Çaga (Yslam)
Yslamda çaga
Yslamda çaga gowy adam bolup ýetişmegi ugrunda köp üns berilýär.
Çagalarymyzyň öňündäki wezipelerimiz
düzet- Çaganyň terbiýelenmegi üçin şert döretmelidir. Çaganyň terbiýesine maşgala, mekdep, daş-töweregi uly täsir edýär. Şol sebäpli, maşgaladan başlap çaganyň ösüp ulalýan her menzilinde terbiýe üçin zerur bolan şertler döredilmelidir.
- Haram lukma iýdirmezlik. Çaga ene göwresine geçenden başlap, onuň halal ryzk bilen ösdürilip ýetişdirilmegi möhümdir. Haram lukma çaganyň terbiýesine ters täsir edýändir.
- Erbet nazardan goramak. Çaga dünýä inenden soň, ony hapa we haýyn nazardan goramak möhümdir. Çünki duýgusy, düşünjesi, sözi hapa kişiniň gözüniň şöhlesi çaganyň inçe duýgularynyň ýitmegine täsir edýär.
- Mähir we söýgüde deňagramlylyk. Esasy söýgi köňülleriň soltany Allaha gönükdirilmelidir. Çaga Allahyň (j.j.) bize beren amanadydyr. Biziň oňa bolan söýgimiz hem Rahman we Rahym bolan Allahyň (j.j.) sowgadydyr. Allah (j.j.) ony çagamyzy terbiýelemegimiz üçin beripdir. Allahdan gaýry zatlary Allahy söýmek derejesinde söýmek hem şirkdir.
- Görelde bolmak. Çagamyzyň nähili terbiýelenmegini isleýän bolsak, durmuşda oňa görelde bolmalydyrys.
- Är-aýal mährem gatnaşyklaryny çagadan gizlin saklamalydyr. Ene-ata kiçi ýaşly çagasynyň düşünip bilmejek, ýöne zehinine täsir etjek mährem hal-hereketlerini gizlin saklamalydyr. Şeýle hem ene-ata we beýleki maşgala agzalary biri-birine, hatda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalapyna-da uýat ýerlerini görkezmeli däldir. Şonuň üçin kiçi ýaşdaka çagalaryň ýatjak otagyny aýyrmaly. Rugsat soramazdan, ene-ataň otagyna girmegine çaga rugsat bermeli däl. Kurany Kerimde: «Eý, iman edenler, eliňizdäki gul we hyzmatkärler, içeriňizdäki kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryňyz otagyňyza girmek üçin şu üç wagtda hökman rugsat sorasyn: ertir namazyndan öň, günortan dynç almak üçin eşikleriňizi aýyrýan wagtyňyz we ýassy namazyndan soň», (Nur, 58).
Çaganyň ene-atanyň öňündäki wezipeleri
düzet- Ene-ata hemişe ýagşylyk etmek. Kurany Kerimde bu «birr» we «yhsan» sözleri bilen düşündirilýär. Sähelçe-de gödek söz aýtmazlyk, käýemezlik, göwnüni awlamak, rehimdar bolmak, ýagşy doga-dileg etmek ene-ata «birr» we «yhsan» etmekdir.
- Tagat kylmak, ýagny boýun bolmak. Çaga ene-atanyň günä işden başga, buýranyny berjaý etmelidir. Ene-ata tagat etmezligi Pygamberimiz şirkden soň iň uly günäleriň biri saýypdyr, (Buhary). Eger-de ene-ata musulman däl bolsa, Allaha şärik goşup, dine garşy bolan işlere emr etse, tagat etmek dürs däldir.