi, ol diňe bir aýry Ỳewropa ýurtlarynyň arasynda däldi. Ýewropa we Gündogaryň ýurtlarynyň hem arasynda giňelipdi. Ýewropalylaryň Gündogar ýurtlara syýahatlary syýasy, dini we söwda maksatlary üçin guraldy. Gilom Rubruk, Sowani, Plako, Karpini, Mikkolo, Marfeo we Marko Polo gurady. Olar haryt çalyşdylar, hünärmentçilik we hasylly oba-hojalyk önümlerini günbatardan getirdiler. Bu zatlar Ỳewropalylaryň geografiki dünýägaraýyşlaryny giňeltdi. Olar gündogaryň ýurtlaryndan öwrenip tehnikadaky üstünlikleri, öz ýurtlarynda-da ornaşdyrdylar. Gündogar ýurtlaryndan käbir oba-hojalyk önümleri göçürildi, tüwi, greçka, garpyz, limon, erik, şeker we ş.m. Siriýadan Ỳewropa äkidildi. Olar musulmanlaryň käbir matalaryny dokap başladylar. Muslin – mesopatamiýadaky şäher, damask, atlas (arapça owadan) Gündogar täsiri araplardan Sisiliýanyň üsti bilen Ispaniýa geçdi, sakgal goýbermek, ýyly hammam gurmak, geýim çalt-çalt çalşyp durmak we ş.m. meňzeş.
XVIII asyryň 40-njy ýyllarynda Merkezi Ỳewropa Mangol basyp alyşlarynyň öňisyrasyndady. Han Batynyň goşunlary 1237-1240 nji ýyllarda Rus ýerlerini tozduryp, 1241-nji ýylda Polşa, Wengriýa ugrapdyr. Olar Polşa we nemes goşunlary bilen Sisiliýada, tatar-mongol basybalyşlaryny togtatmak islediler. Emma 60 müňli wenger goşuny çym-pytrak edildi.
Mongol-tatar goşunlary Adriatigl golaýlaşdylar. Haçly ýörişler zerarly gowşan we içki tupalaňlar arkaly gowşan Günbatar Ỳewropalylar bu abanýan howpyň öňünde durup biljek däldi.
Nemes rysorlary Şwesiýa, Norwegiýa we Daniýa bilen soýuz baglanyşyp, şol wagtky ruslaryň agyr ýagdaýyndan peýdalandylar. Mongollar bilen deň wagtda Demirgazyk-Günbatar Rus haçly ýörişi guradylar.
News derýasynda 1240-njy ýylda, Çut Kölüniň üstünde 1242-nji ýylda Nowgorod knýazy Aleksandr Ỳaraslowiç üstünlik gazandy we duşmana gaýtawul berdi. XVIII asyryň 40-njy ýyllarynda Papa Innakentiý IV mongol-tatarlary bilen soýuz baglaşmaga synanyşyk etdi. Olara katoliki dini kabul etdirip, özüne soýuzdaş edip, sarisine çozmagy niýet etdiler. Şeýdip Rus ýerlerini boýun egdirmegi niýet etdiler.
XIV-XV asyrlarda halkara arenasynda ýagdaý üýtgedi. German nebereleri Gogenş tafunlardan soň, 1254-nji ýylda halkara ýagdaýynda ullakan bir rol oýnamady. Papalygyň öňki syýasy abraýy ýokdy, indi halkara meýdanyna Angliýa, Fransiýa, Kastiliýa geçdi. Halkara jedellerinde iň uly waka Fransiýa bilen Angliýanyň arasynda bolan 100 ýyllyk uruş boldy. (1337-1453). Bu uruşa köp ýewropalylar çekildi. Fransiýa papany goldap, Şotland korollary Sisiliýa, Kastiliýa, Graf Flandriýskiý hem olary goldady.
Angliýanyň tarapynda German imperatory Lukwik, Babarisk gijräk Burgun gersogy hem oňa goşuldy. Käbir lidernand we nemes knýazy goldady.
100 ýyllyk uruş 1334-1453 Fransiýanyň ýeňmegi bilen gutardy. Ýöne ol halkara gatnaşyklarda uly yz galdyrdy. Fransiýa syýasy taýdan Ỳewropada halkara syýasatynda esli orna geçdi. 100 ýyllyk uruşda harby hereketi alyp barmagyň täze tärleri işlenip düzüldi. Harby güýçleriň täze düzgünleri guraldy. Soňrak ol bütindünýä ýaýrady. Hakyna tutma goşuna şundan soň, üns berildi. Agyr rysyratlylaryna derek gury ýer goşyn ýaý bilen ilki ýaraglandy. XIV asyrda artileriýa peýda bilen, harby hereketler hem harby usul üýtgetdi.
Günbatar hem-de merkezi Ỳewropanyň orta asyr taryhy slawýan taýpalaryň we halklaryň taryhy bilen Günorta we Gündogaryň taryhy bilen baglanyşyklydyr. Bu halklar Ỳewropanyň taryhynda wajyp rol oýnady. Slawýan halklaryň nemes basybalyjylaryna garşy göreşi uly ähmiýete eýe boldy. Onda wajyp orny Polşa eýeledi. XII asyryň 60-70-nji ýyllarynda polat we Pribaltika slawýanyň ýerlerini nemesler basyp aldylar. Onuň yzyndan Günbatar kenarýaka halklar terman döwletine wassal bolýandyklaryny boýun almaly boldular. XIII asyryň 30-ýylda Pribaltikanyň territoriýasynda Polşa garşy Tewton ordeni hereketleri alyp bardy.
1237-nji ýylda Gündogarda Gdanskini eýeläp orden bilen Tefton ordeni galkan göterijiler bilen birleşdi. Polşany nemesleriň basyp almak howpy güýçlendi. Wladiýelaw Zokete kiçi we Beýik Polşany ýeke-täk bir döwlete birleşdirmek başartdy. 1320-nji ýylda öňe Kranow şäherinde täç geýdiler. Ýöne Gündogarda deňizýaka ýerler Tewton ordeniň golastynda galdy we Polşa patyşalygyna Sileziýa, Mazowiýa ýerleri girmändir. Nemesleriň çozuşlaryna garşy göreşde Polşa, Litwa bilen ýakynlaşdy. Ukrain, belarus we rus ýerleri ýakynlaşdy we 1385-nji ýylda Polşa Litwa uniýasy baglaşyldy. 1409-njy ýylda Polşa-Litwa döwletleri birleşdi we Tewton ordenine garşy bilelikde göreşdiler. Aýgytly göreşler 1410-njy ýylyň Gorkut aýynyň 15-inde Grýunwaldyň golaýynda bolup geçdi. Polşa goşunyna Sileziýa çehler hem goşuldy.
Ilki Litwa atlylary yza çekildi, nemes güýçleri polýak we çeh goşunlarynyň üstüne abandy. Russnolensk polky hüjüme güýçli gaýtawul berip bildi. Tewton ordeniniň gutarnykly derbi-dagyn edilmegi bilen gutardy, orden ýok edilmese-de, onuň öňki güýji gaçdy. 1411-nji ýyldaky 1-nji Paruk ýaraşyk şertnamasy netijesinde köp pul tölegini tölemeli boldy. 1466-njy ýyldaky Torun şertnamasy Tewton orden Polşanyň wassaly boldy. Gündogarda deňiz kenar ýakalaryny Gdanski bilen birlikde şeýle-de polşa ýerlerini gaýdyp bermeli bolýar. Grýunwald söweşi gündogara german çozuşlarynyň soňuna çykdy.
XIII asyryň başlarynda halkara gatnaşyklarynda çehiýa uly rol oýnady. Ol German imperiýasyna girýärdi. Ýöne XII asyryň ortalaryndan özbaşdak döwlet boldy. Çeh korollary öň germanlara degişli bolup olaryň arasynda hemme taraplaýyn öz täsirini ýetiripdiler, bu bolsa çehleriň olara durmuş syýasy, milli we dini gapma-garşylyklaryny ýitileşdirdi. XIV asyryň ortalaryndan başlap, çehiýada durmuş garşylyklary ýitileşdi. Köp iri ýer eýeleri Germaniýadan gelip çykanlaryň galanlary daýhanlara öz täsirini ýetirmek islediler. Bu bolsa iri ýer eýelerine bu buthana garşy göreşlere getirdi. Sebäbi papa hem çehleriň içki işine köplenç gatyşýardy, bu halkyň nägileligini döretdi. Oňa daýhanlar, şäherliler, iri ýer eýeleriniň bir bölegi gatnaşdy. Ol herekete Praga uniwersitetiň professory Ỳantus ýolbaşçylyk edipdi. Ol Rime garaşly bolmady. Milli buthananyň bolmagyny talap etdi. Ol nemes süteminden halky dyndyrmagyň tarapdarydy. Ýan Gus öz ýygyndylaryny çeh dilinde ýazýardy we çeh diliniň grammatikasyny düzüpdi. Praga uniwersitetindäki nemeslere garşy göreşdi. Uniwersiteti dolandyrmaga 1409-njy ýylda çehler hukuk gazandy. Ýan Gus uniwersitete rektor saýlandy. Katoliki buthana we nemes ruhanylary oňa garşy göreş alyp bardy, Papa ony konstaks şäherinde geçirilýän dini ýygnaga çagyrdy we ýeretik hökmünde aýyplap ony 1415-nji ýylda oda ýakdy.
Ýan Gusuň ýakylmagy halk arasynda närazyçylygy döretdi. Oňa jogap edip Çehiýada gusçulyk uruşlary başlandy. 1419-1434-nji ýyllarda ýurt 2 topara bölündi. Katolikler iri ýer eýeleri we gusçulara, I topara iri ýer eýeleri-panlar, şäheriň ýokary gatlagy. II topara daýhanlar, şäher hünärmentleri, maýda we orta söwdagärler, hakyna tutma işçiler girdi. Olaryň arasyndan radikal topar saýlandy. Olara tabaritler diýip at berdiler. Oňa Ỳan Žižka ýolbaşçylyk etdi. Olar dindarlara garşy göreşdiler.
Aram topar saýlandy. Olara “Çaşnikler” diýip at berdiler. Çehiýanyň daşyndaky göreşe Sigizmund ýolbaşçylyk etdi. 1420-1431-nji ýyllarda papa we german dolandyryjylary tarapyndan 5 haçly ýörüş guraldy, ýöne olaryň hemmesi ýeňilmek bilen gutardy.
Bu hereket Ỳewropada (Angliýa, Fransiýa, Flangriýa, Ispaniýada şeýle-de Balkan ýarym adasynda, Wizantiýa we beýleki döwletlerde seslenme tapdy. Tabaritler Germaniýany Bawariýa, Saksoniýa welaýatlaryna, Baltik derýasynyň kenarlaryna geçdiler.
Daýhan hereketleri Wengriýa, Awstriýa, Polşa, Fransiýa, Flandriýa we beýleki döwletlerde hem boldy. Şol sebäpli bütin Ỳewropa gusçulyk uruşlaryny ýatyrmagyň tarapdarydy. Katoliki buthananyň Bazelde geçen ýygnagy çaşeçnikler bilen ýakynlaşmagy ündedi. Bu bolsa olary tabaristlerden daşlaşmagyna getirdi. Şeýdi XV asyryň ikinji ýarymynda tabaristleriň hereketi ýeňilmek bilen gutardy. Gusçulyk uruşlary orta asyr Ỳewropasynda bolan iň uly gozgalaňlaryň biri boldy. Ol Merkezi we Günbatar Ỳewropa ýaýrady.
XIV asyrda Wizantiýa we Balkan ýarym adasynda garşy slawýan döwletleriniň arasynda garşylyklar ýitileşdi. Osmanly-türkler 1352-nji ýylda Dordepel aýlagynyň kenaryndan Balkana aralaşdy. Serbiýa koroly Stefan Duman (1331-1355) papa bilen gepleşiklere başlady, emma ol netijesiz gutardy. 1363-nji ýylda türkler Adrianopoly eýeläp, hereket üçin güýji şol ýerde jemledi. Ilki Bolgariýany, soňra Wizantiýany (1453), Serberlerini özüne birleşdirdi.
XVI asyrda Dolleasiýa, Wengriýa, Howakiýa aralaşdylar. Edil mongol çozuşlary ýaly, Günbatar Ỳewropa dolandyryjylary Wizantiýa we günorta slawýan halklarynyň birnäçe ýüzlenmelerine seretmän, türk howpyna garşy hiç hili çäre görmediler. Günbatar Ỳewropa iri ýer eýeleri we katoliki buthana türk çozuşlaryny haçly ýöriş döwründe hem peýdalanmaga synanyşypdyrlar.
1439-njy ýyldaky baglaşylan uneýany peýdalanyp papa Wizantiýada öz agalygyny berkitmek isledi. Türkleriň gol astyna wajyp söwda ýollary geçdi. Bu Gündogar bilen Ỳewropa söwdasyna uly zarp urdy. Orta ýer deňzindäki söwda pese gaçdy. Ýewropa we halkara ýagdaýyna öz täsirini ýetirdi. Türk howpy soňky ýüz ýyllaryň dowamynda hem abanyp durdy.