XIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýeti

Tema: XIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň (türkmen halkynyň) medeniýeti

MEÝILNAMA

1. Edebiýat we jemgyýetçilik pikiri

2. Türkmen halk arhitekturasy we el sungaty. (hünärmentçilik, senetçilik, halyçylyk sungaty).

3. Bagşy-sazandalar, milli halk oýunlary. Din we onuň türkmen jemgyýetinde orny.

Edebiýatlar:

Beýik Saparmyrat Türkmenbasynyň Mukaddes Ruhnama

1. Saparmyrat Türkmenbaşy: Medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmeli. 1993 ý 15 iýun

2. Saparmyrat Türkmenbaşy: Bilimli nesil kuwwatly Watan A. Mag. 1994 ý

3. A. Garryýew, A.Roslýakow. “Türkmen SSR-iň taryhy” I t 2 k. Aşg 1960 sah 49-68

4. A. Kekilo9w, Baymuhammedow, Garryýew “Türkmen elipbiýinin taryhy” 1977 ý

5. Öde Abdyllaýew. “Serkerde” sow edebiýaty žurnaly I k. 1991 №8 sah 12-65

6. Aman Kekilow Mollanepes. A. 1978 ý

“Bize doly hakykaty açyp görkezýän taryh gerek. Ajy-da bolsa, süýji-de bolsa taryhy dogruçyl beýan etmeli”.

Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu sözleri türkmen halkynyň XVIII asyr XIX asyryň I ýarymyzyň medeni durmuşyndaky çylşyrymly wakalaryň real häsiýetlendirilmegini talap edýär.

Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä XVIII-XIX asyryň I ýarymynda türkmenleriň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni durmuşynda uly öwrülişikleriň başlanan döwri boldy. Hut şu döwürlerden başlap, ozal ondan-oňa göçüp-gonup ýören türkmenler häzirki Türkmenistanyň giň territoriýasynda ymykly mekan tutup ugradylar. Türkmen halkynyň etniki ruhy, syýasy taýdan bitewileşmek prosesi täzeden başlady.

Şunuň özi hem dilleri, psihologiýasy, däp-dessurlary, ädim-gylymlary boýunça biri-birinden parhlanmaýan şol taýpalaryny öňdebaryjy ogullarynyň arasynda bir bitewi türkmen döwletini gurmak, taýpalary birleşdirmek, birleşip ýurdy keseki duşmanlardan goramak, tire-taýpalaryň uçki duşmanlaryny ýok etmek ýaly ideýalary oýarypdyrlar. 1XIX asyryň I ýarymynda Türkmenistanyň territoriýasynda dörän örän çylşyrymly syýasy ýagdaý döwrüň medeniýetine-de öz täsirini ýetirdi.

Goňşy ýurtlarda syýasy göreş şeýle derejä ýetse-de, bu babatda türkmenleriň ykbaly oňmady. Ol ýene-de Eýran häkimleri, Hywa hanlygy, Buhara emirligi tarapyndan alnan ganly gysajyň içinde galyberdi. Munuň üstüne ýerli ownuk han-begleriň, ýer ýurt üstündäki dawa-jenjelleri hem halkyň sossial-syýasy, ykdysady taýdan pese gaçmagyny tizleşdirýärdi.

Umuman aýdanda bu döwürde türkmen halkyna etniki taýdan ýitip, ýok bolup gitmek howpy abanýardy, bu döwürde “dagdan belent bolan türkmeniň ahwaly ýandakdan pes bolupdy.

Medeniýet döwrüň jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýý türkmen halkynyň içinden il-halky jany-teni bilen söýýän, halkyň durmuşy we ykbaly barada çuňňur oýlanyp, gahar-gazaby çäksiz söýgini, ýürek awusyny başyndan geçiren ençeme şahsyýetleri edebiýat meýdanynda taryhy arena çykardy.

XVIII asyrda türkmen halkynyň sossial-syýasy, ykdysady taýdan gowşan döwürde, türkmen klassyky edebiýatynyň döremegi hem ösmegi Döwletmämmet Azady, Mahmyt Gaýyby, Andalyp, Magrupy elbetde türkmen klassyk edebiýatynyň atasy Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly bolan bolsa, XIX asyryň I ýarymynda hem türkmen klassyky edebiýatynyň görnükli wekilleri Mammetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň, Kätibiniň, Abdysetdar Kazynyň, gymmat gelniň poeziýa ýugrulan goşgy eserleri halkyň jemgyýetçilik syýasy durmuşynyň hal-ýagdaýyny, medeni durmuşyny real häsiýetlendiripdir.

Bu döwürde-de edil Magtymgulynyň yzyna eýerijiler hökmünde türkmen edebiýatynda gumanistik-demokratik, progressiw pikirler giňden ösdürilýär.

Şahyrlaryň dörejiligi köptaraplaýyn bolup olarda ynsanperwerlik, Watançylyk, yşky-lirika, öwüt-nesihat, sossial deňsizlik, dini temalar agdyklyk edipdir.

Her şahyryň döredijiliginde aýratyn orun alan temalar bolupdyr. türkmen edebiýatynda demokratik, progressiw gumanistik ideýalar ösüp başlaýar. Edebiýatda halkyň jemgyýetçilik syýasy durmuşy, zähmetkeş goramak halkyň hal-ýagdaýy real durmuşyny öz beýanyny tapypdyr.

Türkmen XIX asyryň I ýarymynda şahyrlarynyň döredijiligi köptaraplaýyn bolupdyr. Olar ynsanperwerlik, watançylyk, yşky-lirika, öwüt-nesihat, sossial-deňsizlik dini temalarda goşgular döredipdirler. Her şahyryň döredijiliginden aýratyn orun alan temalar bolupdyr.

Meselem: asly Sarahsdan bolan Mämmetweli Keminäniň (1770-1840) poeziýasy sossial deňsizlige garşy ýumor gatyşykly, ýiti satira hem-de kinaýa arkaly protest bildirip ýokary realizme esaslanan bolsa, Maryly, Molanepes Kadyrberdi ogly (1810-61) “yşk mülküniň şasy” hasaplanylýar. Lebapdan Seýitnazar Seýdi (1775-1836). Etrek Garrygala sebitlerinden Gurbandurdy Zelili (1780-1845) diňe goşgulary bilen dä, eýsem ellerine ýarag alyp, Watan üçin, halky üçin duşmana garşy göreşipdirler.

Her şahyryň döredijiligi barada gysgaça maglumat.

Kemine: Zähmetkeş halkyň beýik şahyry türkmen klassyk edebiýatynyň wekili şahalandyrypdyr. Keminäniň poeziýasynda feodal baý agalygyna süýthorçylyga we musulman ruhanylaryň nadanlygyna garşygaramaýak halkyň narazyçylygynyň ösüşi aýdyň, dogruçyl we sossial durmuşy çuň realistik ruhda paş etmeklige ugrukdyrylandyr.


Garyplyk

“Iýmesem, içmesem hem günüm ötmez,

Bürenip ýatmaga mydarym ýetmez,

Günde müň kowlasam, baý ýere gitmez

Goş basyp dulumda ýatar garyplyk”

Kasym:

Diýsem kazylar kärini Kemine getyk gen bolar, Aydyp bolmaz-la ýaryny Diýsem dertlerim dep bolar Ýalan sözleriň baryny Garyplar size gep bolar Satarsyňyz pula kazym çyn töhmet siz ile kazym


Keminäniň edebi mirasynyň ep-esli bölegi söýgi temasyndaky, çuň liriki, jana ýakymly goşgulardan ybaratdyr.

Dil barada Kemine Magtymgulynyň döredijiligini dowam etdiriji hökmünde türkmen edebi dilini baýlaşdyrmak ugrunda halkyň çeper döredijiliginiň formalaryny we obrazlaryny üstünlikli ulanýar.

Umuman alanyňda Kemine öz döwrüniň jemgyýetçilik durmuşyny çuňňur realistik progressiw idealar bilen şöhlelendirip, türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy pikiriniň ösüşinde demokratik ugruň pugtalanmagyna kömek edipdir.

Seýdi: Watana, il-halkyna bolan çäksiz söýgi, wepalylyk, agzybirlik, dostluk, türkmen döwletini döretmek, kemsidilen halk köpçüliginiň mertebesini belende götermek, Watany basybalyjylardan goramak, ýaly ajaýyp ideýalar Seýdiniň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

XIX asyryň I ýarymynda Lebap türkmenleriniň Buhara emirine (Mirhaýdara) garşy uly gozgalaňlarynyň biri 1822-1823 ýyllarda bolupdyr. Seýdi Buhara emirinden garaşsyzlygy almak üçin batyr ýigitleri söweşlere çagyryp, goç ýihitleri gorky-ürküden neder etmän Hezreti Aly, Görogly, Iskender Zülkarneýiniň ýaly batyrlaryň ruhunda terbiýelemeklige çalşypdyrlar, Watan üçin olary söweşe çagyryp.

Begler

Duşman geldi Lebap boýun ot ätläp,

Turuň begler, ol döwüşe baraýlň,

Watan üçin, abraý üçin, il üçin

Är deý durup, şol söweşe baraýlyň

Şahyr türkmen halkynyň garaşsyzlygyny bi bitewi döwlet bolmagy ugrunda ähli türkmen tire-taýpalarynyň birleşmegini işlän:

Ýagy bolsa salyr, sarygy-teke

Biz munda il bolmak agşamaz ýeke

Beýle otrynga pul çeke-çeke

Bir gylyja dänmiz berilsin indi

Zelili: XIX asyr türkmen klassyk edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri hem Gurbandurdy Zelilidir. Onuň poeziýasynyň aýratyn sypaty Magtymguly tarapyndan düýbi tutulan realistik esaslary dowam etdirmekden we ösdürmekden şeýle hem beýik watançy şahyr hökmünde XIX asyryň I ýarymynda edebiýat äleminde taryhy arena çykyp ýedi günleriň biridir. Zelili Hywa hanyna ýesir düşen wagty öz dosty şahyr Seýdä şeýle ýazypdyr:

Sürüldeler il barysy eňşeşip,

Pyganyna daglar, daşlar gymşaşyp,

Asman joşa geldi zaman gowşaşyp

Bulutlar durdular nala Seýidi.

Mollanepes: XIX asyr türkmen edebiýatynyň we bütin türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşiniň aýratynlyklary özüniň köp sanly liriki goşgulary hem-de “Zöhre we Tahyr” dessany bilen meşhur bolan Mollanepesiň döredijiligine we dünýägaraýşyna hem täsir edipdir.

Mollanepesiň “yşk-söýgi lirikasy hem-de “Zöhre we Tahyr” dessany halkyň arasynda giň ýaýrapdyr, bagşylaryň repertuaryna berk ornaşypdyr.

XIX asyryň I ýarymynda türkmen şahyrlarynyň köpüsi şahyrana däpleri dowam etdirip taryhy wakalary beýan edýän eserleri hem döredipdirler. Şeýle eserleriň biri Menewi görnüşinde ýazylan “Jeňnama” (tekeleriň uruş kyssa kitaby) poemasydyr. Onuň awtory Abdysetdar Kazy (Gökdepe XIX asyr) eserde beýan edilýän wakalaryň döwürdeşidir. 2200 setirden durýan bu eseriň birinji bölümi birleşen türkmen taýpalarynyň Garrygala söweşinde (1861) üstün çykandygyny beýan edýär. poemada söweşýän taraplar, anyk sahslar barada taryhy maglumatlar köpdür.

Bu poema taryhy edebiýat hökmünde garaşsyzlyk döwründe 1992 –nji ýýlda Aşgabatda broşýura görnüşde täzeden türkmen dilinde çap edildi.

XIX asyryň I ýarymyndam mundan ozal hem bolşy ýaly, türkmenleriň arasynda agyzdan-agza geçýän halk döredijiliginiň eserleri- ertekiler, aýdymlar, matallar, nakyllar we atalar sözi iňňän giň ýaýrapdyr. Tematikasy boýunça dürli-dürli bolan halk ertekileri, demokratik medeniýetiň elementlerini hem-de zähmetkeşler köpçüliginiň düşünjesiniň ösüşini, olaryň agalyk ediji synplaryna garşy we dini nadanlyga garşy özýakymly protestini iňňän doly aňladýarlar.

Sossial-durmuş häsiýetindäki ertekiler jymgyýetçilik pikiriň demokratik ugruny aýdyň bşöhlelendiripdirler. Şol ertekiler türkmen jemgyýetiniň içki sossial-synpy garşylyklaryny açyp görkezipdir, şunlykda halk döredijiliginiň şol eserleri zähmetkeş köpçüliginde synpy düşünjäniň oýanmagyna getiripdir.

XIX asyryň I ýarymynda magaryfyň ýagdaýy entäk bir bolan dini mekdepler bilen çäklenipdir. Olar esasan başlangyç sowat-bilim beripdir. Ýokary bilim medreselerde berlipdir. Ýarym çarwa, seýrek ilatly raýonlarda medreseler, bolmandyr. Gurräk ilatly raýonlaryndaky medreseleriň aň bilim beriş derejesi örän pes bolupdyr.

Şol sebäpli hem gurply adamlaryň çagalary bilim-sowadyny Hywadaky, Buharadaky, Hyratdaky medreselerde dowam etdiripdirler.

Halkyň durmuşynda yslam ideologiýasy esasy rol oýnapdyr. Ýazuw medeniýeti arap elipbiýine esaslanypdyr.

Ilatyň sowatly topary dindarlar, mollalar, ahunlar, işanlar, pirler bolupdyr. olar yslamyň talaplaryny wagz etmek, oglan okatmak bilen çäklenmän, syýasy durmuşy meselelerde goşulypdyrlar.

Hünärmentçilik we senetçilik

XIX asyryň I ýarymynda ata-babalarymyzyň köp pudakly hojalygynda hünärmentçilik we senetçilik ýaly ugurlarda uly ähmiýete eýe bolupdyr. bu pudak ekerançylyk we maldarçylyk bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.

Türkmenlerde dürli hünärler ýagny zergärler, demirçi, kümüşçi, juwazçy, sandykçy, ýonaçy, jykyrçy, küýzegärler bolupdyr.

Senetçilikde zergärçilik, atlaryň şaýynyň öý ýasamak, öýüň gurallaryny taýýarlamak, O/X-da gerek bolan enjamlar öndürmek işleri ep-esli derejede ösüpdir.

Halyçylyk sungaty: Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy, el hünäri, başarnyklygy hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligi hökmünde XIX asyrda hem has rowaçlanypdyr. Bu döwürde-de türkmen halylarynda halkyň asyrlardan galan gadymyýeti özüniň saplygy, arassalygy bilen saklanyp galypdyr.

“Turanyň iň gözel önümi” hökmünde suratlandyrylýan nepes türkmen halylarynyň dürli-dürli gölleri bu döwürde hem dokalypdyr.

Teke gölli, salyr gölli, saryk gölli, ýomut gölli (kemsegöl, dyrnak göl) ärsary gölli (gülli göl, beşir göl) çowdur gölli diýlip atlandyrylypdyr her tiräniň özüniň özboluşly nagyşlara, gölleri bolupdyr.

Haly dokamaklyk işi türkmen aýal-gyzlarynyň esasy hünäri we käri bolupdyr. ol inçe zähmeti, irginsizligi, tutanýerliligi, höwesi yhlasy talap edipdir. Halkyň “arasynda” bir okana ber, birem dokana” diýlip bu zähmete ylym bilen bir derejede sarpa goýlupdyr.

Türkmen Halylary Gündogaryň ýurtlarynda we Ýewropanyň, Amerikanyň ýurtlarynda gadyr-gymmaty çäksiz bolup dünýä bazarynda XIX asyrda “Buhara halysy” ady bilen meşhurlyk gazanypdyr.

Mundan başga-da türkmen gelin-gyzlary keçe basmak, palas, Haly önümleri (çuwal, torba, horjun, namazlyk) şýle hem çopanlara oýluk, atlara arkalyk, düýelere halyk dokap, ýasap bilipdirler.

Ýüňden, ýüpekden, pagtadan mata dokamaklyk hem ýörgünli bolupdyr. şeýlelikde türkmen gelin- gyzlarynyň el işi bilen döreden ajaýyp çeper eserleri etnografiki we taryh muzeýlerinde nusga bolup galypdyr. Olaryň daky nan şaý sepleri (geçen asyrlarda ýasalan) Leningradyň, Moskwanyň, Aşgabadyň etnografiýa, taryh, ülkäni öwreniş muzeýlerinde saklanyp galypdyr we türkmen halkynyň hünärmentçiliginiň we senetçiliginiň nusgasy hökmünde geçmiş taryhymyza şaýatlyk edýär.

Türkmen halk arhitekturasy:

Öňki asyrlarda bolşy ýaly ýurdumyzyň ilaty gara öýlerde “kepbelerde, palçykdan (pagsa-pagsa edilip), çig kerpiçden ýa-da daşdan salnan tamlarda ýasapdyr.

Gara öý esasan çarwa ilatyň tiz sökülip-düzülýän, kämilleşen ýaşaýyş jaýydyr. Onuň düýbüni gözenek-gözenek tärimler düzýär. Aşaky ujy tärime berkidilýän ujuň ýokarky ujy tüýnügiň ýörite deşiklerine jebis sokulýar. Şol uklar tüýnügi göterip durýar. Olar ýörite agaçlardan (taldan, söwütden) ýasalýar.

Tüýnügiň depesi onuň özüne laýyk edilen tegelek serpik bilen örtülýär. Ondan aşakda üzük bilen durluk gelýär, üzük uguň üstüne ýazylýar, durluk tärimiň daşyna aýlanýar. Durlugyň daşyna ýörite çykalan gamyş çekilýär. Öýleriň gapysy iki tarapa açylýan agaç gabsalardan we olaryň daşyndaky çarçuwadan durýar. Gara ýörite taýýarlanan keçe palas, gamyş tutulýan wagtynda bolýar, oňa tarpýapar diýilýär.

Öý täze tutulan wagty, onuň ähli zady, hat-da keçeleri-de täze ak ýa-da agymtyl bolany üçin, türkmenlerde ýaş çatynjalar babatda “Ak öý tutuldy” diýilýändir. Wagt geçdigiçe, öýüň içinde, oýun içinde-ojakda ýakylan oduň tüssesi zerarly, ýeliň günüň täsiri bilen öýüň ähli bölegi garalýar. Türkmen öýleriniň gara öý diýip atlandyrylmagy hut şonuň üçindir. Türkmenlerde öý tutmak özboluşly sungat hasaplanýar.

Türkmen taýpalarynyň hersinde diýen ýaly halk arhitekturasynyň milli aýratynlyklary saklanypdyr. Ol aýratynlyk gurluşygy planlaşdyrmakda ýerli materiallary ulanmakda-da, diwarlary bezemekde-de görnüpdir. Halk arhitekturasyny döredenler gelmişekler däl-de, ýerli ussalar bolupdyr. emma türkmen taýpalarynda goňşy halklaryň meselem: özbekleriň gurluşyk tejribeleriniň täsiri mese-mälim duýulýar.

Türkmen halkynyň medeni durmuşynda XIX asyryň I ýarymynda bagşylar, sazandalar, gürrüňçi adamlar (rawylar) uly rol oýnapdyrlar. Iş ýüzünde professional ussatlyk derejesine ýeten bagşylar diňe aýdym aýtmak, saz çalmak bilen çäklenmän, özleri aýdym-saz dörediji kompozitor roluny-da oýnapdyrlar. Tamdyranyň (dutaryň) gyjagyň, garçy tüýdügiň ýanynda halk aýdymlaryny, şahyrlaryň goşgularyny, eposdyr dessandan şygyrlary aýdym edip aýdýan bagşylara “tirmeçi bagşylar” diýipdirler. Dessanlary nesilme-nesil halka ýetirip gelenlere bolsa “dessançy bagşylar” diýlipdir. Bagşylaryň repertuary durmuşyň ähli toparlaryny suratlandyrypdyrlar. Ýerine ýetiriliş ýollary boýunça bagşylar biri-birinden tapawutlanypdyrlar.

Türkmen aýdym-saz sungaty içki aýratynlyklara eýe bolan Ahal ýoly, salyr-saryk ýoly, ýomut-gökleň ýoly, çowdur ýoly, ärsary ýoly, damana ýoly kimin şahalar ýaýradypdyrlar.

Köp Gojaly, Weýran, Jepbar bagşy Garadäli gökleň, Amangeldi Gönübek ýaly bagşy-sazandalar türkmen mukamynyň taryhynda öçmejek yz gal dyrypdyrlar.

Gyz –gelinler isleg-arzuwlaryny läleleriň monjugatdylaryň üsti bilen beýan edipdirler. Olaryň esasy saz guraly “gopuz” bolupdyr.

Sadranç (küşt) ýüzük, düzzüm ýaly oýunlar, sportuň göreş, at çapyşygy at üstünde gylyçly maşk etmek ýaly görnüşleri türkmen durmuşynda pikirlenmäni, çeýeligi, sagdynlygy we çylşyrymly ýagdaýda ugur tapyjylygy ösdüripdir.