Open main menu

Wikipediýa β

Yylyñ sport mekdebi


Mertebesi belent Prezidentimiziň parasatly we örän oýlanyşykly alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy günsaýyn artýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, Berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.


Türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň sport äleminde ýokary netijeleri gazanmaklary üçin, Mähriban Arkadagymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Milli maksatnamalarymyza laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän stadionlar, iri sport desgalary, sport mekdepleri guruldy we bu ugurda ägirt uly işler üstünlikli dowam edýär.


Turkmenistanyň Sport baradaky Döwlet komiteti tarapyndan, 2016-njy ýylyň jemi boýunça Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň sport baradaky komitetleriniň tabynlygyndaky sport mekdepleriniň arasynda “Ýylyň sport mekdebi” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertleri: Aziýa oýunlarynda, Dünýä çempionatynda, Aziýa çempionatynda, Halkara ýaryşlarda, Türkmenistanyň çempionatynda, Türkmenistanyň kubogynda, Türkmenistanyň birinjiliginde, “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly spartakiadasynda we welaýat ýaryşlarynda görkezen netijeleri esasynda degişli utuklar berildi.


Sportuň 1 görnüşi boýunça hereket edýän sport mekdepleriniň  arasynda Lebap welaýatynyň, Türkmenabat şäheriniň 14-nji futbol sport mekdebi I oruna mynasyp boldy, II oruna Aşgabat şäheriniň Ýeňil atletika Sport mekdebi, we Türkmenabat şäheriniň 12-nji basketbol sport mekdebi III oruny eýeledi.


1-den 5-e çenli görnüş boýunça hereket edýän mekdepleriň arasynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebi I oruna, Mary welaýatynyň, Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebi II oruna, we Aşgabat şäheriniň Gimnastika sport mekdebi III oruna mynasyp boldular.


6 we ondan köp görnüş boýunça hereket edýän sport mekdepleriniň arasynda Aşgabat şäheriniň Toplumlaýyn sport mekdebi I oruna, Aşgabat şäheriniň Başa-baş sport mekdebi II oruna , we Mary welaýatynyň, Baýramaly şäheriniň sport mekdebi III oruna mynasyp boldular.