Ärtogrul Gazy metjidi

1998-nji ýylda gurlan metjitdir
(Ärtogrul Gazy Metjidi sahypasyndan gönükdirildi)

Ärtogrul Gazy metjidi Aşgabat şäherinde ýerleşýän metjitdir.

Metjit
Ady Ärtogrul Gazy Metjidi
Ýerleşýän ýeri Aşgabat.ş, Ahal.wel, Türkmenistan
Koordinata 37°55'58.6"N 58°23'56.5"E
Gurluşyk dowamlylygy 1993-1998 ýyllar aralygy
Adam sygymy 5000 orunlyk
Umumy uzynlygy 80 m
Uzynlygy 40 m
Ini 40 m
Meýdany 3200
Gülmez sany 1 (kiçi gümmezler bile 25)
Minare sany 4
Arhitekturasy Osman arhitekturasy
Material mramor

Ärtogrul Gazy Metjidi - Aşgabat şäheriniň iň uly metjitleriniň biri bolup, türk arhitekturasynda gurlan. Onda 4 minara(diň) bar. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ilkinji salnan metjitleriň biri. Oňa türk soltany Ärtogrulyň ady dakylan. Bu metjidiň esasy aýratynlygy dogry Käbä bakmagydyr.

Taryhy

düzet

Metjit gurmak hakynda 1992-nji ýylda Türk primer-ministri Süleýman Demirel tarapyndan pikir öňe sürüldi. 1993-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda düýbi(fundament) tutuldy(guýuldy). Bu metjit Türkiýada ýerleşýän " 1616 ýylda salnan meşhur Gök Metjide meňzeşdir.

Şeýlede

düzet
Gurbanguly-Hajy Metjidi
Daşoguz Metjidi
Hezreti Omar Metjidi
Abu Bakr Metjidi
Türkmenabat Täze Metjidi
Serdar Metjidi