Zonchio söweşi
Zonchio deňiz söweşi (şeýle-de Sapienza söweşi ýa-da Birinji Lepanto söweşi) dört aýratyn günde bolup geçdi: Awgust 12, 20, 22 we 25, 1499. Ol 1499-1503-nji ýyllardaky Osmanly–wenesiýa urşunyň bir bölegidir. Ol gämileriň üstünde toplaryň ulanylan ilkinji deňiz söweşidir.
Zonchio söweşi | |||||
---|---|---|---|---|---|
| |||||
Taraplar | |||||
Güýçler |
Ýanwar 1499-da Kemal Reis 10 sany galeradan we başga-da 4 görnüş gämiden ybarat flotiliýa bilen Stambuldan ýüzüşe ugraýar we 1499-njy ýylyň iýulynda Dawut Paşa tarapyndan özüne iberilen uly osmanly floty bilen tapyşýar. Wenesiýa respublikasyna garşy giň gerimli uruş alyp barmak maksady bilen ol flotuň ýolbaşçylygyny ele alýar. Osmanly floty 67 sany galeradan, 20 sany galiotdan hem-de 200-e golaý kiçeňräk gämiden ybarat bolupdyr.
Ägirt uly osmanly floty bilen 1499-njy ýylyň awgust aýynda Ioniýa deňzindäki Zonchio burnuna baryp ýeten Kemal Reis Antonio Grimaniniň golastyndaky 47 sany galeradan, 17 sany galiotdan hem-de 100 çemesi ownuk gämiden wenesiýa flotuny ýeňlişe sezewar etdi. Söweşiň iň bir jygba-jygly pursatynda Andrea Loredanyň (Wenesiýanyň täsirli Loredanlar maşgalasynyň agzasy) we Alban d'Armeriň kapitançylygyndaky iki sany wenesiýa karakasy türk flotunyň bir flagman gämisine abordaž etdi. Ol gäminiň komandiri bolan Burak Reis bordaždan aýryp bilmänsoň ony ýakmaly boldy. Bilelikde lowlap ýanýan üç sany mähnet gäminiň görnüşi wenesiýalylaryň söweşjeň ruhuna uly zarba urdy.
Antonio Grimani 29-njy sentýabrda tussag edilýär, ýöne soňra boşadylýar. Şondan soň Grimani 1521-nji ýylda Wenesiýanyň dožy bolýar. Osmanly soltany Baýezid II olja alnan wenesiýa galeralarynyň 10 sanysyny Kemal Reise peşgeş edýär. Soňra Kemal Reis öz flotuny 1499-njy ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Cefalonia adasyna ýerleşdirýär.
Türkler we wenesiýalylar kän wagt geçmänkä Ikinji Lepanto söweşinde ikinji gezek gapma-garşy boldular. Ol deňiz söweşine Modon söweşi hem diýilýär. Admiral Kemal Reisiň ýolbaşçylyk etmeginde türkler bu gezek ýeňiş gazanýarlar.