XIX asyryň I- ýarymynda türkmenleriň ykdysadyýeti

Mowzuk: XIX asyryň I- ýarymynda türkmenleriň ykdysadyýeti.

1. Türkmenleriň hojalygy we sosial syýasy gurluşy XIX asyryň I-ýarymynda;


Entäk XVI asyrdan başlanan ata-babalarymyzyň esasan çarwaçylykdan ýarym oturymly we doly oturymly ýaşayşa geçmegi XIX asyryň ortalaryna çenli dowam edipdir. Bu ýagdaýyň uzak wagta çekmegi merkezleşdirlen döwletiň bolmazlygy hem-de çylşyrymly syýasy wakalaryň migrossion pjssesiň(köpçülikleýin göçhä-döçgülliň) bolmagy bilen baglanşyklydyr.

Daşky duşmanyň çozuşlary sebäpli çomrynyň çarwa, soň amatly şertler dörän halatynda, ýene-de çomra öwrülýän halatlary seýrek däl eken.

Adamlaryň durmuşynda hojalygyň ol ýada beýleki pudagynyň her taýpanyň ýaşaýan ýeriniň tebigy şertlerinde bagly bolupdyr. Bu gün ýeterlik suw çeşmesiniň boýlarynda ýaşan,ekerançylyk alyp barýan ilat ertir gum içine göçende,kärini üýtgetmäge mejbur bolupdyr,çarwaçylyga ýüz urupdyr, kämahal tersine bolýan wagtlary htm bolupdyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň hojalyk kärleri hakynda gürrüň edilende olary umumylaşdyrylan netijeler esasynda “oturymly taýpa”hem “çarwa taýpa”diýip bölmekligiň özi nädogrydyr. Şeýle mesele ýüze çykanda sizler geljekki mugallymlar,haýsy tiräniň haçan nirde ýerleşip,kimiň nä wagt esasan oturymly durmuş alyp barandygyny, näwagtam maldarçylyk bilen meşgullanandygyny aýyl-saýyl etmeli. XIX asyrdaky we XX asyryň başlaryndaky türkmenler hakynda Günbatar Ýewropaly we Russiýaly awtorlaryň käbirleri türkmen hakykatyny ýoýup, türkmen taýpalary alamançylyk edip gezipdirler, il çapyp galtamançylyk edip eklenipdirler diýip ýazýarlar. Ekin ekmegi ýa-da mal bakmagy, hamala diýseň özlerine mynasyp kär hasaplamandyr we iň ýamanyda olardan baş çykarmandyr. Beýle piker, elbetde hakykatdan daş pikirdir. Sebäbi ata-babalarymyz ekin ekmegi-de, mal bakmagy-da, hünärmençilik bilen meşgullanmagy-da başarypdyr. Olar köp pudakly hojalyk alyp barypdyrlar. Türkmenleriň hojalygynda çarwaçylyk örän möhüm orun tutupdyr. Çarwa türkmenler gylýallary, gara mallary türkmeni we garaköli goýunlary, geçileri, düýeleri ösdürip ýetişdiripdirler. Ahal-teke, ýomut atlaryny (çapylýan) ösdürip ýetişdirmeklige hem şol döwürde aýratyn üns berlipdir. Ahal teke atlary özüniň owadanlygy, ýyndamlygy we çydamlylygy bilen tapawutlanýar eken. Türkmen atlary dünýä belli meşhur ada eýe bolupdyr. Amyderýanyň aşak akymynda we Lebapda garaköli goýunlar, Mary Pendi çöllerinde goýunlaryň et-ýüň saryja tohumlaryny ösdürip ýetişdiripdirler. Türkmen çarwalary düýeleriň arwana tohumlaryny köpeldipdirler. Maldarlar we awçylar tarapyndan örängadry bilnen türkmen itleri köpeldipdir. G|o Türkmenistanda çarwa toparlar gum eneklerinde, Merkezi Garagumda, Tejen, Murgap derýalarynyň aýak akymlarynda ýaşapdyrlar. Ahally çarwalaryň Tejene uzak döwürleýin geçýän halatlary seýrek däldi. Maryly, Pendili maldarlar öri meýdany hökmünde Ýolöten, Pendi çöllerini peýdalanýardylar. Bu çöller we Bathyz baýyrlary ençeme asyr bäri türkmen çarwalarynyň mekany bolup geçipdir. Az sanly gurply hojalyklar, mally baýllar mallaryny Owganystan bilen araçäkde, Pendi oazisinde Amyderýanyň kenaryndaky jennetliklerde oazis etegindäki gumda bakýardylar. Çarwa hojalyklaryň has adaty formada esasan G|b Türkmenistanda , Balkandag töwereklerinde saklanyp galdy. Ekerançylyk üçin amatsyz ýerlerde mekan tutan ýomutlaryň ak atabaýlar tireleriniň hojalygynda maldarçylyk esasy pudak bolan bolsa, deňiz ýakasyndaky jafar baýlar nebit, azakezit çykarmak, balykçylyk söwda bilen meşgul bolupdyrlar.

Ekerançylyk hojalygy:

XIX asyryň I-ýarymynda türkmen ykdysadyýetiniň esasy düzümini ekerançylyk hojalygy düzüpdir.

Ekerançylykda ak ekinler (bugdaý,arpa,jöwen,dary, künji,bakja ekinleri,gawun,garpyz,kädi),belli derejede pagta we ş.m. ekilipdir. Dänelik ekinler ýaz we güýz aýlary ekileni üçin, olaryň ýöriteleşdirilen ýazlyk we güýçlik sortlary bolupdyr. Alymlaryň pikirine görä,ýurdumyzyň teritoriýasynda ýabany ösýän dänelik ekinlere baý eken. Geçen asyryň ortalarynda Türkmenistanda bugdaýyň ýabany we eldekileşdirilen 150-160 görnüşi ýetişdirilip,olar çörek bişirmäge has ýaramlylygy bilen tapawutlanypdyr.

Jöwen esasan mal iýmiti hökmünde ekilipdir. Ýöne ony garyp maşgalalar iýmit hökmünde hem peýdalanypdyrlar. Galyberse-de, onuň unundan bişirlýän zagarany aşgazany agyrly adamlara maslahat berlipdir. Jöwenek atly aýda ýetişýän hem köp hasyl berýän (gonçakly,egribaş jowen),üç aýlyk-dört aýlyk tiz bişýän (dikbaş jöwen) sortlary bolupdyr.

Ekerançylyk iki usulda (düme ekin we suwarymly ekin) alnyp barlypdyr. Düme ekin esasan dag ýakalarynda giňden ýaýrapdyr.

Ekinleri suwarmak üçin kanallar,bentler gurlupdyr. Köpetdag eteginde bolsa mundane başga-da kärizler gazylypdyr. Türkmenler gadym zamanlardan bäri özleriniň ýaşaýan tebigy şertlerinde suwsuz mydar edip bolmajagyna göz ýetiripdirler. Ata-babalarymyz suwsuň bar ýerinde, ýaşaýşyňbarlygynda gowy düşünip”, suw damjasy altyn dänesi” diýen nakyllara öwrülen paýhasa eýerip,gadym zamanlardan bäri özleriniň ýaşaýan tebigy şertlerinde suwsuz mydar edip bolmajagyna göz ýetiripdirler. Şonuň üçin Türkmenistanyň territoriýasynda suwaryş sistemasy we irrigassion desgalar dürli-dürli bolupdyr.

a) Murgabyň suwaryş sistemasy.

Belli rus alymy g/d şynus W.A.Žukowskiý 19 asyrda “Soltanbendin” taryhy Marynyň taryhydyr, sebäbi onuň ykdysady tarapdan gülläp ösmegi şol suw deskasyny baglydygyny imçemegezek nygtaýar. Maru-şahu-Jahanyň oturymly ilatyny geçen asyrlarda talaňçylyga, zulma, gyzgynçylyga sezewar boluşy ýaly Soltanbent hem ençeme gezekler ýumurlyp, gurşalyp ýede-de ýumurlyp soň dikildilip şeýdip uly taryhy pajygaly ykbaly uly suw irrigassion desgasy bolupdyr. XIII-XIV-XV asyrlarda 200-300 ýylda bu bent ýumurlyp ýatyp, Murgap derýasy islän ugruna akypdyr. 19 asyryň başyndan başlap Murgapda ýene-de birnäçe bentler (Janalybent, Gowsulbent) ýaly uly suw deskalary gurulýär. Bu deskalary gurmakda-da şol gadymy tehnologiýa (prilitiw) ulanylýar. Ýagny Soltanbentiň, Ýaňylybendiň, Gowşutbendiň gurluşygynda türkmenler elmydama derýanyň iki hanasyna kenardan ýylgyn toraňňy, hyşa bilen nowala ýaşan (togalap) derýanyň öňüňi garaldyp, hat-da bekläp hem bilipdirler (Her bir uly taýar edilen nowalany derýanyň hanasyna goýmak üçin bir müňe golaý adam gerek bolupdyr. Bent gurmak işleri güýzde, gyşda amala aşyrylypdyr, ýagny suwuň az wagty. Soňra suwyň badyny, suw joşanda siliň güýjüni gowsatmak üçin nowalynyň önüňde “Pişnowala” diýilýäni oňarylypdyr).

Ine şondan soň, suw öňünden gazyçyp taýýar edilen Magustral kanallara (utamyýan. Togtamyşýan) usullyk bilen guýup bindeň ýokary ýanynda (samatýok bilen) gaýdypdyr.

Maryda 19-nji asyryň ortasynda Gowuşutbent uly suw desgasy hökmünde ykdysadyýetiň ekerançylyk pudagynyň ösmegine , bagçylyk şeýle hem gök miwe, bakça ekinlerini dürli görnüşlerine köpelmegine uly rol oýnaýar. Şu bendiň kömegi bilen Murgabyň suwy bütin Mary ilinyň ýaşaýşyna we Mary oazisynyň gülläp ös,egine uly ýardam edýär.

Tejen we Etrek-Gürgen boýlarynda desgalar.

XIX asyryň dowamynda Tejen derýasynyň aşak akymynda 1789-nji ýylaryň gurulan uly suw desgasy Garrybent 2 sany emeli (el bilen gazylan) Beg we wekil atly 2 sany magistral kanallar arkaly Tejen etrabynyň ekerançylyk hpojalygynda easy rol oýnapdyr. Bu uly beg hem XIX asyryň birinji çäreginde ýurmulyp täzeden dikeldiripdir, ýene-de ýumurlyp ýene-de dikildilip halkyn syýsasy wakalaryna utgaşyp taryha bagly bolupdyr.

Sarahs ýerlerinde (sebitlerine) ekin meýdanlary bentler arkaly däl-de ýörite suwyň çişip iki ýana sowulyp akýan desgalaryň guralmagyň hasabyna (torraňyndan) we daşardan ýasalan ýagny suwuň akymyna päsgelçilik berýän deagalar, soňra suw çişip derýa joşup okean meýdanlara gidýär. Etrek-Gürgende bolsa ekerançylygy düme görnüşe giňden ulanypdyrlar. Miweli agaçlar, üzüm-alma injir köp ekilipdir. Ata-babalarymyz her bir adamyň miweli bag ekip, özünden soňkylara ýadygärlik galdyrmagyny ozone sogap iş hasaplapdyr.

Lebapdaky suwaryş sistema

Türkmenistanda bol suw bilen üpjün, ekerançylyk üçin amatly ýerler Amyderýanyň orta we aşak akymynda bolsa-da, däli derýanyň suwuny peýdalanmak gaty kynçylykly wezipeleri goýupdyr. Amyderýa bent, gatla, gaçy ýalydesgalary gurmak mümkin däl-di, suwy bir ýoly bilen ýagny çüň gazylan nowhanalar (magistral kannalar) arkaly alyp bilýärdiler. Göni derýadan gaýdan howhanalar soňra gatlalar arkaly birnäçe ýaplara bölünip ekin meýdalaryna barýardy (salmajyklaryň üsti bilen). Her ýyl güýz aýlarynda başlanýan haşar işi dowam edýärdi. Bu iş iň agyr we mertebeli iş hem edilýärdi. Olara arapça “Merdikarlar” merd adamlar diýip hem atlandyrylypdyrlar. Oba adamlary gazy-haşara gatnaşan adamlara mal öldürip, sadaka berip, hat-da olara keramatly adamlar hökmünde sarpa goýulýan ýerleri hem bolupdyr. Käbir gurply hojalyklarda jykyr hem ulanypdyr, ýöne örän az halatda.

Horezmdäki suw deagalar

Bu ýerlerde hem emeli suwaryş sistemasy peýdalanypdyr. Derýalykda gurlap desgalaryna Gyzyltakyr, Şamyrat, Mätweli, Mehter, uşak, salak we Ýegengylyç diýip atlandyrypdyr. Dürli magustral kanallar hem göni ekin meýdanlarynyň içinden geçipdir.

Ahal-Etek

Dag eteginde ýerleşen Ahal we Etekde iri derýalar bolmanlygy sebäpli gidrotehniki desgalar hem bolmalydyr. Bu ýerlerde Duşak ,Gyzylarbat we dag eteklerinde käriz sistemasy ulanylypdyr. Käriz gazmaklyk işiniň kynçylygy (kinofilmde uruş ýyllarynda).

Lebabyň ekerançylygy.

Türkmenistanda bol suw bilen üpjün ,ekerançylygyň iň ösen ýerleriniň biride Lebapdyr. Esasy ekilýän ekinlere bugdaý,jöwen, arpa kem-käsleýin pagta,ýorunja,deri, gök ekinler ekilipdir. Şeýle hem gowy sortly miweli agaçlar,gawun garpyz,noýba ýaly ekinler hem ekilipdir, säbäbi ol ýüpekçiligi ösdürmeklige şert döredipdir. Miweli agaçlar gara üzüm, erik, alma, injir köp ekilipdir.

XIX asyryň 70 ýyllarynda Lebapda ärsarylaryň 107 müň tapan suwarymly ekerançylyk ýerleri bolupdyr. Emma ekerançylyga niýetlenen ýer näçe köp bolsada, ilat gaty gür ýerleşýänligi sebäpden ýerler ýetmezçilik edipdir. Orta hasap bilen alanyňda 1 tanap ýerden (2,5 tanap,1desýatine barabar) 1 maşgala onda-da 5-10 adam eklenipdir. Ýerleriň azlygy (ýetmezligi) ýylda 2-3 hasyl almaklyga, netijede hem yer arryklamagyna soňra ekin dolanşygyny geçirmeklige ony derslenmegine mejbur edipdir. Suwarymly ýerler bilen bir hatarda Lebapda ýarym düme ekerançylyk hem bolupdyr. Jeňňel ýerler arassalanyp çägesöw ýerler hem öwen, knji, gawun-garpyz üçin peýdalanypdyr.

Düme ekinler köýten daglarynda köplenç ekilipdir. Dag eteklerinden arpanyň gowy hasylyny alyp bilipdirler.

Marydaky ekerançylyk

Türkmenistanyň territoriýasynda ekerançylyk hojalygynyň iň ösen ýerleriniň biri hem Mary, Ýöleten, Pendi oazisleriniň biri guorta ýeriň mesdigi, köp hasylydygy barada Ýewropaly syýahatçylar hem, dürli awtorlar belläp geçipdirler.

Maryda bugdaýyň iň giň ýadan sortlary güýzlük ak bugdaý we ýazlyk gyzyl bugdaý köp ekilipdir. Jöweniň 2 sorty dänelik 6 aýlyk sorty we mal iými üçin niýetlenýän 4 aýlyk sortlary ösdürip ýetişdiripdirler. Mary oazisy Orsyýet tarapyndan eýelenen soň, pagtanyň (gowaçanyň) Amerikan we Musür sortlaryny ýetişdoirilip köpçülikleýin başlanypdyr. Bagça ekinlerine, gawun-gazrpuzyň dürli sortlary waharman, akhytaýy, göktorly we giçki garrygyz ýaly gawunlar, polow kädi, daş kädi, haýwan kädi, suw kädi ýaly kädiniň dürli sortlary ýetişdirilipdir. Bag ekinleriniň dürli görnüşleri : alma, erik, nar, garaly, şepdaly, igde agaçlary köp ekiliptir.

Üzüm agaçlary uly plantasiýalara çekilip onuň gelin barmak, gyzyk üzüm şeýle hem giç bişýän al ýanak, mahty, bidäne, düý gulagy diýen sortlary ýetişdirilipdir.

Pendide şaly ekilip onuň bol hasyly alnypdyr.

Tedjen bilen Sarahs – aralygynda XIX asyryň başyndan tä ortalarynda çenli käbir subýektiw sebäpleri görä (ilat seýrek ýaşanlyggy sebäpli ýa-da Garrybendiň 2 gezek ýumrulmagy) ekerançylyk hojalygy onçakly ýörgünli bolmandyr. Emma Tejeniň gawunly-garpyzly (düme ekilen) şol wagtlar hem ylaýtada waharmany gawunlaryň deni-taýy bolmandyr.

Ahal bilen Etekde ýaşan tekelerden öňki ýemreliler, alililer, nohurly, mürçeli sünçeli türkmenler suwarymly ekerançylyk bilen meşhur bolupdyrlar. 19 asyrlarda bu ýerlere tekeler aralaşyp olar hem öňki ekerançylyk hojalygyny ösdürip bugdaý-arpa, gawun-garpyz, ekip bagçylyk, özümçilik bilen meşgullanypdyrlar.

Bugdaýyň “ak gylçyk”, “gyzyl gylçyk” üzümiň ýerli “terbaş”, “hälili” tohumlary ýetişdirilipdir. Ilat ekin meýdanlary dagdan gaýdýan keçijik derýajyklaryň hasabyna we kärizleriniň hasabyna suwarypdyr. Elbetde suw ýetmizçilik edipdir. Sebäbi dagdan gaýdýan derýajyklaryň suwu ýyl boýy bir derejede bolmandyr, üstesine-de kärizleriň hasabyna-da suwaryş işleri uly kynçylyk bilen amala aşyrylypyr.

Ahal-tekeoazisi hem ekerançylygyň ösen ýerleri bolupdyr. Bu ýerler Asgabat, Pöwrize, Köşi, Gözbaşy, Garasuw, Sekizýap Altyýan, Gotursuw, Börme, Durun, Arwaş, Kelteçynar ýaly gaýdaýan kiçilik derýajyklaryň suwy bilen we birnäçe käriz suwlary bilen we ownuk suw çeşmeleri bilen ekerançylyk we onuň dürligörnüşleri ösdürilipdir. Owalaryň töwereginde bugdaý arpadan başga-da ak jögen, gara künje, we sary künje, gawun-garpyz, käşir, sowan, mekke-jpwen, ýaly ekinleri ekipdirler. Mal oty üçin ýorunjä ýörgeli bolupdyr. Daglarda azda kände düme, arpa, bugdaý hem ösdürilip ýetişdirilipdir. Eger Tejende we Sarahda güýzlük bugdaý ösdürip ýetiştirmeklige mümkinçilik bolmadyk bolsa, Ahal teke oazisinde we Etekde Ruhnama, Garaşsyzlyk aýlarynda ekilýän bugdaýyn hasyly geljek ýylda has öndürili we gowy hilli bolupdyr. Ekerançylykda ulanylýan zähmet gurallary özüniň primitiwligine seretmezden (mala, pil, kätmen, omaç, orak, maňňal we ş.m.) has ýörgünli bolupdyr.

Ahalyň halky üzümi keşmiş gabuwuny kak edip gyş öümi taýýarlap hem bilipdir. Etrek-Gürgen türkmenleriniň ekerançylyk hojalygy.

Etrek-Gürgen, Garrygala sebitlerinde hem ekerançylyk XIX asyrda has ýörgünli,ösen hojalyk bolupdyr. Magtymguly Etrek, Gürgen, Garrygala gezen ýerlerim diýip şol ýerleriň tebigatyny wasp etmek bilen ekrançylyk asmandan ýagýan ýatynyň, aýratyn hem ýaz ýagşynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp ony “ekiniň hemdemi, ýeriň ýarany” hasap edýär. Ýagny “gökden hem düşmese, ýerni gögertmez” diýipdir.

Etrek-Gürgen ýomutlarynyň we göklen tireleriniň ekerançylyk hojalygy özüniň dürli-dürliligi ýagny köp görnüşliligi bilen tapawutlanypdyr. Ýere 1 tohum taşlasan, ol ýerden 2 bolup çykjagyna gözi ýeten halk diňe bir bugdaý, şaly, jöwen, gawun, garpyz ýaly ýörgünli ekinler däl, eýsem sogan sarym sak, hyýar, künji ýaly gök önümleri ekipdirler. Köklenler hem ýüpekçilige üns berip tutluk plantasiýalaryny giňeldipdirler. K.Bode türkmenleriň gökleňler tiresiňi iň jeňakeş yhlasly zähmetsöýer ekerançy taýpa hasap etse, beýleki bir rus syýasatçysy M.N.Galkin olaryň ösdürip ýetişdirýän ak bugdaýy bütin Türkmenistanyň ilatyny galla bilen üpjün edýär diýip belleýär. Seýle hem dag ete klerinde ekilip ýetişdirilen gawun-garpyzyň süýjüligi ylaýtada gawunlaryň meşhurlygy Lebapdaky Gülabydaky kem däldigini rus syýasatlygy Galkin belläpdir.

Horezm türkmenleriniň ekerançylygy.

Türkmenistanyň teritoriýasynda ekerançylyk hojalygynyň ýene-de bir giňden gülläp ösen ýeri o-da Gadymy Horezimiň demirgazyk-günbatar etraplar ýagny türkmenleriň asyldan ata-baba outran ýerleridir. Hortzm türkmenleri demirgazykda Aýböwür, günortada Garagum, günbatarda üstýurt, bilen sarygamyşdan başlap tä Hywa hanlygynyň medeni zolagyna çenli giňden uly terriotoriýany türkmen taýpalary eýeläpdir. Olar pajygaly syýasy wakalaryň ýagny çaknyşyklaryň hem-de patriorhal feudal gatnaşyklaryň netijelerini öz gerdeni bilen çekip hat-da şonuň ekertwasy ýagny oruslaryň bez rowa ostalis diýilişi ýaly öz dogduk mekanlaryny taşlap gitmeli hem bolupdyrlar.

Demirgazyk günbatarda “gadymy suwarymly ýerler” adyny alan bu territoriýa türkmen halkynyň kemala gelen ajagydyr, onuň asyl Watanydyr, dörän ýeridir, we bütin orta gündogara ýaýran mekenydyr.

XIX asyryň başlarynda ýomutlar,çowdurlar, garadaşlylar, ýemreriler, gökleňler, är sarylaryň 1 bölegi Hywa hanlygyna degişli etraplarda ýaşapdyrlar. Şeýle hem ekerançylyk hojalygyny ösdürmeklige aýratyn üns beripdirler.

Esasy ekerançylyga ýagny ekilýän önümlere bugdaý jögen magi, noýwa, şaly bakça we gök ekinler bolupdyr. Soňabaka temmäki, zygyr, pagta, käşir, sogan, turp, şugundyr. Ýaly ekinlero hem ekip ösdürip ýetişdiripdirler. Bagbançylygam, üzümçiligem bolupdyr.

XIX asyryň 20-30 ýylarynda Amyderýanyň suwunyň joşup demirgazyk günbatara aralaşmagy netijesinde Was, Saşenem massiwleri hem suwlanyp ýerleriň hem türkmenler tarapyndan özleşdirmegine alyp barypdyr. Netijede suw tä şarygamyş köline çenli ýetip ýene-de ol ýerlerde inçeme türkmen tireleriniň göçüp barmagyna sebäp bolýär. Şeýlelekide 19 asyr ortalarynda Köneürgenjiň günbatarynda was etraplarynda, derýalygyň aşak akymynda türkmenler ummasyz uly territoriýany ekerançylyk ücin oňaýly edip özleşdirilipdirler. Bu territoriýa şol döwürde Hywa hanynyň hatarasyna Hanabat diýilip atlandyrypdyr.

Bu territoriýada türkmenler ekerançylygyň dürli görnüşlerini ösdüripdirler. Ýyllaryň dowamynda ekerançylygyň ösmegi olaryň umumy ykdysady ýagdaýynyň gowalandyrmagyna alyp barypdyr. Elbetde muny bolsa Hywa hanlary group bilmän ýerli özbek han-beglerinin olaryň üstüne kşdiripdir. Elbetde munuň özi ýene-de täze syýasy çaknyşyklara alyp barypdyr. Türkmenler bu ýerlerde bent gurupdyrar. Jykyr hem ulanypdyrlar. Ýer üsti we ýerasty suwlary oňat ulanmagy başarypdyrlar.