XIII-XV asyrda Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýeti
Seljuklar nebereliginiň gülläp ösen wagtynda ençeme şäherler gurlup gülläp ösýär. Maryda 4 sany kitaphana bolup, onuň birinde 12 müň tomluk kitap bolupdyr. Mundan hem başga Merwiň, Nusaýyň, Abiwerdiň, Köneürgenjiň kitaphanalarynda gündogar akyldarlary bilim alypdyrlar. Mälik şanyň döwründe Maryda “Ylmy öýleri” açylypdyr. Şäherlerde owadan-owadan ymaratlar, kanallar, suw desgalary, ýörite kitap çap edilýän tipagrafiýa jaýlary gurulýar. Seljuk soltany Soltan Sanjar döwründe suw sistemasynda 10000 adam işläpdir. Orta asyrlar medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolup Soltan Sanjaryň we Tekeş şanyň mazar üsti ymaratlaryny görkezmek bolar. Bu döwürlerde ymaratçylyk sungaty ösýär. Şu wagtlarda daşary ýurt alymlary hem öz işlerinde ýaşap geçýär. Arap geogrfy Ỳakup şeýle belleýär: “Men Mongollar gelmänkä Maryda 4 kitaphana bolup, şalaň birinde 12 tom kitap bardygyny gördüm. Mongollar gelip gidenden soň olaryň birinem görmedim”. Mongollar Orta Aziýany basyp alanda baran ýerini ýykyp, ýumurypdyr. Bu barada Beýik Serdarymyz Ruhnamasynda: “Mahal-mahal agyr aýlara batyp, özümi dert-azara goýýarym: “Wah, lagnat siňmiş Çingiz hanyň wagşy ordasy bolmadyk bolsa, taryhyň bu apaty pajarlap oturan ýüz müňlerçe ilatly Köneürgenjiň, Maru-şahu-jahanyň, Şahrislamyň, Abiwerdiň, Amulyň, Zemmiň, Dehistanyň şäher kentlerini boýnuna göwher monjuk ýaly düzüp oturan Oguzbaýyň (Uzboýyň) üstünde söwda geçen bolsa, müňlerçe kitaply kitaphanalar-“Ylmy öýler” ýakylyp, ýumrylmadyk bolsa, häzir Türkmenistan dünýäniň ykdysady, syýasy, medeni, ylmy mertebesini göterip barýan kuwwatly döwlet bolardy” diýip belleýär. Teýmiritler zamanynda ýene-de Orta Aziýa dikeldilip başlanýar. Teýmiriň özi paýtagt şäheri bolan Samarkantda bişen kerpiçden edilen kerwensaraýlar, köşkler, şäher jaýlary, medreseler, mazar üsti ymaratlar gurlupdyr.
Teýmiritler zamanynda “Beýik ýüpek ýoly” ýene-de geçip başlapdyr. Bu bolsa şäherleriň ösmegine getiripdir. Alişer Nowaýy döwründe Mary şäheri hem belli bir derejede gülläp ösüpdir. Suwaryş desgalary kadalaşdyrylypdyr. Alişer Nowaýy özüniň “Şirin-Perhat”, “Leýli-Mežnun”, “Hamza”, “Mahbulul-Kulub” ýaly eserleri edebiýatyň hazynasyna girendir. Ulugbegiň döwründe Samarkantda astronomiýa ylmyny öwrenýän owsarwatariýa gurlupdyr. Onda Ulugbegiň özi işläpdir. Hyratda arap hatlaryny owadan ýazmak üçin ýörite mekdep açylypdyr. Nakgaşlyk sungaty hem ösüpdir.