XIX – njy asyryň I ýa-da Türkmen halkynyň goňşy döwletleriň zulmuna garşy garaşsyzlyk ugrundaky göreşleri

Mowzuk: XIX – njy asyryň I ýa-da Türkmen halkynyň goňşy döwletleriň zulmuna garşy garaşsyzlyk ugrundaky göreşleri.

Meýilnama:

1. Etrek – Gürgen türkmenleriniň gozgalaňy.

2. Günorta – Günbatar Türkmenistanda Hywa hanlaryna garşy milli azat edijilikli göreşler.

Edebiýatlar:

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy “Ruhnama”.

2. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: Aşg 2001ý. “Garaşsyzlyk we Bitaraplyk syýasaty”. Aşg 1998ý.

3. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: Taryhyň sapaklary we döwrüň öňde goýan meseleleri. Aşg 1994 ý.

4. Ç. Ýazlyýew: Serdarymyz taryhymyz hakynda Türkmenistan 1995 ý.

5. Türkmenistanyň taryhy Ç. Ýazlyýew red. Ylym neş-ty Aşg 1994ý. 1 kitap sah – 194-230.

6. M. Annanepesow “Türkmenistantň taryhyň materiallar”. A. Mag 195 sah.

7. D. Jumakow “Seýdi we Lebap türkmenleriniň gozgalaňy”, “Türkmen Gündogary” 17-20 ýanwar 1998ý.

8. D. Jumakow “Seýdidäki döwletlilik ideýasy Türkmen gündogary 1993 ý. 17 maý”.

9. Ö. Abdullaýew “Miras we yhlas ” Aşg. 1998 ý.

10. Türkmenistanyň we türkmenleriň taryhyň materiallary. M. 1939 ý. sah 200-210.

Mowzuga gysgaça giriş.


Aňyrsy 5 müň ýyl mundan ozal milletbaşymyz Oguz han Türkmenden gaydýan türkmen halky, onlarça müň ýyl mundan öň, häzirki Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň çäklerinde döräp, asyrlaryň dowamynda agzybir, garaşsyz bir bütewi döwlet gurmak ugrunda elmydama arzuw edip gelipdi.

Beýik Mertebeli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda “Dünýäde hiç bir millet türkmenler ýaly dürli taypalara bölünmändir. Türkmenleriň asyl birligi dil we gan birligidir. Bütewilik – milletiň geljegini gurnamagyna esas berýär ” diýip belleyär. Gadymy Oguz handan, gahrymançyukyly Gorkut atadan, Görogly begden gaydýan türkmen ruhy halkymyzyň kalbynda asyl birligi, dil we gan birligini döredip, bütewi bir milli döwlet bina etmek, ata-watany we ene topragy ýürekden söýmek, agzybirlik, asudalyk , jebislik ýaly meýiller ýuze çykaryp gelipdir. Hakykatdanam Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu dana sözleri halkymyzyň XIX – XX asyryň başlarynda gowgaly syýasy wakalara baý taryhyny sypatlandyrýan maglumatdyr.

XIX asyryň I – ýarymynda käbir goňşyderejelere ýetse-de bu babatda türkmenleriň ykbaly oňmady. Olar ýene-de Eýran häkimleri (şazadalary) Hywa hanlary, Buhara emirleri tarapyndan salnan ganly gysajyň içinde galyberdiler.

Üstesine-de goňşy hökümdarlar türkmen ýerlerini öz täzir zonalaryna bölüp “kim köp territoriýany eýeläp bilýär” diýen maksatlar bilen, türkmen taýpalaryny özara ýer – ýurt üstündäki dawa – jeñjellere hem öjükdirýärler. Elbetde beýle ýagdaý, halkymyzyň sosýal – syýasy, ykdysady taýdan pese gaçmagyny tizlendirýärdi.

Mahlasy: “Dagdan belent bolan türkmeniň ahwaly ýandakdan pes bolupdyr”.

XIX asyrda halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň şeýle çylşyrymly ýagdaýy ilini – halkyny jany – teni bilen söýýän halkyň durmuşy we ykbaly barada çuňňur oýlanýan Seýdi, Zelili, Kemine, Zynhary ýaly ruhy sütünleri edebiyat meydanyna Nurberdi han, Gowşut han, Soltanýaz beg Myrat Serdar, Dykma Serdar ýaly türkmen gerçeklerini hem syýasy arena çykardy. Olar türkmen taypalaryny birleşdirip, ene topragymyzy keseki duşmanlardan gorap bir bütewi türkmen döwletini gurman, tire – taýpalaryň içki duşmançylygyny ýok etmek ugrunda yzygiderli göreş alyp bardylar.

XIX asyryň I çärýeginde Etrek – Gürgen sebitlerinde ýaşaýan türkmenler gündogar halklaryň taryhyna göz aýlasaň, bu döwürde Owgan halkyna Ahmet Dürraniň baştutanlygynda özbaşdak döwlet gurmak başartdy. Yrak halky garaşsyzlyk gazandy. Eruzin halklarynda rus raýatlygyna gecmek meýilleri ýuze çykdy. Kawkazyň beýleki halklary (ermenler, azerbeýjanlylar) Eýranyň täsisrinden çykman ugrunda syýasy göreşlere baş goşdular.

Goňşy ýürtlarda syýasy göreşler şeýle derejelere ýetsede bu babatda türkmenleriň ykbaly oňmady. Olar ýene-de Eýran häkimleri (şazadalary) Hywa nanlary, Buhara emirleri tarapyndan salnan ganly gysajyň içinde galyberdiler.

Üstesine-de goňşy hökümdarl;ar türkmen ýerlerini öz täsir zonalaryna bolüp “kim köp ýerleri eýeläp bilýär” diýen maksatlar bilen, türkmen taýpalryny özara ýer – ýurt üstündäki dawa – jeñjellere hem öjükdirýärler. Oňsoňam türkmenleri wagşy, alamamçy hökmünde suratlandyryp halkymyzyň şanly aslyny taryhdan aýyrmak, türkmen topragyny basyp almak bakna etmek üçin gurnalan syýasy oýunlardy. Rus täjirleriniñ,söwdegärleriniñ Türkmen topraklaryndan geçýärka olary öldürip Özbekleriñ eden işini Türkmenler etdi diýip aýdypdylar. (Ýomutlar, göklenler we beýlekiler) Eýranyň Horasan we Astrabat hökümdarlarynyň hem-de Hywa hanlarynyň talaňçylykly ýörişlerini we ýerli han – begleriň arasyndaky agzalalyklary öz gerdeninde çekýärdiler. Ýerli ilatyň üstüne garakçylyk çozuşlarynyň wagtal – wagtal gaýtalanyp, durmagy, mallaryň kowlup äkidilmegi, irrigassion desgalryň weýran edilmegi, ekerançylyk oazisleriň tozdurylmagy ilatyň talanmagy bilen utgaşykly alnyp barylypdyr. Yerli ilat belli bir derejede Eýrana tabyn bolupdyrlar, emma Eýran hökümdarlary şol ýomutlaryň doly boýun egmegini hiç wagt gazanyp bilmändirler. Şeýle bolsa-da Eýran bilen gös – göni goňşulykda Etrek – Gürgen derýalarynyň boýlarynda ýasan oturymly ýomut, gökleň türkmenleri gajar administrasiýasy tarapyndan rehimsiz kynçylyklara, dyngysyz, talaňçylyklary sezewar edilip gelnipfirt.

Eýrandaky gajarlar dinastiýasynyň zulmuna garşy ýomut – gökleň tayplarynyň birleşen güýçleriniň uly gozgalaňlarynyň biri 1913-ýylyň maý – sentýabr aýlarynda bolup gecdi. Dünýä taryhynda 1813 ýyl - 1804 ýylda başlana Rus – Eýran urşunyň tamamlanan ýyly we “Gülüstan ýarasyk şertnamasynyň baglaşylan ýylydyr”.

Etrek – Gürgen türkmenleriniň gozgalaňynyň başlanmagynyň sebäpleri barada gündogar we rus arhiw çeşmelerinde birmeňzeş pikir aýdylýar. Ýagny Eýran gajarlarynyň administrasiýasynyň (pürseýänleriň dinastiýasynyň) Astrabat häkimleriniň sütemi Etrek – Gürgen türkmenleriniň ganyndan gecip, süňňune ýetipdir.

Üstesine türkmenlerden gajar goşun gullugyny almak düzgüni hem girizilipdir. Şeýle kynçylykly ýagdaýda gökleňler bilen ýomutlaryň arasynda Seyit Muhammet Ýusup Soltan (Hajy ady bilen) atly bir derwuş söwdägärlerden biri peýda bolupdyr. Ol gysga wagtyň içinde bütin ilatyň ählisinň ynamyna girip, Hoja Ýusup ady bilen üni “keramatly” adam hökmünde tanadypdyr. Hoja Ýusup gysga wagtyň içinde Etrek – Gurgen türkmenlerini Eýran hökümdary Fataly sanyň ogullary – Horasan welaýatynyň şazadasy Muhammetweli Mürze hem-de Astrabat welaýatynyň şazadasy Muhammetguly mürzäniň garşysyna ýaragly göreşe mobilizläpdir.

Gozgalaňyň ýaýbaňlanyşy barada:

1813 ý maý – iýun aýlarynda şanyň ogullary (Muhammetweli we Muhammetguly Mürze) iki tarapdan hüjüm edip Gürgen derýasynyň boýunda ýomutlaryň we gökleňleriň birleşen güýçleri bilen çaknyşypdyrlar. Bu çaknyşykda taraplaryň haýsysynyň üstünlik gazanyp, haýsysynyň ýeňlendigi barada ýeterlik maglumat berilmeyär. Emma gozgalaňyň habary Kaspi deňziniň günbatar kenaryna, Kawkaza, orsýete çenli baryp ýetirpdir. Maglumatlara görä Hoja Ýusup Orsýetiň Kawkazdaky baş komanduýuşisi general N. F. Rtişewiň ýanyna kömek sorap wekil eberipdir diýlip aýdylýar. Ol hem ok – ýarag bilen üpjün etmek, harby kömek bilen gozgalaňçylary godajykdygyny aýan edipdir.

Şu ýerde bir zada ünsüňzi çekjek bolýan, “ýagny 1913 ý bolan bu gozgalaň taryhyna Gülüstan wakasy” hökmünde mälim boldy, sebäbi bu gozgalaň belli bir derejede Gülüstan ýaraşyk şertnamasyny tizleşdirdi. Bu babatda şeýle maglumatlar bar. Rus administrasiýasynyň (patyşa Aleksandr I-ň) türkmenleriň gozgalaňyny goldajykdygyny öňünden aňan Eýran şasy öz wekili Mürze Abdylhasany general Rtişewiň ýanyna iberip, rus komandowaniýesiniň ýarasyk boýunça Eýranyň öňünde goýan ähli territorýal, harby we syýasy şertleri bilen doly ylalaşýandygyny mälim bermezlik şertini gozgalaňyna goldaw bermezlik şertini gazanypdyr. 1813 ýylyň 12 okýabrynda Orsýet bilen Eýranyň arasynda “Gülüstan” ýaraşyk şertnamasy baglaşyldy. Şondan öň gozgalaňçylaryň wekilleri gen Rtişew bilen duşup hem türkmenleriň peydasyna hiç – hili netije gazanyp bilmändirler. Etrek – Gürgen türkmenleriniň Hoja Ýusubyň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňy güýze çenli dowam edipdir. Esasy söweş 1813 ýylyň 11 sentýabrynda ýene-de şol Gürgen derýasynyň boýunda bolup gecdi. 20 müňden gowrak türkmenleriň ýomutlardan we gökleňlerden toplanan birleşen güýçleri Astrabat hökümdary şazada Muhammetguly Mürzäniň regulýar goşunynyň garşysyna göreşipdir. Bu söweşde gozgalaňçylaryň baştutany Hoja Ýusup gahrymanlarça wepat bolýar. Şondan soň Hoja Ýusubsyz hem türkmenleriň birleşen güýçleri Gürgen Etrek derýalarynyň boýlaryndaky söweşlerde ençeme ýeňişler gazanypdyr. Emma bu üznüksizligi ýeňişli söweşleri ahyryna çenli doly alyp baryp bilmändirler.

Hoja Ýusup wepat bolandan soň ýomutlar bilen gökleňleriň arasyna tow düşüp, agzalalyklar döräp gozgalaňyň gowşamagyna we netijesiz gutarmagyna alyp barypdyr.

Şeýlelikde 19813 ýylyň maýynda başlanan bu gozgalaň güýzüň ahyrlarynda ýeňlişe sezewar bolupdyr. Onuň ýeňilmeginiň sebäpleri barada şu aşakdaky faktorlary bellemek zerurdyr.

Birnjiden: Gozgalaçylaryň esasy maksady garaşsyzlyk meýilli bolsa-da bitewi bir döwleti dikeltmek meselesini öňe sürmändir.

Ikinjiden: Onuň konkret (anyk) strategiýasy we taktikasy işlenip düzlülmändir.

Üçünjiden: Gozlaňçylaryň hatarynda şübheli toparlar köp bolupdyr, onuň baştutany Hoja Ýusup hem özi bir gelmeşek, söwdegir asly pursiýaly Fataly şanyň düzgüninden nägile bolan derwüşdir.

Jemläp aýdanymyzda: bu gozgalaň agalyk ediji düzgüne, has dogrusy – zulumly, sütümli bidüzgünçilige garşy göreşde esasy güýç bolup bilmejekdigini ýene bir gezek görkezdi. Gozgalaňyň netijesiz tamalanandygyna seretmezden onuň taryhy ähmýeti uly boldy. Gozgalaňyň täsirli tolkunlary diňe Türkmenistanyň beýleki künjeklerine baryp ýetmän eýsem Orta Aziya, Eýrana, Kawkaza, örsýetediň milli çet ülkerine çenli baryp ýetdi. Gozgalaň Eýranyň Astrabat, horasan, mazenderan welaýatlaryny sarsdyrdy. Bu gozgalaň basylyp ýatyrylandan soň hem onlarça ýyllaryň içinde, çärýek asyryň dowamynda Astrabatdaky, Horasandaky türkmen obalarynda, etrek, Gürgen sebitlerinde tolgunyşyklar dowam edipdir. Şondan soň Astrabat welaýatynyň häkimi edilip bellenen Muhammet zaman Gajar han Horasanyň Eýran şasyndan nägile toparlary bilen birleşip şanyň garşysyna çykyş edipdir. Türkmenler (ýomutl;ar we gökleňler) Muhammet zamany goldap 30 müňe çenli adam ýygnap beripdirler. Soňra Muhammet Zama uly söweşlere taýýarlanyp ýörkä, Eýran şasy tarapyndan yzarlanyp, tussag edilip, jezalandyrlyp öldürlipdir. Oňa kömek eden türkmenler hem Etrek – Gürgen sebitlerini türkmnelr hem Etrek – Gürgen sebitlerini taslap denmirgazyga tarap göçüp gidipdirler.

XIX asyryň II çärýeginde hem Eýran şalary Etrek – Gürgen Garrygala sebitlerine çenli ençme ýörişler edip halky talaňçýlyga agyr sütüme sezewar edip gelipdirler. 1832-33 ýý-da şazada Apbas, Mürze ýomutlaryň we gökleňleriň üsti bilen geci[ Saragt salyrlaryny we tekelerini talaňçýlyga sezewar etdi.

1836-ý-da Eýranda şa tagtyna çykan Muhammet ýomutlary we gökleňleri talaňçylyga sezewar etdi. Muňa jogap edip şol ýylyň maý aýynda ýomutlaryň düýeji tiresinden bolan Magtymguly hanyň ýolbaşcylygynda türkmenlr Astrabat häkiminiň dogany Mürze Mämmet hany öz goşuny bilen Gürgen derýasynyň boýunda derbi – dagyn etdiler. Şondan soň Eýran şasynyň regulýar goşunlary türkmen sähralaryna aralaşyp oturymly ilaty talap, öýlerini otlap aýallary we çagalary ýesir edip alyp gidipdirler.

Bu wakalar barada Rus syýahatçysy K. Bode şeýle ýazýar: “Eýran hökümdarlarynyň wagşyçylyklarynyň iň elhenç ýeri şol ýesir türkmneiň dul galan haçar aýaly öz äriniň gana bulaşyp ýatan kellesini tä goşunyň agşamky düşlejek ýerine barýança göterip äkitmäge mejbur boldy. Persiýanlar bolsa beýle zalymlyga göwni bir ýaly arkaýyn garaýardylar”

XIX asyryň I ýarymynda Türkmenistanyň günbatar we günorta raýonlarynyň bir bölegi Hywa hanlary tarapyndan basylyp alyndy. 1804-1806 ýý-da Hywany ýomutlaryň mallara we ýere salnan salgydyny tölemändikleri üçin çapawulçylykçylara sezewar edilendigi barada maglumatlar taryhy kitaplarda beýan edilýär. 1809 ýylyň iýun aýynda Nusaý we Abiwerd welaýatlarynyň türkmenleriniň garşysyna Hywa hökümdarynyň Muhammet walynyň baştutanlygynda jeza beriji otrýadynyň geciren çapawulçylyklary taryhymyzyň pajygaly günleri hökmünde suratlandyrylýar.

Muhammet eminiň oruntutary Öwez ynak wagtynda ýomut türkmenleriniň Hywa hanlygyna tabyn bolmakdan boýun gacyryp, özlerine salnan pajy tölemändikleri baradaky maglumatlar, şeýle hem ýomut serkerdeleriniň demirgazyga (gazaklara garşy) günorta Buharanyň üstüne we Mary Sargat hem-de Ahal türkmenleriniň üstüne edilen ýörişlere işeňňir gatnaşandyklary baradaky maglumatlar bize MITT-ň sahypalarynda bellidir. MITT II tom 200-210 sah M. 1939 ý.

1806-1925 ýý-da Hywada Muhammetrahym hanlyk edipdri. Ol döwlet başyna gelen ilkinji gününden baslap türkmen taypalarynyň (çowdurlaryň, ýomutlaryň) üstüne çozuş edip demirgazyk – günbatarda, Kaspi deňiz kenar ýakalarynda, Maňgyşlakda hanlyk hökümetini berkarar edipdir. 1816- ýylda Muhammettaryh han Gürgen sähralaryna ýöriş edýär. Ol Astrabat welaýatyna çenli baryp harby operassiýalar gurap şol ýeriniň halkyny dürli paçlar tölemäge mejbur edipdir.

Soňra garadasly mehinli taýpalaryň boýun bolmagyny gazanypdyr. Etrek – Gürgen sebitlerindäki gökleňler hem tabyn edilip, olaryň 1 bölegi Hywa göçmege mejbur edilipdir. Ili gökleň şahyry Gurbandurdy Zeliliniň “Watanym seni” diyen goşgusynda beýan edilýän setirlerde hem öz Watanyndan aýra duşen gökleňleriň Hywa hany Muhammetrahyma garşy azat edijilikli göreşi beýan edilýär.

Biz siziň bilen geçen leksiýamyzda XIX asyryň I ýarymynda türkmen – rus gatnaşyjlarynyň ösüşi diýen temamyzda Maňgyşlakda abdal türkmenlerinn, igdirleriň we çowdurlaryň I böleginiň Hywa hanlygyndan goňşy gazak, özbek han – beglerinde goranyp günorta tarap göçmäge hem-de özleriniň goralmagyny we rus raýatlygyna kabul edilmegini haýyş edip, Orsýete telim gezekler ýüz tutandyklary barasyndaky maglumatlary öwrendik.

1801- Maňgyşlagyň abdal-ň Astrahana barmagy.

1802- olaryň Peterburga baryp rus raýta-na kabul edilmegini bilen baglanyşyklary ýüzlenmesi.

1803- 27 aprel – Maňgyşlak abd rus raýtalaryna resmi kabul edilmegi.

1813-1814 ýý-da rus raýatlaryna kabul edilmegi hakyndaky hažýyş bilen çowdurlaryň, söýünjileriniň we maňgyşlagyň beýleki türme-ň wekilleriniň Astrahana stawropol ülkesine we Peterburga barmagy.

Elbetde XIX asyryň I ýarymynda şeýle dagynyklygyň ýüze çykmagyna we demirgazyk Türkmenistanyñ ýerli ilatynyň migrassion proseslere (göçe - göçlüge) sezewar edilmegine Hywa hanlary sebäp bolupdyrlar.

Halk Ruslardan haraý gäp, hat-da olaryň raýatlygyna kabul etmeklige hem mejbur bolupdyrlar. XIX asyrad Ahla ilaty hem Hywa hanlygynyň basybalyjylykly talaňçylykly syýasatyna garşy yzygiderli göreş alyp barypdyrlar. Olaryň Hywa hany Muhammetrahyma garşy ilkinji çykyşy 1812-ýylda hanyň Horasana ýörişi wagtynda bolup geçipdir.

1004-1813 ýý-da Eýranyň Ruslara garşy urşunda şowsuzlyga sezewar bolmagy gajar dinastiýasynyň gowşamagyna alyp barypdyr. Bu ýagdaydan peydalanyp Hywa hany Muhametrahym özüniň Horasana ýörişi üçin Ahal tekelerinden nöker sorapdyr. Emma Ahallylar nöker bermekden ýüz dönderipdirler. Emma günorta türkmenler Muhammetrahymyň zandynyň erbetligine göz ýetirip, Hywa hökümýetine paç töläp, hat-da onuň raýatlygyny hem Kabul etmejekdikleri mälim edipdirler. Elbetde munuň özi türkmenleriň diplomatiýasynyň bir ýoludy. Teke serdarlary we kethudalar gan döküşiklige ýol bermejek bolup elinde baryny edýärdiler. Muňa garamazdan Hywa hanynyň goşunlary Hurmant jülgesinde tekeleriň üstüne çozup, obalary talaňçylyga sezewar edipdirler. Şeýle talañçylyklar 1816-1817-ýyllarda yzly-yzyna dowam edip Ahalyň ýerli ilatyny güýçden gaçyrypdyr. Ahal ili gahrymanlarça göreşip hanyň harby güýçlerinden üstün gelip ähli şertlere razy bolmaklyga mejbur edilipdir.

1819-ýylyň aprel aýynda Muhammetrahym han Horasanyň üstüne (Ahal topragyna) 3 gezek ýöriş edýär. Bu gezek onuň bütin uruş hereketleri esasan Ahal tekeleriniň kethudasy Myrat Serdara garşy ugrukdyrylan bolupdyr.

Derbent jülgesinde hanyň goşunlary bilen Myrat Serdaryň Ahal tekelerinn goşunlarynyñ arasynda ýüzbe – ýüz çaknyşyk bolupdur. Türkmenler Hywa hanynyň goşunlaryna garşy gahrymanlarça göreşipdirler. Birbada hanyň goşunlary Izgant jülgesindäki söweşlerde yza çekilse-de Irdat jülgesinde bolan söweşlerde hywalylar ýeňiş gazanypdyrlar. Şol söweşlerden soň Ahal tekeleri Arçman, Durun, Mehin ýalt ilatly punktlary taşlap, Hywa boýun bolmakdan Tejene, Sarahsa, Mara gidipdirler.

XIX asyryň 20 ý-da Hywa hanlarynyň Ahal topragyny basyp almak prosesi birbada togtadypdyrlar. Han hökümeti özboluşly hilegärlik bilen diplomatiýa baş urup, teke han – begleri bilen soýuz baglaşmaklygy maksat edinipdir. Şol maksat bilen Muhammetrahym türkmenleriň Ahaldaky öňki abraýly baştutany Myrat Serdary ähli tekelere han edip belläpdir, hem-de Myrat Serdaryň kömekçisi tanymal Aýym begi hem öz tarapyna çekipdir. Elbetde hanyň bu syýasatynyň aňyrsynda uly maksatlar bardy. Ýagny Hywa hany Muhammetrahymyň Ahalda berk ornaşyp, ýerli halky ozone doly boýun edip, onsoň ony uly harby güýç hökmünde peýdalanyp Türkmenistanyň has günortasyna Etege, Mara, Sarahsa, Ýolötene, Pendä aralşmagy maksat edinýärdi.

Elbetde Hywa hökümdarlaryna XIX asyryň 20 ýý-na çenli Etege, tejene aralaşmak başardan hem bolsa olara Maryny birbada öz raýatlygyna geçirmek başartmady. Sebäbi 1785 ý-da Mary ugrunda Buhara – Eýran urşy bolup onda emir Şamyrat Welnamy ýeňiş gazanypdy. XIX asyryň başynda emiriň ogly Din Nasyr (Mirhaýdaryň dogany) türkmen taýplaryna garşy yzygiderli uruş alyp barypdyr. Soňra Din Nasyr Maryda berk ornaşyp özbaşdaklyk yglan edýär. Gaýtam öňki syýasatyny üýtgedip öz nesilleri bilen duşman bolup arany sazlaýar. Şeýle hem Hywa hanlary bilen hem dostlukly aragatnaşygy ýola goýar. Şondan soň Buhara emiri Mirhaydar Niýazbegiň baştutanlygynda uly harby güýçleri Mara Din Nasyryň garşysyna iberyär. Ol öňküer ýaly Soltanbendi ýumrum Din Nasyry ele saljak bolnada ol hem müňlerçe türkmenler bilen Maşada gaçypdyr. Merw ýene-de Buhara boýun egdirilipdir. Mirhaýdar 200-n gowrak hojalygyny Zeröwşen derýasynyň boýlaryna göçüripdir. Şu çylşyrymly syýasy ýagdaýdan peýdalanyp 1922-23 ýý-da Hywa Buhara urşy netijesinde Merw Hywa hanlygynyň gol astyna düşüpdir. Soltanbegiň weýran edilmegi sebäpli ilat Murgap oazisiniň günbatar böleginde ornaşypdyr. 1823 ýylyň dekabrynda Hywadan Mara Ynak Guýruk Myrat Soltanbendi dikeltmek üçin eberilipdir. Emma oňa bu iş başartmandyr. Şondan soň Hywa hökümdary Murgabyň çet kenarynda Egri güzeriň ýanynda gala salypdyrlar. Şol galanyň ýanyndaky oba hem häzirki Mry şäheriniň başlangyjy bolupdr.

Biz siziň bilen XIX asyryň I ýarymynda has anyk aýtsak I çärýeginde türkmen halkynyň Eýran hökümdarlaryna, Hywa hanlaryna garşy milli azat edijilik göreşlerini beýan etdik. Indiki bir beýan edilmeli taryhy materillar Lebaply türkmenleriniň ýagny Amyderýanyň çep we sag kenarynda ýaşaýan halklaryň 3-nji bir feudal döwlet bolan Buhara hanlygy (soňra Buhara emirligi) tarapyndan ýüzlerçe ýyllaryň (asyrlaryň) dowamynda elgarama edilip gelenligi barasynda aýtmaly.

Lebap türkmenleriniň XVII- XIX asyrlardaky ýaşaýyş durmuşy, hem-de olaryň goňşy döletleriň zulmuna garşy göreşi bara taryhy edebiýatlarda onçakly bir baý maglumatlar hem ýokdy. Bolsada sowet döwrüňde)

Ýöňe soňky ýyllarda öz mugallymymyz taryh ylymlarynyň doktory, professor Döwletdurdy Jumakowyň gazet žurnalarda 1993, 1997, 1998 ýyllarda birnäçe ylmy makalalary çap edildi. Onuň tagallasy bilen 1996 ýylyň oktýabrynda ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 5 ýyllygyna bagyşlap ylmy – praktiki konferensiýa geçirilip onuň materillary çapdan çykdy.

Edebi mirasdan görnükli edebiýatçy merhum alym professor, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň loureaty Öde Abdyllaýewiň Seýdä bagyşlap, Serkerde romany we ýaňy ýakynda “Miras hem Yhlas ” diýen kitabynyň 4 – bölümi (Seýdi we onuň döwri) taryhy çeşme bolup hyzmat edip biler.

Size geçen kurslardan mälim bolan maglumatlara görä orta Aziýada Nedir şanyň imperiýasy dargandan soň Buhara hanlygynda öňki Astarhanylar dinastiýasy synyp täze mangyt dinastiýasy häkimýet başyna geldi. (1785 ýýlda) Şamyrat Welnamynyň baştutanlygynda. Ol 1785-1800 ýý atalygynda Buhara hanlygyny emirlik diýip yglan edip, onuň syýasy we ykdysady potensialyny berkleşdirmek we ösdürmek üçin dölwetleriň çägini giňeldip Maryny hem Eýran gajarlarynyň elinden alyndy. Şamyrat Welnamy hem öz döwründe Lebap halkyny çydamsyz horluklara sezewar etdi. Emir aradan çykandan soň 1801-1802 ýyllarda onuň ogly Haýdar Töre döwlet basyna geldi we tä 1826-njy ýylda çenli payşalyk etdi. Onuň halkda ýorgünli ady Mirhaydar bolupdyr.

XIX asyryň ilkinji ýyllarynda başlap Amyderýanyň kenar ýakalaryndaky Lebap türkmenleriniň Mirhaýdara, ärjew begine garşy ençeme gozhalanlar bolup geçdi. Şeýle milli azat edijilikli gozgalaňlaryň biri hem 1801-1802 ýyllarda Çärjew begliginde Mirhaýdaryň ýegeni Seýit Ahmet Hoja garşy amala aşyrylypdyr.

Gozgalaňa esasan Kerki – Çärjew aralygynda (häzikri Atamyrat - Türkmenabat) aralygynda ýaşaýan ärsary taýpalary gatnaşypdyrlar. Gozgalaňyň esasy ýolbaşçylarynyň biri soltanýaz beg Işabaşy ogly bolupdyr. Bu gozgalaňa Seýitnazar Seýdi hem gatnaşypdyr. Şahyr gozgalaňa diňe bir ruhy tarapdan goldaw bermän, özi türkmen ýigitleriniň uly bölegine hem baştutanlyk edipdir. Muňa onuň şu aşakdaky setirleri şaýatlyk edýär.


Watan üçin çykdym gyr at üstüne

Tä janym çykýança dönmenem begler,

Dikdir serim düşmen duşman astyna

Sil deý aksa gandan, ganmanam begler.

Gozgalaňçylar ilkinji söweşde emiriň goşunlaryny ýeňlişe sezewar edipdirler. Emma san taydan agdyklyk edýän oňat ýaraglanan emir goşunlary ahyr soňy ýeňiş gazanypdyrlar. Gozgalaňçylaryň milli azat edijilik söweşleri netijesiz gutaran hem bolsa Seýdiniň, Soltanýazbegiň abraýy öňküden-de has ýokary bolupdyr.

Seýdi şahyr Soltanýazbegiň mertligine, edermenligine, beýik adamkärçiligine bagşlap ýazan “Döwran bardyr” diýen goşgusynda şeýle setirler bar.

Işabaşy ogly Soltanýaz begiň

Bu dünýäde dürli Döwrany bardyr,

Bedew münüp mert ýigitler bilen

Günde çoh sapaly seyrany bardyr.

1801-1802 ýý-ky gozgalaň ýeňlenden soň 1922 ýylda Hywa hany Muhammetrahymyň goldaw bermegi bilen Lebap türkmenleriniň Buhara emirligine garşy uly gozgalaňlarynyň biri başlanyar. Bu gozgalaňyň giň germde bolmagyna Hywa hany Muhametrahymyň Mara we Çärjewe ýörişleri hem täsir edipdir. Türkmenler Buhara tarapyndan salynýan agyr salgytlaryň garşysyna uly gozgalaňa baş göteripdirler. Bu döwürde Seýdi şahyr Lebap halkynyň milli azat edijilik hereketiniň ruhy binýadyny ýaradyjy hökmüňde kemsidilen halk köpçüliginiň mertebesini belende göterip, ene topragy basybalyjylardan goramak ýaly ideýalar bilen türkmen ýigitlerini uly söweşlere mobilizläpdir. Ol özüniň “Begler” goşgusynda

Duşman geldi Lebap boýun ot eýläp,

Turuň begler ol döwüşe baraýlyň

Watan üçin, abraý üçin, il üçin

Är deý durup şol söweşe baraýlyň.

Ýa-da şahyryň

Agzymyz bir etsek tükel ärsary,

Duşman geçe bilmez serhetden bäri.

Her ýigidiň söweş bolsa hünäri.

Öňümize salyp, sürülsin indi.

- diýen setirleri agzybirlige, jebisleşmeklige çagyryş hökmünde ýaňlanýar.

Seýdi şahyr gapraşsyzlygy diňe bir ärsalylaryň birleşmegi bilen gazanyp bolmajaklygyna düşünip ähli türkmen taýpalarynyň birleşmegini islän.

Ýagy bolsa salyr, sarygy – teke

Biz munda il bolmak ogşamaz ýeke

Ýa-da

Teke, salyr saryk, gara bekewül

Bir oturyp, bile turaly begler.

- diýin ýazýar. Serkerde şahyryň şeýle garyşlaryndan soň 1822 ýylda ärsary, sakar, salyr baýat we beýleki türkmen taýpalary Buhara emiriniň garşysyna aýaga galypdyr. Seýdi türkmen ýigitlerine ýüzlenip:


Göroglydan bu gün alyp tilsimi.

Gurhan açyp, gel içeýliň, kasamy.

Şu gün bolsun Isgenderiň kysymy.

Är deý durup ol söweşe baraýlyň.

- diýmek bilen goç ýigitleri gorky ürkeden heder etmän Görogly, Iskenderiň ruhunda terbiýeläp olary söweşe çagyrypdyrlar.

Hywa hany Muhammetrahym 1920-nji ýylda Buhara emirliginiň raýatlygynda bolan Maryny basyp alandan soň 1921-1822 ýylda has takyk 1822 ýylyň maýynda Lebap türkmenleri halys degnasyna degen Buhara emirine garanda Muhammetrahym ganymaýdyr öýdün, şonuň bilen birleşýärlerde 1822 ýylyň 15 maýyndan başlap 66 günläp söweş edip, Buhara emirligiň Çärjewdäki begmegini tozdurýarlar, şähere hem-de onuň töwregindäki obalary gan çayan ähli zatlary talaplaýarlar. Şondan soň hanyň buýrugy bilen nökerlige gelen türkmenler bilen birlikde Hywa goşunlary Kerki töwereklerine tarap, Amyderýanyň çep kenary bilen ýörüşi edýäler. Bu döwürde Buhara emiri Mirhaydar hem uly goşun bilen derýanyň sag kenaryndan ýokary akyma garşy ýöriş edýär. Hywa hanynyň goşunlarynyň gelýänligini eşidip, derýanyň çep kenarynda ýaşaýan Kut hem-de Halaç taýpalary Hywalylaryň ýörişlerinden howatyrlanyp Buhara emiriniň tarapyna geçýärler. Hywa goşunlary bu ýagdaýy group, ärsalylaryň öýlerini talaýarlar, otlaýarlar. Kerkä çenli talaňçylyk edip Burdanlyga ýetenlerinden soň yzyna dolanýarlar.

Şondan soňra Hywa hanynyň goşunlary Çärjewe gelip, Buhara emiriniň goşunlary ilen 3 gün söweşip begiň galasyny top okuna tutýarlar.

Birdenem garaşylmadyk ýagdaýda, gabawy aýryp ok – däri gutardy. Bahanasy bilen, olja baryny toplap Horezme gidýäler.

Ö. Abdyllaýew bilen Biýazow d/b-ň Düýeçiler obasynda (Kirow uçaktogynda) Beg depede. Hywa hany özüniň daýanç punkty edip, hemişe ulanypdyr. Dürbide seretseň bir parolelde Amul galasy bilen Hywa hanynyň goşunlarynyň Çärjew sebitlerinde emire garşy söweş hereketleriniň soňuna çenli ýeňişli gutarýanç alyp barmazlygy, ärsarylaryň galan böleginiň ýagdaýyny has agyrlaşdyryra. Sebäbi Hywa hany sakarlar, garabekewüliler bilen birleşip Kerki, Halaç ärsarylaryny agyr horluklara sezewar etdi. Bu ýagdaýyň özi ärsarylaryň özaralarynda duşmançylygyň has güýçlenmegine getirdi. Şeýle ýagdaýda 800 adamynyň ýanyna ilçi iberip bu kynçylykly ýagdaýyndan çykalga tzpmakda kömek sorapdyr. Muhametrahym olara Mara göçüp barmaklaryny maslahat beryär, hem-de Marydan olara ýaşmak üçin ýer bölüp beryär.

Şeýlelikde Lebap türkmenleriniň bir bölegi öz watanlaryny taslap, Mara göçüp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Munuň özi Lebap türkmenleriniň gozgalaňynyň ýeňilmegini tekrarlaýan ýagdaýydyr.

Görşumiz ýaly, 1822-1823 ýyllardaky Lebap türkmenleriniň Buhara emirine garşy uly gozgalaňy ýeňlişe sezewar bolupdyr. Ýerli hakdan gozgalaňa baş goşany üçin gazaply öç alynypdyr.

Şeýlelikde Dagdan arkasy bolan türkmeniň ahwaly ýene-de şol ýandakdan pesligine galyberipdir. Hat-da Zakaspide sowet häkimýeti berkarar bolan döwürdede entek Buhara emiri Seýit Aýym han Amyderýanyň kenar ýakalarynda agalyk sürüpdir.

Diňe 1920 ýylyň sentýabrynda başlanan emirlikdäki gozgalaňyň 2 sentýabrydy BXSR –ň jar edilmegi bilen tamamlady. Rewolýusiýa hem sakardan Bäşm Seýitnyýazow (serdar) baslandy.