Çernogoriýa
Çernogoriýa, Montenegro ýa da Garadag (çern. Црна Гора, Crna Gora) — günorta-gündogar Ýewropada, Balkan ýarymadasynyň adriatik kenarýakasynda ýerleşýän döwlet.
Kenarýakasyny Adriatik deňzi ýuwýar, günbatarda Horwatiýa, demirgazyk-günbatarda Bosniýa we Gersegowina, demirgazyk-gündogarda Serbiýa, gündogarda kem-käs ykrar edilýän Kosowo Respublikasy we günorta-gündogarda Albaniýa bilen guryýer serhedi bar.