XX – nji asyryň 20-30-njy ýý-da türkmen halkynyň özbaşdak, milli döwlet gurmak ugrunda göreşi

Mowzuk: XX – nji asyryň 20-30-njy ýý-da türkmen halkynyň özbaşdak, milli döwlet gurmak ugrunda göreşi.

Meýilnama:

1. Mukaddes Ruhnamada 20-30- ýýllaryň taryhynyň beýany.

2. “Basmaçylyk hereketiniň” raýatlyk urşuna öwrülmegi Birinji Garagum urşy.

3. Ikinji Garagum urşy.

4. Üçünji Garagum urşy. Basmaçylyk hereketiniň soňy.

Edebyatlar:

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama Aşgabat 2001.

2. K. Muhammetberdiýew, Ýa. Orazgylyjow. Turkmenistanyň taryhyndan materillar. Aşgabat 1998 ý.

3. edebiýat we sungat gazeti - 2002ý. Ruhnama aýy.

Gudraty güýçli Beýik Allatagallanyň emri bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň tagtyna daň ýyldyzy ýaly bolup lowurdy çaýýp 1991-nji ýylyň Garaşsyly alyp, berip ony garaňkylykdan ýagtylyga çykardy. Indi türkmen asmany asuda zemini parahat güneşli türkmen topragynyň üstünde agzybir, Sedar dasyna jebisleşip döwran sürýäler. Eziz Serdarymyz halkymyza şamçyrag kimin ýol görkeziji bolan, Gurhan ýaly Mukaddes Ruhnama kitabyny peşgeş bermek bilen ilimizi geçmiş taryhyna şu gününe we geljegine buýsandyrmaga şert döretdi.

Mukaddes Ruhnamany okan her bir adam özüniň 5 müňýyllyk taryhy döwür çinde näderejede taryhy ýolunyň bolandygyna doly göz ýetirer.

Geçmiş taryhymyzdan belli bolşy ýaly türkmen halky agyr külpetleri, çekip çydamakdan agyr gelýän zorluklary diňe öz topragy – ar namysy üçin gördi. Halkymyzyň taryhy gahrymançylygy baradaky, asyrlaryň dowamynda milli özbaşdak döwlet gurmak ugrundaky göreşlerini tolgunman gözüňe ýaş aýlaman okamak asla mümkin däl. Mukaddes Ruhnamada bellenilşi ýaly türkmen halky soňky üç ýüz ýylyň içinde dürli sütümlere sezewar edildi. Aýratyn – da XX asyr adamzadyň ykbalynda awuly uly ýitgili, köp pidaly gan döküşikli wagşy asyr boldy. Şonda-da türkmen ejizmedi, ruhdan düşmedi, haçan hem bolsa özbasdak döwlet boljakdygyna ynanýardy, ol diňe şonuň üçin hem göreşdi.

Geçmişde Oguzhan, Gorkut ata, Görogly beg, Mälik şa, Togrul begdir, Çagry beg, Alp Arslan, Jelalledin ýaly beýik şirleri bolan türkmen öz topragy ugrunda asyrlar boýy göreşdi. Olara özbasdak milli döwlet gurmak üçin öňde görüji parasatly sahawaty baştutan gerekdi. Ine şol baştutany Beýik Alla türkmeniň bagtyna getirdi. XX asyryň ahyrynda halkymyzy uly eşretlere eýe etdi, geçmiş taryhymyzy öwrenmäge doly ýol açdy.

Mukaddes Ruhnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: “Türkmen halky özüniň garaşsyzlygy azat ýaşamaklygy üçin ençeme asyrlyk taryhy gahrymançylykly göreşleri başdan geçirdi, olar özleriniň erkinligi söýüjiligi, batyrlygy we harbylygy bilen tapawutlanypdyrlar” diýip belleyär.

“Milli buýsanç milli galkynyş öz halkynyň taryhyny öwrenmekden we bilmekden başlanyar” diýip eziz Serdarymyz türkmen halkynyň taryhyny doly we dogruçyl öwrenmegi talap etdi.

Türkmen halky XIX – XX asyrlaryň sepgidinde özleriniň bir merkezlen döwletiniň bolmalygy sebäpli goňşy döwletleriň han – beglikleriň el garamagynda bolup, durmuşyň agyr külpetlerini öz gerdenlerinde çekmeli bolupdylar. Bu döwrde türkmen tire – tayplary milli özbaşdaklyk syýasy garaşsyzlyk ugrundaky göreslere baş goşup, milli döwlet döretmek mümkinçiligini gazandylar. Şeýle mümkinçilikleri döretmek bilen birnžce taryhy wakalaryň netijesinde türkmen ulus ilini birleşdirip jebisleşdirip, bir döwlete gulluk etmägä bastutanlyk edip boljak türkmeniň ogullary bolan Nurberdi han Gowşut hany, Soltanyýaz begi, Dykma Serdary, Şammy batyr, Jüneýit han ýaly beyik gerçekleri syýasy arena çykardy.

Ine şol taryhy wakalaryň biri-de Garagum uruşlarydyr. 1920-nji ýyldan başlap tä 30-nji ýyllaryň ortalaryna çenli dowam eden basmaçlyk hereketi Türkmensitanda ozalky 1916-njy ýylda bolup gecen milli azat edijilik hereketiniň özboluşly dowamydyr. Has takygy onuňäze şertlerde gaýtalanmasydyr.

Birinji Garagum urşy.

1920-nji ýylyň Türkmenbasy (ýanwar) aýynda Jüneýit hanyň Hywa tagtyndan agdaryp, Garaguma çekilmegi bilen basmaçylyk hereketi yzygiderli dowam edyän uly syýasy häsiyete eýe bolup baslady.

1921-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynyň 21-sinde Jüneýit hanyň 1000-e atly – ýaragly nökerleri gyzyl esgeriň kiçeňräk otrýadyny gylyçdan geciirp Ýylanlyny eýeledi. Gorkut aýynyň 17-nde olar Akdepe duran otrýad bilen söweşe girdiler. Ýöňe gyzyl esgerler tarapyndan berk gaýtarwul görlensoň yza çekilmäge mejbur boldular.

Şol ýylyň tomsunda Daşoguz etraplarynda Jüneýit han öz goşuşyna nöker toplady. Oňa ilatdan ýene-de 25 atly gelip goşuldy. Nökerler Tagta (häzi Görogly), Ýylanly, Köneütgenç, Goňrat, Hojaili ýaly etrap merkezlerine çapawulçylyk etdiler.

1921-nji ýylyň Sanjar aýynyň 5-nde Köneürgençde Horezm Halk Sowet Respublikasynyň delegasiýasy Jüneýit han bilen ýaraşyga gol çekdi. Ýaraşygyň şertlerine görä, Jüneýit hanyň Hywa türkmenleriniň ýanyndaky türkmen meýletin toparlaryny dargatmak baradaky we beýleki talaplary berjaý edildi.

Onuň bilen birlikde Horezm Respublikasynyň dokumentiniň düzümmine Jüneýit handan iki adam girizmek, oňsoňam hanyň ýaşakal ýerine köneürgenjiň 40 km günbatalarynda Garasaç diýlen ýere Amyderýadan ýap çekip bermek barada ylalaşyga gelindi. Başga-ça aýdylanda Horezm Respublikasy Jüneýit hanyň ähli talaplaryny berjaý ermäge razylyk etdi.

Buhara Halk Sowet Respublikasynyň ýolbaşçýlaeynyň hem käbirleriniň Türküstan hökümýeti bilen “mäşi bişişenokdy”. Olar ýurtdan rus goşunlarynyň çykarylmagyny talap edýärdiler. Buharada Kerki we Çärjew welaýatlarynda basmaçy toparlary peýda bolup, ýagdaý has-da ýitileşdi. 1922-nji ýylyň baharynda Gd Buharadaky basmaçylara Türkiýeden bu yere gelen Enwer paşşa ýolbaşcýlyk edip baslady. Onuň täsiri bilen basmaçylaryň sany gün – günden artyp, tiz wagtyň içinde 16 müň adama ýetdi.

Basmaçylyk hereketi indi diňe Demirgazyk Türkmenistanda däl eýsem beýleki raýonlarda hem döräp başlady. 1921-nji ýylyň Alp – Arslan aýynda Murgap, Tejen derýalarynyň aşak akymynda basmaçy toparlary peýda boldy. Musal üçin Hjaguly hanyň ýolbaşçylygynda Tejen we Sarahs etraplarynda hereket edýän basmaçylar toparyna 600 atly dagy bardy. Ýeri gelende aýtsak, Hojaguly han 1918-1920-nji ýyllarda Jüneýit han Hywada hanlyk sürende onuň ýanynda bolup, gullugyny edipdi. Ol häzirem Jüneýit bilen ýakyn aragatnaşykdady.

Elbetde, Jüneýit han Kerki, Çärjew taraplarynda hereket edýän basmaçy toparlarynyň döremeginden habarsyz däldi. Şeýlelikde dürli regionlarda dörän basmaçy toparlary göräýmäge dagynyk ýaly bolsa-da hakykatda olar Jüneýit han bilen baglanyşyklydy. Ol mümkin boldugyça hemme türkmen taýpalaryny “kapyrlara” ýagny Sowet häkimýetine garşy aýaga galdyrmaga çalyşýardy. Onuň pikiriçe baknadylar orslar bilen bolşewik orslaryň arasynda tapawut ýokdy. Olaryň ikisem türkmeni özüne boýun egdirmäge, has takygy türkmen halkyny öz gününe goýman, onuň boýununa nboýuntorluk salmaga gelipdi. Şunuň üçünem Jüneýit han türkmeniň ili ýaragty tutanyň ata çykmagyny talap edýärdi. Kimde kim söweşden ýüz öwürse has beteri bolşewiklere goşulsa, ol Jüneýit üçin ganym duşmandy.

1922-nji ýylyň Sanjar aýynda Hywada türkmenlerden we özbeklerden düzülen meýletinçiler toparlary döredilip, tolly pulemýotly, Somolýotly Gyzyl Goşun bölümleri bilen bilelikde Jüneýit hanyň üstüne iberildi. 1923-nji ýylyň ortalaryna çenli Goplaňgyr, Akýaýyr, oklysuzek diýlen ýerlerde balykly, Aknabat – Göknabat, Igde guýularynyň ýanynda Orta guýuda uly söweşler bolup, basmaçylaryň esasy güýçleri palaç ýatyrylan ýaly ýatyryldy, ençeme çarwa obalar ýakylyp ýndyryldy. Gyzyl esgerler müňlerçe düýe, on müňlerçe goýun olja aldylar. Jüneyit han Garagumyň has jümmüşine yza çekilmäge mejbur boldy.

1922-nji ýylyň awgustynda Gd Buharada söweşde Enwer paşşa öldürildi. Buhara basmaçylarynyň beýleki Serdarlary Owgasnystana geçip gitdiler. 1923-nji yylyň ortalaryna çenli ferganada, Zerewşanda hem basmaçylyk hereketi gutarnykly suratda derbi – dagyn edildi.

Emma Jüneýit hanyn at – owazasynyň ýaýran ýerlerinde basmaçylyk herejeti hiç togtamaýardy. Gaytam kem – ekmden giňelýärdi. Onuň esasy sebäbi bolşewikleriň eden – etdilikleridi. Mysal ücin 1923-nji ýylda Howz Halk Sowet Respublikasy Sosialistik respublika diýlip yglan edildi. Şonuň bilen birlikde haýdan – haý kazyýetler ýatyrylyp, sowet kazyýetleri girizildi.

1924-nji ýýlyň Türkmenbaşy aýynyň ilkinji günlerinde Horezm respublikasynyň gd raýonlarynda oturan özbek ilaty aýaga galdy. Şol bir wagtyň özünde olar Jüneýit hanyň ýanyna öz wekillerini iberip, ondan gozgalaňy goldamagyny soradylar. Hut şol wagtyň özünde beýleki dilegasiýany bolsa Hywa iberip, Horezm sowet sosialistik respublikasynyň hökümýetinde sowet mekdeplerini ýatyrmak, ozalky mekdepleri, medereseleri dikeltmek, kommunistleri respublikadan çykaryp kowmak barada ýötite ultimatum berdiler.

Elbetde “üstünlikden” basy aýlanan Horezm SSR-niň hökümeti gozgalaňçylaryň talaplaryny berjaý etmedi. Jüneýit han bolsa diňe bir kömek bermek däl eysem gozgalaňa umumy ýolbaşçylygam öz üstüne aldy. Özem ol döwre çenli han yene-de mazaly güýç toplady. Onuň nökerleriniň arasynda zakaspi türkmenlerem hatda owganly türkmenleriň onlarçasy bardy. Hanyň goşuşyna dürli ýerlerden ýarag ok – däri ýükli kerwenleriň ençemesi eýýäm gelipdir.

Kelteminatdan hana beýleki türkmen obalaryndan Jüneýit hana kömege gelen köp sanly türkmen atlylaryna ata taýpasynyň baştutany Agajan işan ýolbaşçylyk edýärdi.

1924-nji ýylyň Türkmenbasy aýynyň 10-da umumy sany 6-7 müňe ýetyän gozgalaňçylar Hywany gabadylar. Ýanynda müňlerçe atlysy bolsa-da Jüneýit han bada – bat söweşe giri bermän, ozaly bilen Hywa halkyna Hywanyň kethudalaryna hat üsti bilen ýuzlendi.

Hywa galasyny garaýjylar ol ýüzlenmäniň nähili täsir edendigi barasynda häzirlikçe maglumat ýok. Emma ondan garaşylan netijäniň çykmandygy welin bellidir. Galanyň içinde 100 sany gyzyl esger, 700-den gowrak eli ýaragly goragçy bardy, olara bolşewikler hem komsomollar ýolbaşçylyk edýäridi. Olaryň elinde 10 sany pulemýot bardy. Tiz wagtyň içinde Hywanyn goragçylaryna Daşoguzdan 80 adamly türkmen özbek meýletinleçiler otrýady, Hojailiden 130 adamly gyzyl esger otrýadly kömege geldi. Aldym – berdimli söweşler baslandy. Bu wagtlar Hywany goraýjylara kömek üçin iberilen. 82-nji Türküstan atly polky hem ýetip gelýärdi. Bu polk ozal Ferganada we Buharada bamaçylygy basyp ýatyrmaga gatnaşypdy. Polk Türkmenbaşy aýynyň 22-sinde Çärjewe gelip, durman Hywa tarap gecip gitdi. Şol aýyň 28-nde Jüneýit han polkyň golaý gelenini bilip, nökerleri bilen galany taslap ýene-de Garaguma siňdi.

Şu aýyň 29-nda polk Hazaraspda gozgalaňçylaryň Agajan işan tarapyndan baştutanlyk edilýän topar bilen garpyşdy. 18 sagada çeken söweşden soň gozgalaňçylar guma çekildiler. Polk Hankeni, başaryhy basmaçylardan arassalap, Baydak aýynyň 4-de Hywa girdi. Gozgalaňçýlardan 2,14 adam tussag edilip zyndana taslandy.

Jüneýit han 82-nji polkuň esasan özüne garşy iberlendigini onuň hökmany suratda yzyna duşüp gelýändigini bilýärsi. Şonuň üçin ol Hywadan çykanda polkuň bada bat yzyndan elýetmezligi üçin Ýylanlyda Anna baba bastutanlygynda 500 atlyny, tagtada hem Ahmet begiň 800 atlysyny goýup, özi bolsa 1500 – 2000 atly bilen Balykly guýusyna çekildi.

Baydak aýynyň 27-nde Balykly guýusynyň ýanynda polk Jüneýit hanyň esasy güýçleri bilen söweşe girdi we agyr söweşden soň Jüneýit han çyryşly guýusyna çekildi. Nowruz aýynyň 3-inde bu ýerde agyr söweşler bolup, han ýene-de yza çekilmeli boldy. 8-nji Gurbansoltan aýynda Jüneýit han, güýjüniň has azdygyna garamazdan Igde guýusynyň oýunda yzyndan polk bilen ýene bir gezek garpyşdy. Söweşde ýigitleriň 30 - syny ýitirip, galan atlylary bilen Garagumyň jümmüşine siňip gitdi.

Basmaçylyk hereketiniň garşysyna bu gezekki urlan zarba taryha birinji Garagum urşy diýen at bilen girdi. Ol sowet hökümýetiniň uly ýeňşi höküminde bellenip gecildi.

Ikinji Garagum urşy.

1924-nji ýylyň Türkmenbaşy – Gurbansoltan aýlarynda urlan urgulardan soň basmaçylyk hereketi aýňalmajak ýalydyr. Emma örän tiz wagtyň içinde basmacylyk herekete ýene-de aýga galdy. Ýöne ol indi göreş taktikasyny üýtgetdi: basmaçylar bir ýere toplanman aýratyn toparlara bölünşip hereket edip basladylar.

1924-1925-nji ýyllarda Türkmenistanda şeýle toparlaryň 50-ä golaýy bolup, olarda diňe eline ýarag alyp, ata münip çöle çykan basmacylaryň umumy sany, doly däl maglumatlara görş 2000 – denem gecýärdi. Basmaçy toparyndan Daşoguzda Şaltaý batryň, Ahmet begiň, Ýerbentde Berdimyradyň Maryda Durdy baýyň Kerim hanyň, tejende Hojaguly hanyň kKerkide (Atamyrat) Jora Emmiň, Gylyç Mregeniň, Gazankykda Orazgylyç mollanyň toparlary has iri toparlardy. Basmaçylyk hereketiň baş serenjançysy ruhlandyryjysy, adatça bolşy ýaly, Jüneýit handy. Ol öz nökerleri bilen Orta guýuda mekan tutupdy.

Basmacylylar bilen bir hatarda galtamanlaram peýda boldy. Basmaçylaryň düýp maksady sowet hökümýetini ýykyp, “Kapyrlary” ýurtdan kowmak bolsa galtamanlar ýol urmak il talamak bilen meşguldy. Onsoňam basmaçylar gum içinde bolup, wagtal – wagtal medeni zonadaky obalaryň üstüne dökülen bolsalar, galtamanlar gös – göni medeni zonada ýasap ilaty talaýardylar. Mysal üçin, Ýylanlyda Anna balaň galtaman topary obalaryň üstünden musallat bolup indi.

Ilat ondan gorkýardy. Onsoňam Anna baba örän uly müldarlary we söwdägärleri 40 müň manat berip kärendesini alandansoň, ol Daşoguz okrugynyň ähli bazarlaryny eýeledi. Yzmykşirde Gulamaly han özüne özüne gala saldyryp, töwregine onlarça atly toplap, ýol urup kerwen talaýardy. Ol öz obadaşlatyna ekdirip ordular. 100 gektara golaý ýeriň hasylyňam alýardy.

1925-nji ýylyň iýunynda Gulamaly han sowet organlary tarapyndan duýdansyzlykda öldürildi. Gulamalynyň ölümi galtaman toparlarynyň Serdarlaryna özboluşly bir duýduryş bolup hyzmat etdi. Olaryň birnäçesi, şolaryň arasynda Anna bala-da şu wakdan soň öz atlylary bilen baryp Jüneýit hana goşuldylar.

Jüneýit hanyň mekan tutan ýerlerinin orta guýy balaişem çyryşdy guýularynyň ýene-de mähellesi artdy. Oňa dasoguz etraplaryndaky özbek basmaçylaram gelip goşuldy. Onda-da han açyk söweşde giri bermekden saklandy. Ol amatly pursat gelýänçe sowet hökümyeti bilen ylalaşyp ýaşamaga mejbur boldy.

1925-nji ýylyň Baydak aýynda Jüneýit han Aşgabada bütin türkmen sowetleriň I uçraditel gurultaýyna öz wekilini Abdyrahman ahun Gurban seyit ogluny iberdi. Wekil hanyň gurultaya iberen hatyny okap berdi. Onda jüneýit han basmaçylara töwegelçilik edilmegini, indi olary yzarman belli bir ýerde mekan tutmaga rugsat berilmegini belent mertebeli ýygnanşykdan soraýardy.

Gurultaý hanyň haýyşnamsyny kanagatlandyrdy. Ýöňe beyle ylalaşyk uzaga çekmedi. Bu gezek ýagadýyň ýitileşmegine ähtimal daşarky wakalar täsirini ýetirdi. Gd Eýranyň Horasan Astrabat – welaýatlarynda Etrek – Gürgen etraplarynda ýaşaýan türkmenler şanyň zulumyna garşy baş göterdiler. 1924-nji ýylyň Magtymguly aýynda olar garaşsyz Türkmen respublikasyny döredip, asman ahuny onuň prezedentligine saýladylar. Eýran şasy Ryza dergazap bolup, türkmenlere garşy jeza beriji otrýad, goşun iberdi. Emma Nepis Serdaryň 2000 atlysy, Allaýar hanyň 5000 atlysy Gök Serdaryňam 500 atlysy birleşip şa goşunyny kül – peýkun etdiler. Ryza han indi ähli nemes lýotçikleini hakyna tudy. 5000 adamly jeza beriji ekspedisiýasynam dişine çenli ýaraglandyryp. 1925-nji ýylyň ýayzna “kakabaşlary amana getirmek” üçin ýola saldy. Ýokardan lýotçikler türkmen obalaryny “nemes anyklygy” bilen öwran – öwran bombalasalar, aşakdan ygtyýrasyz gyzybaşlar öňünden çykany gylyçdan geçirdiler. Türkmenler bolsa hiç ýerden kömek bolmady. Şonda-da olar mertlerçe söweşip 1925-nji ýylyň güýzüne çenli garaşsyzlygyny saklamagy başardylar.

Ýüregine bire baglap, türkmeniň erkanalagy diýip ata çykanlar üçin elbetde munuň täsiri boldy. Gana gark edilendigine garamazdan dagyň aňyrsyndaky arkadaşlaryň özbasdak Türkmen döwletini gurup ony bir ýarym ýyla golaý saklap bilmegi basmaçylyk hereketiniň täzeden göterilmegine getirdi. Basmaçylar ylaýtada Mary etraplatynda näki miýetiň ynjalygyny gacyrdy. Bu ýerdäki basmaçy toparlaryň Serdarlary Berdimyrat, Hydyr ärsary Hangeldi, Annageldi, Sary tiz – tizden Jüneýit hanyn ýanyna gatnap başladylar.

Syýasy ýagadýyň üýtgemegi bilen Jüneýit han has arkaýynlaşdy. Onuň nökerleri diňe bir gum içinde däl, eýsem respublikanyň ähli raýonlarynda gapynçsyz aýlanyşyp ýördüler. Ilaryň belli bir bölegi basmaçylara açykdan – açyk ýardam edyärdi. Mysal üçin 1925-nji, 1927-nji ýyllarda çarwalar hana öz mallarynyň kyrkdan birini zekat berdiler.

TSSR Halk komissarlar sowetiniň baslygy türkmeniň söwer ogly Gaýgysyz Atabayew emele gelen ýagdaýdan çykalga gözleyärdi. Ol synply göreşiň bähbitleri üçin bir halkyň wekilleriniň biri – birini çapmagynyň galatdygyna, bu betbagtçylygyň her edip nesip edip öňüni almagyň zerurdygyna düşünýärdi. Şu maksat baradaky ol Jüneýit hanyň ýanyna ýörite wekiller iberip, onuň bilen gepleşikler geçirýärdi. Oňa azyk kömeklerini-de berýärdi.

Gaýgysyz Atabaýewiň töwekgellik edip Jüneýit han bilen aragatnaşyk saklamagy oňa degerli wagty azyk kömeklerini bermegi hana täsir edipdir. Ol töweregindäki 200 hojalyk bilen wasda özüne mekan tutmaga razy bolupdyr. Ýöne MK – nyň şol wagtky jogapkär orunbasary H. Sähetmyradow bu meselede Atabaýew gaty ýazgardy. Şeýlelelik-de hökümetiniň Jüneýit han bilen aragatnaşygy kesildi. Basmaçylyk ýene-de ýetjek derejesine ýetdi. Muny ymykly aňan Jüneýit han eýýä 1927-nji ýylyň Alp Arslan aýynda öz goragyny güýçlendirdi we basmaçylaryň mekan tutan guýularyň hemmesine öz adamlary goýdy. Öz nökerlerini 12 sany uly otrýada bölüp, otrýadlara baştutan edip özüniň ynamdar adamlaryny. Uly ogly Eşi hany, kiçi ogly Igdir hany, Şaltaý batyry, Anna balany, Ahmet begi, Durdygylyç hany, Nugeldi hany, zana barmagy, Ýazan öküzi Temiralyny, Şakir balany, Zair balany goýdy. Basmaçylaryň esli bölegini bolsa hut öz ýanynda rezerwde goýdy. Han bolşewikler bilen bojak aýgytly söweşe taýýar boldy.

1927-nji ýylyň Ruhnama aýynda Merkezi Aziýa okrugy Jüneýit hanyň garşysyna Türkmenistanda iki sany goşun toplumyny doretdi. Dg topluma 83-nji we 84-nji atly polklar. 1-nji Türkistan atykylar polkunyň botolýony, 1-nji turkmen atly polkunyň eskadrony, awrasiýa otrýady, Go topluma bolsa basmaçylar yzg tesende öňunde çykyp ýok etmek tabşyryldy.

1927-nji ýylyň 19-njy Ruhnama aýynda Jüneýit hanyň hut özi goşuna baş bolup, ýörişe ugrady. Türkmenistanyň çäklerine seredende, Garagumda uly uruş başlandy. Jüneýit han ilatdan kömek esläp, birnäçe otrýady Köneürgen Ýylanly, Tagta raýon merkezlerine iberdi. Han obalarda dayhanlaryň goldamagyna garaşypdy. Emma o diýeni bolmady. Gaytam, daýhan köpçüligi Jüneýidiň nökerleri bilen söweşe giren gyzyl esgerlere kömek berdiler. Netijede Jüneyit hanyň ilatdan goldaw isläp, ýerlere iberen toparlary yzly – yzyna güýçli garşylyga duçar boldular. Mysal üçin; Köneürgenjiň ýolunda köpükli, Ketgenli öý obalarynda, tagtanyň Hoja kümmet obasynda atyşyk birnäçe güne çekdi. Hasam Hojakümmetde bolan söweş gazaply boldy. 29-njy Ruhnama aýyndan başlap 3-nji Garaşsyzlyk aýyna çenli dowam eden söweşde Jüneýit hanyň özi ýolbaşçýlyk etdi. Gyzyl goşun bölümleri ýerden, uçarlar ýokardan yzarlap Ata guýuň oýunda Jüneýit hanyň yzyndan ýetdiler.